Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

11.06.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň esasy ugurlary bilen baglylykda, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň degişli hünärmenleriniň we wekilleriniň gatnaşmagynda täze kanunlaryň birnäçesiniň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam etdirilýär. Şeýle hem milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Dürli pudaklaryň işini kadalaşdyrýan degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary seljerilýär, bu ugurdaky işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler kesgitlenilýär.

Deputatlar täze kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek boýunça wagyz işlerini alyp barýarlar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň, ýurdumyzyň zenan ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň hem-de ene-mamalarymyzyň gatnaşmagynda “Arkadagly döwür — abadan durmuşyň binýady” atly maslahat geçirildi. Onda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri maşgala gymmatlyklarynyň we ahlak ýörelgeleriniň esasynda terbiýelemekde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň wekilleri halkara we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesine gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça geçirýän işleriniň örän möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoluna düşmek bilen, kanunyň hökmürowanlygyny, jemgyýetiň iň uly gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy öz ösüşiniň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň möhüm wezipelerini, şol sanda demokratiýa we hukuk, çaganyň hukuklaryny goramak, gender hem-de beýleki düýpli meseleleri çözmekde iri halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli parlamentiň ýokarky palatasynyň birinji mejlisiniň netijeleri hem-de geçirilýän wagyz işleri barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen birinji mejlisinde Mejlisiň maslahatynda kabul edilen kanunçylyk resminamalary makullanyldy, olar boýunça degişli kararlar kabul edildi hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalary tassyklanyldy.

Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri bilen bilelikde, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen maslahatlara we duşuşyklara hem-de düşündiriş we wagyz çärelerine gatnaşdylar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň işini häzirki döwürde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazarda tutmak bilen alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýolunda taryhy tejribesi, häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, degişli resminamalara gol çekdi hem-de olary sanly ulgam arkaly K.Babaýewe iberdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly wise-premýer M.Geldinyýazowy hem-de onuň gözegçilik edýän düzümleriniň — ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryny göni aragatnaşyga çagyrdy.

Ilki bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsüminiň guralyşy boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tomus möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda oňat dynç almagy üpjün etmek üçin öňüni alyş çärelerini görmegiň zerurdygyny nygtap, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topara ýolbaşçylyk edýän ministre degişli tabşyryklary berdi.

Hususan-da, deňze dynç almaga gelýänlere hökmany sanjym geçirilişine, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň degişli derejede saklanylyşyna we umuman, tomusky dynç alşyň saglyk üçin has peýdaly geçirilişine berk gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, dürli keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek boýunça toplumlaýyn işleri artdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Bilim ministri O.Gurbanow ýurdumyzda bilim özgertmelerini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryna hem-de täze okuw ýylyna düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Täze okuw ýylynyň başlanmagyna çenli ähli mekdeplerde we okuw binalarynda abatlaýyş hem-de timarlaýyş işleri geçirilmelidir.

Milli Liderimiz okatmagyň täzeçil usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, häzirki zamanyň bilim maksatnamalaryny we okuw serişdelerini ulanmagyň örän möhümdigini nygtap, bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygy usulyna geçirmek boýunça has anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän sport ýaryşlaryny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sportda ýokary gazanylanlary has-da ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy barada görkezme berdi. Ýaşlar mähriban Watanymyza wepalylyk we söýgi ruhunda terbiýelenip ösmelidirler.

Soňra jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary özlerine ynanylan ulgamlarda işleriň ýagdaýy hem-de öňde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynda syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň eýeleýän aýratyn ornuny belläp, bu düzümleriň ýolbaşçylaryna adamlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini işjeň ýola goýmak, Garaşsyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny giňden beýan etmek, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň mazmunyny düşündirmek hem-de aýratyn ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz hökümet mejlisiniň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda ýerine ýetirilýän işler, ähli ugurlarda telekeçiligiň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, hususy ulgamyň milli ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýrylmaga hem-de hususylaşdyrylmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanan teklip hödürlenildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde 21 sany desgany hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunda döwlet eýeçiligindäki desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga, hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullaryny işjeň ornaşdyrmaga, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz hödürlenen teklipleri seljermegiň hem-de bu işleri bildirilýän talaplara laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, çig nebitiň we tebigy gazyň gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek we daşary ýurtlara ibermek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çig nebiti satyn almagy hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň dowamynda Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn almak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşmaga gönükdirilen nebitgaz toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň bu gün möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion esasda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň ileri tutulýan ugurlarydygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we şol resminamanyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmaga we dünýädäki iň iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak meseleleri boýunça hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu bergiler doly gaýtaryldy. Bu barada Hytaýyň Döwlet ösüş bankynyň Sinzýan şahamçasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda resmi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, görlen çäreleriň netijesinde, Türkmenistanyň öz ösüşiniň ýokary depginini, maliýe-ykdysady durnuklylygyny saklap galýandygyny belledi. Ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanly ulgama geçmek, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliklerini döretmek boýunça giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Durmuşa geçirilýän özgertmeler gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Nebitgaz toplumy milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar.

Tebigy gazyň gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde dördünji orny eýeleýär. Häzir ol Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlarynyň bolmagy netijesinde, ýurdumyz dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlaryna gazyň eksportuny artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän syýasat açyklyk, özara jogapkärçilik ýörelgeleri esasynda guralýar.

Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdeleriniň doly derejede ulanylmagy Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, mähriban halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga hyzmat etmelidir. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary Durnukly ösüş we abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi munuň aýdyň subutnamasydyr. Onda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy. Şu ýylyň ýanwarynda “Malaý” ýatagynda täze kuwwatly gaz gysyjy bekediň işe girizilmegi türkmen tebigy gazyny uzak möhletleýin esasda HHR-e ygtybarly iberilmegini üpjün etmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Hytaýyň öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikdäki işiň netijesinde, Amyderýanyň kenar ýakasyndaky ýataklary gözlemekde we özleşdirmekde, tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan “Galkynyş” gaz käninde täze guýulary burawlamakda we gazy gaýtadan işleýän zawodlary gurmakda ägirt uly tejribe toplanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklara ýokary baha berip, döwletimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolmak bilen, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini berjaý etmek ýörelgelerine esaslanýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda we doly möçberde gaýtarandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly we gurply, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly hem-de jogapkärli çemeleşýän döwletdigini görkezýär. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar. Milli Liderimiz wise-premýere gaz ulgamynda bar bolan döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, täze özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň suw hojalygyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de bu pudaga döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Bu babatda öňde duran wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan zerur suw göterijileri, elektrik enjamlaryny, ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak boýunça bäsleşik geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda täze suw howdanlaryny gurmak hem-de bar bolanlarynyň göwrümlerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, suwdan oýlanyşykly peýdalanmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny nygtady. Munuň özi, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyny depginli ösdürmek, daşky gurşawy goramak we ilaty arassa agyz suwy bilen yzygiderli üpjün etmek baradaky wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr.

Giň gerimli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bugdaýyň, pagtanyň hem-de beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, obasenagat ulgamynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ekerançylyk meýdanlaryny ösüş suwy bilen üpjün etmek, tehniki binýady kämilleşdirmek, suwarymly ekerançylykda häzirki zamanyň suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw tehniki desgalaryny gurmak meselelerini üns merkezinde saklamak tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew sementiň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak hem-de olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi pudagy ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk işleri hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur ýokary hilli gurluşyk serişdelerini çykarmak, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze zawodlary ulanmaga girizmek, ýerli mineral-çig mal serişdeleriniň esasynda önüm öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirýär.

Ministrligiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy.

“Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak meýdançasynyň dag jynslary bu önümçilik üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Bu mineral daşlary özüniň fiziki we himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement öndürmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sarp edijileri zerur önümler bilen üpjün edip bilýän kuwwatly gurluşyk senagatyny kemala getirmegiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Milli Liderimiz pudagyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilişini köpeltmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk toplumynda, şol sanda raýat awiasiýa ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, üstaşyr howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrmak we çägini giňeltmek, bu ulgamda edilýän hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şu maksatlar bilen, halkara tejribeden ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň 2009-njy ýylda gol çeken Buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanyň howa giňişligini peýdalanmak üçin sargytnamalary bermegiň möhletlerini hem-de daşary ýurtlaryň howa gämileriniň onuň çägine gonmagynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan Tertibi döwrebaplaşdyrmak we oňa degişli üýtgetmeleri girizmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, sebit hem-de yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolan ýurdumyzyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Giň gerimli işleriň geçirilmegi hem-de iri taslamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda döwrebap düzüm döredildi. Munuň özi ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça, şol sanda üstaşyr howa gatnawlary ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa öňümizdäki Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 22 — 27-nji iýun aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek hepdeligiň maksatnamasy dürli çäreleri, şol sanda maslahaty, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertlerini, çeper filmleriň ilkinji gezek görkezilişini hem-de ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşygyny, welaýatyň taryhy-medeni ýadygärliklerine barlyp görülmegini özünde jemleýär.

Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň, Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we Farap etrabynda “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirildi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli mazmunly birnäçe çäreler guralar. Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan “Gül — Bilbil” operasynyň ilkinji görkezilişi bolar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, her ýyl geçirilýän döredijilik çäresiniň ähmiýetini nygtady. Ol ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň, milli ruhy mirasymyzy dünýäde giňden wagyz etmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi hem-de bu ulgamy has-da ösdürmäge itergi berip, täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam berýär.

Milli Liderimiz halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, jebisliginiň we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik güýjüniň aýdyň beýan edilmegi üçin Medeniýet hepdeliginiň, täze durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmeginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň haly kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkymyzyň milli gymmatlygy bolan halyçylyk sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly üstünlikleri gazandy. Häzirki wagtda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümine jemi 11 kärhana girýär.

Milli el halyçylyk işini has-da ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça birnäçe anyk teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Wise-premýeriň nygtaýşy ýaly, bu çäreler ýokary hilli haly önümleriniň döredilmegine, dokalan halylara islegiň ýokarlanmagyna we ýerlenilýän mukdarynyň artmagyna, ýüpek ýüplükleriň hem-de önümçilikde ulanylýan beýleki serişdeleriň oýlanyşykly peýdalanylmagyna we ahyrky netijede, kärhanalaryň ykdysady taýdan has netijeli hereket etmegine, düşewüntleriň we girdejileriň möçberiniň ýokarlanmagyna ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ajaýyp halyçylyk hünärini has-da kämilleşdirmegiň we giňden wagyz etmegiň, Diýarymyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümini kämilleşdirmegiň hem-de halyçy gelin-gyzlaryň netijeli zähmet çekmegi we döredijilik pikirleriniň amala aşyrylmagy üçin mynasyp şertleri döretmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenilýän teklipleriň wajypdygyna ünsi çekip, ýokary hilli haly önümleriniň öndürilýän we eksport edilýän mukdaryny köpeltmek hem-de dünýä bazarlaryna çykarylyşyny işjeň öňe ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi.

Her ýylda geçirilýän däp bolan bäsleşik ýurdumyzda 12-nji iýunda dabaraly ýagdaýda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ylmy bäsleşik ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iler tutulýan 6 ugry boýunça geçirildi. Şolaryň hatarynda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdeleri öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary ugurlary bar. Yglan edilen bäsleşige ýaşlaryň jemi 1053-si gatnaşyp, baýrakly orunlara hödürlenen ýaşlaryň 57-si — 32 talyp hem-de 25 ýaş alym bäsleşigiň ýeňijiligine mynasyp görüldi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ähli döwürlerde dünýäde bolup geçýän oňyn özgertmeleriň ählisiniň esasy bolup hyzmat eden ylmyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, ylym ulgamyny düýpli özgertmek işi başlandy. Şol özgertmeler bolsa ylmy işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, geljegi uly ugurlarda düýpli we amaly ylmy barlaglary işjeň geçirmäge, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşiginiň ýurdumyzyň ylmyny giňden wagyz etmäge, häzirki zaman jemgyýetinde onuň ornuny artdyrmaga ýardam edýändigini belläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, bu ýokary okuw mekdebiniň hormatly Prezidentimiziň milli diplomatiýa mekdebini döretmek baradaky başlangyjynyň esasynda hem-de döwlet Baştutanymyzyň 2008-nji ýylyň martynda gol çeken Permanyna laýyklykda döredilendigi bellenildi.

Häzirki wagtda Halkara gatnaşyklary institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny özgertmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Hususan-da, iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda beýleki hünärler boýunça şu esasda okatmak hem-de instituty hojalyk hasaplaşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, Halkara gatnaşyklary institutynyň düzümini kämilleşdirmek bilen baglylykda, täze okuw bölümlerini, şol sanda ýokary okuw mekdebiniň ýanynda ýaş diplomatlaryň mekdebini, strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi açmak, şeýle hem sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümini döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara gatnaşyklary institutynyň taýýarlaýan ýaş hünärmenleriniň ýakyn geljekde daşary ýurtlarda, abraýly halkara guramalarda, dünýäniň ykdysady, ynsanperwer, hukuk we maglumat giňişliginde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmelidigini nygtady. Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak türkmen diplomatlarynyň işiniň esasy we aýratyn jogapkärli wezipesidir. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri daşary syýasy ugruň esasyny düzýär.

Milli Liderimiz ýokary okuw mekdebinde talyplaryň häzirki zaman bilimlerini hem-de seçip alan hünärleri boýunça hünär tälimlerini, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri, bilimini ýokarlandyrmaklary, ugurdaş ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň üpjün edilmelidigini belledi. Soňra bilim alan ýaş hünärmenler ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, Türkmenistanyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döredijilikli başlangyçlaryny ilerletmäge saldamly goşant goşmalydyrlar.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 9 — 11-nji iýunynda hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklary geçirildi.

Döwletara gatnaşyklaryň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde, giň gerimli ugurlar boýunça türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşi nygtaldy. Munuň şeýle bolmagyna ýokary derejedäki yzygiderli we ynanyşmak syýasy gatnaşyklary ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda has-da pugtalandyrmaga iki dostlukly döwletiň gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

Duşuşyklaryň dowamynda energetika, ulag, maýa goýum, oba hojalygy ulgamlarynda we beýlekilerde gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek nukdaýnazaryndan türkmen wekiliýetiniň BAE şu saparynyň ähmiýetlidigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “EKSPO” halkara serginiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bu sergä türkmen tarapy işjeň gatnaşmaga taýýarlyk görýär.

BAE-niň daşary syýasat edarasynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda halkara we sebit gün tertibine degişli möhüm meseleler boldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň işjeň häsiýeti nygtaldy. Bu babatda şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň wajypdygy bellenildi. Munuň özi söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem gazhimiýa, maliýe we ulag pudaklarynda ýurdumyzda emirlikler tarapynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydygyny nygtady. Soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklary täze hile we anyk mazmuna eýe bolup, yzygiderli ösdürilýär.

Biziň ýurtlarymyz gazylyp alynýan peýdaly serişdeleriň gorlary boýunça dünýäniň iň baý döwletleriniň biri bolup durýarlar, bu bolsa dürli ugurlarda tagallalary netijeli birleşdirmek üçin zerur şertleri döredýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtap, özara eksport-import mümkinçiligini artdyrmak, haryt dolanyşygynyň möçberini köpeltmek hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň wekiliýetiniň BAE bolan gulluk iş saparynyň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetlidigine ünsi çekip, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine degişli meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň sanly ulgama geçmek meseleleri boýunça kararlarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Häzir gulluk işlerinde peýdalanmak üçin bitewi maglumat gorlaryny döretmek, maglumat-telekommunikasiýa torlaryny giňeltmek, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmak, maglumat we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek üçin programma-enjamlaýyn serişdeleri gurnamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Bu işleriň çäklerinde degişli harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan raýatlara berilýän hyzmatlary, resminamalary sanlylaşdyrmaga mümkinçilik berýän ulgamlar işe girizilýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatlary amala aşyrmakda, jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmekde netijeli ulanylýan sanly ulgamlaryň işe girizilendigi habar berildi.

Abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlykda degişli ulgamlarda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we işjeň ulanmak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşýan ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda gümrük amallary boýunça “Bir penjire” ulgamyny döretmek ugrunda işler dowam edýär.

Wise-premýer resmi we internet web-saýtlary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň okuw-usulyýet işlerine iň täze tehnologiýalara esaslanýan sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyp, sanly bilim portallarynyň, elektron kitaphana ulgamynyň döredilendigi, onlaýn görnüşinde sapaklary geçirmegiň ýola goýlandygy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, milli Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine hemişe uly üns berilýändigini belledi. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy wezipesi harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sanly ulgama geçmek boýunça öňde goýlan wezipeleri takyk ýerine ýetirmegiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň bu edaralaryň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda işgärler düzümini pugtalandyrmak hem-de bu edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 12-nji iýunda eziz Diýarymyzda Ylymlar gününiň bellenilýändigine ünsi çekmek bilen, hemmeleri güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde dabaraly bellenilýän bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny şanly wakalar bilen dabaralandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu baýramçylygyň şanyna geçirilýän çäreleriň mähriban halkymyzy, aýratyn hem ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini beýik işlere galkyndyryp, berkarar döwletimizde gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç duýgularyny döretjekdigine berk ynam bildirdi.

Jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň hereketlendirijisi hökmünde biz ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň bitewi hem-de öňe gidýän ösüşini üpjün edýän ylmy-tehniki syýasatymyzy üstünlikli alyp barýarys. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak, döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek bilen, durnukly ykdysady ösüşi gazanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Kuwwatly ykdysady, ylmy-medeni mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki abraýyny has-da pugtalandyrýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ylym ulgamynyň kuwwatyny, adamyň aň-bilim mümkinçiliklerini artdyrmak bilen, ykdysadyýetimiziň innowasiýalara, tehnologiýalara we öňdebaryjy tejribelere daýanýan ösüşini üpjün etmäge möhüm ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şonuň bilen birlikde, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde nano, himiýa, kompýuter, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ugurlarda netijeli işler alnyp barylýar.

Ylym pudagyna degişli döwlet maksatnamalarynyň tapgyrlaýyn amala aşyrylmagynyň netijesinde häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňdebaryjy tejribä esaslanýan adam mümkinçiligi yzygiderli kämilleşdirildi, ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz ykdysady-önümçilik düzümler — kuwwatly zawod-fabrikler guruldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Garagum sährasynyň hem-de Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini gorap saklamaga, «Altyn asyr» Türkmen kölüni we onuň şor suw akabalaryny oba hojalygynda peýdalanmaga, Aralyň tebigy heläkçiliginiň öňüni almaga gönükdirilen täze tehnologiýalar döredildi.

Türkmen topragynyň köp dertlere em bolan mineral suwlaryny, bejeriş palçyklaryny we dermanlyk ösümliklerini ulanmagyň ylmy esaslary işlenilip taýýarlanyldy. Ýerli çig mallardan ýokary hilli derman serişdeleriniň öndürilmegi ýola goýuldy. Miwe, ir-iýmiş, gök, bakja ekinleriniň, dowarlaryň, gara mallaryň, düýeleriň, guşlaryň we balyklaryň täze tohumçylygy döredildi.

Türkmen halkynyň emele gelşiniň we ösüşiniň gözbaşlary, gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhdaky türkmen döwletleriniň kemala geliş we ösüş taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, dilimiz, edebiýatymyz, medeniýetimiz we sungatymyz ylmy esasda yzygiderli öwrenilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion ösüşlerine gönükdirilmegi parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň örän möhüm şerti bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar babatda Birleşen Milletler Guramasy, beýleki iri halkara guramalar hem-de daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyrýar.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisini Ylymlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işlerinde täze üstünlikleri we açyşlary, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi