Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

30.03.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzüminiň döredilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň hukuk esaslarynyň berkidilmegini, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.

28-nji martda geçirilen saýlawlar ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Merkezi saýlaw toparyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyza Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Bu çözgüdiň tutuş halkymyz tarapyndan buýsanç bilen kabul edilendigi nygtaldy.

G.Myradow ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň demokratik özgertmeleriň ýoly bilen belent ösüşlere tarap ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýandygyny belledi.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysy referendumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdy.

Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň ähli tapgyry açyklyk, aýanlyk esasynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçdi. Ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäreleri, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna 48 mandatyň ornuna jemi 112 dalaşgär hasaba alyndy. Munuň özi saýlawlaryň giň bäşdeşlik esasynda geçirilendigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny minnetdarlyk bilen kabul edip, ýekşenbe güni geçirilen saýlawlaryň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy ähmiýetli waka, döwletimiziň demokratik esaslaryny berkitmekde, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny belledi.

— Saýlawçylaryň uly ynam bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlamagy, şu gün bolsa halk häkimiýetliliginiň täze edarasynyň agzasynyň wagtlaýyn şahsyýetnamasynyň gowşurylmagy ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Bu ynam mundan beýläk-de eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin gujur-gaýratymy gaýgyrman zähmet çekmäge borçly edýär, men bu şahsyýetnamany türkmenistanlylaryň bildiren uly ynamy hökmünde kabul edýärin — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz saýlawçylara işde uly üstünlikleri, durmuşda bagt we abadançylyk arzuw etdi.

Bu gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge hem-de halkara tejribäni öwrenmäge we ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, saýlawlary guramaçylykly geçirmekde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgam netijeli ulanyldy. Munuň özi saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegi, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, tutuş ilatymyzyň, aýratyn-da, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän milli demokratik esaslaryň berkarar bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň kanunçylyk işini kämilleşdirmek, konstitusion özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly anyk wezipeleri kesgitledi.

Milli parlamentiň iki palataly düzüminiň döredilmegi jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň, şeýle hem sebitleriň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, demokratik düzümleriň berkidilmeginiň bähbidine gulluk etmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygaryň dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylan döwründe Türkmenistanyň täze taryhynda ilkinji gezek üstünlikli geçirilen we milli parlamentiň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary şu ýylyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň öz pikirini aýan etmäge, döwlet ähmiýetli meselelere işjeň gatnaşmaga bolan konstitusion hukugynyň amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belläp, saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşanlara minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň ähli işgärlerine mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.