Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky kiçi göwrümli karz serişdelerini hödürleýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzyň raýatlaryna “Kiçi göwrümli karz” hyzmatyny hödürleýär. Berilýän karz serişdeler melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) maldarçylygy, ekerançylygy ösdürmek ekmek ýaly oba hojalyk işleri üçin peýdalanylmagy meýilleşdirilýän raýatlara hödürlenilýär.

Kiçi göwrümli karzlar 30 müň manada çenli ýyllyk 10 göterim bilen 3 ýyllyk möhlete berilýär. Kiçi göwrümli karzlar şu aşakdaky maksatlara berilýär:

  • önümçiligi guramak, ösdürmek we giňeltmek;
  • önümleriň göwrümini artdyrmak;
  • oba hojalyk tehnikasyny satyn almak;
  • mal ýataklaryny we fermalary gurmak, abzallary, gurallary satyn almak;
  • mallary, balyklary we öý guşlaryny satyn almak;
  • mallar we öý guşlary üçin ot-iýmleri, weterinariýa serişdelerini satyn almak;
  • ösümlikleri ýetişdirmek, tohumlary, mineral dökünleri, şitilleri we agaç nahallaryny satyn almak;

Kiçi göwrümli karzyny almak üçin zerur resminamalar:

a) Karz alyjydan:
- arza (arzada karzyň maksady, möçberi, möhleti we üpjünçiliginiň görnüşi hem-de önümçiligi barada gysgaça maglumat görnüşinde görkezilmeli);
- pasportynyň nusgasy;
- ýaşaýan ýerinden maşgala ýagdaýy barada güwähat (Forma № 3);
- raýata degişli mellegiň (kömekçi hojalygynyň, bölünip berlen ýer böleginiň) ähli resminamalary;
- karz boýunça töleg geçirmek bilen baglanyşykly degişli resminamalar (hasap- faktura, şertnama we ş.m.);
- girew emlägine degişli resminamalar;
- girew goýujynyň pasportynyň nusgasy we razylyk haty;
b) zamunçydan:
- arza (karz alyjynyň karzy boýunça zamunçy bolmak razyçylygyny berýän);
- pasportynyň nusgasy;
- zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;
- işleýän ýerinden eýeleýän wezipesi, aýlyk zähmet haky barada güwähat;
- eger zamun bolujy telekeçi bolup çykyş edýän bolsa, telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasy, patentiň nusgasy, şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamasy, soňky 3 ýylyň girdeji salgydy barada beýannamasy;
- eger zamun bolujy ýuridiki tarap bolsa ýuridiki tarapyň hukuk resminamalary, soňky 3 ýylyň balansy.
 

“Kiçi göwrümli karzlar” barada giňişleýin maglumaty almak üçin bankyň Baş edarasyna, şeýle hem bankyň Aşgabat şäher şahamçasyna we Türkmenbaşy şäher şahamçasyna ýüzlenip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

Baş bank: 40-61-24,  40-61-50, 40-61-55
Biziň salgymyz: Aşgabat ş. Garaşsyzlyk şaýoly 32
Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її.
Aşgabat şäher şahamçasy:
21-99-82, 21-99-83, 21-99-84
Biziň salgymyz: 10 ýyl Abadançylyk, 160
Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçasy:
800 243-2-12-87; 800 243-2-58-86
Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її.
 
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky
     Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!