Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Hasaplaşyk-kassa hyzmatlary

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine toplumlaýyn hasaplaşyk–kassa hyzmatlaryny hödürleýär. Şu aşakdakylar hödürlenýän hyzmatlaryň sanyna girýär:

  • Müşderileriň bank hasaplaryny açmak we hyzmat etmek
  • Müşderileriň tabşyrygy boýunça hasaplaşyklary amala aşyrmak
  • Pul serişdeleriniň hereketi boýunça şahsy taraplara pul serişdelerini tölemek

Depozit we konwersiýa amallary

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistandaky täjirçilik banklaryň arasynda Reuters Dealing-2000 maglumat-söwda ulgamyndan peýdalanýan ýeke-täk bankdyr.

Bu ulgam Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna depozit we konwersion amallary we daşarky bazarda gymmat bahaly kagyzlar bilen amallary geçirmäge, walyutalaryň, gymmat bahaly metallaryň, çig nebit, pagta we beýleki harytlaryň nyrhlaryna baha kesilişini häzirki döwürde hakyky ýagdaýyny anyklamaga mümkinçilik berýär.

Karz bermek

Döwlete dahylsyz hususy kärhanalara we telekeçilere önümçilik maksatly berilýän karzlar:

Demir sandyklaryň kärendesi

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderlere gymmat bahaly kagyzlary, gizlin resminamalary, ýuridiki resminamalary, elektron görnüşli maglumatlary, altyn-kümüş şaýlary, gadymy suratlary we beýleki gymmat bahaly zatlary goýmak üçin bank demir sandyklary kärendesine hödürleýär.

Faktoring

Faktoring – Tabşyryjy üçin söwdanyň täze görnüşi, wagtlaýyn söwda päsgelçiligi barlamak, netijesinde satyn alyjylara öz möhletinde däl töleme borjuny çäkli karz geçirme öýjükleri olar üçin el ýeterli

Bu nähili işleýär:

  • Tabşyryjy Satyn alyjynyň tabşyrmak şertnamasyna laýyklykda harytlary tabşyrmany amala aşyrýar
  • Tabşyryjy harydy tabşyrandygy barada tassyklaýan hemme resminamalary Banka tabşyrýar

Import şertnamalaryň söwda maliýeleşdirilmegi

“Söwda maliýeleşdirilmegi" – hasapaşyklaryň ygtybarlygyny we zerur serişdeleriň elýeterli bolmagyny üpjün edýän iň amatly guraldyr. Bu önümiň ulanylmagy biziň müşderilerimiziň söwda amallarynyň maliýeleşdirilmegine giň mümkinçilikleri döredýär:

Dokumentar amallar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň daşary söwdasyna hyzmat etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. SWIFT Halkara maliýe telekommunikasiýa bileleşiginde agzalyk, daşary ýurt banklary bilen korrespondent gatnaşyklarynyň giň ulgamynyň bolmagy we bankyň işgärleriniň ýokary hünärliligi daşary söwda dokumentar amallaryny amala aşyrmak babatynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyň möhüm artykmaçlygydyr.

Kiçi we orta telekeçiligi goldamak maksatnamasy

Türkmenistanyň Prezientiniň Kiçi we orta telekeçiligi goldamak syýasatyny ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky täze «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak maksatnamasyna» laýyklykda ýeňillikli karzlary hödürleýär.

Bu meýilnama esasynda Türkmenistanyň hususy kärhanalaryna we telekeçilerine şu karz hyzmatlary hödürlenýär:

Pul geçirmeleri

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine pul geçirmeleriniň şu aşakdaky görnüşlerini hödürleýär:

  • Türkmen manadyndaky pul geçirmeleri
  • Daşary ýurt pulundaky pul geçirmeleri

Pul çalşyş amallary

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine daşary ýurt puly we ýol çekleri (pullaryň esasy görnüşleri boýunça) bilen pul çalşyş amallarynyň giň sanawyny hödürleýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hyzmatlary şu aşakdakylary öz içine alýar:

  • Bank tarapyndan daşary ýurt puluny täjirçilik hökümetinden satyn almak we satmak amallary

MILLIKART "Zähmet haky" taslamasy

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky döwürdeş karz edarasy hökmünde öz işini öňe gidiş hyzmat formalaryny girizmäge gönükdirýär. Şeýle formalarynyň biri hem Bank kartlaryny ulanylyp geçirilýän işleriniň hyzmat etmegidir.

Türkmenistanyň banklarynyň arasynda birinji bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky MILLIKART kartlarynyň hyzmatyny üpjün edýän öz lokal töleg sistemasyny işläp taýýarlady.

“TÜRKMENISTAN-ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ ÇÄKLERINDE ÖŇDEBARYJY AMERIKAN KOMPANIÝALARYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYKLAR

21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuard hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň, hususan-da “S2 Global/Rapiscan”, “Visa”, “Westport Trading Ltd” we “Boeing” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, Türkmenistanyň daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen maýa goýum, tehnologiki we maliýe häsiýetli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge Türkmenistanyň Hökümetiniň ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Senagat, nebiti gaýtadan işleýiş, ulag, oba we suw hojalygy hem-de beýleki ulgamlarda söwda we maýa goýum gatnaşyklary ösdürmek babatda türkmen tarapynyň gyzyklanmalary beýan edildi.

Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdiler, şeýle-de hünärmenler derejesinde yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

VISA Business – korportiw halkara kartlar

Türkmendaşaryykdysadybanky Visa International halkara töleg sistemasynyň agzasy bolup durýar we hemme VISA kart hyzmatlaryny üpjün edýär, şeýle hem VISA BUSINESS emissiýasyny amala aşyrýar.

VISA BUSINESS karty – bu edara görnüşli taraplar üçin ýönekeý bonkamat kartlaryndan seredeniňde gowy. Bu dünýäniň millionlarça söwda kärhana nokatlarynyň çykdaýjylaryny tölemegiň netijeli usuly.