Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Hasaplaşyk-kassa hyzmatlary

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine toplumlaýyn hasaplaşyk-kassa hyzmatyny hödürleýär. Şu aşakdakylar hödürlenilýän hyzmatlaryň sanyna girýär:

  • Müşderileriň bank hasaplaryny açmak we hyzmat etmek
  • Müşderileriň tabşyrygy boýunça hasaplaşyklary amala aşyrmak
  • Pul serişdeleriniň hereketi hakynda derhal maglumat bermek

Dowamy...

Seýf öýjükleri kärendesine bermek

Bank demir seýfleri Siziň resminamalaryňyzy we gymmat bahaly zatlaryňyzy saklamak üçin.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderilere kärendä şahsy demir seýflerini hödürleýär.

Siz bärde goýup bilersiňiz:

Dowamy...

Walýuta alyş-çalyş

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine daşary ýurt puly we ýol çekleri (pullaryň esasy görnüşleri boýunça) bilen pul çalşyş amallarynyň giň sanawyny hödürleýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hyzmatlary şu aşakdakylary öz içine alýar:

  • Bank tarapyndan daşary ýurt puluny täjirçilik hökümetinden satyn almak we satmak amallary
  • Dowamy...

Sarp ediş maksatlary üçin karzlar

“Sarp ediş maksatlary üçin” karzlar:

Sarp ediş maksatlary üçin karzlaryň berilmeginiň şertleri: 

  • Fiziki şahslara – işi bar bolan Türkmenistanyň raýatlaryna;
  • Türkmenistanyň milli pul birliginde (manat); 
  • 2 ýyldan 3 ýyla çenli möhleti bilen;  
  • Ýyllyk 10% göterim bilen. 

Karzyň möçberi şulardan ybarat bolup biler:   

  • 1 raýatyň zamun durmagynda – 10 000 manada çenli möçberde 2 ýyla çenli;
  • 2 raýatyň zamun durmagynda – 10 001 manatdan 30 000 manada çenli möçberde 3 ýyla çenli;
  • Girew ýa-da edara-kärhananyň zamuçylygy  – 30 001 manatdan 60 000 manada çenli möçberde 3 ýyla çenli;

Karzyň berilmegi nagt däl görnüşinde bank karz karta geçirmek ýa-da satyjynyň hasap-fakturasy esasynda hasaplaşyk hasabyna geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

Sarp ediş maksatlary üçin karza ýüz tutmak üçin zerur resminamalar

Karz alyjy üçin:

  • Karzy almak üçin arza (görnüşini ýüklemek)
  • Pasportyň nusgasy (karz resmileşdirilende asyl nusgasy görkezilýär)
  • Girdeji barada güwänama (ähli tutumlar aýrylyp görkezilen arassa girdeji) (görnüşini ýüklemek).
  • Telekeçilik işini alyp barýan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýasyny getirmelidirler
  • Maşgala düzümi we ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny kesgitlemek üçin kepilnama
  • Zähmet depderçesiniň nusgasy (möhür bilen tassyklanan bolmaly)

    Dowamy...

Pul geçirimleri

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine pul geçirmeleriniň şu aşakdaky görnüşlerini hödürleýär:

  • Türkmen manadynda pul geçirimleri
  • Daşary ýurt walýutasynda pul geçirimleri

Dowamy...

Täze “Milli VISA” “VISA“ halkara töleg ulgamy bilen utgaşdyrylan bank karty.

Täze “Milli VISA

“VISA“ halkara töleg ulgamy bilen utgaşdyrylan bank karty.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky

Size täze “Milli VISA karty” atly bank kartyny hödürleýär!

 

Bank nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen “Milli VISA karty” atly täze bank kartyny ulanyşa girizildi.

Bu bank önüminiň ulanyşa girizilmegi bankyň milli töleg ulgamyny döwrebap halkara ulgama birikdirmekde giň ýol açjak  mümkinçilikleriň biri bolar. Şeýle hem, milli töleg ulgamynyň dünýä belli ygtybarly ulgam bilen birikdirilmegine hem-de howpsuz we döwrebap töleg amallaryny halkara ülňülerine laýyklykda geçirmäge mümkinçilik berer. Bu täze bank kartyna ornaşdyrylan halkara çipi arkaly amallaryň has-da ygtybarlygyny gazanmak, tölegleriň çalt geçýän galtaşyksyz tölegleri amala aşyrmak hem-de elektron söwda modulynyň üsti bilen Türkmenistanyň çägindäki hereket edýän internet ulgamynyň üsti bilen söwda etmek mümkinçiliklerini berýär.

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky

Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly 32,

Tel.: 40-64-27 / 40-64-28 / 40-64-29 / 40-64-30 / 40-64-31 

(09:00-18-00)

40-60-08 (gije-gündiz)

E-mail: Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її.

www.tfeb.gov.tm

Goýumlar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine milli manatda we daşary ýurt pulunda goýumlary hödürleýär.

Berilmegini talap edilýänça goýumlar möhlet bilen çäklendirilmeýär, goýum üçin pul serişdeleri hem nagt pulda hem-de nagt pul berilmezden çäksiz kabul edilýär. Goýumçylarda goşmaça gatanç geçirmek ýa-da nagt pul serişdeleriń goýum hasabyndan almak mümkünçiligi. Berilmegini talap edilýänça goýumlar boýunça üçünji tarapa geçirim edip, hem-de hasapdaky serişdeler bilen dolandyrmaga ynanç hatyny resmileşdirip bolýar.

Dowamy...

MILLI VISA – Bank karty

Hormatly Türkmenistanyň raýatlary!
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, Size
VISA halkara töleg ulgamy bilen bilelikde ulanyşa girizilen
“Milli VISA kartyny” hödürleýär!

Kartyň ähli mümkinçiliklerinden, ýagny:

  • Halkara çipi arkaly amallaryň has-da ygtybarlylygyny gazanmak;
  • Tölegleriň çalt geçýän galtaşyksyz tilsimatlarydan peýdalanmak;
  • Elektron söwda modulynyň üsti bilen internet arkaly söwda etmek;
  • Satyn alan harytlaryňyz üçin tölegleri söwda we hyzmat ediş nokatlarynda amala aşyrmak;
  • Kartyň hasabyndaky pul serişdeleriniň hereketini “SMS- habarnama” we “Balans soragnamasy” arkaly görüp bilmek;
  • Pul serişdeleriňiziň howpsuzlygy üçin SMS-habarnama  arkaly zerur bolan halatynda öz kartyňyzyň hereketini özbaşdak togtatmak ýa-da kartyňyzy işjeň  ýagdaýyna  getirmek;
  • Bankomatlaryň üsti bilen nagt pul almak mümkinçiligi;
  • Pul serişdeleriňiziň galyndysyna 5% ýyllyk girdeji almak,

we başga-da ençeme amatlyklaryndan Sizi peýdalanmaga çagyrýarys!

Bank kartyny resmileşdirmek üçin Size bank kartlary bilen işleýän bölüme barmak gerek (29-30-njy äpişge), Bankyň hasaplaşyk amallar müdürligi, pasport, kopiýasyny getirmeli we kartoçkany açyandygyňyz üçin arzany doldurmaly.

Bilim edaralarynyň okuw we ýaşaýyş jaý tölegleri üçin karzlar

​​​​​Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna ýardam etmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň (diňlejileriň), okuw we umumy ýaşaýyş jaý tölegleri üçin karz hyzmatlaryny hödürleýär.

Şeýle hem, ýurdumyzyň okuw merkezlerinde daşary ýurt dillerini öwrenmek, buhgalter hasaby, iş ýörediş, kompýuter sowatlylygy ýaly ugurlar boýunça bilimini kämilleşdirmek isleýän ýaşlaryň, şol sanda mental matematika we daşary ýurt dilleri öwrenmek isleýän mekdep okuwçylaryň ýakyn hossarlaryna degişli okuw töleglerini tölemek maksadyna karzlar resmileşdirilýär.

Karzlar 1 raýatyň zamunlygy, girew ýa-da kärhanalaryň zamunlygy esasynda jemi 10 000 manada çenli möçberde ýyllyk 5 göterimli, 2 ýyla çenli möhlete nagt däl görnüşinde berilýär.

Bank ulgamyna sanly tehnalogiýalaryny giňden ornaşdyrmak, bank hyzmatlarynyň hilini  ýokarlandyrmak, hyzmatynyň täze, döwrebap görnüşlerini döretmek, harajatlaryň we sarp edilýän gymmatly wagty tygşytlamak maksady bilen, bank tarapyndan müşderileriň karz almallary üçin ýüztutmalaryny hem-de resminamalaryny “Online” tertipde www.tfeb.gov.tm bankyň resmi web sahypasyna ýüklemek bilen bankyň karz bermek bölüminiň Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її., Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її., Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її. elektron poçtalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

VISA- halkara bank kartlary

Ösüş ýerinde duranok we biziň durmuşumyza hemme täze tehnalogiýalar işjeň girişdi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, häzirki zaman karz döretmegi, öňdebaryjy form hyzmatlaryny girizmekde öz işini ugrukdyrdy.

Şeýle forumlaryň biri hyzmat işlerini halkara bank Visa kartyny ulanmakda görkezýär, Bankyň çykarany ýaly, şeýle hem başga daşary ýurt banklar.

Dowamy...

Hormatly raýatlar! Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş  banky müşderilerine  ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin (ipoteka) karzlary hödürleýär.

  • Ipoteka karzlary raýatlar tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlar gaznasyndan satyn alnan we hususylaşdyrylan öýleri, şeýle hem täze gurulan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlardan ozal satyn alnyp, gaýtadan satylýan öýleri karzlaşdyrmak üçin berilýär;
  • Müşderi ýaşaýyş jaýynyň umumy bahasynyň 30 göterimini öz serişdeleriniň hasabyna 70 göterimini bolsa, ipoteka karzy görnüşinde alyp bilýär;
  • Ýyllyk 7 göterim bilen 15 ýyl möhlete çenli;
  • Ipoteka karzy üçin iki raýatyň zamunlygy;
  • Karzyň bu görnüşinde satyn alynýan ýaşaýyş jaýy girewe alynýar.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

 Bankyň merkezi edarasy:

40-61-24,  40-61-50, 40-61-55
Biziň salgymyz: Aşgabat ş. Garaşsyzlyk şaýoly 32
Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її. 


Aşgabat şäher şahamçasy:
21-99-82, 21-99-83, 21-99-84
Biziň salgymyz: 10 ýyl Abadançylyk, 160
Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її.

 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher şahamçasy:
800 243-2-12-87; 800 243-2-58-86

Biziň salgymyz: Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Arkadag şaýoly
Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її.

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky

     Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!
www.tfeb.gov.tm

Jemagat tölegler

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine töleg goýumdan serişdeleri aýyrma ýaly hyzmatlary hödürleýär.

Hasapdan aýyrma serişdeler tölegi amala aşyrýarlar:

  • Kwartiralar
  • Aragatnaşyk tölegler
  • Kommunal we başga hyzmatlar
  • Esasy karzyň bölegini we sarp ediji karzyň hasaplanan göterimini tölemek

Dowamy...