Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky şu aşakdakylara karz berýär:

Döwlet kärhanalaryna:

  • Dolandyryş serişdeleri doldurmak üçin
  • Senagat maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek
  • Ýokary tehnalogik enjamlary satyn almak
  • Oba-hojalygy ösdürmek we beýleki maksatnamalar üçin

Karzlar hem milli, hem daşary ýurt pulunda berilýär.

Karzlar hem gysga möhletli, hem uzak möhletli häsiýete eýe bolup biler.

Döwlete dahylsyz hususy kärhanalara we telekeçilere önümçilik maksatly berilýän karzlar:

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” hem-de “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak  hakyndaky” karary esasynda  ýeňillikli karzlary hödürleýär:

Ýyllyk 1% göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete

  • oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskowatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin;

Ýyllyk 5 % göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete

  • maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin.

Bankdan karz almak üçin edara görnüşli taraplara gerekli resminamalar:

  • Karz arzasy
  • Telekeçi- meýilnamasy
  • İň soňky hasabat wagtynyň balansy we öňki 3 ýylyň balansy
  • Girdejiniň we ýitginiň hasaby
  • Şertnamaň nusgasy, karz harytlary tassyklamaga hasap- fakturasy, ýerine ýetirýän işiňiz, wezipäňiz
  • Esaslandyryjynyň dokumentleriniň nusgasy, edara görnüşli taraplaryň bellenendiginiň şahadatnamasy, we edaralaryň ýeketäk döwlet sanawyndan göçürme
  • Nusgasy golly, möhurli kartoçkasy, tassyklanan nararius ýa-da ýokarda durujy guramalar

 

Karz Hasaplaýjy



jQuery UI Slider - Snap to increments

Mukdary belläň:
Karz hili:

Möhleti belläň


Aýda tölemeli: