Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň habarçy hasaby ulgamy türkmen banklarynyň arasynda örän köpugurly bolup durýar. Bu bolsa banka, müşderileriň töleg ugurlary üçin az harajatlary peýdalanyp, örän gysga möhletde tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
Bank tarapyndan gatnaşyk hasaplaryň iş tertibini gowulandyrmak we bankyň habarçy hasabynyň üsti bilen GDA, Ýewropa, Demirgazyk Amerika, Aziýa banklaryna hasaplary geçirmekde çykdajylary azaltmak boýunça işler yzygiderli ýagdaýda alynyp barylýar. Habarçy – banklar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi, kada laýyklykda, ýurtdaky iri maliýe instituty hökmünde, banka konwersiýalaýyn hem-de söwda amallaryny geçirmek üçin, sap limitleri we karz ýollaryny almaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlyk gurşawynda derwaýys iş ugry, milli eksport-import we ätiýaçlandyryş gulluklary, halkara banklar we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekden ybarat. Hytaýyň, Çehiýanyň, Türkiýanyň, Malaýziýanyň Eksimbanklary, Ýapon halkara hyzmatdaşlyk banky, Germes, Kofas, OND ätiýaçlandyryş gulluyklary bilen uzak möhletli gatnaşyklar ýola goýuldy. Halkara banklarynyň we ösüş gaznalarynyň arasynda Ýewropanyň Ösüş we Özgerdiş Banky, Yslam Ösüş Banky, OPEK gaznasy, Abu-Dabi ösüş gaznasy, Saud ösüş gaznasy ýaly maliýe institutlaryna aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň bank ulgamyndaky özboluşly “tanyşdyryş kartoçkasy” bolmak bilen halkara çäklerindäki öz ornuny berkitmäge ymtylýar.
Daşary ýurt walýutasyndaky "NOSTRO" hasaplar boýunça esasy habarçy banklaryň sanawy:
Country, City |
Name of Bank |
Currency |
S.W.I.F.T |
---|---|---|---|
Germany, Frankfurt am Main |
Commerzbank AG |
EUR |
COBADEFF |
Germany, Frankfurt am Main |
Deutsche Bank AG |
EUR |
DEUTDEFF |
Switzerland, Zurich |
UBS AG |
EUR/USD/GBP/JPY/CHF |
UBSWCHZH |
USA, New York |
Citibank NA |
USD |
CITIUS33 |
USA, New York |
Deutsche Bank Trust Company Americas |
USD |
BKTRUS33 |
United Kindom, London |
Deutsche Bank AG |
GBP |
DEUTGB2L |
United Kindom, London |
Citibank NA |
GBP |
CITIGB2L |
Japan, Tokyo |
Mizuho Bank LTD |
JPY |
MHCBJPJT |
Japan, Tokyo |
Bank of Tokyo- Mitsubishi (MUFG Bank, LTD) |
JPY/USD |
BOTKJPJT |
China, Beyjing |
Export-Import Bank of China |
CNY |
EIBCCNBJ |
Russian Federation, Moscow |
Savings Bank |
RUB |
SABRRUMM |
Russian Federation, Moscow |
Promsvyazbank PJSC |
RUB |
PRMSRUMM |