Türkmenistanyň durmuş-ykdysady hem-de syýasy mümkinçilikleriniň açylmagynda we dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulmagynda ähli degişli ulgamlaryň işi bilen baglylykda dünýäniň bu babatdaky tejribesinden hem-de ýurduň bar bolan mümkinçiliklerinden ugur alýan tagallalar durmuşa geçirilýär. Bu işleriň hatarynda döwletimiziň maýa goýum syýasatyny yzygiderli ilerletmek, onuň çäginde iri göwrümli taslamalary ýola goýmak maksatlary nazarda tutulýar. Türkmenistanyň ykdysady ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolan maýa goýumlaryň artdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wezipelerinde we amala aşyrýan işlerinde aýdyň ýüze çykýar.
Milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzy senagat, ylmy-tehniki taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri bilen kesgitlenilýän maýa goýum syýasaty ahyrky netijede halkymyzyň durmuş derejesiniň, ýaşaýşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetiň, her bir raýatyň döredijilik we ruhy mümkinçiliginiň has giňden açylmagyna ýardam etjek şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Ýurduň ykdysadyýetini düýpli özgertmek hem-de Türkmenistanyň ykdysady taýdan gülläp ösmegini üpjün etmek maksady bilen, giň möçberli maýa goýum syýasatynyň amala aşyrylmagy maýalaryň halkara bazarlarynda ýurdumyzyň Hökümetiniň wekili hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt karzlaryny çekmek babatda bank tarapyndan daşary ýurtlaryň dürli maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we özara işjeňligiň ajaýyp tejribesi toplanyldy.
Bankyň alyp barýan döwrebap hem-de milli ösüş maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýan işleri, bu ugurda maýa goýumlar, hyzmatlar, bank amallary, hususan-da bankyň häzirki zaman derejesine ýetmegine ýardam edýän hyzmatdaşlyklar ýylsaýyn artdyrylýar. Bu ugurda yzygiderli gazanylýan üstünlikler hem-de sylaglar bilen tassyklanylmagy Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyny diňe bir içerki şertlerde däl, eýsem dünýä giňişliginde işjeň we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanadýar.
Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamynda Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky hökümediň wekili hökmünde onuň adyndan köp sanly maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, üpjün edilmegine, maýa goýujylaryň çekilmegine hem-de täze ösüş ugurly taslamalara badalga berilmegine, şeýle-de munuň bilen baglylykda halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine hyzmat edip geldi. Bu çygyrda köp sanly gepleşikler geçirildi, ylalaşyklar gazanyldy we bähbitli gatnaşyklara, il-ýurt ähmiýetli taslamalara esas döredildi.
Geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň maýa goýum syýasatynyň strategiki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilip, dünýä bazarynda Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyplylyk artykmaçlyklaryndan ugur alyndy. Bu bolsa, ilkinji nobatda, ägirt uly gymmatly tebigy serişdelere bagly bolup, olaryň senagat taýdan gaýtadan işlenilmegi hem-de ýokary tehnologiki taýýar önümleriň çykarylmagy ýurdumyzyň esasy ykdysady ugruna öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, tehnologiýanyň ykdysady pudaklaryň işine ornaşdyrylmagy, sanly asyryň häzirki zaman möhüm şertleriniň girizilmegi ýaly işleri maksatnamalaýyn durmuşa geçirmek öňde goýuldy.
Innowasion häsiýetli önümçiliklere maýa goýmak durmuş üpjünçiligi pudaklarynyň we halk hojalygy ulgamlarynyň ösüş maksatnamalaryna netijelilik bermäge, ýurdumyzyň öndürijilerini, şol sanda hususy öndürijileri goldamaga, diňe importuň ornuny tutmakda gazanylan üstünlikler däl, eýsem, ýurduň barha artýan gyzyl pul girdeji çeşmesi bolan we giňden isleg bildirilýän senagat taýdan islenilen harytlaryň hasabyna eksport kuwwatlyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Bu işleriň amal edilmeginde we taslamalaryň maliýeleşdirilmeginde bankyň işjeňligi, halkara hyzmatdaşlyklara aýratyn ähmiýet bermegi, dünýä döwletleriniň banklary bilen gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagyna giň orun berilmegi ýaly işler esas bolup durýar.
Taslamalaryň maliýeleşdirmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň daşary ýurtly taraplar bilen baglaşan şertnamalary hem-de ylalaşyklary uly hyzmata eýedir.Şunuň bilen baglylykda, milli eksport-import we eksport ätiýaçlandyryş gulluklary bilen hyzmatdaşlyk babatda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Hytaýyň, Koreýanyň, Eksport-Import banklary, Germaniýadaky Germes, Koreýanyň K-SURE, Şweýsariýanyň SERV, Italiýanyň SACE we Beýik Britaniýanyň UKEF eksport karz agentleri bilen işewürlik, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýdy. Bu bolsa öz nobatynda milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda taslamalary maliýeleşdirmegiň esasy çeşmelerini kesgitleýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmegiň netijeleri boýunça Daşary ykdysady iş banky 2017-nji ýylda karz beriş maksatly işleriniň möçberini 1,5 esse artdyrdy. Şu döwürde bankyň gatnaşmagynda birnäçe iri göwrümli taslamalary maksat edinýän şertnamalar we özara hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi. Soňky birnäçe ýylda bank tarapyndan ençeme iri maýa goýum ylalaşyklary baglaşyldy. Olaryň hatarynda Gyýanlyda polipropilen we polietilen önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy, Garabogazda karbamid zawody hem-de Owadandepede gazy gaýtadan işlemek we ondan suwuk ýangyn öndürmek boýunça senagat toplumy ýaly taslamalaryň maliýeleşdirilendigini bellemek bolar. Innowasion häsiýetli bu önümçilikleriň döredilmegine Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky we Koreýanyň eksport-import banky uly möçberde serişdeler bilen gatnaşdy.
Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky özüniň döredilmeginden häzirki wagta çenli ýurduň çäginde hem-de halkara giňişliginde ýokary derejede iş alyp barýandygy, halkara ülňülerine laýyk gelýän özgertmeleri amala aşyrýanlygy we durnukly maliýe görkezijilerini nazarda tutulyp, Beýik Britaniýanyň «Financial Times» abraýly neşiriniň «The Banker» žurnalynyň ýokary derejeli baýragy bilen 14 gezek sylaglandy. Bu görkezijileri ýüze çykarmak bilen bank neşir tarapyndan Türkmenistanda iň gowy bank hökmünde görkezildi. Bu ýokary netijeler bankyň taryhy ösüşinde gazanan uly üstünliklerini açyp görkezýär.
Birleşen Milletler Guramasy we «PricewaterhouseCoopers Audit S.R.L.» maslahatçy kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça we ondan soňky ýyllarda bankyň maliýe hasabatlary halkara standartlarynyň «Maliýe gurallary» atly 9-njy standartynyň täze görnüşine laýyklykda işlenip taýýarlanylýar. Has takygy, Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzda ilkinji bolup, MSFO-9 (maliýe hasabatlylygynyň halkara ölçegi) laýyklykda maliýe hasabatlylygyna geçdi.
2021-nji ýylyň dekabr aýy bank üçin ýene bir täze başlangyjyň senesi boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary saýasynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýurdymyzda ilkinji gezek daşary ýurt maýadarlaryň gatnaşmagynda daşary ýurt maýa goýumyň we ýurdumyzda gelejegi bar bolan ähmiýetli taslamalary maliýeleşdirmegiň dünýa tejribesine laýyklykda bank döretmekde esaslandyryjy höküminde çykyş etmekde ony döretmäge girişdi.