Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky

BAŞ SAHYPA
BANK BARADA MAGLUMAT
BANKYŇ HYZMATLARY
PRES-RELIZLER

2006-nji ýylyň Ýyllyk hasabaty
pdf-görnüşde


Turkm.


Eng.


Rus.

2006-nji ýylyň Ýyllyk hasabaty

Mazmuny:


Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň Müdiriýetiniň Başlygynyň Ýüzlenmesi

Müdiriýetiň we Başlyklar Geňeşiniň adyndan Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň 2006-njy maliýe ýylyndaky işi hakyndaky Ýyllyk hasabaty Siziň dykgatyňyza hödürleýärin.

2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 21-inde ähli türkmen halky uly ýitgä sezewar boldy – ady milli döwletliligiň döremegi bilen aýrylmaz baglanyşykly adam dünýägen ötdi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy döwlet bitaraplygynyň we özygtyýarlylygynyň döredijisi bolup, ýurda 21 ýyl baştutanlyk etdi. Milli baştutany halky jebisleşdirdi, jemgyýetde dawa-jenjellere, ýaramaz ýagdaýlara ýol bermedi, Türkmenistanda ýaşaýan ähli milletleriň we halklaryň wekillerine birmeňzeş hormatly garady. Onuň ýurda ýolbaşçylyk eden ýyllarynda ilatyň hal-ýagdaýynyň derejesi ep-esli ýokarlandy.

Türkmenistanyň halky mundan beýläk hem öz ilkinji Prezidentiniň syýasy ugry bilen gyşarnyksyz gider, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýörelgelerine esaslanan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty üýtgewsiz galar. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormata, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanan bitaraplyk syýasatyny pugta berjaý eder, BMG-niň Tertipnamasyna, Türkmenistanyň gatnaşyjy bolup durýan ikitaraply we köptaraply halkara ylalaşyklaryna, şertnamalaryna, konwensiýalaryna laýyklykda öz halkara borçnamalaryny doly ýerine ýetirer.

Türkmenistan 2006-njy ýylda öz Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygyny belledi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda geçiren syýasatynyň netijesinde ýurtda kuwwatly önümçilik mümkinçiligi döredildi, azyk garaşsyzlygy meselesi çözüldi, agrosenagat toplumynyň häzirki zaman maddy-tehniki binýady üpjün edildi. Şeýle şertleriň netijesinde Türkmenistan ilatyň ýokary durmuş ölçeglerini üpjün edýän, durmuş-ykdysady ösüşiň görkezijileri boýunça ýokary dünýä derejesine eýe bolan birsydyrgyn ösýän güýçli ýurda öwrüldi.

Türkmendaşaryykdysadybank geçen ýylyň netijeleri boýunça, uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini üstünlikli tamamlamagy bilen baglanyşykly öz aktiwleriniň käbir aşaklamagyna garamazdan öz serişdeleriniň ölçegleri (47,02 %), ykdysadyýete maýa goýumlaryň möçberleri (71,0 %), Bankyň müşderlere edýän hyzmatlarynyň möçberleri we mukdary boýunça, pul we walýuta bazarlarynda amallaryň möçberleri we mukdary boýunça bank ulgamynda öňdebaryjy orunlary eýelemegini dowam etdirdi.

Bankyň üstünlikli işi ynha indi bäşinji gezek, 2001-nji ýyldan 2004-nji ýyl aralygynda bassyr we 2006-njy ýylda “Türkmenistanda ýylyň iň gowy Banky” diýen ýokary ady Banka berýän "The Banker" žurnaly tarapyndan tassyklanylýar. Bu hakykat. Türkmenistanyň bank ulgamynda Bankyň ýokary derejededigini, netijelidigini we ygtybarlydygyny, Bankyň işgär toplumynyň hünärliligini we jebisligini tassyklaýar.

Öňki bolşy ýaly 2007-njy ýylda hem Bank Türkmenistanyň bank ulgamynda öz öňdebaryjy orunlaryny saklamaga we berkitmäge çalşar, Bitarap Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga mundan beýläk hem ýardam eder.

Sözümiň ahyrynda Bank hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşine öz müşderleri bilen netijeli özara hereketi guramagyň esasy usuly hökmünde garaýandygyny, olaryň üstünligine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalyşýandygyny bellemekçi. Biz öz müşderilerimize we goýumçylarymyza minnetdardyrys, olar bilen bizi uzak ýyllaryň netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy baglanyşdyrýar, olaryň Bank babatdaky ynamyna we ygrarlylygyna ýokary baha berýäris hem-de olaryň her birine guwanýarys.

Öz borçlaryny ak ýürekden we ýokary hünärlilik derejede ýerine ýetirendikleri we 2006-njy ýyldaky üstünlikli işi üçin Türkmendaşaryykdysadybankyň ähli işgärlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirmekçi.

Hormatlamak bilen,
Bankyň müdiriýetiniň başlygy
G.B.Gökleňow.


Makroykdysadyýet we bank ulgamy

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýän we Türkmenistany birsydyrgyn ösýän güýçli ýurda öwürmäge gönükdirilen, ýurduň durmuş - ykdysady ösüşiniň we ilatyň durmuşynyň görkezijileri boýunça ýokary dünýä derejesine eýe bolan Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dowam edýän durnukly ösüşini üpjün etdi. Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutynyň maglumatlary boýunça 2006-njy ýylda Türkmenistanyň JIÖ -i 2005-nji ýyla garanda 22,1% ösüş görkezip, 154, 15 trln. manat boldy. Şunda senagat öňümçiliginiň ösüşi 24,5%, oba hojalygy – 21,9%, gurluşyk – 25,4%, ulag we aragatnaşyk – 27,0%, söwda – 24,0%, hyzmatlar – 16,2% boldy.

Türkmen eksportynyň esasy harytlaryna bahalaryň ösüşi, şeýle hem olaryň möçberleriniň belli bir artmagy 2005-nji ýyl bilen deňeşdireniňde daşary söwda dolanyşygynyň 16,7% ösmegine ýardam etdi, ol ABŞ-nyň 10 mlrd. 014 mln. dollary boldy. Eksport ABŞ-nyň 6 mlrd. 724 mln. dollary bolup, ol geçen ýyl bilen deňeşdirilende 36,1% artdy. Türkmenistana harytlaryň we hyzmatlaryň importy ABŞ-nyň 3 mlrd. 290 mln. dollaryna ýetip, 9,6% peseldi.

2006-njy ýyl üçin Türkmenistanyň söwda balansynyň aktiw saldosy ABŞ-nyň 3 mlrd. 434 mln. dollaryna çenli ösdi. Ýurda walýutanyň durnukly akymy bergi ýüküniň gysgaldylmagyna we öz serişdeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna ýardam edip, daşary ýurt karzlarynyň öz wagtynda üzülişilmegini we hyzmat edilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

2006-njy ýylyň jemleri boýunça ýurduň önümçilik we durmuş-medeni çygyrlaryny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 2005-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6% artyp, 20 trln. 830 mlrd. manat boldy. Şunda kärhanalaryň öz serişdeleri, göni daşary ýurt maýa goýumlary, merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň serişdeleri, ilatyň serişdeleri esasy çeşmeler boldy.

Türkmenistanyň 2006-njy ýyl üçin Döwlet býujeti profisit bilen ýerine ýetirildi. Şunda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi boýunça bellenilen tabşyryk 122,8%, çykdajy bölegi boýunça bolsa 92,4% ýerine ýetirildi. Ýurduň durmuş taýdan ösüşini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň býujet syýasatynyn ileri tutulýan ugry boldy.

Sarp edijilik işeňňirligiň ösüşi 2006-njy ýylyň häsiýetli aýratynlygy boldy, muňa 2005-nji ýyl bilen deňeşdirilende Türkmenistanyň bölek haryt dolanyşygynyň 23,8% artmagy hem şaýatlyk edýär. Ilatyň sarp edijilik işeň ňir liginiň ösmegi, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan beýik jaýlaryň işjeň gurulmagy sarp edijilik we ipoteka karzlaryna bolan islegiň ýokarlanmagyny höweslendirdiler.

2006-njy ýylda emele gelen makroykdysady şertler Türkmenistanyň ykdysadyýetinde 121 şahamçalary we 409 agentlikleri bolan täjirçilik banklarynyň 11 -si tarapyndan wekilçilik edilýän bank ulgamynyň ornuny ýokarlandyrmak üçin gowy deslapky şertleri döretdiler.

Tutuş bank ulgamynyň aktiwleri 17 036,5 mlrd. manat boldy. Aktiwleriň esasy bölegini kärhanalara, guramalara we ilata berlen karzlar eýeläp, olar 82,6% orny eýeleýär. Milli walýutada berlen karzlar 8 654,3 mlrd. manat boldy. Şunda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny milli walýutada karzlaşdyrmak 18,6% artdy, munuň özi Türkmenistanda kiçi we orta täjirçiligi ösdürmek ugruna bank ulgamynyň işjeňleşýändigine şaýatlyk edýär.

Bank ulgamynda toleg düzgün-tertibiniň pugtalandyrylmagy banklar tarapyndan berlen karzlar boýunça möhleti geçirilen bergileriň möçberiniň peselmegine getirdi. Bir ýylda mohleti geçirilen bergileriň möçberi 52,8% kemeldi.

Banklaryň milli walýutadaky depozit binýadynyň möçberi öňki ýyl bilen deňeşdirilende 33,7% artdy. Şunda milli walýutadaky depozit serişdelerine serişdeleriň gelip gowşuşynyň umumy möçberi 2005-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18,4 % artdy we 74 241,0 mlrd. manat boldy.

Bank ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmek, goýumçylaryň we kreditorlaryň bähbitlerini goramak maksady bilen banklaryň öz maýasyny artdyrmak boýunça iş dowam etdirildi. 2006-njy ýylyň jemleri boýunça banklaryň öz serişdeleri 8,5% artyp, 1 365,7 mlrd. manat boldy. Banklaryň hakyky döredilen maýalyk gory 6,4% artdy we 673,2 mlrd. manat boldy.


Bankyň 2006-njy ýyldaky işiniň esasy jemleri:

1. Bankyň aktiwleri 5960,53 mlrd. manat boldy.

Aktiwler-brutto:

  • berlen karzlar - 3970,16 mlrd. manat (66,6%)
  • banklardaky depozitler – 831,57 mlrd. manat (14,0%)
  • pul serişdeleri – 76,23 mlrd. manat (1,3%)
  • berkidilen aktiwler – 30,87 mlrd. manat (0,5%)
  • beýleki aktiwler –1051,71 mlrd. manat (17,6%)

Işleýän aktiwleriň gurluşy:

  • korporatiw müşderilere karzlar - 3962,15 mlrd. manat (81,8%)
  • hususy müşderilere karzlar – 8,01 mlrd. manat (0,17%)
  • bankara karzlar we depozitler – 831,57 mlrd. manat (17,16%)
  • gymmatly kagyzlara goýumlar – 5,67 mlrd. manat (0,12%)
  • beýlekiler – 36,13 mlrd. manat (0,75%)

2. Aktiwleriň düşewüntlüligi 0,66% boldy.

3. Maýalyk gory 184 mlrd. manada çenli artdy.

4. Maýanyň düşewüntliligi 14,44% boldy.

5. Jemi öz serişdeleriniň derejesi 12,3% artdy we 588,0 mlrd. manat boldy.

6. Öz serişdeleriniň düşewüntliligi 13% boldy.

Passiwleriň gurluşy:

  • alnan karzlar – 3841,37 mlrd. manat (64,45%)
  • müşderileriň serişdeleri – 630,91 mlrd. manat (10,6%)
  • hususy serişdeleri – 588,04 mlrd. manat ( 9,87%)
  • beýlekiler – 900,2 mlrd. manat ( 15,1% )

Çekilen serişdeleriň gurluşy:

  • bankara karzlar we depozitler – 3841, mlrd. manat (84,64%)
  • şahsy müşderileriň serişdeleri – 44,31 mlrd. manat (0,98%)
  • korporatiw müşderileriň serişdeleri – 586,6 mlrd. manat (13,0%)
  • beýlekiler – 66,13 mlrd. manat (1,46%)

7. 2006-njy ýylda Bank tarapyndan 328,5 mlrd. manat möçberinde girdeji alyndy, munuň özi öňki ýyldakydan 8,2% köpdür. Girdejileriň umumy möçberiniň 90%-i diýen ýaly Türkmenistanyň rezidentleri bilen amallar boýunça alyndy. Daşary ýurt walýutasyndaky amallar boýunça alnan girdejiler 237,6 mlrd. manat boldy ýa-da Bankyň girdejileriniň umumy möçberiniň 72,3%-idir.

Bankyň girdejileriniň gurluşy:

  • göterim girdejiler – 169,36 mlrd. manat (67,9%)
  • ýygym girdejiler – 28,84 mlrd. manat (8,8%)
  • beýleki girdejiler – 77,93 mlrd. manat (23,7%)

8. Çykdajy bölegi 249,5 mlrd. manat möçberinde kesgitlenildi we öňki ýyl bilen deňeşdirilende 17,6% artdy. Türkmenistanyň rezidentleri bolmadyk taraplar bilen amallar boýunça harajatlar Bankyň çykdajylaryň umumy möçberiniň 64,2%-ni eýeländigi hakykaty Bankyň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we hyzmat etmek babatda Türkmenistanyň Hökümetiniň ygtyýarly wekili hökmünde işiniň aýratynlygy bilen şertlendirildi.

Bankyň çykdajylarynyň gurluşy:

  • göterim çykdajylary – 169,36 mlrd. manat (67,9%)
  • ýygym çykdajylary – 4,36 mlrd. manat (1,7%)
  • beýleki çykdajylar – 75,78 mlrd. manat (30,4%)

9. Deňleşme peýdasy 79,0 mlrd. manat boldy.

10. Döredilen karz bukjasy 3970,2 mlrd. manat boldy, möhleti geçirilen berginiň Bankyň karz bukjasyndaky tutýan orny 0,87% boldy.

11. 2006-njy ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä Bankyň hyzmat etmeginde edara görnüşindäki taraplaryň 900-si bardy, edara görnüşindäki taraplaryň hasaplary boýunça bir ýyldaky dolanyşyklar 7311,3 mlrd. manat boldy, şahsy taraplaryň sany 22180 boldy we olar boýunça dolanyşyklar 318,1 mlrd. manat boldy.


Türkmenistanyň Hökümetiniň ygtyýarly wekili
hökmündäki işi we karz işi

Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň 15 ýylyň dowamyndaky işiniň esasy ugry halkara maliýe bazarlarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň ygtyýarly wekiliniň wezipelerini ýerine ýetirmekden ybarat boldy.

2006-njy ýylda ygtyýarly wekiliň işiniň çäklerinde Bankyň esasy wezipeleriniň biri hem Bankyň özi, hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesi tarapyndan döredilen döwletiň daşarky borçnamalary boýunça barlamagy, göwnejaý hasaba almagy we olar boýunça öz wagtynda tölegleriň geçirilmegini üpjün etmek bolup galdy. Daşarky karzlary üzülişmegiň şertlerini we usullaryny işläp taýýarlamaga we ylalaşmaga işjeň gatnaşyp, Bank daşary ýurtly kreditorlaryň peýdasyna ähli meýilleşdirilen töleglerini amala aşyrdy, şeýle hem tölegleriniň birnäçesini möhletinden öň geçirdi, bu bolsa döwletiň karza ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we geljekki döwürleriň tölegleri boýunça göterim çykdajylaryny tygşytlamaga mümkinçilik berdi.

Ýylyň jemleri boýunça daşary ýurtly kreditorlaryň peýdasyna geçirlen tölegleriň umumy möçberi ABŞ-nyň 212,34 mln. dollar boldy, olardan üzülişen esasy berginiň möçberi 177,25 mln. dollar, göterim tölegleriniň möçberi bolsa ABŞ-nyň 35,09 mln. dollary boldy. Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň balansynda hasaba alynýan daşary ýurt karzlarynyň umumy möçberi ABŞ-nyň 708,53 mln. dollar boldy we ýurtlar we walýutalaryň görnüşleri boýunça bölünende şu aşakdaky ýaly görünýär:

Ýurtlar boýunça

  • Ýaponiýa – - 44,7%
  • Germaniýa - 39,1%
  • Fransiýa - 6,5%
  • Hytaý - 6,4%
  • Türkiýe - 1,3%
  • Saud Arabystany - 1,2%
  • Malaýziýa - 0,6%
  • Hindistan - 0,2%

Walýutalaryň görnüşleri boýunça

  • Ýapon ýerleri - 44,7%
  • Ýewro - 36,9%
  • ABŞ-nyň dollary - 10,8%
  • hytaý ýuani - 6,4%
  • karz almagyň ýörite hukuklary (SDR) - 1,2%

Geçen ýyl ygtyýarly wekiliň işiniň çäklerinde Bankyň öňünde goýulan başga, has möhüm wezipe uzak möhletli karzlar görnüşinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen baglanyşykly işi işjeňleşdirmek boldy. Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky bellenilen wezipä ýetmek maksady bilen 2006-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasyndan öz hyzmatdaşlary bilen işewür duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Netijede Bank tarapyndan hytaýly banklar bilen ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekildi, şol sanda:

  • “Maryazot” ÖB-niň täze we hereket edýän önümçilik desgalarynyň toplumyny gurmak we durkuny täzelemek boýunça Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň taslamasyny, şeýle hem Aşgabat şäherinde Aýna kombinatyny gurmak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallar senagaty ministrliginiň taslamasyny maliýeleşdirmek maksady bilen ýeňillikli uzak möhletli karzlary bermek hakynda ABŞ-nyň 300 mln. dollar möçberinde Hytaýyň Eksimbanky bilen Baş Ylalaşyk.
  • aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin 200 mln. hytaý ýuani möçberinde ýeňillikli uzak möhletli karz bermek hakynda Eksimbank bilen Ylalaşyk.
  • burawlaýyş enjamlaryny, göteriji agregatlary satyn almak we ibermek, şeýle hem tebigy gazyň iň uly ýatagy bolan Döwletabat-3-üň baş desgalarynda suwy sowadýan we ýumşadýan desgasynyň taslama syny düzmek we gurmak boýunça Nebitgaz senagaty ministrliginiň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin 200 mln. hytaý ýuani möçberinde ýeňillikli uzak möhletli karz bermek hakynda Eksimbank bilen Ylalaşyk.
  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üçin ykjam barlaýjy ulgamyň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin 20 mln. hytaý ýuani möçberinde muzdsuz grandyň berilmegi hakynda Hytaýyň Döwlet Ösüş Banky bilen Ylalaşyk.
  • Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň panbarhat öndürýän fabrigi üçin tehnologik we kömekçi enjamyň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin 40 mln. hytaý ýuani möçberinde muzdsuz grandyň berilmegi hakynda Hytaýyň Döwlet Ösüş Banky bilen Ylalaşyk.

Bankyň serişde binýadynyň möçberlerini ardyrmaga we möhletliligini uzaltmaga gönükdirilen geçen ýyldaky üstünlikli işi Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň ileri tutulýan baş ugurlaryndan birini durmuşa geçirmek – “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwur üçin Baş ugry” milli döwlet maksatnamasyny goldamak maksady bilen Bankyň karz ugruny netijeli ösdürmek üçin pugta binýat bolup hyzmat edýär. Bu ileri tutulýan baş ugry berjaý etmek bilen ykdysadyýetiň hakyky ulgamyna Bankyň 2006-njy ýyldaky goýumlarynyň möçberi dollar gatnaşygynda 18,5 million boldy. Şunda Bankyň ýakyn 2-3 ýylda goýumlarynyň esasy möçberi infrastrukturany ösdürmäge, kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga we iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen täze önümçilikleri döretmäge gönükdiriler.

Ýylyň ahyryna döredilen karz bukjasynyň möçberi 3,97 trln. manat boldy, şol sanda daşary ýurt walýutasyndaky karzlar ABŞ-nyň 753 mln. dollary ýa-da Bankyň ähli karz bukjasynyň 98,7%-i boldy . 2006-njy ýylyň jemleri boýunça ykdysadyýetiň döwlet ulgamy boýunça taslamalary maliýeleşdirmegiň hasabyna döredilen Bankyň karz bukjasy 3,94 trln. manat boldy.

2006-njy ýylyň ahyrynda Bankyň karz bukjasynyň pudaklaýyn gurluşy aşakdaky ýaly görünýär:

    - nebitgaz senagaty – 3090,5 mlrd. manat (77,8%)

    - dokma senagaty – 262,57 mlrd. manat (6,61%)

    - ulag we aragatnaşyk – 238,85 mlrd. manat (6,02%)

    - oba hojalygy – 139,08 mlrd. manat (3,5%)

    - elektroenergetika – 93,53 mlrd. manat (2,36%)

    - lukmançylyk – 4,98 mlrd. manat (0,13%)

    - beýleki döwlet kärhanalary – 111,71 mlrd. manat (2,8%)

    - döwlete dahylsyz ulgam – 20,91 mlrd. manat (0,03%)

    - telekeçiler – 1,28 mlrd. manat (0,03%)

    - şahsy taraplar – 6,74 mlrd. manat (0,17%)

2006-njy ýylda daşary ýurt walýutasynda berlen karzlar boýunça ortaça göterim stawkasy 4,3% boldy, milli walýutadaky karzlar boýunça 6,42 % boldy.

2006-njy ýylda möhleti geçirilen karzlaryň möçberi 77,7% peseldi we ýylyň ahyryna 34 707 mln. manat boldy, şol sanda walýutadaky karzlar boýunça ABŞ-nyň 6,3 mln. dollar boldy. Hökümetiň Kepilliginde berlen karzlar boýunça möhleti geçirilen esasy bergi we möhleti geçirilen göterimler boýunça bergi ABŞ-nyň 3,03 mln. dollary möçberinde, şol sanda esasy bergi boýunça ABŞ-nyň 341,6 müň dollary, boldy.

2007-nji ýylda Bank Hökümetiň ygtyýarly wekiliniň wezipelerini ýerine ýetirmegini dowam etdirer, halkara maliýe we hojalyk ulgamynda Türkmenistanyň ugruny mundan beýläkde pugtalandyrar hem-de ygtybarly we tölege ukyply hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň abraýyny berkider.


Halkara işi we maliýe bazarlaryndaky amallary

Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine ösýän gatnaşygyny hasaba almak bilen Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem halkara hasaplaşyklaryny amala aşyrmakdyr. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary üçin maliýe serişdeleriniň işjeň çekilmegi, müşderleriň we Bankyň daşary ykdysady bähbitleriniň daşary ýurtda wekilçilik edilmegi Bankyň işinde halkara ugurlarynyň wektorynyň esasy düzüjileridir.

Bank Türkmenistanyň daşary söwdasyna hyzmat etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. SWIFT Halkara maliýe telekommunikasiýa bileleşiginde agzalygy, köp sanly daşary ýurt banklary bilen korrespondent gatnaşyklarynyň bolmagy Bankyň daşary söwda amallary boýunça hasaplaşyklary amala aşyrmak babatynda möhüm artykmaçlygydyr. Bank eksport we import boýunça halkara hasaplaşyklaryny akkreditiwler, inkasso we bank kepillikleri görnüşinde amala aşyrýar.

2006-njy ýylda Bank hem müşderileriň öz serişdeleriniň hasabyna, hem daşary ýurt banklarynyň we halkara maliýe institutlarynyň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem öz serişdeleriniň hasabyna açylan akkreditiwler bilen işledi. 2006-njy ýylda dokumentar amallar boýunça halkara hasaplaşyklarynyň möçberi ABŞ-nyň 69.509.783,96 dollary boldy. Mundan başgada Bank nebitgaz ulgamynyň, ulag we aragatnaşyk, saglygy goraýyş kärhanalarynyň peýdasyna daşary ýurt banklaryndan gelip gowşan kepillikler bilen işledi. Bank Bankyň üsti bilen halkara hasaplaşyklaryny amala aşyrmaklarynda öz müşderilerimiziň hemişelik gyzyklanmalaryny göz öňübden tutup, dokumentar amallarynyň işjeň geçirilmegini dowam etdirer.

Häzirki wagtda Bank ýola goýulan korrespondent ulgamyna eýe bolmak bilen hem Türkmenistanyň içeri isinde, hem onuň çäklerinden daşarda hasaplaşyk amallarynyň dürli görnüşlerini mümkin bolan iň az möhletlerde amala aşyrýar. Korrespondent hasaplar ulgamyny amatlaşdyrmak we derhal hem-de ýokary hilli hyzmat edýän täze daşary ýurtly hyzmatdaşlary agtarmak boýunça işler hemişelik esasda alnyp barylýar. Bellenilen çäkler we karz ugurlar Banka we onuň müşderilerine halkara bazarlarynda işjeň konwersiýa we söwda amallaryny geçirmäge mümkinçilik berýärler. Öňki ýyl bilen deňeşdirilende 2006-njy ýylda halkara müşderiçilik we bankara tölegleriň möçberi 10,54% artdy we ABŞ-nyň 4.737.191.640,68 dollary boldy. Türkmenistanyň içerisinde milli walýutadaky tölegleriň möçberi 2005-nji ýyl bilen deňeşdirilende 38,93% artdy we 6.401.005.587.561,01 manat boldy.

Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky Türkmenistanyň täjirçilik banklarynyň arasynda Reuters Dealing – 2000 maglumat-söwda ulgamy bolan ýeketäk bank bolup, ol depozit we konwersiýa amallaryny geçirmäge, walýutalaryň, gymmat bahaly metallaryň dünýä kotirowkalaryny, çig nebite, pagta we beýleki harytlara bolan bahalary yzarlamaga mümkinçilik berýär. Amallar ABŞ-nyň dollary, ýewro, britan funty, şweýsar franky, ýapon iýeni ýaly ähli esasy walýutalarda geçirilip bilner. 2006-njy ýylyň jemleri boýunça halkara walýuta bazarynda baglaşylan konwersiýa geleşikleriniň möçberi ABŞ-nyň 203 mln. dollar boldy. Foreks geleşikleri boýunça alnan sap girdeji ABŞ-nyň 256 müň dollary boldy.

2006-njy ýylda Bank erkin walýuta serişdelerini iň bir ygtybarly daşary ýurt banklarynda gysga möhletli depozitlere işjeň ýerleşdirmegini dowam etdirdi. Ýylyň aýagynda bu depozitlere ýerleşdirilen serişdeleriň möçberi öňki ýyl bilen deňeşdireniňde iki essä golaý artyp, ABŞ-nyň 104,3 dollary boldy. Beýleki banklara ýerleşdirilen gysga möhletli depozitler boýunça göterim girdeji ABŞ-nyň 4 mln. dollaryna golaýlady ýa-da alnan girdejileriň umumy möçberiniň 6,2%-i boldy. 2006-njy ýylyň ahyrynda çekilen depozitleriň möçberi 2 esse diýen ýaly artdy we ABŞ-nyň 15 mln. Dollaryna deň boldy.

2006-njy ýylda Bank Türkmenistanyň Bankara Walýuta Biržasynyň walýuta söwdalaryna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirdi. Bank tarapyndan öz müşderileriniň ýüztutmalary boýunça birža söwdalarynda milli walýuta ABŞ-nyň 80,2 mln. dollar alyndy.

Şonuň ýalyda öz müşderleriniň nagt daşary ýurt walýutasyna bolan islegini kanagatlandyrmak üçin, daşary ýurt banknotlaryny içerki bazara lomaý iberijiniň ornunda çykyş edip, Bank 2006-njy ýylda 6,0 mln. ýewro, ABŞ-nyň 1,2 mln. dollaryny we 40 mün britan funtyny aldy.

Şeýle hem Bankyň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk çygrynda esasy ugurlarynyň biride Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşly banky, Hytaýyň, Türkiýäniň, Malaýziýanyň, ABŞ-nyň Eksimbanklary bilen, esasy eksport ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen, Yslam ösüş banky bilen, OPEK gaznasy we başgalar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek bolup galýar.


Şahsy goýumlar we bank kartoçkalary bilen amallar

Häzirki wagtda Hökümete we uly döwlet müşderlerine hyzmat etmäge ýöriteleşýän Bank bolmak bilen, Bank şahsy goýumçylara hyzmat etmegi hem öz işiniň iň möhüm wezipelerinden biri diýip hasap edýär. Bu ýerde Bankyň syýasatynyň ileri tutulýan ugry täze bank önümlerini ornaşdyrmakdan, häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny we tölegleri amala aşyrmak serişdelerini ulanmak bilen hyzmatyň ýokary medeniýetinden, şonuň ýalyda ýygym nyrhlarynyň we dellalyk haklarynyň çeýe ulgamyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Şahsy taraplara hödürlenilýän esasy hyzmatlaryň hataryna şu aşakdakylar degişlidir:

    - milli walýutalarda hem-de daşary ýurt walýutalarynda goýum hasaplaryny açmak we ýöretmek;

    - bank kartlary boýunça amallar (VISA – halkara karty, MILLIKART, ALTYN we KÜMÜŞ KART - öz kartlary);

    - möhletli goýumlara serişdeleri çekmek;

    - pul geçirmeleri;

    - walýuta çalyşmak boýunça amallar;

    - sarp edijilik maksatlary üçin karzlar;

    - banknotlar bilen amallar (çagşan kagyz pullary çalyşmak, banknotlary ownutmak);

    - gymmatlyklary saklamak üçin depozitar öýjükleri kärendesine bermek.

Plastiki kartlar bilen amallar Bank tarapyndan edilýän bölek satuw hyzmatlarynyň zolagyny giňeltmekde ileri tutulýan ugurlaryn biri bolup durýar. Bank 1994-nji ýylda VISA INTERNASIONAL halkara töleg assosiýasynyň doly hukuklary agzasy bolup, ynha eýýäm takmynan 12 ýyldan bäri VISA kartynyň “Business“, “Classic” we “Elektron” 3 görnüşini çykarýar we hyzmat edýär. 2006-njy ýylyň ahyrynda “VISA Gold” kartlaryny çykaryp başlamak we hyzmat etmek boýunça taslama badalga aldy. VISA halkara plastiki kartlaryň umumy sany 1 ýylda 412 kart artdy we ýylyň ahyrynda 1027 kartdan ybarat boldy. Geçen ýylda “VISA” plastiki kartlaryň hasabyna ABŞ-nyň 2118,1 müň dollar çekildi, ondan başga-da Bank daşary ýurt banklary tarapyndan çykarylan “VISA” kartlaryna hyzmat etdi.

“VISA” ulgamynyň kartlary bilen bilelikde Bank özüniň “Millikart” töleg ulgamyny saklaýar we ynha, eýýäm 11 ýylyň dowamynda “MILLIKART”, “ALTYN” we “KÜMÜŞ” Millikartlary – plastiki kartlaryň 3 görnüşini hödürläp, milli walýutada öz kartlaryny üstünlikli çykarýar we hyzmat edýär. Iň az galyndylary 100 we 50 mln manat möçberinde bellenilen degişlilikde “ALTYN” we “KÜMÜŞ” Millikartlary satyn alýan müşderler has ýokary nyrh goýumy boýunça peselmeýän galyndy boýunça göterimleri almaga mümkinçilik gazanýarlar.

2006-njy ýylda Bank “Millikartyň” owerdraft kartoçklaryna hyzmat etmäge başlady. Kart işjeňligini mundan beýläkde ösdürmek maksady bilen Bank plastiki kartlar boýunça edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň we zolagyny giňeltmegiň, kartlar arkaly nagt bolmadyk geçirmeleri amala aşyrmagyň we Bankyň kart ulgamynyň Türkmenistanyň beýleki banklarynyň ulgamlary bilen utgaşyklylygyny gazanmagyň üstünde işlär.


Bankyň maglumatlar ulgamlary

Bankda häzirki pursatda maksatnama we enjam serişdeleriniň häzirki zaman gurallaryna esaslandyrylan öndebaryjy tehnologik çözgütler hödürlenilendir.

Maksatnamalaýyn üpjün etmek babatda awtomatlaşdyrylan bank ulgamy (ABU) hödürlenilendir, ol müşderi – hyzmat tehnologiýasyna esaslanýar we ORACLE maglumatlar binýadyny dolandyrmagyň ulgamyny peýdalanýar. Şu ulgamy durmuşa ornaşdyrmak bank işleriniň ähli bölümlerini diýen ýaly, aýratynda hasaplaşyk, karz, kassa, halkara, söwda hasaplaryny we diling amallaryny, bank işlerini, edara ediş – hojalyk çykdajylary we býujeti seljermegi, zähmet hakynyň, işgärleriň, ammaryň, materiallaryň we ABP-niň, esasy serişdeleriň hasabyny ýöretmegi, bankyň esasy kitabynyň girizilmegini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Esasy birikdirijeli, monitoring ulgamyny, maglumatlar bermegiň 1 Gbit/sek tizligini awtomatiki ätiýaçlandyrmagy çözmek bilen ýerli hasaplaýyş ulgamy oturdylandyr. Türkmenistanyň, SWIFT-iň bankara elektron hasaplarynyň ulgamy, plastiki kartoçkalar ulgamy ýaly daşarky ulgamlar bilen aragatnaşyk guralandyr. Şu ulgamyň işlemegi üçin prosesorlary RISC – tehnologiýa esaslanan IBM kompaniýanyň serweleri goýlandyr.

Plastiki kartlar boýunça hasaplaşyklar ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak MILLIKART ulgamynyň milli plastiki kartlaryny çykarmaga we hyzmat etmäge mümkinçilik berdi. Bank VISA halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Bankda tölegleri tassyklamak ulgamynyň MILLIKART hasaplaşyklary bilen göni aragatnaşygyny guramak üçin ýörite enjam oturdylandyr. VISA-nyň kartlary boýunça amallary tassyklamak hemra aragatnaşygynyň ulgamynyň üsti bilen IP - beýanynyň kömegi bilen geçirilýär. 2007-nji ýyl üçin Millikartyň milli kartlaryna we VISA-nyň halkara kartlaryna hyzmat edýän bankomat we terminal ulgamlaryny artdyrmak meýilleşdirilendir.

Bankda bankyň ähli hatlaryny awtomatlaşdyrylan hasaba almagyna we dolandyrylmagyna mümkinçilik berýän elektron resminama aýlanyşygynyň ulgamy guralandyr. Resminama aýlanyşygynyň ulgamy IBM-iň kompaniýasynyň Lotus Notes maksatnamalaýyn ulgamyna esaslanandyr.

Bankyň özüniň içerki telefon aragatnaşyk ulgamu hereket edýär bardyr, ol SIEMENS-iň häzirki zaman telekommunikasiýa enjamlaryna esaslanýar. Daşarky kommunikasiýalar optik -süýmli geçirijilerde gurnalandyr, ol tizligiň ýokary derejesini we howpsuzlygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Bankyň fiziki we elektron howpsuzlygy boýunça wezipeleri çözmek üçin ýörite jaýlarda işgäriň ygtyýarlygyny, şeýle hem banka ygtyýarlygyny aýdyňlaşdyrýan ulgamy, telemetriki gözegçilik ulgamyny, ýangyn howpsuzlygy ulgamyny içine alýan merkezleşdirilen kompýuter ulgamy ýola goýlandyr.

Bankda bökdençsiz energiýanyň kuwwatly çeşmesini we dizel-generatory öz içine alýan özbaşdak elektrik energiýasynyň köp basgançakly ulgamy durmuşa geçirilendir.

2006-njy ýylda täze wezipeleri awtomatlaşdyrmak, ulgamy peýdalanyjylaryň isleglerini hasaba almak bilen öň ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmek üçin ABU-ň modullaryny işläp gutarmak amala aşyryldy, peýdalanylýan amallardan käbiriniň döwrebalaşdyryldy, owerdraft plastiki kartlar boýunça amallar goşuldy, hasabat binýadynyň üsti ýetirildi.

SWIFT halkara maliýe hasaplaşyklary ulgamyna Bank tarapyndan aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda bu ulgam SWIFTNet-iň maksatnamalaýyn önüminiň täze görnüşine esaslanýar, ol howpsuzlyk, ygtyýarlygy aýdyňlaşdyrmak we edara ediş boýunça has ýokary derejä eýelik edýär. 2007-nji ýylda SWIFTNet maksatnamalaýyn üpjünçiligini täzelemegi (ikinji tapgyryny) geçirmek meýilleşdirilýär.

2007-nji ýylda awtomatlaşdyrlan bank ulgamynyň ösüşi babatda bank işini awtomatlaşdyrmak ugrunda aşakda beýan edilenleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Enjam-tehniki bölüm boýunça:

  • ABU-nyň hereket edýän serweriniň enjam serişdelerini artdyrmak;
  • esasy serwerleriň “geografiki taýdan bölünişi” (ätiýaçlyk ulgam) boýunça taslamasyny işläp taýýarlamak;
  • bankomatlar we terminallar ulgamyny giňeltmek;
  • Bankyň Internet–saýtyny döretmek boýunça işleri tamamlamak;
  • printerler we kompýuter tehnikalary täzelemek.

Maksatnama bölümi boýunça:

  • häzirki zaman ülňüleriň talabyna laýyklykda bank kartlary ulgamynyň maksatnama üpjünçiligini täzelemek;
  • ABU-nyň işi boýunça täze wezipeleri durmuşa geçirmek we bar bolan bellikleri ýerine ýetirmek;
  • ABU-ny has täze görnüşe SU BD Oracle 9i-e geçirmek;
  • ABU-ny tapgyrlaýyn türkmen diline geçirmek işlerine girişmek.

Töwekgelçilikleri dolandyrmak we içerki barlag

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi we onuň dünýä – hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna güýçlenýän gatnaşygy , dünýä walýuta, gazna we çig-mal bazarlarynda bahalar yň artýan täsiri maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi bilen bir hatarda Bankyň mundan beýläkde ösmegi üçin diňe bir täze mümkinçilikleri döretmän, eýsem onuň işine, aýratynda töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümine täze, has ýokary talaplary bildirýär. Bir ýylyň dowamynda Bank baha bermegiň we şol sanda çäklendirmeleri ýola goýmagyň hasabyna töwekgleçilikleri seljermegiň täze usullary syýasatyny ornaşdyryp, özüniň gözegçilik, monitoring we töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirdi.

Bank töwekgelçilikleri dolandyrmak babatda özüniň baş ugrunyň çäklerinde walýutalaryň möhletleri we görnüşleri boýunça özüniň balansynyň aktiwleriniň we passiwleriniň düzümleriniň deňgel megine, goýumlaryň pudaklar, müşderiler we möçberleri boýunça bölünilişiniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine, maglumat-tehnologik taýdan üpjün etmegiň we amallar ulgamynyň ygtybarlylygynyň we howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga çalyşdy.

Şonuň bilen birlikde bank Türkmenistanyň Merkezi bankynyň talaplaryna, auditor kompaniýalaryň maslahatlaryna, öňde barýan daşary ýurt maliýe institutlarynyň tejribelerine, şeýle hem içki bank ülňüleriniň , düzgünleriniň we çäreleriniň talaplaryna esaslandy. Bankda hereket edýän töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy ykdysady kadalaşdyryjysyny artygy bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär:

  • 2006-njy ýylyň ahyrynda öz serişdeleriniň ýeterlikliliginiň kadalaşdyryjysy (maýa) H I 80,6% (min = 10%) ybarat boldy;
  • gündelik ukyplylygynyň kadalaşdyryjysy: H 2 = 139,3% (min = 65%);
  • umumy ukyplylygynyň kadalaşdyryjysy: H4 = 47,3% (min + 25%).

Çalt ukyplylygyny (min + 35%) netijeli dolandyrmak üçin Bank tarapyndan ukyplylygyň amal seljermesiniň ulgamy işlenilip taýýarlanyldy we ornaşdyryldy, ýagny Bankyň ukyplylygynyň derejesine olaryň täsirini kesgitlemek üçin geçirilen geleşikleriň her günki gözegçiligini alnyp barylýar.

Töwekgelçilikleri dolandyrmak babatda Bank syýasaty töwekgelçilikleri çäklendirmek boýunça çäre görmek wezipäni bölmegi, dolandyrmagyň kärdeşler edaralarynyň (Başlyklar geňeşi, karz topary), Bankyň düzüm birlikleriniň we gözegçilik-derňew gullugynyň özara gatnaşyklary netijesinde bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilişine işjeň amallaryň we barlaglaryň geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Gözegçilik-derňew gullugynyň işi, audite dolandyryş gözegçiligiň möhüm düzüm birligi hökmünde garalmagyndan, ugur alnyp düzülýär. Bankda şu aşakdakylar gözegçilik -derňew işleriniň esasy ugurlary bolup durýarlar:

    - bank resminamalary resmileşdirilende, hasaba alyş maglumatlarynyň hakykylygynyň barlagynda üsti açylan kemçilikleri we ýüze çykarylan düzgün bozulmalary içine alýan auditi geçirmek;

    - aýratyn birlikleriň işlerini gowulandyrmak, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça soňraky maslahatlary taýýarlamak bilen içerki toplumlaýyn barlaglary geçirmek;

    - düzüm birlikleriniň işiniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen gözükdir ijileri we maslahatlary hödürlemek.

Bankda içerki auditiň we gözegçiligiň esas goýujy ýörelgelerinden biri onuň doly garaşsyzlygy we hakykylygy bolup durýar. Bu ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegi Bankyň islendik düzüm birliginiň we onuň işleriniň ähli ugurlarynyň barlagyny göz öňünde tutýar.

Içki barlag ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmek diňe bir bank işleriniň içine alýan çygyrlarynyň giňelmegi bilen dälde, eýsem audit boýunça daşary ýurt tejribesini, halkara resminamalary hasaba almak bilen bank işleriniň dürli ugurlary boýunça gözegçilik -derňew işleriniň usulyýetini işläp gutarmak we auditiň işlenilip taýýarlanylýan öz ülňüleri bilen hem baglanyşyklydyr.


Işgärleri dolandyrmak

Türkmenbaşy aýynyň 1-ine ýagdaýyna Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň wezipe sanawyndaky işgärleriniň umumy sany 189 adamdan ybarat boldy we hasabat ýylda 1,07% artdy.

Işgärler bilen işlemek Bankda özara düşünişmegiň, goldawyň we hyzmatdaşlygyň höküm sürýän ýeri, iň ýokary amatly, işjeň we döredijilik atmosferanyň döredilmegine gönükdirilendir. Şoňa görä işgärler syýasatynyň esasy wezipeleri şular bolup durýar: işgärleriň hünärlerini yzygiderli ösdürmek, Bankda hünärmenleriň ýeketäk toparyny döretmek we olaryň hünär mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmek boýunça mümkinçilikleri üpjün etmek. Bu wezipeleri çözmek daşary ýurtda we Bankyň içinde işgärleriň goşmaça okuwlaryny we hünär okuwlaryna gatnaşmaklaryny guramak ýoly bilen üpjün edilýär.

Bankyň ýolbaşçylygy bank hyzmatlarynyň umumy düzüminiň giňelmegi, islegiň häzirki ösüşine laýyklykda olaryň gurluşynyň üýtgemegi, müşderiler bilen işlemegiň täze tilsimatlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykda işgärleriň hünär öwrenmeklerine we ygtyýarlylygyna ýokary talaplary bildirýär.

Bankyň maglumat tilsimatlaryna tehnologiýalaryna gös-göni gatnaşygy bolan işgärleriň okadylmagyna aýratyn üns berilýär. Bank işiniň esasy ugruny hasaba almak bilen işgärleriň dil bilimlerini ösdürmäge uly üns berilýär. Ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk täze görnüşe eýe boldy, ol boýunça has sowatly we geljegi bar bolan hünärmenleri saýlap almak maksady bilen ahyrky ýyllaryň talyplary zähmet tejribeliligini geçmäge çagyrylýarlar.

Bankyň öňünde durýan maksatlary ähli işgärleriň bilmekleri we olar bilen ylalaşmaklary, özlerini onuň işiniň netijelerine dahylly hasaplamaklary üçin, bank şolara çalyşýar. Bank işgärleriniň ählisiniň öz işlerinden kanagatlanma duýmaklary üçin şertleri döretmäge çalyşýar. Zähmete adalatly baha bermek we hak tölemek nähili bolsa, durmuş ýeňilliklerini, okuw we hünäriňi ösdürmek mümkinçiliklerini bermek ulgam hem şonuň ýaly işgärleriň üstünlikli öz mümkinçiliklerini ýerlemeklerine we olaryň ygrarlylygyň pugtalanmagyna ýardam edýär.


2007-nji ýyl üçin Bankyň ösüşiniň geljegi

Bank ulgamynyň milli öňdebaryjysy bolup galmak bilen 2007-nji ýylda korporatiw müşderilere we ilata bank hyzmatyny etmegiň bazarlarynda esasy orny berkitmek, ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we daşary borçnamalary hyzmat etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň ygtyýarly wekiliniň wezipesini ýerine ýetirmek, daşary ýurt bank hyzmatdaşlar bilen bilelikde döwlet ähmiýetli uly möçberli taslamalaryň maliýeleşdirilmegi üçin karzlaryň berilmegini guramak, dokumentar amallaryň we walýuta bazarlaryndaky amallaryň möçberlerini artdyrmak, Bankyň korporatiw müşderi binýadyny giňeltmek, ykdysadyýetiň hususy bölümçesine ýardam bermek we ş.m. Bankyň esasy maksatlary bolup durar.

Muşderileriň dürli toparlarynyň isleglerini nazara alýan anyk müşder syýasatyny işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi, müşderilere hyzmat etmegiň şertlerini gowulandyrmagy we hilini ýokarlandyrmagy, önümler we hyzmatlar görnüşlerini giňeltmegi Bank şol maksatlara ýetmegiň esasy guraly hasaplaýar. Hususan-da maksatnama üpjünçiligi we tehniki binýady kämilleşdirmek ýoly bilen Bankyň maglumat durulygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem Bankyň önümlerine we nyrhlaryna degişli müşderileriň maglumat talaplaryny iň ýokary kanagatlandyrmak üçin Internet-saýty peýdalanmak niýetlenilýär.

Korporatiw müşderler bilen işde Bank öňküsi ýaly serişdeleriň uly möçberlerini çekmek we ýerleşdirmek, pul akymlarynyň ep-esli möçberlerine hyzmat etmek mümkinçiligi we şuňa meňzeş amallaryň ýokary düşewüntliligini nazara alyp, şu ugruň ähli derejeleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalşar. Bank önümleriniň we hyzmatlaryň doly görnüşlerini hödürlemek bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy saklamagy we üpjün etmegi karzlaşdyrmak we degişli delallyk hyzmatlaryň giň görnüşlerini durmuşa geçirmek arkaly hususy ýerli kompaniýalary maliýeleşdirmegi bank özüniň wezipesi edip goýýar.

Kiçi we ortaça täjirçilik tarapyndan töleg töläp bilijilik islegiň artýan we güýçli ösýän şertlerinde Bank kiçi we ortaça täjirçilik çygrynyň müşderileri bilen hyzmatdaşlyga işiň geljegi bar bolan ugry hökmünde baha berýär we şu müşder bölünmesi bilen işi işjeňleşdirer. Şu maksat bilen Bank önümleriniň we hyzmatlaryň ähli görnüşlerini hödürlemek esasynda kiçi we ortaça işjeňligiň müşderlerine toplumlaýyn hyzmat etmek ulgamyny kämilleşdirmegi, hyzmat etmegiň tizligini ýokarlandyrmagy, amallary geçirmegiň tehnologiýalaryny kämilleşdirmegi wezipe edip goýýar. Gysga möhletleýin we owerdraft karzlaşdyrmak, kepillendirmeleri we akkreditiwleri bermek ugurlarda oňat karz taryhy bolan müşderilere hyzmat etmegiň şertlerini ýönekeýleşdirmek hem meýilleşdirilýär.

Hususy müşderleriň serişdelerine işjeň amallary maliýeleşdirmegiň az ähmiýetli bolmadyk çeşmesi hökmünde seredip, şahsy taraplary karzlaşdyrmagyň geljekde garaşylýan bazar ösüşiniň ýokary depginlerini we ilatyň goýumlaryny, şeýle hem hiliň ölçeglerine we tehnologiýalaryna hususy müşderleriň talaplarynyň ösüşini hem hasaba alyp, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy, ilata bölek satuw karzlaryny bermek ýoly bilen bölek satuw hyzmatlary bazarynda Bankyň paýyny artdyrmagy, plastiki kartlar ulgamyny mundan beýläkde ösdürmegi, ulňeli we özbaşdak esasda hyzmatlar bukjalaryny döretmegi Bank esasy wezipesi diýip hasaplaýar.

Bu ugurlaryň üstünliki ösdürmegi geljek ýylda Banka içerki bazarda bank hyzmatlary hökmünde özüniň eýeleýän ýerini berkitmäge, halkara bazarlarynda özüniň gatnaşygyny giňeltmäge hem mümkinçilik berer, şeýle hem ynam we ygtybarlylyk derejeleriniň ýokarlanmagyna ýardam berer.

Bank durmuş-ykdysady maksatnamalara gatnaşmagy işjeň dowam etdirer. Aşgabat şäheriniň binagärlik we şäher gurulşyk keşbini gowulandyrmak boýunça Milli maksatnamany durmuşa geçirmek üçin Bank tarapyndan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 177 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 5-si gurular, olaryň takmynan 60%-ine ýeňillikli şertlerde öz işgärlerine ýerlemek meýilleşdirilýär. Bank Aşgabat şäherinde 160 orunlyk çagalar bagynyň we Hazaryň kenarynda bejeriş-sagaldyş merkeziniň gurluşyklarynda hem paýly gatnaşar.

“Gök guşak” maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2006-njy ýylda Bank tarapyndan Köpetdagyň dag eteklerinde nahallaryň 45 müňüsi oturdylypdy. Bu maksatnamany durmuşa geçirmekde Bankyň gatnaşan ähli döwründe umumy meýdany 414,36 gektar bolan berkidilen çäkde nahallaryň 285 müňüsi oturdylypdy.

Bank geljekde hem Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna we ähli türkmen halkynyň maddy hal ýagdaýynyň ösdürilmegine gönükdirilen möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary maliýeleşdirmäge we durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşar.