2005-nji ýylyň Ýyllyk hasabaty
Mazmuny:
Hormatly hanymlar we jenaplar!
Müdiriýetiň we Başlyklar geňeşiniň adyndan, ýurduň iň iri maliýe institutlarynyň biri bolan, Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň işleriniň hasabatyny Siziň dykgatyňyza hödürleýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Permanyna laýyklykda daşary ykdysady gatnaşyklary we milli senagaty ösdürmek maksady bilen, 1992-nji ýylda döredilen bu bank, uzak ýyllaryň dowamynda durmuş – ykdysady özgertmeler babatdaky döwlet syýasatynyň ygtybarly ugrukdyryjylarynyň biri hasaplanýar.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň işiniň beýleki karz beriji guramalardan häsiýetli tapawudy, ykdysadyýete daşary ýurt karzlaryny çekmek we olar babatda soňraky hyzmatlary amala aşyrmak boýunça, Türkmenistan hökümetiniň gulluk hyzmatlarynyň wezipelerini ýerine ýetirýändiginden ybaratdyr. Ýöriteleşdirilen maliýe – karz instituty hasaplanýan bank giň halkara gatnaşyklara eýedir. Bank tarapyndan döwletara ylalaşyklar we hökümet maksatnamalary, şeýle hem uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa ornaşdyrmak boýunça maliýe hyzmatlary ugrunda ajaýyp tejribeler toplandy. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gol çekilen, hökümetara ylalaşyklaryň netijeleri boýunça, hökümetiň gulluk guramasynyň wezipelerini ýerine ýetirmek bilen, Daşary ykdysady döwlet banky Hytaý halk respublikasynyň banklary bilen “Türkmenistany syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli Baş ugry” Milli Maksatnamasyna girizilen taslamalary durmuşa ornaşdyrmaklyga gönükdirilen birnäçe karz ylalaşyklaryna gol çekdi.
Köp ugurly karz instituty hökmünde ösüşini dowam etdirmek bilen, bank şu hasabat ýylynda hem halkara hasaplaşyklar we tölegler ugrunda, bankara depozitler bazarynda we gyzyl pul bazarynda ilkinjilik ornuny saklap galmak bilen, maliýe bazaryndaky özi üçin däp bolan işleri işjeň amala aşyrdy. Özara bähbitli müşderilere hyzmat etmeklige, şeýle hem bölekleýin hyzmatlary mundan beýläk ösdürmeklige üns ýokary derejede güýçlendirildi. Şu ýyl hem Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky hususy serişdelerini, girdejileri, müşderileriň sanyny, geçirilýän amallaryň möçberini ýokarlandyrmak, şeýle hem milli bank ulgamyny durnukly ösdürmek işleri boýunça, aktiwleriň möçberleri boýunça ulgamy ýola goýujy bolup durýandygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Hasapçylyk hasabyň milli ülňüleri boýunça bankyň aktiwleri 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-indäki ýagdaýy babatynda 6,64 trl. manatdan ybarat boldy. Deňleşme girdejisi 2004-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18 % ýokarlanyp, 91,4 mlrd. manatdan ybarat boldy. Bankyň hususy maýasy 499,9 mlrd. manat artdy we ýylyň netijesi boýunça 10 % ýokarlandy, şunuň bilen hususy serişdeleriň ýeketäk ösüş çeşmesi, öňki ýyllardaky ýaly sap girdejili bolmagynda galýar. Diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem halkara çäginde ygtybarly hyzmatdaşyň abraýyna eýe bolan bankyň iş netijeleri, onuň öňdebaryjylyk ornuny saklamak we berkitmek üçin esas boldy.
Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky üçin, 2005-nji ýylyň ähmiýetli wakasy diňe bir binagärçilik nukdaýnazaryndan däl, eýsem işjeňlik ygtybarlylygynyň iň ýokary talaplaryny hasaba almak bilen gurulan on gatly täze binanyň açylmagydyr. Bankyň täze binasynyň resmi açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gatnaşmagy hem, Beýik Serdaryň Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň we tutuş milli bank ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegine aýratyn üns we alada edýändigine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär.
Geçen ýylda bankyň işlerinde durmuş ugurlaryna aýratyn üns berildi. “Türkmenistany syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli Baş ugry” Milli Maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň binagärlik – şäher gurluşyk keşbini mundan beýläk ösdürmek maksady bilen, bank ýaşaýyş şertleri gowulandyrylan köp gatly jaýlaryň bäş sanysynyň gurluşygynyň sargytçysy bolup çykyş etdi. Bu binalary 2006-2007-nji ýyllarda ulanyşa bermeklik göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň öňünde 2006-njy ýylda hem derwaýys wezipeler durýar. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, bank ileri tutulýan wezipeleri, Türkmenistanyň hökümetiniň gulluk edarasy hökmünde netijeli ýerine ýetirmekligi üpjün eder. Bankyň ýene bir ileri tutýan ugry – milli ykdysadyýeti mundan beýläk berkitmeklige gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaklyga işjeň gatnaşmakdan ybarat. Özara bähbitli hyzmatdaş müşderiler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary berkitmeklige, bölekleýin hyzmatlaryň toplumyny ösdürmeklige üns beriler. Usulýet binýatlaryny kämilleşdirmeklige, edara dolandyryş ulgamyny ösdürmeklige üns güýçlendiriler.
Bankyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrmagyň girewi biziň hyzmatdaşlarymyz, müşderilerimiz bilen özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlykdan ybarat. Size ynamyňyz we goldawyňyz üçin, çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine we türkmen halkynyň Altyn asyrynda dünýä bazarlaryndaky ornunyň berkemegine kömek eder.
Hormatlamak bilen, Bankyň müdiriýetiniň başlygy G.B.Gökleňow.
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň geçirýän we onuň ýolbaşçylyk edýän hökümetiniň durmuş-ykdysady özgerdişler babatdaky syýasaty Türkmenistany ýokary depginde ösýän, durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri boýunça ýokary dünýä derejesine eýe bolan, ilatyň ýokary ýaşaýyş şertlerini üpjün edýän güýçli döwlete öwürmeklige gönükdirilen.
Dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna ýurduň integrasiýasynyň güýçlenmegi, ýurtda işjeň gatnaşyklaryň artmagy, içki islegleriň, şeýle hem türkmeniň esasy eksport harytlary üçin, dünýä bazarlarynyň amatly şertleriniň günsaýyn giňelmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine kömek etdi. “Türkmenmillihasabat” döwlet hasabat gullugynyň maglumatlary boýunça 2005-nji ýylda Türkmenistanyň JÖÖ -i 120,509 trln. manatdan ybarat boldy, 2004-nji ýyla garanda, ösüş 20,7 % artdy. Şunlukda, senagat önümçiliginiň ösüşi 19,6 %, oba hojalygy - 19,8 %, gurluşyk - 17,5 %, ulag we aragatnaşyk -1 9,4 %, söwda - 26,1 %, hyzmatlar - 22,9 % ybarat boldy.
Türkmenistanyň esasy eksport harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy, şeýle hem Türkmenistanyň önümçilik maksatlaryna niýetlenen ýokary tehnologiki enjamlara günsaýyn artýan islegleri 2004-nji ýyl bilen deňeşdirilende daşarky söwda dolanyşygynda 19,3 % artmagyna kömek etdi we 8 mlrd. 577,4 mln. ABŞ dollaryndan ybarat boldy. Eksport 4 mlrd. 939 mln. ABŞ dollaryndan ybarat bolup, 27,6 % artdy. Türkmenistanyň import harytlary we hyzmatlary 9,6 % artdy we 3 mlrd. 638,4 mln. ABŞ dollaryna ýetdi.
Türkmenistanyň söwda deňleşmesiniň aktiw saldosy 1 mlrd. 300,6 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. Ýurtda gyzyl puluň kadaly aýlanyşygy daşary ýurt bergilerini öz wagtynda üzülişmäge we hyzmatlary ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berýär, şol sanda hususy serişdeleriň hasabyna milli ykdysadyýetiň ösüşinde bergileriň azaldylmagyna we maýa goýumlaryň artmagyna kömek edýär.
2005-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurduň önümçilik we durmuş-medeni gurluşyny ösdürmeklige gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 19 trln. 190 mlrd. manatdan ybarat boldy, 2004-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11 % ýokarlandy. Şunlukda, esasy çeşmeler: kärhanalaryň hususy serişdelerinden, gönümel daşary ýurt maýa goýumlaryndan, merkezleşdirilen we ýerli büjetleriň serişdelerinden, ilatyň serişdelerinden ybarat boldy.
Türkmenistanyň 2005-nji ýyl üçin döwlet büjeti profisit bilen ýerine ýetirildi. Şunlukda, döwlet büjetiniň girdejileri boýunça bellenilen wezipeler 101,6 %, çykdajylar boýunça 100,0 % ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň büjet syýasatynyň ileri tutulýan ugry, ýurduň durmuş taýdan ösüşini maliýeleşdirmekden ybarat boldy.
2005-nji ýylda häsiýetli aýratynlygy alyjylaryň işjeňligini artdyrmakdan ybarat boldy. Muňa Türkmenistanyň bölek haryt dolanyşygynyň 2004-nji ýyl bilen deňeşdirilende 26,1 % ösmegi hem şaýatlyk edýär. Ilatyň alyjylyk isleginiň artmagy, ýaşaýyş şertleri gowulandyrylan we ähli amatlyklary bolan köp gatly jaýlaryň gurluşygynyň işjeňleşmegi sarp edijilik we ipoteka karzlaryna islegleri ýokarlandyrdy.
Geçen ýyl Türkmenistanyň kanunçylygyna düýpli üýtgetmeler girizilendigi bilen häsiýetlenýär, onuň maksady, milli ykdysadyýeti mundan beýläk ösdürmegi, ilkinji nobatda-da onuň hususy bölümini ösdürmekligi höweslendirmekden ybarat bolup durýar. Bu salgyt reformalarynyň amala aşyrylmagyny dowam etdirmekde hem öz beýanyny tapdy, onuň çäklerinde Türkmenistanyň “Salgytlar hakynda” bitewi kanunyna düýpli üýtgetmeler girizildi. Salgytlaryň gurluşyny tertibe salmak, salgytlaryň göterimlerini azaltmak we salgytlaryň sanyny kemeltmek salgyt kynçylyklaryny hakyky manysynda ýeňilleşdirmeklige getirdi, işewürligiň, esasanam ykdysadyýetiň hususy bölüminde ösmegine oňyn täsirini ýetirdi.
Amatly ykdysady ýagdaýlar tutuş türkmen bank ulgamynyň görkezilen 11 täjirçilik banklarynyň, 128 şahamçasynyň we 434 gulluk bölüminiň ýagdaýyny häsiýetlendirýän görkezijilere oňyn täsirini ýetirdi.
2005-nji ýylyň netijeleri boýunça täjirçilik banklarynyň jemi aktiwleri 17 591,7 mlrd. manatdan ybarat boldy. Aktiwleriň esasy bölegi, kärhanalara, guramalara we ilata berilen karzlardan ybarat, olaryň udel agramy 78,5 % ybarat boldy. Milli gyzyl pulda berlen karzlar, 8.989,1 mlrd. manatdan ybarat boldy we 2004-nji ýyl bilen deňeşdirilende 13,7 % ýokarlandy. Şeýlelikde, döwlete degişli bolmadyk ykdysady bölekdäki milli gyzyl puldan karz bermeklik 113 % artdy, bu Türkmenistanda kiçi we orta işewürligi ösdürmeklige gönükdirilen bank ulgamynyň işjeňleşdirilendigine şaýatlyk edýär.
Kärhanalaryň, edaralaryň we ilatyň hasaplaşyk, gündelik we depozit hasaplarynyň serişdeleri, 2004-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18,6 % artdy. Şunlukda, ilatyň milli gyzyl puldaky goýumlary ýokary depginde ösüp, 34 % ýokarlandy we 1.465,3 mlrd. manatdan ybarat boldy.
Bank ulgamynyň kadaly işlemegini, karz berijileriň we goýumçylaryň bähbitlerini goramaklygy üpjün etmek maksady bilen bankyň hususy maýalaryny artdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. 2005-nji ýylyň netijeleri boýunça bankyň hususy serişdeleri 1.259,1 mlrd. manatdan ybarat bolup, 8,1 % ýokarlandy.
Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky özüniň kadaly ösüşini we ornunyň berkligini üpjün etmek, şeýle hem milli ykdysadyýetiň ösüşine ähli taraplaýyn goldaw bermek maksady bilen maliýe netijelerini ýokary derejede saklamaga we hususy maýasynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýykgyn edýär.
Hasabat ýylynda bankyň deňleşme girdejisi milli hasapçylyk hasabyň ülňüleri boýunça 91,4 mlrd. manatdan ybarat boldy, 2004-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18 % ýokarlandy.
Bankyň hususy serişdeleriniň jemi derejesi ýylyň dowamynda 12 % artdy, 523,4 mlrd. manada ýetdi. Hususy serişdeleriniň düşewintligi 17 % ybarat boldy.
Bankyň aktiwleri ýylyň netijeleri boýunça 6,64 trln. manat, ykdysadyýetiň maliýe däl bölegini karzlaşdyrmagyň möçberi 4.790 mlrd. manatdan ybarat boldy.
2005-nji ýylyň esasy maliýe netijeleri, bankyň hususy maýalarynyň, aktiwleriniň möçberleri, ykdysadyýetdäki maýa goýumlaryň göwrümleri, özara bähbitli hyzmatdaşlara we bölekleýin derejede berilýän hyzmatlarynyň möçberi, pullar we gyzyl pul bazarlarynda amala aşyrylýan amallaryň sany we göwrümi boýunça bank ulgamynda öňküsi ýaly öňdebaryjy orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.
Bankyň işiniň çäkleri, onuň köp ugurly maliýe instituty hökmünde ösüşleri, gazanan maliýe görkezijileri Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň milli bank ulgamynda ulgamy esasy ýola goýujylaryň biri bolup durýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
Türkmenistanyň hökümetiniň halkara maliýe bazarlarynda gulluk edarasy hökmünde wezipelerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklylykdaky işleriniň çäklerinde, döredilen wagtyndan bäri, Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň esasy wezipeleri:
- uly göwrümli taslamalary maliýeleşdirmek we milli ykdysadyýetiň çalt ösmegine kömek etmek maksady bilen, uzak möhletli karzlaşdyrmak görnüşinde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden;
- Türkmenistanyň hökümetiniň goldaw bermeginde bank tarapyndan çekilen daşarky maýalara talaba laýyk hasabyny we öz wagtynda hyzmatlary üpjün etmekden ybarat.
Bank 14 ýylyň dowamyndaky işleriniň barşynda, halkara ösüş banklary, eksport-import we ätiýaçlandyryş gulluklary, öňdebaryjy daşary ýurt banklary bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyga ýykgyn edip, 1,6 mlrd. ABŞ dollaryndan ýokary mukdarda maýa serişdeleriniň çekmekligini amala aşyrdy. Hasabat ýyly daşarky bazarlardan uly möçberde çekmegi amala aşyrmakda bankyň özüne erk edip bilýän, tutanýerliligi bilen häsiýetlenýär, bu Türkmenistanyň ösüşiniň şu derejesine ýetmegi bilen baglanyşykly bolup, ol hususy serişdeleriň hasabyna has köp maliýe taslamalary amala aşyrmaklyga mümkinçilik berýär. 2005-nji ýylyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky tarapyndan 23,53 mln. ABŞ dollary möçberinde daşary ýurt karzlaryndan peýdalanyldy.
Türkmenistanyň hökümetiniň we Hytaý halk respublikasynyň arasynda hökümetara şertnamalara gol çekilmegi netijesinde hytaýyň banklary bilen biziň bankymyzyň hyzmatdaşlygy ýokarlandy. Bankyň täze maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmeklige degişli birnäçe täze şertnamalara gol çekişmegi hem onuň kanunalaýyk netijesidir, olaryň içinde:
- Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrligi üçin, sanly telefon beketleriniň göwrümini giňeltmegiň taslamalaryna 100 mln. hytaý ýuwany möçberinde Hytaý Eksimbanky bilen bankara şertnamasyny;
- “Türkmengaz” döwlet konserni üçin, burawlaýjy enjamlaryň üpjünçiligine 30 mln. hytaý ýuwany möçberinde Hytaý banky bilen bankara şertnamasyny;
- “Türkmengaz” döwlet konserni üçin, abatlaýyş – mehaniki zawodynyň gurluşygyna 15 mln. hytaý ýuwany möçberinde grant bermeklige Hytaý banky bilen şertnamasyny;
- Dokma senagaty ministrligi üçin barhat we ýüpek matalaryň önümçiligi boýunça fabrigiň gurluşygyna 50 mln. hytaý ýuwany möçberinde Hytaý banky bilen bankara şertnamasyny.
Şeýle hem, banka Hytaý halk respublikasynyň yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen Türkmenistanyň hökümetine beren 10 mln. hytaý ýuwany möçberindäki puly peýdalanmagyň hasaba alynmagy tabşyryldy.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň hökümetiniň tabşyrygy boýunça, bank uly göwrümli taslamalaryň maliye taýdan işlenip taýýarlanmagyny amala aşyrdy, şolaryň hatarynda:
- Aşgabat dokma toplumynyň gurluşygynyň we enjamlaşdyrylmagynyň 80 mln. ABŞ dollary möçberindäki maliýeleşdirilmeginiň taslamasyny;
- “Maryazot” konserniniň önümçiligini giňeltmek üçin 210 mln. ABŞ dollary möçberinde maliýeleşdirmegiň taslamasyny görkezmek mümkin.
Yslam Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky dolandyryş edarasynyň işini ýoretmek üçin, hasabat ýylynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Yslam Ösüş Banky we OPEK gaznasy bilen Arçman şypahanasyny we onuň birikmesi Ýyly suwy giňeltmek taslamasyny maliýeleşdirmeklige umumy bahasy 18,8 mln. ABŞ dollary möçberinde şertnama işlenip taýýarlandy. Netijede, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bu maliýe guramalary bilen şertnama gol çekdi, Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankyna bolsa bu şertnamalaryň hasabyny ýöretmek we hyzmatlary amala aşyrmak tabşyryldy.
Bank geçen ýylda esasy bergileri, şeýle hem göterimleri tölemek bilen baglanyşykly tölegleri çaltlandyrmaklyga mümkinçilik berýän daşarky karzlary üzülişmegiň şertlerini we çarçuwalaryny işläp düzmeklige we ylalaşmaklyga işjeň gatnaşdy. Daşarky çekilýän pullar boýunça öz wagtynda hyzmatlar babatynda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, bank tarapyndan 2005-nji ýylda Daşary ýurtly karz berijleriň haýryna 181,2 mln. ABŞ dollarynda tölegleri geçirildi.
Hökümetiň gulluk edarasy hökmünde geçen ýylda geçirilen işleriň netijesinde Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň deňleşmesinde hasaba alnan daşary ýurt karzlarynyň jemi 843,49 mln. ABŞ dollaryndan ybarat boldy we ýurtlar hem-de walýutalaryň görnüşleri boýunça bölünende şu görnüşden ybarat:
- Ýaponiýa 45.88%
- Germaniýa 35.58%
- Fransiýa 6.84%
- Hytaý 4.96%
- Türkiýe 3,83%
- Malaýziýa 1.01%
- Beýik Britaniýa 0.37%
- beýlekiler 1.53%
Walýutalaryň görnüşleri
- Ýapon ýenleri 45.88%
- ÝEWRO 33.30%
- ABŞ dollary 14.64%
- Hytaý ýuwanlary 4.95%
- beýlekiler 1.23%
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň karz syýasaty gulluk edarasy wezipesini ýerine ýetirmek bilen aýrylmaz baglanyşykly we Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň “Türkmenistany syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli Baş ugry” Milli Maksatnamasyna laýyklykda guralýar.
Bankyň karz syýasatynyň esasy ugurlary 2005-nji ýylda şulardan ybarat boldy:
- Bankyň döwlet maýa goýumlar taslamalaryny we maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmagy;
- Emele getirilen karz bykjasynyň hilini ýokarlandyrmak ;
Köp ugurly maliýe instituty hökmünde ösüşe ýykgyn etmek bilen, bank şular ýaly ugurlary ösdürmeklige aýratyn üns berdi:
- kiçi we orta işewürligi ösdürmeklige kömek bermek;
- sarpedijilik karzlar bilen üpjün etmek.
Bank karz syýasatynyň amala aşyrmagyň netijesinde ýylyň netijeleri boýunça 4.791 mlrd. Manada deň bolan karz bukjasyna eýe bolýar . Bankyň karz bukjasyndaky möleti geçirilen bergileriň udel agramy 5 %-den 3,2 % çenli azaldy. Kiçi we orta kärhanalary ösdürmek üçin Yslam Ösüş Bankyndan bu ugry maliýeleşdirmek boýunça işleri geçirmeklige jemi 5 mln. ABŞ dollary almak boýunça işler geçirildi . Sarpedijilik karzlar bazarlaryny öwrenmek we amatly esaslarda olary bermek boýunça işler dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň karz bukjasynyň pudak gurluşy 2005-nji ýylyň netijeleri boýunça şu görnüşlere eýe boldy.
- Nebit gaz senagaty 73,8%
- Dokma senagaty 7,6%
- Oba hojalygy 7,3%%
- Ulag we aragatnaşyk 5,7%%
- Elektroenergetika 2,8%%
- Saglygy goraýyş 0,3%%
- beýlekiler 2,8%%
Iri müşderiler bilen işlerinde Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky bar bolan ähli bank önümlerini teklip etmek we olara toplumlaýyn hyzmatlary amala aşyrmak bilen uzak möletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga çalyşýar. Bankyň ileri tutýan ugurlary milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky döwlet kärhanalaryna, hususy bölümdäki ösüp barýan kärhanalara, daşary ykdysady gatnaşyklara işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalara degişli edilýär.
2005-nji ýylyň ahyry ýagdaýyna boýunça bankyň hyzmatlaryndan 874 edara görnüşli tarap lar peýdalanýar. Görkezilen müşderileriň hasaplary boýunça dolanyşyk 14361 mlrd. manatdan ybarat boldy.
2005-nji ýylyň dowamynda bank iri müşderilerine önümçilik we söwda taslamalaryny amala aşyrmaklyga, ýokary tehnologiki enjamlary we çig mallary satyn almaklyga, önümçilige hyzmat edýän hojalyk pudaklarynyň toplumyny giňeltmeklige, dolanyşyk serişdeleriniň üstüni doldurmaklyga karzlary berdi. Taslamalaryň amala aşyrylýan möhletine baglylykda karzlar uzak we gysga möhletli häsiýetlere eýe. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady işler banky karzlary bermekden başga-da hasaplaşyk–pulhana hyzmatlarynyň toplumyny amala aşyrdy, zähmet haky taslamalaryny durmuşa geçirdi, Türkmenistanyň bankara walýuta biržasynyň söwdalaryna bankyň üsti bilen gatnaşmagyny ýola goýup, pul çalyşyk amallarynyň doly toplumyny teklip etdi.
Öz döredilen wagtyndan bäri halkara bazarlaryna işjeň gatnaşyjy bolmak we 30 gowrak ýurdyň banklary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen, bank tarapyndan öz müşderileriniň daşary söwda şertnamalary boýunça halkara hasaplaşyklaryny amala aşyrmak gurşawynda ajaýyp tejribe toplandy. Halkara hasaplaşyklar amala aşyrylanda, bankyň teklip edýän resminamalar amallary özara bähbitli hyzmatdaş müşderilere şulardan peýdalanmaklyga mümkinçilik berýär:
- tölege ukypsyzlyk töwekgelçiligini azaltmaga we eksport düşewüntlerinden alynýan girdejiniň möhletini gysgaltmaga;
- harytlaryň iberilmezligi bilen baglanyşykly töwekgelçiligi pese düşürmäge;
- hakujy tölegiň paýyny gysgaltmaga;
- daşarky söwda geleşikleri boýunça harajatlary peseltmäge;
- dünýä haryt bazarlaryna çykmagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge.
Geçen ýylyň netijeleri boýunça resminamalaýyn amallar boýunça halkara hasaplaşyklaryň möçberi 155 mln. ABŞ dollaryndan ybarat boldy. Mundan başga-da, bank nebit gaz toplumyndaky, ulag we aragatnaşykdaky, saglygy goraýyşdaky, kärhanalaryň we beýleki müşderileriň haýryna daşary ýurt banklaryndan gelip gowuşýan köp sanly kepillendirmeler boýunça işleri geçirdi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň iri müşderiler bilen hyzmatdaşlygy olaryň tabşyrygy boýunça amallary ýerine ýetirmek, karzlary bermek, kepillendirmeler arkaly işlemek bilen çäklenmeýär. Bank öz müşderileriniň işewürliginiň ösüşine ähli taraplaýyn kömek berýär. Bank müşderilerine hünär bilen baglanyşykly maslahat hyzmatlaryny berýär. Bank müşderileriniň haýyşy boýunça şertnamalar boýunça hasaplaşyklary geçirmegiň amatly usullaryny , müşderileriň borçlary boýunça üpjünçiligiň görnüşlerini we mäliýeleşdirmegiň çarçuwalaryny işläp düzmek maksady bilen olaryň hyzmatdaşlary bilen gepleşikleri geçirýär ýa-da gepleşiklere bilelikde gatnaşýar.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky 2005-nji ýylda hususy müşderilere bölekleýin hyzmatlary bermek ugrunda işlerini dowam etdirdi. Bu derejedäki müşderilere hyzmat etmekde bankyň tapawutly aýratynlyklary: häzirki zaman habar beriş tehnologiýalarynyň we tölegleri amala aşyrmagyň serişdelerini, çeýe baha we göterim syýasatyny, hyzmatlaryň ýokary medeniýetini, bankyň ygtybarlylygyny peýdalanmakdan ybaratdyr. Hasabat döwründe bank öz müşderilerine bankyň önümleriniň we hyzmatlarynyň bölekleýin giň toplumyny hödürledi:
- hasaplaşyk-pulhana hyzmatlary;
- geçirmeleriň we tölegleriň dürli görnüşlerini;
- çalyşyk amallaryny;
- goýumlar boýunça amallary, möhletli depozitleri;
- sarp ediş maksatlaryna karzlary;
- halkara VISA kartlaryny çykarmaklygy we hyzmat etmekligi;
- hususy MILLIKART, ALTYN we KÜMÜŞ KART kartlaryny çykarmaklygy we hyzmat etmekligi;
- ýol çekleriniň inkasso kabul edilişini;
- gymmat bahaly metallardan pul birliklerini satmaklygy;
- pul kagyzlary bilen amallary (könelen pul kagyzlaryny çalyşmak, pul birliklerini bölüp bermek).
Amerikan Ekspres kompaniýasy bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanda bu kompaniýanyň ýol çekleri bilen amallary giňeltmek boýunça ýörite ylalaşyklar gazanyldy.
Bankyň täze binasynyň ulanyşa girizlmegi netijesinde öz müşderilerine gymmatlyklary saklamak üçin depozit gözeneklerini teklip etmäge taýýar.
2005-nji ýylyň jemleriniň ýagdaýy boýunça, hususy müşderileriň açan daşary ýurt gyzyl pulundaky hasaplaryň mukdary 12.168 hasapdan ybarat bolup, bu hasaplaryň galan dygy 3,3 mln. ABŞ dollaryndan ybarat. Milli gyzyl pulda hususy müşderileriň açan hasaplarynyň mukdary 12.290 hasapdan ybarat bolup, olardaky galyndynyň möçberi 40.678 mln. manatdan ybarat.
Bankyň özboluşly häsiýetine baglylykda hususy müşderileriň hasa plaryndaky pul serişdeleri onuň esasy gor binýady hökmünde hasaplanmaýar. Şonuň ýaly-da, bankyň amala aşyrýan daşarky şertleriniň üýtgäp durmagy, bölekleýin işewürligi işjeň ösdürmekligi we Türkmenistanyň bank hyzmatlary bazaryndaky bu ugurda öňdebaryjylyk orny gazanmaklyga ýykgyn etmekligi talap edýär.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky 2005-nji ýylyň dowamynda ýurduň içinde, şeýle hem halkara çäginde gyzyl pul we pul bazarynda amallary işjeň durmuşa geçirdi.
Bank döredilen gününden bäri Türkmenistanyň Bankara gyzyl pul biržasynyň agzasy bolmak bilen, öz müşderileriniň tabşyrygy boýunça daşary ýurt gyzyl pulunda alnan karzlary we daşarky söwda şertnamalary boýunça hasaplaşyklary geçirmek üçin daşary ýurt gyzyl puluny hemişe satyn alyjy hökmünde çykyş edyär. Ýylyň dowamyndaky iş netijeleri boýunça içerki gyzyl pul bazarlarynda bankyň satyn alan daşary ýurt gyzyl pulunyň möçberi 51,1 mln. ABŞ dollaryndan ybarat boldy.
Bank halkara gyzyl pul bazarynda geleşikleri baglaşanda bazar şertleriniň islendik üýtgeşmelerinden dessin kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýän Reuters – Dealing – 3000 habarlar – söwda ulgamyndan peýdalanýar. Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynda daşary ýurtly kontragentleriň bellän limitleri öz adyndan we iri müşderileriniň tabşyrygy boýunça çykyş edip, halkara gyzyl pul bazarynda doly hukukly agza hökmünde gatnaşmaklyga mümkinçilik berýär. 2005-nji ýylyň netijeleri boýunça baglaşylan konwersiýalaýyn geleşikleriň möçberi 350 mln. ABŞ dollaryndan ybarat boldy.
Nagt daşary ýurt gyzyl puluna içerki islegleri kanagatlandyrmak bilen, bank täjirçilik banklarynyň arasynda içerki bazarda daşary ýurt gyzyl puly bilen esasy üpjün ediji bolup durýar. Geçen ýylyň netijeleri boýunça bank tarapyndan halkara bazaryndan 2,4 mln. ABŞ dollary möçberinde nagt daşary ýurt gyzyl puluny we 5,6 mln. ýewrony satyn aldy. Şeýlelikde, getirilen nagt ABŞ dollarynyň möçberi 2004-nji ýyl bilen deňeşdirilende 60%, ýewro – 17 % artdy. Ýylyň dowamynda könelen nagt daşary ýurt gyzyl puluny pulhana kabul etmegiň möçberi 0,1 mln. ABŞ dollaryndan ybarat boldy.
2005-nji ýylda Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky gysga möhletli depozitleriň içerki halkara bazarlarynda iri operator bolmagynda galdy. Özüniň işjeň amallaryny gaýtadan maliýeleşdirmek we Merkezi bankyň talap edýän çäkleriniň derejesinde aradan aýyrmak babatdaky görkezijilerini saklamak maksady bilen, bank tarapyndan umumy bahasy 75 mlrd. manat depozitler çekildi. Içerki bankara bazaryndan daşary ýurt gyzyl puluny çekmeklik gelejekde halkara pul bazarynda ýerleşdirmek we dürli göterimleriň hasabyndan girdeji almak maksady bilen geçirildi. 2005-nji ýylyň ahyrynda gyzyl pulunda alnan depozitleriň möçberi 8 mln. ABŞ dollaryndan ybarat boldy. Ýagny, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 10 esse köp.
Geçen ýyl Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky halkara pul bazarynda daşary ýurt gyzyl pul serişdelerini ýerleşdirmek boýunça amallary işjeň geçirdi. Bu amallaryň maksady, daşary ýurt gyzyl pulunda çykdajylygy aradan aýyrmaklygy dolandyrmakdan we bankyň “Nostro” habarçy hasaplaryndaky galan serişdeler boýunça alynýan girdejiler bilen deňeşdirilende has ýokary girdeji almakdan ybarat boldy. 2005-nji ýylyň ahyrynda halkara pul bazarynda daşary ýurt gyzyl puluny ýerleşdirmegiň möçberi 57 mln. ABŞ dollaryndan ybarat boldy. 2004-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu 2 esse köp.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň habarçy hasaby ulgamy öňkisi ýaly türkmen banklarynyň arasynda örän köpugurly bolmagynda galýar, bu bolsa banka, müşderileriň töleg ugurlary üçin az harajatlary peýdalanyp, örän gysga möhletde tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
2005-nji ýylda hasaplaryň iş tertibini gowulandyrmak we bankyň habarçy hasabynyň üsti bilen GDA, Ýewropa, Demirgazyk Amerika, Aziýa banklaryna hasaplary geçirmekde çykdajylary azaltmak boýunça işler dowam etdirildi. Habarçy – banklar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi, kada laýyklykda, ýurtdaky iri maliýe instituty hökmünde, banka konwersiýalaýyn hem-de söwda amallaryny geçirmek üçin, sap limitleri we karz ýollaryny almaga mümkinçilik berýär.
Hyzmatlar ugruny giňeltmek boýunça maksadalaýyk işler ýerli banklaryň Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynda açan daşary ýurt gyzyl pulundaky “Loro” hasaplarynyň mukdaryny artdyrmaga kömek etdi. 2005-nji ýylyň netijeleri boýunça 7 sany täjirçilik banklar daşary ýurt gyzyl pulunda habarçy hasabyny açmak we alyp barmak boýunça şertnama gol çekdi, bu bankyň maýa binýadyny berkitmäge kömek edýär. Bankyň täze iş ugurlarynyň ösdürilýändigini ynamly aýtmak mümkin, onuň mazmuny bankyň ýerli banklar üçin, daşary ýurt gyzyl pulunda hasaplaşyk merkezine öwrülendigi bilen düşündirilýär. Ýerli banklara milli gyzyl pulda tölegleri tölemäge mümkinçilik bermek bilen, hasaplar boýunça gündelik galyndylara göterimleri hasaplap goşmak bilen, milli gyzyl pulda “ätiýaçlandyryş depoziti” diýen täze önüm işlenip düzüldi we teklip edildi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlyk gurşawynda derwaýys iş ugry, milli eksport-import we ätiýaçlandyryş gulluklary, halkara banklar we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekden ybarat. Hytaýyň, Çehiýanyň, Türkiýanyň, Malaýziýanyň Eksimbanklary, Ýapon halkara hyzmatdaşlyk banky, Germes, Kofas, OND ätiýaçlandyryş gulluyklary bilen uzak möhletli gatnaşyklar ýola goýuldy. Halkara banklarynyň we ösüş gaznalarynyň arasynda Ýewropanyň Ösüş we Özgerdiş Banky, Yslam Ösüş Banky, OPEK gaznasy, Abu-Dabi ösüş gaznasy, Saud ösüş gaznasy ýaly maliýe institutlaryna aýratyn üns berilýär.
Bu maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň esasy netijeleri:
- Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryndaky taslamalary maliýeleşdirmek üçin Hytaý banklary bilen karz şertnamalary baglaşmak;
- Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky bilen hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşmak;
- Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arçman we Ýyly suw şypahanalaryny giňeltmek boýunça taslamalary ylalaşmak, soňra Yslam Ösüş Banky we OPEK gaznasy bilen maliýeleşdirmek boýunça alynyp barylýan şertnamalara gol çekişmek.
2005-nji ýylda maliýe terrorçylygy we jenaýatçylyk ýollary bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň garşysyna degişli meseleler boýunça maliýe institutlary bilen bilelikdäki işleriň çuňlaşdyrmagy dowam etdirildi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky Türkmenistanyň bank ulgamyndaky özboluşly “tanyşdyryş kartoçkasy” bolmak bilen halkara çäklerindäki öz ornuny berkitmäge ýykgyn etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankyna maksatnamalaýyn we enjamlaýyn serişdeleriň döwrebap gurallaryna esaslanýan öňdebaryjy tehnologiki çözgütler hödürlendi.
Maksatnamalaýyn üpjünçilik ugrunda awtomatlaşdyrylan bank ulgamy (ABU) işleýär, ol müşderi – hyzmatlar tehnologiýalaryna esaslanýar we ORACLE maglumatlar binýadyny dolandyryş ulgamyndan peýdalanýar. Bu ulgamyň girizilmegi bankyň işleriniň ähli bölümlerini, esasanam: hasaplaşyk, karz, pulhana halkara hasaplaryny, söwda we diling amallaryny, bank işleriniň derňewini, büjet we ýolbaşçylyk – hojalyk harajatlaryny, zähmet haky, işgärleriň, ammarlaryň, serişdeleriň we ABÇKZ, esasy serişdeleriň hasabyny ýöretmegi, bankyň baş kitabyny girizmegi awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Esasy kommutatorlary, monitoring ulgamy, awtomatiki ätiýaçlandyrmagy çözmek bilen lokal hasaplaýyş ulgamy oturdyldy, maglumatlary geçiriş akymynyň tizligi 1 Gbit/sek. Türkmenistanyň elektron bankara hasaplarynyň ulgamy, SWIFT, plastik kartoçkalar ulgamy ýaly daşarky ulgamlar bilen aragatnaşyk ýola goýuldy. Bu ulgamlaryň işlemegi üçin, RISC – gurluşly IBM kompaniýasynyň serwerleri oturdyldy.
Plastiki kartoçkalar boýunça hasaplaşyk ulgamlaryny girizmeklik MILLIKART milli plastiki karta ulgamyny çykarmaklyga we hyzmat etmeklige mümkinçilik berdi. Bank VISA halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy hasaplanýar. Bankda MILLIKART hasaplaşyklary we awtorlaşdyryş ulgamynda gönümel aragatnaşygy guramak üçin ýöriteleşdirilen enjamlar oturdyldy. VISA kartoçkalarynda awtorlaşdyryş hemra aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen IP-teswirnamasynyň kömegi bilen geçirilýär.
Bankda bankyň ähli habarçy hasaplarynyň awtomatlaşdyrylan hasabyny ýöretmäge mümkinçilik berýän elektron resminama dolanyşyk ulgamy gurnaldy. Resminama dolanyşyk ulgamy IBM kompaniýasynyň lotus notes programma önümine esaslanýar.
Bankda oturdylan Reýters ulgamy , elektron dilingiň enjamlary we programma üpjünçiligi halkara gyzyl pul bazarynda amallary işjeň geçirmäge mümkinçilik berýär.
Bankyň hususy içki telefon aragatnaşyk ulgamy bar, ol SIEMENS döwrebap telekommunikasiýa enjamlaryna esaslanýar. Daşarky aragatnaşyk lomaý süým kabelinde gurnalan, ol howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Bankyň fiziki we elektron howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmek üçin merkezleşdirilen kompýuter ulgamy oturdyldy, ol ýörite otaglara, şol sanda banka işgärleriň barmagyny çäklendiriş ulgamyny, telemetriki gözegçilik ulgamyny, ýangyn howpsuzlyk ulgamyny öz içine alýar.
Bankda özbaşdak elektro kuwwatlyk ulgamy işe girizildi, onuň üznüksiz elektroüpjünçilik kuwwatly çeşmesi we dizel – generatory bar.
Öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, 2005-nji ýylda täze işleri awtomatlaşdyrmak üçin ABS modullary işlenip taýýarlandy, ulgamdan peýdalanyjylaryň isleglerini hasaba almak bilen öň anyklanylan kemçilikler düzedildi, salgytlaryň täze hasaplamalary bilen baglkanyşykly amallar döwrebaplaşdyryldy, hasabat binýatlarynyň üsti ýetirildi.
SWIFT halkara maliýe hasaplaşyklar ulgamyna aýratyn üns berilýär. 2005-nji ýylda bank SWIFTNet programma önümleriniň täze görnüşlerine üstünlikli geçdi. Bu programma önümleri howpsuzlyk, aralaşmagy çäklendirmek we dolandyrmak boýunça has ýokary derejelere eýe bolýar.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky häzirki zaman maliýe – karz edarasy hökmünde korporatiw dolandyryşy kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berýär, onuň hili köp derejede bankyň iş netijelerini kesgitleýär. Bankyň korporatiw dolandyryş ulgamy Türkmenistanyň hökümetiniň gulluk edarasy derejesindäki özboluşlylygynda hem öz beýanyny tapýar.
Banky Türknenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýän başlyk we orunbasarlary dolandyrýar. Işgärler toparynyň maslahatçy guramasy dolandyryş çöžgütlerini kabul etmäge düýpli täsir edýän, başlyklar geňeşi hasaplanýar, ol uly gurluş birikmeleriniň ýolbaşçylaryndan we bankyň özbaşdak bölümleriniň başlyklaryndan ybaratdyr.
Bankda başlyga we başlyklar geňeşine hasabat berýän hemişe hereket edýän işçi guramalar döredilen: Karz we Hünär synagy topary , täzeden döredilen Satyn alyş topary, Deňleşme iş topary, hemişelik hereket edýän Tükelleýiş iş topary, her bir toparyň öňünde duran wezipeler, şeýle hem olaryň işiniň beýany bankyň degişli içki resminamasy bilen kesgitlenýär.
Korporatiw dolandyryşy kämilleşdirmegiň çäklerinde halkara usullaryň we standartlaryň tejribesini, Türkmenistanyň merkezi bankynyň talaplaryny, auditor kompaniýalarynyň tekliplerini, dolandyrmakdaky töwekgelçiligi hasaba almak bilen hereket edýän ulgamyny ösdürmeklige aýratyn üns berýär. Ilkinji nobatda karz, bazar gatnaşyklaryny dolandyrmakdaky, amallar töwekgelçiligindäki, şeýle hem aradan aýyrmak töwekgelçiligindäki wezipeleri çözmäge degişli üns berilýär.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky dolandyrmakdaky töwekgelçilikde, öz syýasatynyň çäklerinde aradan aýyrmagyň ýeterlik derejesini saklamaga, gyzyl pullaryň görnüşleri we möhleti boýunça aktiwleriň we passiwleriň gurluşyny deňleşdirmäge, sebitler, pudaklar, müşderiler we aktiw amallaryň möçberleri boýunça diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerur derejesini üpjün etmäge çalyşýar. Bankyň ygtybarlygyny häsiýetlendirýän hususy maýany taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.
Bankyň geçirýän amallarynyň möçberi, bankyň teklip edýän önümleriniň we hyzmatlarynyň ugurlarynyň giňemegi, şeýle hem Türkmenistanyň banklarynyň halkara standartlary boýunça maliýe hasabatlaryny ýola goýmaklyga geçmekligi korporatiw dolandyryş ulgamyny, aýratynam bankyň içki barlagynyň we auditiniň ulgamyny mundan beýläk kämilleşdirmegi talap edýär.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky içki barlaglaryň ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek bilen şulary üpjün edýär:
- habarlaryň anyklygyny we ygtybarlygyny;
- aktiwleriň goraglylygyny;
- baýlyklaryň tygşytly we netijeli ulanylmagyny;
- geçirilýän amallaryň hereket edýän kanunçylyga, bellenilen içki düzgünlere we meýilnamalara laýyk gelmegini;
- öňde goýlan maksatlara we wezipelere ýetilmegini.
Bankda içki auditiň wezipelerini ýerine ýetirýän özbaşdak gözegçilik – derňew işi bölümi işleýär. Bölümiň wezipesi hereket edýän içki gözegçilik ulgamynyň düzgünleriniň netijeliligini barlamakdan, amala aşyrylýan amallara deslapky, häzirki we soňraky barlagy amala aşyrmakdan ybarat.
Guramaçylyk gurluşyny kämilleşdirmek, bankyň işini dolandyryş ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri hasaplanýar, ol birikmeleriň işlerini ugrukdyrmaklygy gowulandyrmaga, esasy kanunçylygyň ösdürilmegi, täze iş ugurlarynyň ýüze çykmagy, müşderileriň hyzmatlaryň hiline talaplarynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly üýtgeşmelere uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen.
Korporatiw dolandyryş ulgamynda çylşyrymly ugurlaryndan biri hem işgärleri dolandyrmakdan ybarat, ýagny bankyň iş netijeleri adam ýagdaýlary bilen gönümel baglanyşykly. Işgärleri dolandyryş gurşawynda geçirilýän çäreler, işleriň häzirki zaman görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmakdan, ýolbaşçy guramanyň we hünärmenleriň arasyndaky özara işleri güýçlendirmekden, işgärleri saýlap almak, taýýarlamak we ýerli ýerinde goýmak ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, işgärleriň işleýiş ulgamyny kämilleşdirmekden, korporatiw medeniýetini ösdürmekden ybarat. Korporatiw medeniýet jebis we hünärmenler toparyny emele getirmeklige gönükdirilen, olaryň her biri birikmeleriň we tutuş bankyň işlerindäki umumy netijelere degişli şahsy jogapkärçiligine akyl ýetirmelidir.
Bankyň işgärler toparynyň esasyny bank işiniň dürli ugurlaryna degişli ýokary hünärli hünärmenler düzýär. Ýokary hünärli işgärler 70 %, orta – ýörite bilimli işgärler 20 %. Şunuň bilen birlikde işgärleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen çäreleriň ulgamy göz öňünde tutulan, olar: okuwlara we maslahatlara gatnaşmakdan, bankyň hyzmatdaşlarynyň Türkmenistanda we daşary ýurtda guraýan hünär tejribesini geçmekden; yzygiderli esasda içerki ykdysady okuwlary geçirmekden, dilleri öwrenmek boýunça okuwlary guramakdan ybarat. Bank işgärleriň ruhy taýdan kämilleşmegine aýratyn üns berýär. Şu maksat bilen bankda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnama taglymatyny öwrenmek boýunça okuwlar her hepdede geçirilýär.
Bankda kämilleşdiriş ulgamynda gulluk derejesi boýunça wezipesini ýokarlandyrmak, maddy we maddy däl ýeňillikleri bermek we höweslendirmek işlerde üstünlik gazanmaga we öňde goýlan maksada ýetmäge kömek edýär.
Işgärler toparynyň korporatiw ruhuny berkitmek, işgärleriň sagdyn durmuş ösüşine hemaýat etmek maksady bilen, bank maliýe ulgamynda geçirilýän jemgyýetçilik çärelerine işeňňir gatnaşýar. Bankyň sport toparlary kiçi – futbol, woleýbol, stolyň üstünde oýnalýan tenis, şahmat, şeýle hem sportyň milli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara gatnaşýarlar. Bankda döredilen “bilermenler” topary diňe bir ykdysadyýet we bank işleri boýunça däl-de eýsem taryh, medeniýet we beýleki ugurlardan bilimleri talap edýän intellektual oýunlara işjeň gatnaşýar. Baýramçylyk senelerinde geçirilýän aýdym-saz dabaralaryna hem bankyň aýdym-saz topary işjeň gatnaşýar. Bank her ýylda milli gyzyl puluň dolanyşyga girizilen gününe bagyşlanan sergilere gatnaşýar. Geçirilýän çäreler bankyň işgärleriniň agzybirligine, özara düşünişip işlemeklerine, bankyň işleriniň şowly alnyp barylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky döwlet durmuş ugurly maksatnamalarynyň ençemesini durmuşa ornaşdyrmaga işjeň gatnaşýar.
“Türkmenistany syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli Baş ugry” Milli Maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň binagärlik–şäher gurluşyk keşbini ösdürmek maksady bilen bank ýaşaýyş şertleri gowulandyrylan we ähli amatlyklary bolan bäş sany köp gatly, umumy sany 177 öýli jaýlaryň gurluşygyna sargytçy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bank öýleriň 60 % öz işgärlerine 50 % ýeňillikler bilen satmaklygy we bankyň döreden gaznalarynyň hasabyndan jemagat hyzmatlarynyň bahasynyň ýaryndan az bolmadygyny tölemekligi meýilnamalaşdyrýar.
Aşgabat şäherindäki we onuň töweregindäki etraplaryň ekologiki ýagdaýlaryny gowulandyrmak maksady bilen bank “Ýaşyl guşak” maksatnamasyny durmuşa geçirmeklige işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky bu maksatnama gatnaşýan 9 ýylynyň dowamynda Köpetdagyň eteginde 50 müňden köp saýaly we miweli baglary ekdi. Ýylyň netijeleri boýunça banka berkidilen ýaşyl bagly meýdanlar 340 gektardan ybarat.
Bankyň durmuş maksatnamalarynyň biri hem haýyr-sahawat işleridir. Bank bu ugurda eýýäm ençe ýyl bäri, Türkmenistanda meşhur bolan “Näzli” çagalar – ýetginjekler tans toparyna ähli taraplaýyn goldaw berýär. Bank däp bolşy ýaly maýyp çagalara, çagalar baglaryna hemýatlary berýär. 2005-nji ýylda haýyr-sahawat maksatlaryna jemi 800 mln. manatdan köp harçlandy.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň esasy maksady ýakyn gelejekde, “Türkmenistany syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli Baş ugry” Milli Maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmaklyga işjeň gatnaşmak arkaly milli ykdysadyýetimizi ösdürmeklige ählitaraplaýyn kömek bermekden ybarat. Öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmek üçin bank karzlaşdyrmak gurşawynyň şu ugurlaryny ösdürmekligi meýilnamalaşdyrýar:
- korporatiw müşderilere, şol sanda Türkmenistanyň hökümetiniň tabşyrygy boýunça karz bermek;
- orta we kiçi kärhanalara karz bermek;
- fiziki taraplara karz bermek.
Dellalyk hyzmatlary bermekligiň gurşawynda bank berilýän bank önümleriniň we hyzmatlarynyň toplumyny giňeltmeklige we hilini ýokarlandyrmaklyga çalyşar. Şunlukda, esasan toplumlaýyn hyzmatlara, bank kartlaryny ösdürmeklige ýol çekleri, seýf işewürligi bilen amallara ornaşdyrmaklyga aýratyn üns beriler.
Halkara işler gurşawynda bank Türkmenistanda Türtkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmeklige, gelejekki maýa goýumlaryny peýdalanmak maksady bilen daşary ýurt maliýe institutlaryndan serişdeleri çekmeklige aýratyn üns berer. Mundan beýläk daşarky söwda şertnamalary boýunça hasaplaşyklar amala aşyrylanda resminamalar işewürligi ösdüriler.
Bankyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen maýalary döretmek boýunça işler dowam etdiriler. Esasanam, bu girdejileriň hasabyna amala aşyrylar, ýöne beýleki çeşmeleriň hasabyna maýalary emele getirmegiň mümkinçiliklerinden hem peýdalanylar.
Işjeň amallary ösdürmek bilen, bank töwekgelçiliklerini dolandyryş ulgamyny, şol sanda bazar töwekgelçiligini, karz töwekgelçiligini, ukyplylyk töwekgelçiligini, amallar töwekgelçiligini dolandyrmagy kämilleşdirer. Töwekgelçilikli amallar boýunça kararlary köpçülikleýin kabul ediş ýörelgelerini saklamak bilen, bank ýolbaşçylaryň we birikmeleriň işjeň amallary ýerine ýetirýän işgärleriniň şahsy jogapkärçiligini güýçlendirer.
|