Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky

BAŞ SAHYPA
BANK BARADA MAGLUMAT
BANKYŇ HYZMATLARY
PRES-RELIZLER

Bankyň gatnaşmagynda amala aşyrlan taslamalar

Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankyň gatnaşmagynda şu aşakdaky döwlet maýa goýum maksatnamalary amala aşyryldy:

Nebit-gaz senagatynda:

- Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodynda esaslandyryjy çalgy ýaglaryny öndürýän zawodyň gurulyşygy;

- Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodynda katalitik krekingi we katalitik reformingi öndürýän zawodyň gurulyşygy;

- Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodynda polipropilen öndürýän zawodyň gurulyşygy;

- Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodynda dizil ýangyjyny suw bilen arassalaýan zawodyň gurulyşy;

- Saman Depede gaz-himiýa gaýtadan işleýän toplumynyň gurluşygy;

- Hereket edýän nebit guýylary abatlamak we enjamlaşdyrmak;

- Ulanylmaýan nebit guýylary işe girizmek.

Agrosenagat toplumynda:

- Aşgabat şäherinde makaron önümlerini öndürýän fabrigiň gurluşygy;

- Gök önümleri saklanýan jaýyny we çagalar iýmiti zawodyň gurluyşygy;

- Häzirki zaman tehnologiki enjamlaryň we pagta we däne ýygmak üçin oba hojalyk maşynlaryň üpjünçiligi;

- Un üweýji toplumlarynyň gurulyşygy;

- Aşgabat şäherindäki süýt kombinatynyň durkunyň özgerdilişi;

- Aşgabadyň şäherýakasynda et-süýt önümçiligini we ýyladyş hojalygynyň gurulyşygy.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynda:

- Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzili toplumynyň gurluşygy;

- Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Halkara howa menzilinde uçuş-gonuş zolagyň gurluşygy we howa hereketiniň dolandyrýan ulgamyň gurnalyşy;

- Transaziýa-ýewropa optiki-süýüm aragatnaşyk ulgamynyň geçirilimegi;

- Telefon stansiýalar ulgamynyň üpjünçiligi;

- Aşgabat şäherinde lokomotiw deposynyň döwrebaplaşdyrylmagy;

- Aşgabat şäheriniň telefon ulgamynyň giňeldilmegi;

Elektrik energetika we himiýa senagatynda:

-Büzmeýin GRES-niň durkunyň özgerdilmegi;

- Balkanabat ýod zawodunyň Monjykly ýod-brom käninde çig mal esasynyň özgerdilmegi;

- Kaolini baýlaşdyrmak zawodynyň gurluşygy;

- Karabogaz şäherinde azyk duzuny öndürýän öndürýän zawodynyň birinji nobatynyň gurluşygy;

- Karabogaz şäherinde deňiz suwuny süýjidiji we azyk suwuny öndürýän desganyň gurluşygy.

Dokma senagatynda:

- Aşgabat şäherinde Türkmenistanda iň iri dokma toplumynyň gurluşygy;

- Aşgabat we Türkmenabat şäherlerindäki ýüpek egiriji fabrikleriň enjamlaşdylymagy.

Ilatyň durmuş taýdan gorag ulgamynda:

- Tiz medisina kömegi ulaglaryň we medisina enjamlarynyň täzelinilişi;

- Infuzion erginleriniň, ampullaryň, flakonlaryň we mazleri öndürýän zawodyň gurulyşygy;

- Aşgabat şäherinde Nefrologiki merkeziniň gurluşygy;

- „Arçman“ sagaldyş şypahanasynyň durkunyň özgerdilmegi;

- A şgabat, Mary we Daşoguz şäherlerinde anyklaýyş merkezleriniň gurluşygy.

Syýahat ulgamynda Bank Aşgabat şäherinde „Ak Altyn“ myhmanhanasynyň gurluşygynyň maliýeleşdirmegine gatnaşdy.

Häzirki wagtda Bank şu aşakdaky maýa goýum taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýar:

- Türkmenbaşy şäherinde deňiz portynyň özgerdilişi;

- Nebiti gazyp alýan pudagy üçin göteriji enjamlar bilen üpjün etmek;

- Ýurduň telekomunikasion ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we giňeldilmegini dowam etmek;

- Arçman we Ýyly Suw şäherçelerde gidroterapiýa saglygy goraýyş merkezleriniň gurluşygy;

Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan berilýän karzlaryň hasabyna maliýeleşdirilýän aşakda görkezilen taslamalar boýunça taýýarlaýyş işleri alnyp barylýar:

- Ruhabat etrabynda pambarhatyň önümçiliginiň taslamasy;

- „Türkmengaz“ döwlet konserniniň Abatlaýyş-mehaniki zawody üçin burawlyýjy enjamlaryň we ýük göteriji kranlaryň üpjünçiligi;

- „Türkmengaz“ döwlet konserni üçin baş desgalarynda suw sorujy stansiýany öz içine alýan suwy sowadýan we suwy ýumşadýan desgalar we burawlaýjy desgasyüçin toplumlaýyn enjamlaryň üpjünçiligi;

- „Türkmengeologiýa“ döwlet konserni 3 burawlyýjy desgany özgertmek üçin enjamlary üpjün etmek we 1-nji burawlyýjy desganyň üpjünçiligi;

- „Türkmennebit“ döwlet konserni üçin 7 ýük göteriji enjamlary, hytaýda öndürlen ätýaçlyk şaýlary bilen bilelikde üpjünçiligi.

Geljekde Bankyň işi, öňkisi ýaly Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baş ugry” Milli Makstanamasynda beýan edilen döwletiň maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen gös-göni baglanyşykly bolar. Şu maksatnama resminamasynda Türkmenistanyň ilatynyň durmuşyny has ýokary derejesini gazanmakdan ybarat bolup durýar.