Täze pul - täze durmuş.
Öz döwlet ösüşiniň täze tapgyryna gadam basan Türkmenistan dünýä ykdysady ulgamyna ynamly goşulyşmagy dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bazar ykdysadyýetiniň has netijili milli modelini döretmäge gönükdirilen täze başlangyçlary bu ýolda möhüm ädim boldy. Şunda milli pulumyzyň – manadyň öňde boljak denominasiýasyna aýratyn orun degişlidir, ol has pugtalanar.
2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda ýurdumyzda häzirki ulanylýan nusgadaky 5000 manadyň täze denominirlenen 1 manadyna deň gatnaşygynda milli pulumyzyň banknotlarynyň we şaýlyklarynyň täze tapgyry dolanşyga giriziler. Şeýlelikde, häzirki wagtda iň iri pul birligi bolan 10 müň manat 2 manada deň bolar.
Bu çäre manadyň hümmetiniň berkemeginiň, pul dolanşygynyň netijeliliginiň ýokarlanmagynyň, nyrh emele getirmegi ýönekeýleşdirmegiň we bazar gatnaşyklaryna uýgunlaşdyrmagyň, hasaplaşyklary geçirmegi ýeňilleşdirmegiň, buhgalteriýa we statistiki hasabatlary ýöretmegiň netijesinde döwlet serişdelerini tygşytlamagyň hasabyna ýurdumyzda geçirilýän pul reformasynyň has netijeliligini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi diýip, Türkmenistanyň Merkezi bankynda TDH-niň habarçysyna düşündirdiler. Mälim bolşy ýaly, öň köne we täze nusgadaky 1000 manadyň 1 manada deň gatnaşygyny bellemek meýilleşdirilipdi. Emma welin pul reformasynyň esasy maksatlaryny gazanmagyň serişdesi hökmünde denominasiýanyň netijeliligi pes bolardy. Şeýlelikde indi manadyň esaslylygy berk kepillendirmä eýe boldy.
Öňde boljak denominasiýa tutuş 2009-njy ýylyň dowamynda köne we täze nusgadaky pul belgileri bilelikde dolanyşykda ulanylar we olar söwda kärhanalarynda, hyzmat ediş sferasynda hem-de täjirçilik banklarynda ähli hasaplaşyklar geçirilende kanuny töleg serişdesi hökmünde hökman kabul ediler.
2010-njy ýylyň bütin dowamynda ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän ähli banklarda köne pullary täze pullara çalyşmaga mümkinçiligiň beriljekdigi guwançlydyr. Ýagny, köne milli pulumyzy denominirlenen pula çalyşmagyň döwri ýene-de bir ýyl uzadylýar.
Döwlet Baştutanynyň görkezmesi boýunça tutuş geljek ýylda ýerlenilýän harytlaryň, edilýän hyzmatlaryň we ýerine ýetirilýän işleriň ähli nyrhnamalarynda täze we öňki nyrhlar hem görkeziler. Bu şertleriň berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň edaralarynyň üstüne ýüklenildi, olar ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen bilelikde gözegçilik-pulhana abzallary bilen işlemek bellenilen ähli söwda, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmatlar edýän kärhanalarda ilat bilen nagt pulda hasaplaşyklar geçirilýän mahaly täze nyrhlary görkezmek bilen çekleriň berlişine gözegçilik ederler. Şeýlelik bilen köne nusgadaky banknotlar we şaýlyklar kem-kemden, çäklendirilmezden pul dolanşygynyň adaty ýollarynyň, söwdanyň, hyzmatlar sferasynyň, bank edaralarynyň we başgalaryň üsti bilen ýzyna alnar.
Denominasiýanyň ykdysady manysy dolanyşykdaky pullaryň köne nusgalarynyň nominal gymmaty azaldylan täze nusgalaryna çalyşmak arkaly ýurduň pul birlikleriniň berkidilmeginden ybaratdyr.
Geçiriljek pul reformasynyň ýene-de bir maksady milli pul birlikleriniň goraglylygyny we nominal düzümini halkara ülňelerine laýyk getirmekdir. Täze nusgalary işläp düzmegiň barşynda täze pullaryň türkmen halkynyň milli we taryhy däplerini laýyk gelýän bezegine aýratyn üns berildi. Mysal üçin, döwlet Baştutany tarapyndan tassyklanan 1, 5, 10, 20, 50, 100 we 500 manat gymmatyndaky täze pullarda türkmen halkyna şöhrat getiren beýik taryhy şahsyýetler hem-de Türkmenistanyň taryhy - arhitektura ýadygärlikleri şekillendiriler. Mundan başga hem 1, 2, 5, 10, 20, we 50 teňňe gymmaty bolan şaýlyklar dolanyşyga giriziler.
Şeýlelikde, ykdysady gülläp ösüşiň daýanjy türkmen döwletliliginiň simwoly bolan manadyň denominasiýasy diňe bir milli pulumyza ynamy ýokarlandyrmak, onuň daşary ýurt pullaryna hümmetini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýyny ýokarlandyrmaga, maýa goýumlarynyň türkmen ykdysadyýetine goýulmagynyň durnukly ösüşine, diýmek, ýurdumyzyň ilatynyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy. 08.09.2008
Täze puluň nusgalary.
Täze we dolanyşykdaky pul birlikleriň gatnaşygy.
| täze teňňeler |
dolanyşykdaky manatlar |
täze teňňeler |
dolanyşykdaky manatlar |
täze manatlar |
dolanyşykdaky manatlar |
1 = 50
2 = 100
3 = 150
4 = 200
5 = 250
6 = 300
7 = 350
8 = 400
9 = 450
10 = 500
11 = 550
12 = 600
13 = 650
14 = 700
15 = 750
16 = 800
17 = 850
18 = 900
19 = 950
20 = 1 000
21 = 1 050
22 = 1 100
23 = 1 150
24 = 1 200
25 = 1 250
26 = 1 300
27 = 1 350
|
28 = 1 400
29 = 1 450
30 = 1 500
31 = 1 550
32 = 1 600
33 = 1 650
34 = 1 700
35 = 1 750
36 = 1 800
37 = 1 850
38 = 1 900
39 = 1 950
40 = 2 000
41 = 2 050
42 = 2 100
43 = 2 150
44 = 2 200
45 = 2 250
46 = 2 300
47 = 2 350
48 = 2 400
49 = 2 450
50 = 2 500
60 = 3 000
70 = 3 500
80 = 4 000
90 = 4 500
|
1 = 5 000
2 = 10 000
3 = 15 000
4 = 20 000
5 = 25 000
6 = 30 000
7 = 35 000
8 = 40 000
9 = 45 000
10 = 50 000
20 = 100 000
30 = 150 000
40 = 200 000
50 = 250 000
60 = 300 000
70 = 350 000
80 = 400 000
90 = 450 000
100 = 500 000
150 = 750 000
200 = 1 000 000
250 = 1 250 000
300 = 1 500 000
350 = 1 750 000
400 = 2 000 000
450 = 2 250 000
500 = 2 500 000
|
Ähli soraglar boýunça aşakdaky telefon ýüzlenip bilersiňiz:
Aşgabat ş.: 38-15-61, 38-15-62, 38-15-63;
Änew ş.: 3-59-79;
Balkanabat ş.: 7-36-06;
Daşoguz ş.: 5-72-91;
Mary ş.: 6-85-50;
Türkmenabat ş.: 6-13-13;
|