Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky

BAŞ SAHYPA
BANK BARADA MAGLUMAT
BANKYŇ HYZMATLARY
PRES-RELIZLER

Hormatly Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň MILLIKART we VISA plastik kartlarynyň ulanyjylary.

Bankyň çäginde ýerleşýän täze bankomatlary işe girizýänligini barada şatlykly habary Size ýetiresimiz gelýär. Şu waka Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda bir bitewi bank programma serişdelerini ornaşdyrmak we milli kartly töleg ulgamyny döretmek hakyndaky” 2006-nji ýylyň Nowruz aýynyň 26-syna çykarylan Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanan Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň Plastik kartlary ulgamynyň ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bir tapgyry bolup durýar.


Täze bankomatlar plastik kart ulanyjylara MILLIKART we VISA kartlarynyň üsti bilen iş wagtynda Bankyň jaýynda we gije-gündiz Bankyň çäginde ýerleşýän “Bank-24” jaýynda pul serişdelerini almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, şol bankomatlar MILLIKART plastik kartlary arkaly milli walýutany daşary ýurt walýutasyna Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bellenilen täjirçilik nyrhyndan çalyşylmagyny, we bir ulanyjynyň kartoçkasyndan başga bir ulanyjynyň kartoçkasyna pul serişdeleriň geçirilmegini amala aşyrýarlar.


         Geljekde hem ýokarda agzalan Bankyň maksatnamasyna laýyklykda bankomatlar bilen enjamlaşdyrlan “elektron bank şahamçalaryň” ulgamynyň giňeldilmegini dowam etmek, töleg terminallaryň ulgamyny döretmek we Bankyň plastik kartlar ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak göz önünde tutulýar.



20.03.08