Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň şahsy taraplara hödürleýän hyzmatlary
Karz bermek
Hususy taraplara telekeçilik işini alyp barmak, uzak wagtlaýyn ulanylýan harytlary satyn almak (sarp edijilik karzlary) we gurlusyk maksatlaryna. Karzlar Türkmenistanyň milli pulunda berilyar. Karzlar hem gysga möhletli, hem uzak möhletli häsiýete eýe bolup biler. Karz bermegiň jikme-jik şertleri bilen Siz gös-göni bankda tanşyp we Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň karz işgärlerinden hünärli maslahat alyp bilersiňiz.
Hasaplaşyk-kassa hyzmaty
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky öz müşderilerine toplumlaýyn hasaplaşyk-kassa hyzmatyny hödürleýär. Şu aşakdakylar hödürlenilýän hyzmatlaryň sanyna girýär:
- müş derileriň bank hasaplaryny açmak we hyzmat etmek;
- müşderileriň tabşyrygy boýunça hasaplaşyklary amala aşyrmak;
- pul serişdeleriniň hereketi hakynda derhal maglumat bermek;
- kassa hyzmaty.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky hyzmat edilende müş deri bank amallaryny kämilleşdirmegiň tertibi, Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň dürli bank önümlerini peýdalanmagyň mümkinçilikleri hakynda bankyň işgärleriniň maslahatlaryndan hemişe peýdalanmak mümkinçiligine eýedir. Müşderiniň pul serişdelerini geçirmek hakyndaky töleg tabşyryknamalaryny ýerine ýetirmek günü birin amala aşyrylýar.
Pul-çalşyş amallary
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky öz müşderilerine daşary ýurt puly we ýol çekleri (pullaryň esasy görnüşleri boýunça) bilen pul çalşyş amallarynyň giň sanawyny hödürleýär.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň hyzmatlary şu aşakdakylary öz içine alýar:
- bank tarapyndan daşary ýurt puluny täjirçilik hökümetinden satyn almak we satmak amallary (nagyt we nagyt däl görnüşinde)
- daşary ýurt döwletiniň pul belgisini (pul belgilerini) şol daşary ýurt döwletiniň pul belgilerine (pul belgisine) bölmek;
- bir daşary ýurt döwletiniň daşary ýurt puluny başga daşary ýurt döwletiniň daşary ýurt puluna satmak;
- daşary ýurt döwletiniň könelen pul belgilerini şol daşary ýurt döwletiniň täze pul belgilerine çalyşmak;
- daşary ýurt döwletleriniň pul belgileriniň hakykylygyny barlamak;
- daşary ýurt puluna ýol çeklerini satyn almak;
- daşary ýurt puluna ýol çeklerini satyn almak;
- daşary ýurt banklaryna ýazylan çekleriň inkassosy.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky daşary ýurt puluna ýol çeklerini satmaga başlady, olaryň artykmaçlyklary:
- hasaplaşykda amatlylyk;
- serişdeleri ygtybarly we howpsyzly saklamak;
- çekler ýiten ýagdaýynda öwezini dolmak;
- ýol çekleriniň möhleti çäklendirilmedik.
Pul geçirmeleri
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky öz müşderilerine pul geçirmeleriniň şu aşakdaky görnüşlerini hödürleýär:
- türkmen manadyndaky pul geçirmeleri;
- daşary ýurt pulundaky pul geçirmeleri.
Siz türkmen manadyndaky pul geçirmeleriňizi hem öz adyňyza, hem üçünji taraplaryň peýdasyna Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň üsti bilen amala aşyryp bilersiňiz.
Siz daşary ýurt pulundaky pul geçirmeleriňizi hem öz adyňyza, hem üçünji taraplaryň peydasyna Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň üsti bilen amala aşyryp bilersiňiz. Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankdaky daşary ýurt puluny geçirmegi aşakdaky ýaly amala aşyryp bolar:
- Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň çäklerinde;
- Türkmenistanyň çäginde ýerleşen beýleki karz guramalaryna;
- Türkmenistanyň çäklerinden daşyna.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň SWIFT Halkara maliye telekommunikasiya bileleşiginde agzalygy, daşary ýurt korrespondent banklarynyň giň ulgamynyň bolmagy.
Size daşary ýurt pulundaky pul geçirmesini dünýäniň islendik nokadyna günibirin, pul geçirmäni doly möçberinde we ýygym tölegleriňiň az möçberinde amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankyny milli walýutada daşary ýurtlardan geçirilen pul serişdeleriň bermegini amal aşyrýar:
- geçirme arkaly talap edýänçiň hasabyna;
- hasaby açmazdan nagt pul bilen.
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bаnкуnyň ähli hyzmatlary we amallary Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna layyklykda amala aşyrylýar.
Goýumlar
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky öz müşderilerine hem milli, hem daşary yurt pulundaky goýumlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Talap edilýänçä goýumlar möhleti boýunça çäklendirilen däldir, pul serişdeleri goýum üçin çäklendirmesiz hem nagt, hem nagt däl tertipde kabul edilýär. Goýumçylarda goşmaça gatanjy gecirmage we goýum hasabyndan nagt pul serişdelerini almaga mümkinçilik bardyr. Talap edilýänçä goýumy boýunça pul geçirmegi üçünji taraplaryň peydasyna geçirmek, şeýle hem hasapdaky pul serişdelerine ygtyýar etmek hukugyny ynanç haty bilen resmileşdirmek bolar. Goýumçynyň islegine görä hasaba iş haky we beýleki girdejiler hem geçirilip bilner. Iş hakyny we beýleki girdejileri Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bаnkуnуň üsti bilen almak üçin talap edilýänçä goýumyny açmak we onuň maglumatlaryny öz guramaňyzyň hasaphanasyna habar bermek ýeterlikdir.
Möhletli goýumlar (depozitler) bir aý we ondan ýokary möhlet üçin açylýar. Göterim ölçegleri şol goýumlar boýunça milli walýutasynda 1,5-den 8 ýyllyk göterime çenli we daşary ýurt walýutasynda 3-den 6 ýyllyk göterime çenli üýtgäp dur. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda hasaplanyp goşulan göterimler talap edilýançä goýuma geçirmek arkaly nagt görnüşinde tölenip, şeýle hem her aýyna ýagynda depozitiň esasy pul möçberine geçirilip bilner. Depozite pul serişdeleri hem nagt, hem nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Müşderiniň islegine görä möhletli goýum indiki döwür üçin uzaldylyp, goşmaça gatanç bilen üsti doldurylyp bilner, şeýle hem pul serişdeleri goýumdan kem-käsleýin berlip bilner.
Müşderiler goýum hasabyny açanlarynda bankyň hünärmenlerinden jikme-jik maslahat alýarlar.
Jemagat tölegleri
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky öz müşderilerine goýumdan serişdeleri öçürmek arkaly hyzmatlaryň tölegini teklip edýar. Serişdeleri öçürmek jaý, aragatnaşyk hyzmatlary, jemagat we beýleki hyzmatlar, esasy berginiň böleklerini üzmek hem-de sarp edijilik karzlary boýunça hasaplanyp goşulan göterimler üçin tölegler boýunça amala aşyrylýar. Goýum boýunça hasapdan serişdeleri öçürmek üçin tabşyryk hem bir gezeklik, hem uzak wagtlyk bolup biler.
Uzak wagtlyk tabşyryk esasynda goýumdan serişdeleri öçürmek arkaly hyzmatlary tölemek Size şu aşakdaky artykmaçlyklary berýär:
- Siz banka barmak we töleg resminamalaryň resmileşdirmek üçin wagtyňyzy sarp etmersiňiz;
- Siziň tölegleriňiz Siziň görkezen möhletleriňizde takyk geçirilýär;
- Siz banka baranyňyzda töleg pul möçberleriniň geçirilendigi hakynda tassyknama alyp bilersiňiz.
Gymmat bahaly metallardan edilen şaýylyklar bilen amallar
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky sahsy adamlara we edara görnüşindäki taraplara gymmat bahaly metallardan (altyn, kümüş) edilen ýadygärlik şaýylyklaryny satýar. Bankda garaşsyzlyk alan pursadyndan başlap Türkmenistanyň çäginde şanly seneler üçin çykarylan şaýlyklaryň ahli görnüşleri bardyr. Gymmat bahaly metallardan edilen ýadygärlik şaýlyklary numizmatika nukdaýnazaryndan, şeýle hem owadan we täsin sowgatlar hökmünde gyzyklydyr.
Demir sandyklaryň kärendesi
Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky nagt pullary, gymmatly kagyzlary, resminamalary, maglumaty elektron göterijileri, zergärçilik önümlerini, gadymy zatlary, suratlary we beýleki gymmatlyklary saklamak üçin müşderilere şahsy adamlara we edara görnüşindäki taraplara hususy demir sandyklary kärendesine berýär.
Demir sandyklar gorag ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan ýörite aýawhanada ýerleşdirildi. Aýawhana ygtyýar bankyň ygtyýarly işgärleriniň az sanly topary we demir sandyklary kärendesine alýan müşderiler bilen pugta çäklendirilendir. Kärende Şertnamasy baglaşylandan soň, gizlin şertlerinde, diňe müşderiniň kärendesine alnan demir sandyga ygtyýary bardyr.
Demir sandyklaryň kärendesiniň artykmaçlyklary: howpsuzlyk, ygtybarlylyk, gizlinlik, abraý , amatlylyk.
Siz kärendesine alan hususy bank demir sandyklaryňyzy islendik möhlet bilen kärende şertnamaňyzyň möhletini uzaldyp bilersiňiz, şeýle hem kärendesine alan demir sandyklary hukugyny öz ynanýan tarapyňyza ulanmaga bermäge mümkinçilik bar.
American Express Ýol çekleri
Öz pullaryňyzy öýde ýa-da ýolda abat saklamak üçin, Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky Size nagt pulyňyzy nominaly daşary ýurt pulunda (ABŞ dollarynda, Ýewroda, GBP-de) bolan American Express ýol çeklerine çalyşmagy hödürleýär.
Çekler alynanda onuň eýesi şu aşakdaky artykmaçlyklara eýe bolýar:
- öz pullaryny ygtybarly goraýar - kyn bolmadyk düzgünler berjaý edilende başga hiç kim siziň çekleriňizi ulanyp bilmeýär. Çekler ýitirlen ýagdaýynda American Express kompaniýasy gysga möhletiň dowamynda kepillendirilen çekiň doly möçberini öz ulgamy arkaly dünýäniň dürli künjeginde Size yzyna gaýtarar.
- Wagty we puly tygşytly saklaýar - ýol çekleri ulanmak üçin bankda bank hasabyny açmaga ýa-da pul geçirmekde zerurlygy ýok, şunuň bilen birlikde bank iň pes bolan möçberindäki ýygymyny alýar.
- Her bir bankda çekleri nagt görnüşe öwürmek mümkinçiligi - banklar we dünýäniň dürli künjeklerinde çalyş nokatlar baradaky anyk maglumatlary bankda we American Express saýtynyň ýörite sahypasynda alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Hasaplaşyk-kassa amallary: 40-64-68, 40-61-69, 40-65-13
Karz amallary: 40-61-01, 40-61-17
SMS-dan galyndyň tassyklamasy
Bu hyzmat Siziň hasabyňyzyň ýagdaýy barada maglumaty SMS-habar formatda almana mümkinçilik berýar.
SMS-habar hyzmaty bilen peýdalanmak, Size öz hasabyňyzyň galandysyny Banka gelmän anyklanylmagyna we iş wagtyňyzyň tygşytlanylmagyna mümkinçilik döredýär.
Hasaplaryňyz galyndylaryny tiz ýagdaýda bilmek mümkinçiligi, Size bankdaky hasaplaryňyzy doly gözegçilikde saklamaga ýardam berer.
SMS-habar hyzmatyny ulanmak üçin Siziň Banka ýüz tutmagyňyz we degişli şertnama baglaşmagyňyz zerurdyr.
Sorag-jogap gullugyň telefony: 40-61-98.
|