Bankyň 20 ýyllygy bilen gutlaýarys!
Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň döredilenine 20 ýyl.
2012-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň döredilenine 20 ýyl dolýar.
20 ýyl – işgärleriň tutanýerli zähmet çekmegi, müşderiler we arkalaşykly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn peýdaly gatnaşyklarynyň ösüş hereketiniňnetijesidir.
Garaşsyz Türkmenistan bilen ýaşdaş bolmak bilen Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky geçen 20 ýylyň dowamynda ynamdar işewirlik abraýyny, müşderileriň ynamyny, arkalaşykly hyzmatdaşlaryň sylagyny gazandy. Bankyň döredileniniň ilkiji günlerinden bäri, Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin dünyä bazarlarynda Turkeministan Döwletiniň maya goyum taslamalaryny durmuşa geçirmäge wekil hökmünde gatnaşýar.
Bu günki gün biz ýeten netijelerimize, köpsanly karz-maliýe institutlary bilen ýola goýulan gatnaşyklarymyza, britaniýanyň sylanýan jurnaly bolan “The Banker” tarapyndan 2001-nji ýyly bäri 9 gezek “Türkmenistanda Ýylyň iň gowy Banky” sylaga mynasyp bolandygymyza guwanýarys.
Ynamdar müşderileriň we ähtiwar arkalaşykly hyzmatdaşlaryň bolmagy Bankyň ösüş derejesiniň esasy şertleridir. Bankyň ýolbaşçylary we işgarleri Size abadanlyk we uly üstünlikler arzuw edýärler! Biz siziň ynamyňyza, sylagyňyza, biz bilen işewir gatnaşyklaryňyza, ösüş ugrunda hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris!
Size köp sag bolsun aýdýarys!
|