Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Banky

BAŞ SAHYPA
BANK BARADA MAGLUMAT
BANKYŇ HYZMATLARY
PRES-RELIZLER

Ýygy-ýygydan berilýän soraglaryň jogaplary.


  1. Şahsy adamlar üçin daşary ýurt walýuta hasaby açmagyň tertibi.
  2. Şahsy adamlaryň pul serişdelerini daşary ýurt walýutasynda depozit goýumlaryny çekmekligiň tertibi.
  3. Şahsy we edara görnüşindäki taraplary karzlaşdyrmagyň tertibi.
  4. “Millikart” plastik kartlaryny hyzmat etmegiň tertibi we şertleri.
  5. “VISA” halkara plastik kartlaryny hyzmat etmegiň tertibi we şertleri.
  6. Depozitar öýjüklerini kärendä bermekligiň şertleri we ýygym tölegleri.
  7. Çagşan pullary ýaramly pullara çalyşmagyň şertleri we ýygym tölegleri.
  8. Banknotlaryň hakykytlygyny barlamaklygyň şertleri we ýygym tölegleri.
  9. Pullary owatmagyň (ireltmegiň) şertleri we ýygym tölegleri.
  10. Türkmenistanyň raýatlarynyň walýuta hasaplary boýunça amallary geçirmeklik üçin ynanç hatyny resmileşdirmegiň tertibi we ýygym tölegleri.

  1. Şahsy adamlar üçin daşary ýurt walýuta hasabyny açmagyň tertibi.

  2. Şahsy adamlaryň walýuta hasabyny açmak üçin müşderi Bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine pasportynyň asyl nusgasyny, onuň göçürmesini bermeli we hasaby açmak üçin arzany doldurmaly.
    Şahsy adamlar üçin walýuta hasabyny açmaklygyň nyrhy ABŞ-nyň 7 (Ýedi) dollaryna barabardyr.


  3. Şahsy adamlaryň pul serişdelerini daşary ýurt walýutasynda depozit goýumlaryny çekmekligiň tertibi.

  4. TDYDB-y şahsy adamlar üçin daşary ýurt walýutasynda depozit goýumlary hödürleýär. Şahsy adamlardan Bank girdeýji hökmünde depozit boýunça göterimleri töleýär. Göterim derejesiniň möçberi Bankyň Müdiriýetiniň Başlygy tarapyndan tassyklanan Buýruga we şol güne hereket edýän möhletli şertnama laýyklykda kesgitlenýär. Aşakda sahsy adamlardan çekilýän ABŞ-nyň dollarynda, EWRO-da we Beýik Britanyýanyň funt sterlinginde depozit goýumlarynyň göterim derejeleriniň tablisasy görkezilendir:


    Möhleti Jemi
    $10 000 çenli $10 001-den
    $50 000 çenli
    $50 001
    $500 000 çenli

    3 aýdan
    6 aýaçenli

    LIBOR*-1.75 LIBOR-1.50 LIBOR-1.25

    6 aýdan
    12 aýa çenli

    LIBOR-1.00 LIBOR-0.85 LIBOR-0.75

    * Libor- her Bankyň öz göterimlerini kesgitlemek üçin esas (baza) göterimi bolup hyzmat edýän bankara depozitleriň London birzasynda kesgitlenýän halkara göterim derejeliridir.

    Depozit goýumlary goýmak üçin Siz TDYDB-ynyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine ýüz tutup bilersiňiz.


  5. Şahsy we edara görnüşindäki taraplary karzlaşdyrmagyň tertibi.

  6. Bank müşderilere şu aşakdaky görnüşli karzlary hödürleýär:

    • - Döwlet kärhanalaryna dolanyşyk serişdeleriniň üstüni doldurmak, senagat maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, ýokary tehnologik enjamlaryny satyn almak, infrastrukturany ösdürmek we başga maksatlar üçin. Karzlar hem milli, hem daşary ýurt pulunda berilýär. Karzlar hem gysga möhletli, hem uzak möhletli häsiýete eye bolup biler.
    • - Hususy kärhanalara orta we kiçi täjirçiligi ösdürmek maksady bilen. Karzlar önümçilik we söwda taslamalaryny durmuşa geçirmek, önümçilik häsiýetine eýe bolan maksatlar üçin çig maly we enjamlary satyn almak üçin berilýär. Bankyň öz serişdeleriniň hasabyna karzlar hem milli, hem daşary ýurt pulunda berlip bilner. Mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky Ýewropanyň Durkuny täzeleyiş we ösüş Bankynyň ugry boýunça orta we kiçi täjirçilige karz bermegi alyp baryar. Karzlar hem gysga möhletli, hem uzak möhletli hasiýete eye bolup biler;
    • - Hususy taraplara telekeçilik işini alyp barmak, uzak wagtlaýyn ulanylýan harytlary satyn almak (sarp edijilik karzlary) we gurlusyk maksatlaryna. Karzlar Türkmenistanyň milli pulunda berilyar. Karzlar hem gysga möhletli, hem uzak möhletli häsiýete eýe bolup biler.

    Edara görnüşindäki taraplaryň Banka berilmeli resminamalarynyň sanawy:

    • Karz almak üçin arza ýa-da towakganama.
    • Täjirçilik meýilnamasy (Biznes-plany).
    • Hasabat döwüriniň iň soňky balansy we soňky 3 ýylyň balansy.
    • Peýdalar we ýitgiler barada hasabat.
    • Karzlaşdyryljak harytlarynyň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň tassyklaýjy bolup durýan şertnamalaryň we hasap-sypatnamalaryň  nusgalary.
    • Esaslandyryjy resminamalaryň we edara görnüşli taraplaryň hasaba almak şahadatnamanyň hem-de ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky reýestriň Göçürmesiniň nusgalary.
    • Notarial ýa-da tabynlygyndaky bolup durýan ýokardaky guramasy tarapyndan tassyklanan gollaryň we möhürleriň nusgalarynyň kartoçkasy.

    Hususy telekeçiniň Banka berilmeli resminamalarynyň sanawy:

    • Karz almak üçin arza ýa-da towakganama.
    • Täjirçilik meýilnamasy (Biznes-plany).
    • Telekeçiniň- şahsy taraplaryň girdeýji  salgydy boýunça deklarasiýasy.
    • Karzlaşdyryljak harytlarynyň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň tassyklaýjy bolup durýan şertnamalaryň we hasap-sypatnamalaryň  nusgalary.
    • Notarial tarapyndan tassyklanan gollaryň we möhürleriň nusgalarynyň kartoçkasy.
    • Hasaba alyş şahadatnamasynyň we patentiniň  nusgasy (hereket edýän hukuk kadalaşdyryjy namalar bilen göz öňünde tutulan bolsa), şeýle hem, ygtyýarnama bilen ýerine ýetirilýän işiniň görnüşi boýunça ygtyýarnamasy (lisenziýa).
    • Notarial tarapyndan tassyklanan gollaryň we möhürleriň nusgalarynyň kartoçkasy.

    Şahsy taraplaryň Banka bermeli resminamalarynyň sanawy:

    • Karz almak üçin arza ýa-da towakganama.
    • Şahsyýetini tassyklaýan resminama.
    • Girdeji çeşmesi barada güwänama.

    Müşderä karz bermekligiň netijesi barada, resminamalar Karz bermek Müdirliginiň işgärleri tarapyndan doly öwrenilenden we Karz Toparynyň mejlisinde seredilenden soň berilýär.
    Karz almaklyk arzasyny bermek üçin Karz bermek Müdirligine ýüz tutup bilersiňiz.


  7. “Millikart” plastik kartlaryny  hyzmat etmegiň  tertibi we şertleri.

  8. Bank şu aşakdaky şertlerde üç görnüşli “Millikart” plastik kartlarynyň göýberilmegini we hyzmat edilmegini amala aşyrýar:

    Millikart plastik kartlay Altyn Millikart Kümüş Millikart Millikart
    Iki ýyllyk hyzmat edilişini hasaba alyp, plastik kartyň berilişi mugt 100.000 TMM 150.000 TMM
    Kart hasabynyň iň pes hökmany galyndysy 100 mln. TMM 50 mln. TMM -
    Nagt pul serişdelerini almak 1.2% 1.5% 1.7%
    Kart hasabynyň galyndysyna hasaplanýan ýyllyk göterim goýumy 10% 7% 5% (1 mln. TMM ýokary)
    Ýitirlen karty dikeltmek 120000 TMM 120000 TMM 120000 TMM
    Kart hasabyny ýapmak 60000 TMM 60000 TMM 60000 TMM

    Karty resmileşdirmek üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine ýüz tutmak bilen, pasport we onuň nusgasyny, kart hasabyny açmak üçin arzany dolduryp bermeli.


  9. “VISA” halkara plastik kartlaryny hyzmat etmegiň tertibi we şertleri.

  10. -- Bisnes Klassic Elektron
    Başdaky iň az goýumy 500 USD 100 USD 10 USD
    Atiýaçlandyryş goýumy 1000 USD 500 USD 2%
    Kartyň 2 ýyl hyzmat edilmek şerti bilen çykarylyşy 50 USD 25 USD 10 USD
    Kartyň çalyşylmasy 25 USD 15 USD  7 USD
    Nagt puly almak 2% 2% 2%
    Nagt däl hasaplaşyklar 0.5% 0.5% 0.5%
    Eýesiniň arzasy boýunça kart hasabyny mugt mugt mugt
    Kart hasabynyň galyndysyndan artykmaç pul alnan ýagdaýynda alynýan göterimler Her güne 0.2% Her güne 0.2% --
    Salynýan jerimeler:      
    Kartyň ýitirilen ýagdaýynda 25 USD 25 USD 15 USD
    Kartyň we/ýa-da PIN-iň Bikanun ulanylyşy 50 USD 50 USD 50 USD

    Karty resmileşdirmek üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine ýüz tutmak bilen, pasport we onuň nusgasyny, kart hasabyny açmak üçin arzany dolduryp bermeli.


  11. Depozitar öýjüklerini kärendä bermekligiň  şertleri we ýygym tölegleri.

  12. Bank müşderilere 4-görnüşli depozitar öýjüklerini: nagt pullary, gymmat bahaly kagyzlary,  resminamalary, elektron maglumat göterijileri, şaý sepleri, antikwariatlary, suratlary we beýleki gymmatlyklary saklamak üçin, şu aşakdaky şertlerde kärendä berýär:

    Resminamalary resmileşdirmek üçin tölegi-50000 TMM


    öýjük üçin aýlyk kärende tölegi:
    Mini50 000 TMM
    Medium100 000 TMM
    Medium-extra150 000 TMM
    Max200 000 TMM

    Kärende şertnamasyny baglaşmak üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine pasport bilen onuň nusgasy bilen ýüz tutup bilersiňiz.


  13. Çagşan pullary  ýaramly pullara çalyşmagyň şertleri we ýygym tölegleri.

  14. Bank çagşan pullary ýaramly pullara çalyşmaklygy aşakdaky şertlerde amala aşyrýar:

    milli walýutada- mugt
    daşary ýurt walýutada- 2,5%

    Bu amaly resmileşdirmek üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine ýüz tutup bilersiňiz.


  15. Banknotlaryň hakykylygyny barlamaklygynyň şertleri we ýygym tölegleri.

  16. Bank banknotlaryň hakykatlygyny barlamaklygy şu aşakdaky şertlerde amala aşyrýar:

    banknotlaryň hakykatlygyny barlamak   - 0,3%, min 1 USD

    Bu amaly resmileşdirmek üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine ýüz tutup bilersiňiz.


  17. Pullary owratmagyň (ireltmek) şertleri we ýygym tölegleri.

  18. Bank pullary owratmaklygy (ireltmekligi) şu aşakdaky şertlerde amala aşyrýar:


    milli walýutada- 2,5%
    daşary ýurt walýutada- 1,2%

    Bu amaly resmileşdirmek üçin bankyň Hasaplaşyk amallary müdirliginiň şahsy adamlaryň hasaplary bölümine ýüz tutup bilersiňiz.


  19. Türkmenistanyň raýatlarynyň walýuta hasaplary boýunça amallary geçirmeklik üçin ynanç hatyny resmileşdirmegiň tertibi  we ýygym tölegleri.

  20. Bank walýutada açylan goýum hasaplar boýunça amallary geçirmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryna ynanç hatlary resmileşdirmegi şu aşakdaky şertlerde amala aşyrýar:

    1 ýyllyk ynanç hatynyň resmileşdirilmegi50 000 TMM
    2 ýyllyk ynanç hatynyň resmileşdirilmegi75 000 TMM
    3 ýyllyk ynanç hatynyň resmileşdirilmegi100 000 TMM

    Ynanç hatyny resmileşdirmek üçin bankyň Hukuk bölümine ýüz tutup bilersiňiz (116 kab.).