Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermegi bilen Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy (BMGÖM) guradylar.

Gün tertibine BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary girizilen maslahata dürli ministrlikleriň we edaralaryň, transmilli maliýe institutlarynyň, kompaniýalaryň we täjirçilik banklarynyň wekilleriniň 200-e golaýy, şeýle hem BMGÖM-niň hem-de beýleki halkara we sebitara guramalarynyň bilermenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda milli Liderimiz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça üçünji halkara maslahatynyň hereketleriň Addis-Abeba maksatnamasyny” hem-de “Dünýäni özgertmek: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi” Rezolýusiýalaryny tutuşlygyna goldaýar hem-de biziň ýurdumyz hökümet derejesinde Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryny kabul eden dünýäde ilkinji we az sanly ýurtlaryň biri bolup durýar diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz bu halkara maslahatyň tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine, durnukly ösüşi maliýeleşdirmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Maslahatyň çäklerinde üç bölüm boýunça mejlisler geçirilip, olarda milli we sebit derejelerinde Durnukly ösüşiň maksatlaryny maliýeleşdirmegiň, içerki serişdeleri bir ýere jemlemek babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, maýa goýmakda milli bank ulgamynyň goruny, innowasion ösüşi, işewürligi maliýeleşdirmek tejribesi meselelerine, şeýle hem serhetüsti taslamalara garaldy.

Maslahata gatnaşyjylar üç ugruň hemmesinde, şol sanda hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşe ýardam etmek, ekologiýa howpsuzlygy we durmuş integrasiýasyny goldamak ýaly ugurlarda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda gün tertibini maliýeleşdirmegiň dünýä we sebit boýunça meýillerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hereketleriň Addis-Abeb maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi, ol durnukly ösüşi maliýeleşdirmek üçin binýadyň esasyny tutýar hem-de 2030-njy ýyla çenli ählumumy gün tertibiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Halkara maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly Türkmenistanda düzüm taslamalaryna seretdiler. Halkara gaz geçirijiniň gurulmagy Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösmegine ýardam edýär.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak boýunça netijeli teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Biziň ýurdumyz BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine üýtgewsiz eýerýär, halkara howpsuzlygyny saklamagyň we berkitmegiň, dünýäniň ähli döwletleriniň arasynda oňyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy kepili hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ornuny belleýär.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan milli derejede Durnukly ösüşiň maksatlaryny uýgunlaşdyran ilkinji ýurtlaryň birine öwrülip, olary milli meýilnamalara we maksatnamalara ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işleri geçirýär. DÖM-ni netijeli amala aşyrmak üçin zerur bolan binýady döretmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda döredilen Ylmy-amaly merkeze ähmiýetli orun berilýär.

Nygtalyşy ýaly, BMG-niň ýardam bermeginde ýurdumyzda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine we görkezijilerine ýetmegiň usullaryny öwretmek boýunça işler geçirilýär. Türkmenistanda olary maliýeleşdirmegiň esasy çeşmesi milli, pudaklaýyn we sebit maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän Döwlet býujetiniň serişdeleridir.

Döwletimiziň ösüşiniň strategik ugry bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň senagat-innowasiýa taýdan ösüşine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň ornaşdyrylmagy hem-de BMGÖM bilen işjeň hyzmatdaşlyk bu ugurda ileri tutulýan wezipeler bolup durýar.

Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işlerine uly üns berildi, bu bank dürli maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýär.

Bankyň alyp barýan işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durnukly ykdysady ösüş boýunça strategiýanyň durmuşa geçirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, ol ykdysady ösüşi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy we eksporta ugrukdyrylan, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary goşmaça gymmatly önümçiligi öz içine alýar.

Türkmenistanda hususy telekeçilik, maýa goýum we innowasiýa işleriniň goldanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär, ol zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagynyň, hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşiň, goşmaça iş orunlarynyň döredilmeginiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biridir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy bölegiň ösdürilmegi hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine göni daşary ýurt maýa goýumlary görnüşinde gönükdirilýän serişdeleriň artdyrylmagy üçin amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Hususan-da, degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygyny kepillendirýän degişli kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanyldy we kämilleşdirilýär. 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Erkin ykdysady zolaklar hakynda Kanun kabul edildi, ol düýpli ýeňillikleri, şol sanda salgyt ulgamynda hem-de ýer böleklerini kärendä bermekde ýeňillikleri berýär. Kiçi we orta telekeçilik üçin ýurdumyzda salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy hereket edýär, hususy bölegiň ösdürilmegini höweslendirmek maksady bilen bolsa döwletimiz pes göterimli ýeňillikli karzlary berýär.

Maslahata gatnaşyjylar durmuş-ykdysady ösüş milli maksatnamalary, şol sanda obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamany amala aşyrmak arkaly 2030-njy ýyla çenli döwürde durnukly ösüş ulgamynda ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin maliýe serişdelerini jemlemekde Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdiler we bu taslamanyň diňe bir energiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge mümkinçilik bermän, tutuş sebitiň abadançylygy üçin şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.

Maslahatyň çäklerinde jemleýji resminama kabul edildi, şeýle hem ikitaraplaýyn ylalaşyklara, hususan-da, Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ösüşi maliýeleşdirmegi jemlemek boýunça özara düşünişmek, bilelikdäki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda Ähtnama, şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi mümkin bolan taslamalary maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we “Al Qamra Holding Group” (Katar Döwleti) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

“Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda şeýle wekilçilikli çäräniň işlemegi üçin ajaýyp şertleriň döredilendigine hoşallyk bildirilýär hem-de onuň geçirilmegi dünýä derejesinde Türkmenistanyň abraýynyň pugtalanmagyna we ýokarlanmagyna hyzmat eder diýlip nygtalýar.

Ertir maslahatyň wekilleri BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmekde yslam tejribesi boýunça okuw maslahatyna gatnaşarlar, soňra bolsa Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça Ylmy-usulyýet merkeziniň işi bilen tanşarlar, bu merkezde daşary syýasat we diplomatiýa meseleleri boýunça ylmy barlaglar geçirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

 

2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary arkaly milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler netijesinde ähli ulgamlarda ýokary netijeler gazanyldy.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Şol sanda senagat toplumynda 4,6 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,5 göterim, söwdada 7,6 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim ýokarlandy.

Üç aýyň jemi boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 18,2 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň bahasy hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň jemleýji görkezijisi durnukly saklandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklarynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,3 göterim artdy. Birinji çärýekde önümleriň eksport edilişiniň möçberi geçen ýyldaka garanyňda, 14,2 göterim ýokarlandy.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa şu ýylyň ilkinji üç aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gazanan ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe himiýa toplumynda, dokma senagatynda we azyk senagatynda oňat netijeler gazanyldy. Nebiti gaýtadan işlemegiň möçberi artdy, benziniň öndürilişi 1,1 göterim, kerosiniň öndürilişi 3,6 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň we eksporta niýetlenen harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar aýdyldy. Bu ugurda hususy ulgamyň kärhanalary oňat netijelere eýe bolýar.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de şu ýylyň birinji çärýeginde maliýe býujet ulgamynda geçirilen işleriň jemleri barada habar berdi. 1-nji apreldäki ýagdaýa görä, esasy maliýe resminamasynyň girdeji bölegi 105,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 88,8 göterim ýerine ýetirildi.

Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ýanwar — mart aýlarynyň görkezijilerine laýyklykda, 394,1 million manat möçberde maýa goýumynyň özleşdirilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa we maliýe-ykdysady ulgamyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, geljekde öňde durýan işleriň esasy ugurlaryna olaryň ünsüni çekdi. Milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini goldamak, döwrüň talaplaryna laýyklykda halk hojalyk toplumynyň ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem çykdajylary azaltmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda agzaldy.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bel­le­nil­di, bu se­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy. Bu wa­ka ýur­du­my­zyň yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­ýän döw­let hök­mün­de hal­ka­ra de­re­je­de dö­re­di­ji­lik we pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji kuw­wa­ty­ny ýe­ne bir ge­zek äş­gär et­di.

BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy öz Re­zol­ýu­si­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­tan­da spor­ty we be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, jem­gy­ýe­tiň eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­mek, bu ul­gam­da döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän ägirt uly işi ma­kul­la­dy we gol­da­dy.

Bu giň möç­ber­li iş mil­li Li­de­ri­mi­ziň ho­wan­dar­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýär — döw­let Baş­tu­ta­ny­myz di­ňe bir oňyn tek­lip­le­ri öňe sür­mek bi­len çäk­len­män, hut özi köp­çü­lik­le­ýin spor­ta, ýurdumyzy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek we beý­le­ki çä­re­le­re ba­dal­ga ber­ýär, bu­la­ryň hem­me­si sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň wa­gyz edil­me­gi­ne, hal­kyň hem-de her bir ra­ýa­tyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­ri yzy­gi­der­li ge­çir­mek ýa­ly aja­ýyp ýö­rel­ge­le­riň bin­ýa­dy­ny tut­dy, bu çä­re­le­re dür­li ýaş­da­ky türk­me­nis­tan­ly­la­ryň müň­ler­çe­si gat­naş­ýar, olar ada­ty gün­le­ri hem öz içi­ne al­ýar, bu bol­sa jem­gy­ýe­ti­mi­zi eko­lo­gi­ýa jo­gap­kär­çi­li­gi­ne dü­şün­mä­ge ça­gyr­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tek­li­bi bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan­da Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ne ga­bat­la­nyp, no­bat­da­ky aw­tou­lag­syz gü­ni hem ge­çi­ril­ýär, mil­li Li­de­ri­mi­ziň hut özi wa­tan­daş­la­ry­myz bi­len bi­le­lik­de köp­çü­lik­le­ýin çä­rä gat­naş­dy, bu çä­re ýur­du­myz­da sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na we umu­man, spor­tuň wa­gyz edil­me­gi­ne nus­ga­lyk go­şant, şeý­le hem tä­ze eko­lo­gi­ýa ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne, daş­ky gur­şa­wyň ýag­da­ýy­na jem­gy­ýe­tiň jo­gap­kär­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ça­gy­ryş bol­dy.

Bi­ziň hem­mä­miz mil­li Li­de­ri­mi­ziň işi­niň örän köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga he­mi­şe wagt tap­ýan­dy­gy­ny bil­ýä­ris. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yzy­gi­der­li tür­gen­le­şik­le­riň di­ňe bir ada­myň be­de­ni­ni tap­la­man, berk er­ki, zäh­met­sö­ýer­li­gi, mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy ter­bi­ýe­le­ýän­di­gi­ni-de bel­le­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hal­ky­my­zyň, oza­ly bi­len bol­sa ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň il­kin­ji de­re­je­li we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de yg­lan edip, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň hem-de ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ok­gun­ly, umu­my­mil­li uzak­ möh­let­le­ýin hä­si­ýe­ti ber­di.

Bu ugur­da eý­ýäm anyk we yzy­gi­der­li ädim­ler ädil­di. Olar umu­my­mil­li spar­ta­kia­da­la­ryň hem-de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ň gu­ral­ma­gy­dyr, spor­tuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­dyr hem-de gi­ňel­dil­me­gi­dir. “Türk­me­nis­tan­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri ha­kyn­da” Ka­ra­ryň ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr, ol spor­tuň bu gör­nü­şi­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, bar bo­lan dü­züm­le­riň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­ma­ga ila­tyň giň köp­çü­li­gi­ni çek­mä­ge kuw­wat­ly iter­gi be­rer.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň aýt­ma­gy­na gö­rä, şeý­le çä­re­ler ila­tyň sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem-de we­lo­si­ped spor­tu­nyň wa­gyz edil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Şu­nuň ýa­ly sport baý­ram­çy­lyk­la­ry ola­ra gat­na­şy­jy­la­ry gel­jek­de öz­le­ri­niň spor­tuň ha­la­ýan gör­nüş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga hö­wes­len­dir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, sport-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­ri sa­gal­dyş we ter­bi­ýe be­riş we­zi­pe­le­ri bi­len bir ha­tar­da, oňat keý­pi­çag­lyk eçil­ýär, gy­zyk­ly hem peý­da­ly çä­re­le­ri ut­gaş­dyr­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çä­rä hut özü­niň gat­naş­ma­gy bol­sa di­ňe bir bu ge­zek­ki wa­ka­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni kes­git­le­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, mil­le­tiň sag­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li me­se­le­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni aýan edip, mil­le­ti­mi­ziň be­den, ru­hy we ah­lak sag­dyn­ly­gy­nyň top­lum­la­ýyn mil­li ul­ga­my­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­niň döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da äh­li ýer­de ýe­di ýaş­dan ýet­miş ýa­şa çen­li we­lo­si­ped­çi­le­ri gör­mek bol­ýar. Og­lan­jyk­lar­dan we gyz­ja­gaz­lar­dan baş­ga-da, uly ýaş­da­ky adam­la­ryň kö­pü­si we­lo­si­ped sü­rüp, ça­ga­lyk duý­gu­la­ry­ny ýat­la­ýar­lar, ola­ryň ha­ta­ryn­da we­lo­si­pe­de il­kin­ji ge­zek at­la­nan­lar hem bar. Ula­gyň bu gör­nü­şin­den peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny gün-gün­den art­ýar. Bu baş­lan­gyç jem­gy­ýet­de di­ňe bir orun al­man, öz ha­tar­y­na eýer­ýän­le­riň bar­ha köp ­san­ly­sy­ny ýyg­na­ýar. Mu­nuň özi spor­tuň bu gör­nü­şi­niň mö­hüm­di­gi­ni we uly is­le­ge eýe bol­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

...Şu gün ir bi­len paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň müň­ler­çe­si türk­men paý­tag­ty­nyň aja­ýyp kün­je­gin­de — Kö­pet­dag şa­ýo­lu­nyň we Jül­ge kö­çe­si­niň ke­siş­ýän ýe­rin­dä­ki aý­law çat­ry­gy­nyň go­la­ýyn­da ýyg­nan­dy­lar, bu ýer­den Aş­ga­ba­dyň aja­ýyp gör­nü­şi açyl­ýar, paý­tag­ty­myz do­gup gel­ýän Gün nu­ru­nyň as­tyn­da ak mer­mer­li bi­na­la­ry bi­len göw­her gaş­la­ry­ny ýat­lad­ýar.

Ýyg­na­nan­la­ryň ha­ta­ryn­da hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, dip­lo­mat­lar, ýaş­lar bar. Ola­ryň ha­tar­la­ryn­da şadyýanlyk, keý­pi­çag­lyk, ru­hu­be­lent­lik we ir sä­he­riň sag­dyn­ly­gy hö­küm sür­ýär.

Bu ýe­re, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň ba­dal­ga al­ýan kün­je­gi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow gel­ýär. Sport baý­ra­my­na gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­mi­zi ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Mil­li ly­bas­da­ky gyz­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za gül des­se­le­ri­ni gow­şur­ýar­lar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ab­raý­ly da­şa­ry ýurt gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­los­port bo­ýun­ça dün­ýä çem­pion­la­ry bi­len gür­rüň­deş­lik­de şu gün­ki çä­rä gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, ola­ryň ha­ýy­şy bo­ýun­ça ýa­dy­gär­lik üçin bi­le­lik­de su­ra­ta düş­di.

We­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň baş­lan­ma­gy­na hem­me zat taý­ýar edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de gut­lag sö­zi bi­len çy­kyş et­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji ses­si­ýa­sy­nyň 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de bo­lup ge­çen 82-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len de­giş­li Re­zol­ýu­si­ýa­ny ka­bul eden­di­gi­ni aý­dyp, dün­ýä­niň 56 döw­le­ti­niň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni ba­ra­da­ky Re­zol­ýu­si­ýa­nyň aw­tor­da­şy bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. 3-nji iýu­nyň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni diý­lip yg­lan edil­me­gi bi­ziň ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy hem-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň bi­ra­gyz­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Bu ta­ry­hy wa­ka bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň art­ýan­dy­gy­ny, onuň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­jilik, yn­san­per­wer­lik we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň amat­ly geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy ýag­da­ýy­ny bü­tin adam­za­dyň bäh­bi­di­ne peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di hem-de bi­ziň baş­lan­gy­jy­my­zy gol­dan we Re­zol­ýu­si­ýa­nyň aw­tor­da­şy bo­lan äh­li döw­let­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­na tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz we­lo­si­ped­çi­le­riň Hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň pre­zi­den­ti Da­wid Lap­par­tien­te Türk­me­nis­tan­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mä­ge ber­ýän gol­da­wy üçin aý­ra­tyn min­net­dar­lyk bil­dir­di.

We­lo­si­ped spor­ty bü­tin dün­ýä­de giň­den ýaý­ran hem-de Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gir­ýän spor­tuň has meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Onuň ta­ry­hy 1869-njy ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž we Ru­an şä­her­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len il­kin­ji iri ýa­ryş­lar­dan baş­lan­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir­ki dö­wür­de we­lo­si­ped spor­ty di­ňe bir sport ul­ga­myn­da bo­lup geç­ýän öz­ge­riş­le­ri aň­lat­man, eý­sem, adam­za­dyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik mak­sat­la­ry­nyň, dost­lu­gyň we raý­daş­ly­gyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny hem ala­mat­lan­dyr­ýar diýip bel­läp, ýur­du­myz­da halk­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­ma­gyň, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry we oňyn hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, şol san­da sport ba­bat­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Bu ugur­da Türk­me­nis­tan Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösü­şiň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na sport bo­ýun­ça Hal­ka­ra býu­ro­sy, ÝU­NES­KO-nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy, şeý­le hem beý­le­ki hal­ka­ra we se­bi­ta­ra sport gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňeld­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz hä­zir­ki dö­wür­de we­lo­si­pe­diň eko­lo­gi­ýa ula­gy­nyň ny­şa­ny bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny, ony adam­za­dyň eý­ýäm 200 ýyl­dan hem gow­rak wagt­dan bä­ri peý­da­la­nyp gel­ýän­di­gi­ni bel­läp, we­lo­si­pe­diň daş­ky gur­şa­wa aýaw­ly ga­ra­ma­ga hem-de sag­ly­gy ber­kit­mä­ge ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

We­lo­si­ped spor­ty dün­ýä­de spor­tuň iň giň ýaý­ran gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Türk­me­nis­tan­da hem onuň uzak ta­ry­hy bar. Aş­ga­bat­da we­lo­si­ped­çi­le­riň il­kin­ji jem­gy­ýe­ti ba­ryp 1894-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Şon­dan bir ýyl soň we­lo­si­ped­çi­le­riň il­kin­ji ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Bu bol­sa ýur­du­myz­da spor­tuň bu gör­nü­şi­ni ös­dür­me­giň ba­şy­ny baş­la­dy. Hä­zir­ki wagt­da bir asyr­dan gow­rak mun­dan öň ýo­la goý­lan we­lo­si­ped spor­tu­nyň däp­le­ri tä­ze­çe gör­nüş­de dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar.

Şu gün köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan bel­li myh­man­lar gat­naş­ýar­lar. Ola­ryň ara­syn­da Rus­si­ýa­nyň We­lo­si­ped spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti, üç ge­zek Olim­pi­ýa çem­pio­ny Wýa­çes­law Ýe­ki­mow, dün­ýä­niň çem­pio­ny Ser­geý Ni­ki­ten­ko we beý­le­ki bel­li tür­gen­ler hem-de we­lo­si­ped spor­tu­ny sö­ýü­ji­ler bar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz pur­sat­dan peý­da­la­nyp, ola­ra şu çä­rä gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin, şeý­le hem Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri­ne «We­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça iň köp­çü­lik­le­ýin sa­pak» gü­wä­na­ma­sy­ny gow­şu­ran­dy­gy üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ýyg­na­nan­la­ry Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk we mun­dan beý­läk-de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Soň­ra “Guin­ness World Reсords” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň res­mi we­ki­li Şeý­da Su­ba­şi çy­kyş et­di.

Myh­man öňi bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­ny il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­ýän Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bi­len gut­la­dy hem-de ýur­du­my­za no­bat­da­ky ge­zek gel­mä­ge we bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li gu­ra­lan köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­re gat­naş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­dir­di.

Soň­ra ha­nym Su­ba­şi 2018-nji ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da “Aş­ga­bat” kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da we­los­port bo­ýun­ça okuw sa­pa­gy­ny ge­çir­mek­de dün­ýä­niň tä­ze re­kor­dy­nyň goý­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. We­lo­si­ped sür­mek bo­ýun­ça okuw sa­pa­gy bi­len bir ha­tar­da, şä­he­riň ýol gur­şa­wyn­da ula­gyň bu gör­nü­şi­niň äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­mek, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy we eko­lo­gi­ýa gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­niň ge­çi­ri­len bu çä­re­si­ne 3246 adam gat­naş­dy. Hä­zir­ki gü­ne çen­li bu sa­naw we­los­port bo­ýun­ça tür­gen­le­şik sa­pak­la­ry­na gat­na­şan­la­ryň iň köp san­ly­sy­dyr.

Bu mag­lu­mat “Guin­ness World Reсords” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan res­mi taý­dan ha­sa­ba alyn­dy we de­giş­li gü­wä­na­ma bi­len tas­syk­la­nyl­dy hem-de Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Şeý­le­lik­de, türk­men paý­tag­ty no­bat­da­ky ge­zek Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­lip, öz üs­tün­lik­le­ri­ni, şol san­da sport bi­len bag­la­ny­şyk­ly de­re­je­le­ri­ni do­wam et­di. Bu ha­tar­da Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­herçesi­niň des­ga­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li. Olim­pi­ýa sta­dio­nyn­da otur­dy­lan ahal­te­ke be­de­wi­niň çe­per keş­bi we dün­ýä­de iň uly ýa­pyk ýü­züş how­zy bo­lan Suw sport top­lu­my hem şol des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da orun al­dy.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe ba­dal­ga ber­ýär we ag­zy­bir­lik bi­len he­re­ke­te baş­lan we­lo­si­ped­çi­ler ha­ta­ry­nyň öňü­ni çek­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz­dan soň­ra ýur­du­my­zyň ýol­baş­çy­lar dü­zü­mi­niň ha­tary he­re­ke­te gel­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň çy­ky­şyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, düýn paý­tag­ty­my­za ge­len Rus­si­ýa­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry — “ARE­TI” hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň pre­zi­den­ti I.Ma­ka­row, Rus­si­ýa­nyň We­lo­si­ped spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti W.Ýe­ki­mow baý­ram­çy­ly­gyň hor­mat­ly myh­man­la­ry bol­dy, olar bi­len bi­le­lik­de, dün­ýä­niň çem­pio­ny Ser­geý Ni­ki­ten­ko we beý­le­ki bel­li tür­gen­ler ýur­du­my­za gel­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýo­lug­ra I.Ma­ka­row bi­len gür­rüň­deş bol­dy. Myh­man Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa şert­le­ri­niň tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da we­lo­si­ped ýa­ryş­la­ry­ny we tür­gen­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­tan­da we­lo­si­ped spor­tu­nyň iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy, spor­tuň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gör­nü­şi­ne tu­tuş ila­tyň, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň çe­kil­me­gi ug­run­da mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­läp, myh­ma­na bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek hem-de ös­dür­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe de­ger­li mas­la­hat­la­ry ber­di. Öza­ra tej­ri­be al­şyl­ma­gy iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy üçin ze­rur müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün eder.

We­lo­si­ped­çi­le­riň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň pre­zi­den­ti Da­wid Lap­par­tient ýa­kyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ibe­ren gut­la­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ni esas­lan­dyr­mak­da eýe­län aý­ra­tyn or­nu­ny bel­läp, bu ugur­da al­nyp bar­lan dip­lo­ma­tik iş­le­riň ge­ri­mi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni be­ýan et­di.

Il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­ýän bu se­nä­niň baý­ram edil­me­gi we­lo­si­pe­diň dur­muş we eko­lo­gi­ýa taý­dan ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny ýe­ne bir ge­zek äş­gär eder di­ýip, We­lo­si­ped­çi­le­riň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň ýol­baş­çy­sy bel­le­ýär hem-de bir­le­şi­giň Türk­me­nis­ta­na bu ugur­da he­mi­şe gol­daw ber­jek­di­gi­ne türk­men Li­de­ri­ni ynan­dyr­dy.

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň baý­ram edil­me­gi­ne 190 mil­li fe­de­ra­si­ýa­nyň we we­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça bäş yk­lym kon­fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň hem-de dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň go­şu­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ola­ryň äh­li­si türk­men Li­de­ri­niň äh­li ýaş­da­ky we be­den taý­dan müm­kin­çi­lik­le­ri bo­lan ra­ýat­la­ryň bu çä­re­le­re gat­naş­ma­gy hem-de we­lo­si­ped­de ge­ze­lenç edip, lez­zet al­ma­gy üçin we­lo­si­ped me­de­ni­ýe­ti­ni dö­ret­mek we ös­dür­mek ba­ra­da­ky tag­ly­ma­ty­nyň da­şyn­da bir­le­şen­dir.

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň şa­ny­na köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­riş­le­ri­niň we me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi sag­dyn­ly­gyň hem-de spor­tuň ýur­dy hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň ab­ra­ýy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam eder.

Türk­me­nis­tan­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan ýo­ka­ry de­re­je­li tür­gen­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň döw­let mak­sat­na­ma­la­ry ka­bul edil­di, top­lum­la­ýyn öz­gert­me­le­re ba­dal­ga be­ril­di. Ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de, şol san­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän sport des­ga­la­ry, sta­dion­lar, at­çy­lyk sport top­lum­la­ry, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri, sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na­lar gu­rul­dy.

Aş­ga­bat şä­he­rin­de bol­sa Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da en­jam­laş­dy­ry­lan kyr­ka go­laý des­ga­lar, şol san­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça des­ga­la­ryň on al­ty­sy­ny özün­de jem­le­ýän Olim­pi­ýa şä­herçesi bi­na edil­di.

2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de, aý­ra­tyn gu­ra­ma­çy­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çi­rip, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi giň möç­ber­li hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport bäs­le­şik­le­ri­ni gu­ra­ma­ga ukyp­ly sport ýur­dy hök­mün­de dün­ýä ta­nat­ma­gy­myz bol­sa bi­ziň bu ugur­da ga­za­nan iň uly üs­tün­li­gi­miz­dir.

Bu oýun­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­na we­lot­rek ýa­ryş­la­ry hem gi­ri­zil­di.

Spor­tuň bu aja­ýyp gör­nü­şi bo­ýun­ça gu­ra­lan ýa­ryş­lar Olim­pi­ýa şä­herçesin­dä­ki ýa­pyk we­lot­rek top­lu­myn­da ge­çi­ril­di. Onuň we­lo­si­ped ýo­da­la­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne we şeý­le des­ga­la­ra bil­di­ril­ýän hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär.

Bu ýer­de dö­re­di­len şert­ler hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny we bäs­le­şik­le­ri­ni, şol san­da dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­ny ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 6 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen we­lot­rek­de äh­li ze­rur dü­züm­ler göz öňün­de tu­tul­dy. Bu bol­sa tür­gen­ler hem-de tä­lim­çi­ler, teh­ni­ki we hyz­mat ed­ýän iş­gär­ler, şeý­le hem we­los­por­tuň muş­dak­la­ry bo­lan to­ma­şa­çy­lar üçin ze­rur müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün ed­ýär.

Aş­ga­bat­da Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň bin­ýa­dyn­da ýa­pyk we­lot­re­giň ulan­ma­ga be­ril­me­gi mil­li we­lo­si­ped spor­ty he­re­ke­ti­niň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy. Şeý­le gör­nüş­li des­ga Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji ge­zek gu­rul­dy. Bu des­ga­nyň hi­li­ne di­ňe bir ýa­ryş­la­ra gat­na­şy­jy­lar däl-de, We­lo­si­ped­çi­le­riň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň hü­när­men­le­ri hem ýo­ka­ry ba­ha be­rip, bu ýer­de dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­ny ge­çir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­di­ler.

Hä­zir­ki wagt­da mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Le­bap we­la­ýa­tyn­dan ba­dal­ga ber­len Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça we­lo­si­pedli ýö­riş we yl­gaw ýa­ry­şy üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. In­do­ne­zi­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ja­kar­ta we Pa­lem­bang şä­her­le­rin­de ge­çi­ril­jek XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň To­kio şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXII To­mus­ky olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň we­kil­le­ri-de üs­tün­lik­li çy­kyş edip, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra de­re­je­dä­ki ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de be­len­de gö­te­rer­ler.

We­lo­si­ped­li ýö­riş­ler uly äh­mi­ýet­li jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri­niň iň ýaý­ran gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir, şeý­le çä­re­ler dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da dür­li dur­muş, sport we eko­lo­gi­ýa tas­la­ma­la­ry­ny hem-de baş­lan­gyç­la­ry gol­da­mak üçin ge­çi­ril­ýär, em­ma dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­den Aş­ga­ba­da ge­len hor­mat­ly myh­man­la­ryň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, olar he­niz hiç ýer­de şeý­le çä­re­le­riň şu­nuň ýa­ly giň ge­rim­de, ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de we ru­hu­be­lent­lik ýag­da­ýyn­da gu­ra­ly­şy­ny gör­män­dir­ler, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň köp­ san­ly­sy bu ýö­riş­le­re hö­wes bi­len gat­naş­ýar­lar.

Sä­he­riň tä­miz ho­wa­sy we paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp keş­bi ägirt uly we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­ýar, oňa gat­na­şy­jy­lar öz­le­ri­ni ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik öz­gert­me­le­riň şa­ýa­dy hök­mün­de duý­ýar­lar. Ola­ryň her bi­ri dur­mu­şy­my­zy has go­wu­lan­dyr­mak, gy­zyk­ly we ma­ny-maz­mun­ly et­mek mak­sa­dy bir­leş­dir­ýän umu­my işe öz şah­sy go­şan­dy­ny goş­ýan­dy­gy­na dü­şün­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Kö­pet­dag şa­ýo­ly bo­ýun­ça 8 müň 500 metr ýo­ly ge­çip, Sag­lyk ýo­lu­nyň gu­tar­ýan ýe­rin­de pel­le­ha­na gel­di.

Bu ýer­de mil­li Li­de­ri­miz Hö­kü­met ag­za­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry bi­len söh­bet­deş bo­lup, şu ýyl Türk­me­nis­tan­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si hem-de agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ýa­ly iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le giň möç­ber­li sport çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek­de oňyn ne­ti­je top­la­nan­dy­gy­ny bel­läp, öň­de bol­jak hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­mek hem-de ola­ry ge­çir­me­giň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­dal­ga ber­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len ýe­rin­de ta­nyş­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, bu ýa­ryş­la­ry gu­ra­ma­ga gat­naş­ýan dür­li eda­ra­la­ryň hem-de dü­züm­le­riň işi­ni ut­gaş­dyr­mak üçin de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra ze­rur iş­le­ri ama­la aşyr­ma­gy tab­şyr­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe gat­naş­ýan­lar bi­len hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dynç gü­nün­de sport maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ada­ty­na eýe­rip, paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýän Sport ulag mer­ke­zi­ne ta­rap ug­ra­dy.

Beý­le­ki we­lo­si­ped­çi­ler bol­sa Aş­ga­ba­dyň kö­çe­le­ri bo­ýun­ça he­re­ke­ti do­wam et­di­ler, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň umu­my uzyn­ly­gy 30 ki­lo­met­re deň bol­dy. Paý­tag­ty­my­zyň örän gö­zel şa­ýol­la­ry bo­ýun­ça we­lo­si­ped­çi­le­riň ha­tar­la­ry aja­ýyp we tä­sir­li gör­nü­şi eme­le ge­tir­di, şa­ýol­la­ryň ug­run­da ak mer­mer­li bi­na­la­ryň ha­tar­la­ry ýer­leş­ýär, olar öz bi­na­gär­lik gör­nü­şi bi­len ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň keş­bi­ni aý­ra­tyn be­ze­ýär. Şa­ýol­la­ryň be­zeg çy­ra­la­ry, tä­sin suw çüw­dü­rim­le­ri, ýa­şyl zo­lak­lar we gül­ler bi­len be­ze­len gör­nü­şi aras­sa­ly­gy hem-de amat­ly­ly­gy bi­len ru­hu­ňy gö­ter­ýär. Aş­ga­bat­ly­la­ryň öz paý­tag­ty­na nä­hi­li ala­da we söý­gi bi­len ga­ra­ýan­dyk­la­ry­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­la­ryň wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny has-da be­len­de gö­ter­di.

We­lo­si­ped­çi­le­riň ha­ta­ryn­da mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, kär­ha­na­la­ryň we gu­ra­ma­la­ryň zäh­met to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri bar, ola­ryň her bi­ri de­giş­li ly­bas­lar bi­len üp­jün edi­len öz to­pa­ry­ny dö­re­dip­dir.

Şu gün paý­tag­ty­my­zyň kö­çe­le­rin­de ag­şa­ma çen­li ula­gyň gör­nü­şi­niň — we­lo­si­ped­den we jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan baş­ga­sy­nyň he­re­ke­ti çäk­len­di­ri­len­dir. We­lo­si­ped gö­zel kün­jek­ler­den gat­na­mak we sy­ýa­hat et­mek üçin aý­ra­tyn amat­ly ulag se­riş­de­si­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow daş­ky gur­şa­wa aýaw­ly çe­me­leş­me­giň, aba­dan eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny sak­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny he­mi­şe nyg­ta­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li ilat­ly ýer­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Aş­ga­ba­dyň ýa­şyl zo­lak­la­ry­nyň çäk­le­ri bar­ha gi­ňe­ýär, her ýyl ýaş agaç na­hal­la­ry­nyň üç mil­lio­ny öň­kü­le­riň üs­tü­ni ýe­tir­ýär.

Paý­tag­ty­my­zyň ete­gin­dä­ki ýol­lar­da hem iri we­lo­si­ped ýa­ryş­la­ry­ny, şol san­da hal­ka­ra de­re­je­li bäs­le­şik­le­ri gu­ra­mak müm­kin­dir. We­lo­si­ped sür­mek di­ňe bir sy­ýa­hat­çy­ly­gyň giň­den ýaý­ran gör­nü­şi däl-de, be­den kä­mil­li­gi­ni hem-de özü­ňi oňat duý­ma­gy sak­la­mak üçin tür­gen­le­şik­le­riň iň ýaý­ran gör­nü­şi­dir.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin spor­ty ös­dür­mek me­ýil­le­ri iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. We­lo­si­ped spor­ty bol­sa hem­me­ler üçin bäh­bit­li hem-de fi­zi­ki iş­jeň­li­gi art­dyr­ýan köp­çü­lik­le­ýin gör­nüş­de ös­dü­ril­ýär. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç örän tä­sin duý­gu­la­ry dö­red­ýär, şeý­le hem da­şy­my­zy gur­şap al­ýan dün­ýä­ni öw­ren­mä­ge, eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­na zy­ýan ýe­tir­mez­den te­bi­ga­tyň tä­sin kün­jek­le­rin­de bol­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.Şeý­le­lik­de, adam­za­dyň oý­lap ta­pan iň meş­hur za­dy ba­ra­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra pi­kir so­ra­ly­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça we­lo­si­pe­diň ýe­ňi­ji bo­lan­dy­gy­ny geň­läp bol­maz, we­lo­si­ped ses­le­riň köp­lü­gi­ni alyp, yn­sa­nyň oý­lap ta­pan te­le­fon we In­ter­net se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de ala­nyň­da hem olar­dan öňe geç­di.

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ni esas­lan­dyr­mak ha­kyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­synyň res­mi­na­ma­sy­na dün­ýä­niň äh­li se­bit­le­rin­den di­ýen ýa­ly ýurt­la­ryň 56-sy­nyň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gi bol­sa bu baş­lan­gy­jyň örän mö­hüm­di­gi­ne hem-de hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de uly is­le­ge eýe­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak di­ňe bir sag­ly­gy ber­kit­mä­ge we ru­hu­be­lent­li­ge ýar­dam ber­män, er­ki­ňi tap­la­ma­ga, işe ukyp­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär. Bu ba­bat­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne, spor­ta yg­rar­ly bol­mak bi­len hem, Wa­ta­ny­my­zyň hem-de mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan ýa­daw­syz iş­le­ri bi­len hem aý­dyň gö­rel­de gör­kez­ýär.

...Şu gün gu­jur­ly­ly­gyň, sag­dyn­ly­gyň we bag­ty­ýar­ly­gyň baý­ra­my di­ňe bir ak mer­mer­li gö­zel paý­tag­ty­myz­da däl-de, äh­li we­la­ýat­lar­da ge­çi­ril­di. Ok­gun­ly ösü­şiň, be­den we ru­hy taý­dan kä­mil­li­giň çäk­siz hy­ju­wy şä­her­le­riň we oba­la­ryň kö­çe­le­ri­ne hem-de aw­tou­lag ýol­la­ry­na tu­tuş Wa­ta­ny­myz bo­ýun­ça sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän­le­riň müň­ler­çe­si­ni çy­kar­dy.

Ra­ýat­la­ryň dur­muş iş­jeň­li­gi daş­ky gur­şa­wyň we jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny şert­len­dir­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň ýo­ka­ry de­re­jä eýe­di­gi­ni bel­le­me­li. Bu me­se­le­le­riň oňyn çöz­gü­di­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow yzy­gi­der­li üns ber­ýär. Ýur­du­myz­da daş­ky gur­şa­wy sag­dyn­laş­dyr­ma­ga, ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len köp­çü­lik­le­ýin bag na­hal­la­ry­ny ek­mek bo­ýun­ça äh­li­halk ýo­war­la­ry ge­çi­ril­ýär.

Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­da se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne üns be­ril­ýär. Beý­le­ki şä­her­ler­de bol­şy ýa­ly, adam­la­ryň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy, şä­her ila­ty­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy Aş­ga­ba­dyň kö­çe­le­rin­de aw­tou­lag­la­ryň kö­pel­me­gi bi­len ho­wa­nyň aras­sa sak­lan­ma­gy­na özü­niň tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

«Aw­tou­lag­syz gün» diý­lip yg­lan edi­len 3-nji iýun­da ulag­la­ryň he­re­ke­ti­niň çäk­len­di­ril­me­gi­niň ho­wa ed­ýän tä­si­ri­ni sel­jer­mek mak­sa­dy bi­len, Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Eko­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ýe­di ýe­rin­de gur­na­lan göç­me hem-de he­mi­şe­lik no­kat­lar­dan ho­wa nus­ga­lyk­la­ry alyn­dy we bar­lag iş­le­ri ge­çi­ril­di.

Ge­çi­ri­len bar­lag iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de at­mos­fe­ra­da­ky to­za­nyň muk­da­ry­nyň şu ýy­lyň 2-nji iýu­nyn­da­ky gör­ke­zi­ji­den 2,06 mg/m3, for­mal­de­gi­diň 0,17 mg/m3, se­no­nyň muk­da­ry­nyň 0,2 mg/m3 hem-de azo­dyň diok­si­di­niň muk­da­ry­nyň 0,16 mg/m3 pe­se­len­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

Ho­wa gur­şa­wy­na zy­ýan­ly tä­si­riň esa­sy bo­lup dur­ýan aw­tou­lag­la­ryň he­re­ke­ti­niň çäk­len­di­ril­me­gi­niň şä­her­de ho­wa­nyň has aras­sa bol­ma­gy­na anyk we ne­ti­je­li tä­si­ri­niň bar­dy­gy ha­ky­kat­dyr. Hut şo­nuň üçin hem aw­tou­lag­syz gün­le­riň ge­çi­ril­me­gi Aş­ga­ba­dyň ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa de­re­je­li bo­lan şä­he­re öw­rül­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir.

Şeý­le hem de­giş­li gul­luk­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş we ýa­ryş­lar ge­çi­ril­ýän ma­ha­lyn­da he­re­ke­tiň do­ly howp­suz­ly­gy­ny üp­jün eden­dik­le­ri­ni bel­le­mek ge­rek, ola­ryň saz­la­şyk­ly, ut­ga­şyk­ly iş­le­ri bu çä­rä­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni şert­len­dir­di. Paý­tag­ty­my­zyň kö­çe­le­rin­de ir sa­gat 7.00-dan 19.00-a çen­li di­ňe we­lo­si­ped he­re­ke­ti­ne rug­sat edil­di. Şol wagt­da di­ňe jem­gy­ýet­çi­lik ýo­lag­çy ulag­la­ry we gaý­ra­go­ýul­ma­syz kö­mek gul­luk­la­ry he­re­ket­de bol­du­lar.

Şu gün­ki baý­ram­çy­lyk çä­re­si­niň di­ňe bir we­lo­si­ped we aw­to­mo­bil spor­tu­ny söý­ýän­le­riň däl-de, äh­li türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýa­dyn­da uzak wagt­lap gal­jak­dy­gy şüb­he­siz­dir. Çün­ki bu iri möç­ber­li çä­re­ler ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, onuň baş mak­sa­dy türk­men hal­ky­nyň, her bir ra­ýa­tyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­dir. Çün­ki bag­ty­ýar we ma­ny-maz­mun­ly dur­muş şat­lyk­dan do­ly, ru­hu­be­lent, üs­tün­lik­le­re bes­le­nen, be­den we ru­hy taý­dan güýç­li şah­sy­ýet­le­ri, aja­ýyp açyş­la­ry, iň oňat umyt-ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ma­gy­ny sag­dyn­ly­gyň hem-de dö­re­di­ji­li­giň çäk­siz kuw­wa­ty­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

***

Hal­ka­ra we­lo­si­ped gü­ni dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da bel­le­nil­di, ol ýer­ler­de 3-nji iýun­da sport we dynç alyş çä­re­le­ri gu­ral­dy. Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­ha­na­la­ry we­lo­si­ped ýö­riş­le­ri­ni gu­ra­dy­lar. Şeý­le köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş­ler türk­men we da­şa­ry ýurt dip­lo­mat­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik, sport gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, ýaş­la­ryň, şol san­da da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan ýur­du­my­zyň ta­lyp­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tai­lan­dyň we beý­le­ki döw­let­le­riň paý­tagt­la­ryn­da ge­çi­ril­di.

a tenne

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer hasabatynyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habarlar barada aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelde bolan 82-nji mejlisinde “Bütindünýä welosiped güni” hem-de “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Olaryň taslamalary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz hem-de tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan Durnukly ösüş maksatlarynyň biri hökmünde sporty ösdürmäge uly üns berilýändigi bellenildi. Bu ugurda Türkmenistanda yzygiderli we netijeli işler alnyp barylýar. Bu işler halkara bileleşiginiň giň ykrarnamasyna hem-de goldawyna mynasyp boldy. Ýokarda ady agzalan birinji Kararnama munuň aýdyň subutnamasydyr. Ony 56 döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Şu resminama laýyklykda, 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamasy Milletler bileleşiginiň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyndaky ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Gaznanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Dünýäniň 19 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimizi Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän bu uly daşary syýasy ýeňişler bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, bu şanly wakalar mynasybetli mähriban halkymyza ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisini BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, häzirki döwürde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge örän uly üns berilýändigini belledi.

“Il saglygy – ýurt baýlygy” diýen ajaýyp pähimden ugur alnyp, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sport desgalary – döwrebap stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, sport mekdepleri guruldy. Türgenlerimiziň dürli derejeli oýunlara, halkara ýaryşlaryna talabalaýyk taýýarlanmagy we gatnaşmagy üçin ähli şertler döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa şäherjigi bina edildi. 2017-nji ýylda döwletimiziň taryhynda ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.

Biz welosiped sportuny ösdürmäge hem uly üns berýäris. Türkmenistanda her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň başynda bolsa, biz “Amul–Hazar 2018” atly halkara welosiped ýaryşyna hem badalga berdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Geçirilýän bu çäreler ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen birlikde, raýatlarymyzyň sporta höwesini has-da artdyrýar. Adamlaryň saglygyny berkitmekde, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar.

Biziň Garaşsyz döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdi hem muny doly tassyklaýar. Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýan bu Çözgüdi dünýäniň 56 döwleti dörediji hökmünde çykyş etdi. Biz muňa buýsanmaga haklydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 73-nji mejlisi “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” bölümi girizmek barada Çözgüt kabul etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe şu Çözgüdi kabul etmeginiň hem uly manysy bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu möhüm çözgütleri kabul etmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, sporty ösdürmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde hem ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine beýleki degişli ýolbaşçylar bilen bilelikde BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokarda agzalan Kararnamalarynyň kabul edilmegine bagyşlanan çäreleri guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan tarapyndan milli hem-de sebit möçberinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça anyk ädimleriň ädilýändigini, şol sanda ýurdumyzda giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulýandygyny, ýurdumyzyň Aralyň meselelerini çözmek boýunça işjeň orun eýeleýändigini, Hazarda hyzmatdaşlyk etmek, BMG-niň tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürendigini belläp, bu ugurda işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz şeýle hem Bütindünýä welosiped gününe taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklary berdi. Bu sene şu ýylyň iýun aýynyň başynda ilkinji gezek belleniler. Onuň çäreleriniň maksatnamasyna jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge, welosiped sportuny wagyz etmäge, türkmenistanlylary köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine çekmäge gönükdirilen dürli sport we medeni-köpçülikleýin çäreler girizilmelidir.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri 2-nji maýda geçiriljek möhüm çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Şol çäreleriň hatarynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasy hem-de ulag meselesi boýunça halkara forum we şunuň bilen bagly sergi bar. Bu çäreleri "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy hem-de bu çäreleriň deslapky maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň strategiki ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeläp, oňyn başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary hem şol başlangyçlaryň möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, 3-nji maýda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guralmagy göz öňünde tutulýan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň nobatdaky, 9-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Öňümizdäki duşuşygyň guramaçylyk meseleleri YHG-ä agza ýurtlaryň Ministrler Geňeşiniň 17-nji aprelde Duşenbede geçiriljek 23-nji maslahatynyň gün tertibine giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebit we yklymlaýyn ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň bu ulgamda bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny, häzirki zaman multimodal ulag-üstaşyr we logistika düzümini döretmäge, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 31-nji maýynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasyny we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli meýilnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, döwlet emlägini dolandyryş ulgamynyň netijeliligini artdyrmak, hususy pudagyň ornuny berkitmek, telekeçileriň işini höweslendirmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamyň düzümleriniň milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin halk hojalygy toplumynyň pudaklaryna gönükdirilýän serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna gözegçilik etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe hasabatlylygyny ýokarlandyrmak, býujet resminamalaryny düzmegiň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowy çagyrdy. Ol nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Nebitiň hem-de gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenýän we eksport möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, nebit, gaz hem-de geologiýa pudaklarynyň çig mal we önümçilik mümkinçiliklerini berkitmek, täze nebitgazly ýataklary gözlemek, özleşdirmek hem-de ulanmaga bermek boýunça taslamalaryň depginlerini çaltlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit hem-de gazhimiýa önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki hem-de tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak, bu ugurdan baý tejribesi bolan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny” ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmek, onuň düzümlerini täzeçil derejede döwrebaplaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda täze gazhimiýa toplumlarynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny, “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilişini çaltlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi.

Milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi talap etdi hem-de olaryň dolandyryş ulgamyna dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen kadalary we düzgünleri hem-de halkara häzirki zaman ülňülerini ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şu günler welaýatlarda gowaça ideg işleri dowam edýär.

Şeýle hem wise-premýer 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bugdaý oragy we däne taýýarlamak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynda ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Bu ugurda türkmen topragynyň tebigatynyň ajaýyplygyny saklamaga, baýlyklarynyň netijeli peýdalanylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Bioköpdürlüligi, tebigy aýratynlyklary we suw hojalyk taslamalarynyň, şeýle hem bag nahallaryny giňden oturtmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramagyň dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan meseleleriniň çözgüdine mynasyp goşant goşýandygyny we bu ugurda köp sanly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda çykarylýan önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 225 müň tonna fosfor dökünlerini hem-de 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge ýöriteleşdirilen «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawodynda bu ugurda alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Häzirki wagtda hünärmenleriň ylmy-amaly çemeleşmesi netijesinde, kärhanada daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda ulanylýan himiýa önümleriniň täze görnüşlerini çykarmaga gönükdirilen goşmaça önümçilikleriň birnäçesi özleşdirildi. Şolaryň hatarynda ýylda 1100 tonna ekologiýa taýdan arassa oksigumat — ösümlikleri zyýanly mör-möjeklerden goraýan serişdeleri öndürýän bölüm bar. Zawodda türkmen kwars çägesiniň esasynda ýylda 100 tonna suwuk aýnanyň öndürilişi hem ýola goýuldy. Bu önüm gurluşykda, dürli magdanlary baýlaşdyrmakda ulanylýar. Ýylyň başyndan bäri şu önümiň 20,6 tonnasy öndürildi, onuň 14 tonnasy içerki sarp edijilere ýerlenildi.

Mundan başga-da, bu ýerde häzirki wagtda daşary ýurtlardan satyn alynýan, agyz suwuny arassalamakda ulanylýan himiki kogulýantyň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Kükürt kislotasyny kärhanadan energetika, oba hojalygy, nebitgaz pudagy, dokma we himiýa senagaty ulgamlarynyň kärhanalaryna ibermek hem-de bu önümi bökdençsiz we howpsuz eksport etmek üçin çelekler satyn alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmek, ony ýokary bazar bäsdeşligi şertlerinde täze sepgitlere çykarmak boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, özümiziň çig mal serişdelerimizi giňden ulanmak, tebigy baýlyklary gaýtadan işlemegiň has netijeli ylmy işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak mümkinçiliklerine daýanmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynyň degişli pudaklaryň zerurlyklaryny üpjün etmek bilen birlikde, gaýtadan işleýän himiýa senagatynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, eksport mümkinçiliklerini ep-esli artdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz önümçiligi hünärmenleri taýýarlamak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işi bilen utgaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, munuň öňdebaryjy tejribäni we innowasion usullary iş ýüzünde ornaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary işjeň özleşdirmäge ýardam etjekdigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Aşgabatda paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gowulandyrmak, köçeleri abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli etraplarynda durmuş we inženerçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça sazlaşykly işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze awtomobil ýollaryny gurmagyň hem-de öňden barlarynyň durkuny täzelemegiň ýurdumyzda döwrebap awtoulag düzümini döretmegiň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýol gurluşygy ulgamynda döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak bilen birlikde, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, zerur kommunikasiýa ulgamlaryny çekmek meseleleriniň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gurluşyk toplumynda we energetikada amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary depginini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, haryt dolanyşygyny giňeltmek hem-de Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň gaýragoýulmasyz wezipeleri barada durup geçip, şolaryň hatarynda telekeçiligi goldamak we ykdysadyýeti, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak wezipelerini görkezdi.

Milli Liderimiz kärhanalara beýleki ýurtlaryň işewür toparlary we hojalyk guramalary bilen gatnaşyklary, eksporty ýola goýmakda we giňeltmekde ýardam bermegiň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işler hem-de ilaty jemgyýetçilik awtoulagy bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek üçin goşmaça dürli kysymly awtobuslary işe girizmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Milli Liderimiz okgunly ösýän paýtagtymyzyň we sebitleriň sazlaşykly durmuşyny üpjün etmegiň köp şertlerden ybaratdygyny belledi. Hojalygy ýöretmegiň ähli ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi köp babatda şol wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna baglydyr. Jemgyýetçilik ulagynyň sazlaşykly işlemegini guramak şeýle şertleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulag gatnawlarynyň artýandygyny nazara almak bilen, olary guramaga we dolandyrmaga döwrebap serişdeleriň hem-de usullaryň esasynda çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmakda jemgyýetçilik ulagynyň möhüm ornuny belledi we wise-premýere ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek hem-de döwrebap tehnikany netijeli ulanmak boýunça sazlaşykly işiň üpjün edilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň 18 — 21-nji iýuny aralygynda Aşgabatda “Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy” atly festiwala, 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna çäreleriň degişli meýilnamasyny hem-de nyşanlaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz milli hem-de dünýä medeniýetiniň ösüşi babatda Nury Halmämmedowyň saz mirasynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamyň işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli däp boýunça geçirilýän Medeniýet hepdeligine we beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň hormatyna guralýan dabaralara ünsi çekip, ähli meýilleşdirilen medeni çäreleriň milli ruhy mirasymyzy, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerini wagyz edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuna kybap gelmelidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň ünsüni milli telewideniýäniň işiniň hiline çekdi. Hususan-da, “Sport” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynyň işine nägilelik bildirildi. Döwlet Baştutanymyz bu teleýaýlymlaryň wezipesiniň sportuň milli görnüşlerini wagyz etmekden, türkmen sportunyň gazanýan üstünliklerini giňden ýaýmakdan, sport ýaryşlarynda ýeňijilerimizi wasp edip, olaryň mysalynda ýaşlarymyzy terbiýelemekden ybaratdygyny belläp, bu teleýaýlymlaryň hiç biriniň hem öz üstüne ýüklenen wezipelere hötde gelip bilmeýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerden emele gelen ýagdaýy seljerip, bu we beýleki teleýaýlymlaryň ýolbaşçy düzümleri bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegi talap etdi. Ýaýlymlara öz işine ussat, ýörite bilimi we bu ugurda ýeterlik iş tejribesi bolan adamlar ýolbaşçylyk etmelidir. Hormatly Prezidentimiz ýagdaýy düzetmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meselelerine geçip, degişli Kararlara gol çekdi. Milli Liderimiz A.Aşyrowy Döwlet habarlar agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu teleýaýlymyň başlygy wezipesine M.Rejepow, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine Ý.Turşekow bellenildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň başlygy wezipesine B.Bäşimow bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen N.Iýaberenow Metbugat merkeziniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de 12 — 13-nji iýunda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek foruma türkmen alymlaryndan, mugallymlaryndan we ýaş hünärmenlerden başga-da, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň onlarçasyndan ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşar. Maslahatyň gün tertibine bilim we innowasion ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň wajyp meseleleri, ylmy işi hem-de tehnologiýalary işläp taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary girizildi. Şeýle hem ylmyň we önümçiligiň özara gatnaşyklarynyň öňdebaryjy tejribesi, esasy ylmy-tehnologik merkezleriň gazananlary hem-de ylmy işgärleri taýýarlamaga täze çemeleşmeler bilen baglanyşykly meselelere garalar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ylmy forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça tabşyryklary berip, bu maslahatyň düýpli ylmyň, ýokary bilimiň, işewürligiň we ykdysadyýetiň hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, netijeli tehnologiýalary döretmek we ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşmalydygyny belledi.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy. Wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ýurdumyz özüniň bitaraplyk derejesine laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň işlerine işjeňlik we gyzyklanma bilen gatnaşýar, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistan GDA-nyň ugry boýunça dürli forumlara we iri çärelere gatnaşmak bilen, özünde ençeme gezek Arkalaşygyň möhüm duşuşyklaryny hem-de forumlaryny kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we işjeňleşdirmäge gönükdirilen oňyn teklipleri GDA agza ýurtlaryň giň goldawyna mynasyp bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Mary we Daşoguz şäherleriniň 2012-nji we 2016-njy ýyllarda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýen derejesini üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.

GDA agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň mejlisiniň gün tertibine Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň wajyp meseleleri giriziler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan milli Liderimiziň geçen ýylyň oktýabr aýynda Soçi şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitinde beýan eden hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri möçberli düzümleýin taslamalara gatnaşmagyna gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlener.

Şeýle hem beýleki birnäçe teklipleri, şol sanda GDA agza ýurtlar tarapyndan Hazarda düzümleýin mümkinçiliklerden, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň, senagat, tehnologiýalar, oba hojalygy ulgamlarynda, işewürlik we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak boýunça teklipleri öňe sürmek göz öňünde tutulýar.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyga daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny aýdyp, Arkalaşygyň döwletleri bilen gatnaşyklaryny hoşmeýilli erk-islegiň, taryhyň dowamynda emele gelen dostlugyň, bähbitlere özara hormat goýmagyň, deňhukukly açyk gatnaşyklaryň we uzak möhletli hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri esasynda guraýandygyny belledi.

Bitarap Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde uly mümkinçiliklere eýe bolan özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýeleýär we köp ugurlar boýunça onuň üstünlikli ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyz, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak babatda Arkalaşygyň döwletleri bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydyr.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň wekiliýetine GDA agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Duşenbede geçiriljek mejlisine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň milli kanunçylygynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we milli parlamentiň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda”, “Oba hojalygyny ösdürmegiň döwlet düzgünleşdirmesi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, ilatyň durmuş goraglylygy, çaganyň hukuklarynyň kepilliklerini üpjün etmek, maşgala hem-de zähmet gatnaşyklary, ylym we bilim, medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ulgamlarda hereket edýän kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň milli jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny berkitmek, Watanymyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmek boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýetlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagynyň netijeli boljakdygyny belläp, bu babatda olaryň ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy jemläp, tomsuň birinji gününde — 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara gününiň döwlet derejesinde giňden belleniljekdigini aýdyp, mejlise gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy, şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýar körpelerini bu ajaýyp baýramçylyk bilen gutlady.

Milli Liderimiz parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmunyny, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny özünde jemleýän bu halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň eziz Watanymyzyň ýaş nesillerine buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny has-da belende galdyrjak merdana nesillerimiz, eziz Watanymyzyň gül-gunçalary, beýik geljegimizdir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem Çagalary goramagyň halkara güni biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny, ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýan sene hökmünde giňden bellenilýär.

Bu halkara günüň ähmiýetini has-da artdyrmak, parahatçylyk söýüjiligimizi, dostlugymyzy, agzybirligimizi pugtalandyrmak hem-de milli ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarymyzdaky döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine badalga berilýär.

Mähriban çagalarymyzyň milli öwüşginli, baý mazmunly şirin aýdymlary, joşgunly sazlary, şadyýan gülküleri belentden ýaňlanyp, Türkmenistan Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, gözel tebigatymyzyň waspy ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyza ýüzlenip, türkmen halkynyň uzak taryhy döwürlerden bäri nesilleriň beden we ruhy sagdynlygyna, maşgala däplerine, edep-ekrama, adamkärçilige, pähim-paýhasa, zähmete uly ähmiýet berip gelýändigini belledi. Merdana ata-babalarymyz bu mukaddes ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, baýlaşdyryp, nesillerden-nesillere geçirip gelipdirler. Häzirki döwürde hem biz köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan, agzybirligimiziň, pähim-paýhaslylygymyzyň, maşgala we terbiýe mekdebimiziň binýadyna öwrülen milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýäris.

Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller üçin beýik geljegi gurýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Türkmenistanda mährem enelerimiziň, bagtyýar çagalarymyzyň rahat, sagdyn, şadyýan durmuşda ýaşamagyna, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine gönükdirilen milli maksatnamalar hem-de giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şu maksat bilen, paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda iň häzirki zaman enjamlary, multimediýa we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, sport merkezleri, enelerimize we körpelerimize halkara derejede ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan «Ene mähri» saglyk merkezleri, Köpetdagyň sergin jülgelerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolsa, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bina edildi. Eziz Watanymyzyň abraýyny halkara derejede has-da artdyrýan taryhy ähmiýetli wakalar, gazanylýan üstünlikler kalbymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär, belent watansöýüjiligi we ynsanperwerligi terbiýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan eneligi we çagalygy hukuk taýdan goramak, maşgala goldaw bermek, çagalarymyzyň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we döredijilik taýdan talabalaýyk ösüşini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşýär. Ýurdumyz çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýar.

Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu ugurda binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine — Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy. Biziň döwletimiziň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornunyň ykrar edilýändigine we barha berkeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz mähriban halkymyzy we berkarar döwletimiziň bagtyýar körpelerini Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 3-nji iýunda ýene-de bir baýramyň — Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününiň hem giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň ählisini halkara derejede bütin dünýäde ilkinji gezek giňden bellenilýän bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, bu halkara baýramynyň adamzadyň parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrundaky beýik işlerimizde egsilmez ruhy güýç berýän, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýan aýratyn sene hökmünde milli senenamamyzda mynasyp orun aljakdygyna ynam bildirdi.

Welosiped sporty dünýäde sportuň giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen iň meşhur görnüşleriniň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Taryhyny 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň aralygynda geçirilen ilkinji uly ýaryşdan alyp gaýdýan welosiped sporty häzirki döwürde diňe bir sport babatdaky öňegidişlikleri aňlatman, eýsem, adamzadyň parahatçylyk söýüjilik taglymatlaryny, dostlugy hem-de hoşniýetliligi hem dabaralandyrýar. Biz halklaryň ýakynlaşmagynyň, bütin dünýäde parahatçylyk, dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine, şol sanda halkara sport hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan bu ugurda Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Golaýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edýän Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan yzygiderli goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerýän, halkara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk eden bu taryhy waka mähriban halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylyň tomus paslynyň ilkinji günlerinde Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, baý öwüşginli medeni-jemgyýetçilik çäreleriň geçirilmegi eziz Diýarymyzy sagdynlygyň we sportuň ýurdy hökmünde dünýä tanadýar, biziň her birimizde şatlykly duýgulary döredýär, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.

Bedenterbiýe we sport Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şoňa görä-de, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etdik, toplumlaýyn özgertmelere badalga berdik. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar guruldy.

Aşgabat şäherinde bolsa Halkara olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan desgalaryň onlarçasyny, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça desgalaryň on altysyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi bina edildi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede, aýratyn guramaçylyk ýagdaýynda geçirip, Türkmenistan döwletimizi giň möçberli halkara derejedäki sport bäsleşiklerini guramaga ukyply sport ýurdy hökmünde dünýä tanatmagymyz bolsa biziň bu ugurda gazanan iň uly üstünligimizdir.

Sportuň köp sanly görnüşlerini, şol sanda welosiped sportuny ösdürmäge, ýokary derejeli ussat türgenleri we tälimçileri taýýarlamaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Milli baýramlara hem-de şanly senelere gabatlap, köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirilýär. Lebap welaýatyndan badalga berlen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça welosiped we ylgaw ýaryşlary häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta we Palembang şäherlerinde geçiriljek XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda, şeýle hem Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň wekilleriniň üstünlikli çykyş edip, Türkmenistan döwletimiziň halkara derejedäki abraýyny mundan beýläk-de belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz mähriban watandaşlarymyzy parahatçylygy we ynsanperwerligi berkidýän, jemgyýetimiziň ägirt uly döredijilik we ruhy kuwwatyny artdyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrýan halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň wideoşekilli iş maslahatynyň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
 

2018-nji ýylyň 4 aýynyň dowamynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim ýokarlandy

04.05.2018  

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy, şol sanda senagat pudagynda 4,6 göterim, gurluşykda 0,4 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim, söwdada 7,8 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim we hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,2 göterimartdy.

Dört aýyň jemleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 18,2 göterim ýokarlandy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijileri durnukly saklanyldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet aýlyk haky 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 8,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi jemi 583 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   13.03.2018  /  

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Bu sapar Emiriň — Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.

Türkmen Lideriniň Aziýanyň günorta-günbataryndaky bu arap ýurduna sapary soňky ýyllarda däp bolan dostluk hem-de özara hormat goýmak gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini ýüze çykarýar. Türkmenistanyň merkezi edarasy Kuweýtde ýerleşýän Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen işjeň özara hereketleri şeýle ynam bildirilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň subutnamasy boldy.

Iki ýurduň ykdysadyýetleri barada aýdylanda bolsa, olaryň meňzeş taraplary hem, biri-biriniň üstüni ýetirýän taraplary hem bar. Eger Kuweýt nebitiň baý ätiýaçlyklary bilen meşhur bolup, bütin dünýäniň ätiýaçlyk gorlarynyň, takmynan, ondan birini emele getirýän bolsa, onda Türkmenistan ägirt uly gaz serişdeleri bilen belli bolup, dünýäde olaryň möçberleri boýunça dördünji orny eýeleýär. Ýurtlaryň ikisi hem senagaty diwersifikasiýalaşdyrýar, şunda nebitiň gaýtadan işlenilmegi we nebitgazhimiýa, gurluşyk serişdeleriniň, dökünleriň önümçiligi, elektroenergetika öňdäki orunlary eýeleýär. Bilim berlişiniň hiliniň ýokarlanmagy bilen elektron senagaty we beýleki ylmy pudaklar ösüşe eýe boldy.

Ýerli howa sebäpli, Kuweýtde oba hojalygynyň (maldarçylykdan başga) dolulygyna diýen ýaly ýoklugy üçin, muny birek-biregiň üstüni ýetirýän ýagdaýlara degişli etmek mümkin. Şonuň netijesinde, ýurt azyk önümleriniň köpüsini daşary ýurtdan getirýär. Ösen obasenagat toplumy bolan, eksport kuwwatyny tiz artdyrýan Türkmenistan üçin munuň özi geljegi uly sarp ediş bazarydyr hem-de täze söwda ugrudyr.

Bähbitleriň ykdysady nukdaýnazardan gabat gelmeginden başga-da, Türkmenistan we Kuweýt öz sebitlerinde BMG-niň goldaw bermeginde jedelleriň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegi ugrunda çykyş edip hem-de öz çäklerini dawalaşýan taraplara gepleşik geçirilýän meýdança hökmünde hödürläp, beýleki ýurtlaryň arasynda dürli gapma-garşylyklary düzgünleşdirmekde üstünlik bilen araçy bolmak tagallalaryny görkezip, parahatçylyk dörediji döwletleriň ornuny tutýandygy bilen hem ýakyndyr. Türkmenistan hem-de Kuweýt parahatçylyk we durnuklylyk bähbitlerini ileri tutup, umumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine, agzalalyklary aradan aýyrýan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň täze gurallarynyň döredilmegine öz goşantlaryny goşýar, şunuň bilen bu iki ýurt diplomatiýada, halkara gatnaşyklarda, Milletler Bileleşiginde özlerine uly abraý gazandylar.

...Irden Türkmenistanyň Baştutany Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi sapara ugrady. Milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Iki ýarym sagada golaý wagtdan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.

Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar.

Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Kuweýt Döwletiniň Emiriniň «Baýan» köşgüniň Maslahatlar merkezine ugrady.

Bu ýerdäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi taýdan garşylanyş dabarasy geçirilip, mahsus bolan hemme hormatlar bildirildi.

Ulagyndan çykan ýerinde türkmen Liderini Kuweýt Döwletiniň Emiri mübärekleýär. Soňra iki ýurduň Baştutanlary Döwlet baýdaklarynyň öňündäki ýörite gurnalan ýere geçýärler.

Türkmenistanyň we Kuweýtiň Döwlet senalary dabaraly ýaňlanýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Kuweýtiň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen, Emir Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahy bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar.

Soňra Maslahatlar merkeziniň uly mejlisler zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirildi.

Kuweýt Döwletiniň Emiri türkmen Lideriniň häzirki saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny hem-de biziň dostlukly ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynda täze sahypany açýandygyny belledi.

Bu gün duşuşyk dürli pudaklarda ýakynlaşmagyň ýollaryny kesgitlemäge hem-de Kuweýtiň we Türkmenistanyň halklarynyň umumy bähbitlerine hyzmat etmek üçin gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmäge, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara gün tertibi boýunça has möhüm meseleleriň çözülmeginde tagallalary birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Özara düşünişmegiň ruhuny hem-de döwletara gatnaşyklaryň dostlugyny beýan edýän mähirli ýagdaýda geçýän gepleşikleriň iki ýurduň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ymtylmagynda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emirine bu gözel ýurda sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de ýokary myhmansöýerlik bilen mähirli garşylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda möhüm orny eýeleýän Kuweýt Döwleti bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňden ösdürmäge aýratyn üns berýär diýip belledi hem-de döwletlerimiziň we halklarymyzyň umumy ruhy gymmatlyklarynyň hem-de taryhy-medeni kökleriniň bolmagynyň şeýle maksatlara esas bolup hyzmat edýändigini nygtady.

Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmakda täze tapgyryň başlanýandygy barada ynamly aýtmak bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de häzirki saparyň we gepleşikleriň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüşi üçin taryhy ähmiýete eýe diýip hasaplaýandygyny belledi.

Halkara derejedäki hyzmatdaşlygy ösdürmekde biz, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelýän bilelikdäki hereketlere ýokary ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Kuweýtiň Emirine Türkmenistanyň garaýyşlaryny we öňe sürýän halkara başlangyçlaryny, şol sanda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde energiýa howpsuzlygy we ulag-üstaşyr geçelgeleri barada öňe sürýän möhüm tekliplerini we başlangyçlaryny goldaýanlygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Öz nobatynda Türkmenistan hem halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Kuweýt Döwletiniň tagallalaryny goldaýar we olary durmuşa geçirmekde netijeli işleşmäge taýýardygyny beýan edýär.

Soňra gepleşiklerde bellenilişi ýaly, döwletlerimiziň häzirki zamanyň howplary bolan halkara terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmek boýunça hereketleri möhüm ähmiýete eýedir.

Özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň gabat gelmegi ýa-da meňzeş bolmagy biziň ýurtlarymyzyň syýasy derejedäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli alyp barmagyna esas bolup hyzmat edýär.

Ýokary syýasy derejä eýe bolan gatnaşyklarymyzy birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we goldaw bermek esasynda ösdürmegiň möhüm ähmiýetini aýratyn bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmek barada umumy pikire geldiler.

Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky meselä degip geçip, munuň diňe bir milli we ikitaraplaýyn bähbitler däl-de, eýsem, dünýä hem-de sebit ykdysadyýeti üçin hem uly ähmiýete eýe bolan ösüşlere ýetirmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.

Şu nukdaýnazardan, uzak möhlete gönükdirilen, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary giňden ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, Türkmenistanyň we Kuweýtiň Baştutanlary ýangyç-energetika pudagynyň we işläp çykaryş kuwwatlyklarynyň mümkinçilikleriniň tejribe alyşmakda we ony netijeli ulanmakda uly esas bolup durýandygyny nygtadylar.

Ýakynda dabaraly ýagdaýda owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde Kuweýt Döwletiniň iri nebitgaz kompaniýalary hem-de maýa goýum we maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Mundan başga-da, nebit-himiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary gurmakda özara tejribe alyşmak möhüm ugurlara degişli bolup durýar. Uglewodorodlardan taýýar önümiň önümçiligine aýratyn ähmiýet berip, Türkmenistan hem Kuweýt ýaly önümçiligiň ýokary tehnologik ulgamyny döredýär, bu bolsa öňdebaryjy işläp taýýarlamalar hem-de nou-haular üçin giň meýdançadyr. Hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky çäreleri anyklaşdyryp, taraplar energetika pudagy boýunça bilelikdäki Türkmen-Kuweýt iş toparyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Tebigy gazyň diňe agtarylyp tapylan gorlary energiýa serişdeleri boýunça Türkmenistany dünýäde 4-nji orunda goýýar, geljegi uly känler ýerleşen meýdançalardaky dowam edýän barlaglar bolsa ýurdumyzyň energetiki kuwwatyny has-da giňeldip, bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin has giň gözýetimleri açyp biler. Türkmenistan eksport ugurly gaz akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny öz energetika syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitläp, ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly goşandyny goşýar. TOPH gaz geçirijisi munuň mysaly bolup biler. Onuň gurulmagyny ýakynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi hem Owganystan boýunça kabul eden öz Kararnamasynda goldady. Şol resminamada ýurdumyzyň başyny başlan beýleki taslamalaryna, şol sanda ulag ulgamyndaky taslamalara hem goldaw beýan edilýär.

Türkmenistanyň we Kuweýtiň öz sebitlerinde geografik taýdan örän amatly ýerleşýändikleri babatda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi üçin zerur şertleriň döreýändigi, şonuň üçin hem bu ulgamy ösdürmekde mümkinçilikleri birleşdirmegiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir esasy ugurlarynyň biri bolup biljekdigi bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek bilen bir wagtda telekeçilik ugry boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak, netijeli pudaklarda özara maýa goýuma esaslanýan bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine hem üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyzda daşary ýurt maýasyny goýmak üçin örän oňaýly şertler, şol sanda, ygtybarly halkara-hukuk binýady döredildi. Agzalan möhüm pudaklardan başga-da Türkmenistanda metallurgiýa, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we syýahatçylyk pudaklary babatda hem taslamalar amala aşyrylýar.

Biziň ýurdumyzda häzir iri möçberli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda döredilýän, uly geljegi bolan täze pudaklar innowasion taslamalara maýa goýmak nukdaýnazaryndan Kuweýtiň maliýe-senagat toparlaryny gyzyklandyryp bilerdi. Geljegi uly bolan beýleki ugurlaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň gurluşygyny görkezmek bolar.

Şeýle mümkinçilikleri nazara almak bilen, telekeçilik aragatnaşyklary boýunça bilelikdäki işçi topary döretmek, şeýle hem ýakyn wagtda ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum boýunça işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleriň geçirilmegini Aşgabat öz üstüne almaga taýýar.

Şeýle hem Kuweýtiň Emiri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň we Kuweýtiň ikitaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen esasy çäreleriň biri hökmünde hökümetara toparyň döredilmeginiň hem-de işe başlamagynyň zerurdygy baradaky pikirini goldady. Bu toparyň mejlisleriniň çäklerinde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli meselelere seretmek we pikir alyşmak mümkin bolar. Hyzmatdaşlygyň şeýle usulynyň işe girizilmegi bilen özara bähbitli mümkinçiliklere has giň ýol açylar.

Ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, ylym we bilim, sungat we döredijilik ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlygy ýola goýmak örän möhüm ähmiýete eýedir. Biziň halklarymyz baý taryhy geçmişe eýe bolmak bilen, özleriniň milli däplerini we medeni mirasyny aýawly saklap gelýärler. Türkmenistanda sungat we döredijilik festiwallary, ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär, olara daşary ýurtlardan meşhur ussatlar, alymlar we hünärmenler gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-kuweýt döredijilik festiwalynyň geçirilmeginiň ýerlikli hasaplanýandygy we ony ikitaraplaýyn Medeniýet günleri bilen utgaşdyrmak barada teklip aýdyldy.

Muzeý işini ösdürmek, taryh, etnografiýa, medeniýeti öwreniş boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek ulgamynda özara hereket etmek hünärmenler üçin gyzyklanma döredip biler.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kuweýte şu saparynyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bu sapara özara bähbitli gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň, olary many-mazmun taýdan baýlaşdyrmagyň möhüm tapgyry hökmünde garaýarlar.

Türkmenistan we Kuweýt Döwleti diplomatik gatnaşyklary 1995-nji ýylda ýola goýdular. Şu geçen döwürde gatnaşyklar dürli ulgamlarda ösdürildi we berkidildi. Häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde hem türkmen-kuweýt gatnaşyklary okgunly ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Kuweýt ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň BMG-niň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýar. Döwletleriň ikisiniň hem halkara syýasata garaýyşlary laýyk gelýär ýa-da ýakyndyr. Munuň özi köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty we oba hojalygy, saglygy goraýyş hem-de ýokary tehnologiýalar biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhlete niýetlenen ugurlarydyr. Şu we beýleki pudaklarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan Kuweýt tarapy bilen mundan beýläk-de netijeli işleşmäge taýýardygyny beýan edýär.

Mundan başga-da, biziň ýurtlarymyz nebithimiýa we nebiti gaýtadan işleýän önümçiliklerde, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýär. Bilelikdäki hökümetara toparyň işi işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly ýardam edip biler. Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda bu topary döretmek barada gürrüň edildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Onuň esasyny bolsa iki halky birleşdirýän umumy ruhy gymmatlyklar, däp-dessurlar we ahlak ýörelgeleri düzýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Kuweýt Döwleti bilen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, ýene-de bir gezek Emire — Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz Kuweýtiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza gelip görmäge çagyrdy hem-de oňa berk jan saglyk we jogapkärli işinde üstünlik, Kuweýt Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa bagt, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hususan-da, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kuweýt toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Diplomatik we gulluk/ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Saud Al-Nasser Al-Sabah adyndaky Diplomatik institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Söwda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Mundan başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kuwait Petroleum Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sungat we medeniýet ulgamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasyndaky tehniki ýardamy bermek hakyndaky bilelikdäki resminamany kabul etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Al Jahran” kabulhanasynda Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri, Arap Ykdysady ösüşi boýunça Kuweýt Gaznasynyň dolandyryjylar Geňeşiniň başlygy Şeýh Sabah Haled Al-Hamad Al-Sabah bilen duşuşyk geçirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmek Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Dostluk däpleri şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Kuweýtiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýandygyny aýtdy. Biziň döwletlerimiz ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Kuweýt Döwletiniň halkara we sebit giňişliginde eýeleýän ornuna ýokary baha berýändigi, ony arap dünýäsinde özüniň möhüm hyzmatdaşy hasaplaýandygy nygtaldy.

Şeýh Sabah Haled Al-Hamad Al-Sabah türkmen Liderini ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlap, Kuweýtiň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de netijeli aragatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň taryhy sepgidine öwrülip, şol gatnaşyklaryň täze tapgyryny alamatlandyrandygy, gazanylan ylalaşyklaryň bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatynyň netijeli peýdalanylmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Iki ýurduň halklaryny gadymy medeni we taryhy kökler, belent ruhy gymmatlyklar ýakynlaşdyrýar. Häzirki wagtda bu gymmatlyklar dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň girewi bolup hyzmat edýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Kuweýtiň arasynda maýa goýum, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem-de halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary baradaky meselelere deglip geçildi.

Türkmenistanyň we Kuweýtiň dünýäde ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedigi bellenildi. Munuň özi energiýa serişdelerini işläp taýýarlamak we halkara bazarlara ibermek ulgamynda taraplaryň özara gatnaşyklara gyzyklanmasynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Sebitiň ähli ýurtlary üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan TOPH transmilli gaz geçirijisi strategik taslamalaryň hatarynda görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlendigini aýdyp, ony durmuşa geçirmäge abraýly halkara maliýe düzümleriniň gatnaşýandygyny, dünýä bileleşiginiň taslama uly goldaw berýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri türkmen Lideriniň bu ulgamda öňe süren başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, halkara giňişlikde ýokary derejede durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge çalyşýandygyny aýtdy. Şunda türkmen tarapynyň kuweýtli hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, olaryň özara bähbitli tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Şeýh Sabah Haled Al-Hamad Al-Sabah ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Kuweýtiň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler we döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Jaber Al-Mubarak Al-Hamad Al-Sabah bilen duşuşygy boldy.

Milli Liderimiz we Premýer-ministr mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde mizemez dostlugyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň binýadynda üstünlikli guralýan türkmen-kuweýt hyzmatdaşlygynyň käbir meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Jaber Al-Mubarak Al-Hamad Al-Sabah şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň üstünligi bilen gutlap, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we türkmen tarapynyň şu sapara Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman taryhynyň möhüm tapgyry hökmünde baha berýändigini, onuň ikitaraplaýyn esasda hem-de Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň we beýlekileriň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga gönükdirilendigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna yzygiderli ygrarlydygyny nygtady.

Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny goldaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Baştutanynyň adamzadyň düýpli meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmesiniň dünýäde barha giňden goldaw tapýandygyny nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň sebit hem-de ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine görýän çärelerine ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz we Premýer-ministr türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de meýilleşdirilýän ugurlary barada pikir alyşdylar. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenip, iki ýurduň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynyň işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňaýly şertleri döredýändigi bellenildi. Senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy gazanylanlary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň ýangyç serişdelerini çykarýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bu strategiýanyň esasy ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Kuweýt Döwletiniň premýer-ministri türkmen Lideriniň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýdyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygynyň taslamalarynyň sebitiň ýurtlary üçin ägirt uly ähmiýetini nygtady. Olar hakyky hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Jaber Al-Mubarak Al-Hamad Al-Sabah Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň häzirki wagtda bütin dünýäde geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde kabul edilýändigini belläp, Kuweýtiň işewür toparlarynyň amala aşyrylýan taslamalara giňden gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. Maýa goýumlary, söwda, gurluşyk we beýleki pudaklar möhüm ulgamlaryň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandygyny nygtap, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Sergileri guramak baradaky teklip aýdyldy, geljekki hyzmatdaşlar — döwlet hem-de hususy düzümleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän yzygiderli işewür duşuşyklary hem-de işewürler maslahatlaryny geçirmegiň maksada laýyklygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz esasy arap kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hem-de tejribesiniň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirýän Türkmenistanda gerek boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň wajypdygyna degip geçip, ylym-bilim, medeni ulgamlarda hem-de syýahatçylyk we sport ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny bellediler. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi dünýäniň köp döwletleriniň okgunly ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt Döwletine resmi sapary dowam edýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si

2018-nji ýylyň 1-nji maýynda Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­dan da­şa­ry göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di, on­da Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­nyň hem-de Bal­kan we­la­ýa­ty­ny yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len döw­le­ti­mi­ziň içe­ri sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we­la­ýa­ty dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­riň öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze de­ňiz por­tun­da hem-de gaz-hi­mi­ýa top­lum­la­ryn­da iş­le­mek üçin ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Mu­nuň özi se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ni üp­jün et­me­li­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň tas­la­ma­sy­ny ta­ry­hy di­ýip at­lan­dyr­mak bo­lar, çün­ki onuň ama­la aşy­ryl­ma­gy bi­ziň ýur­du­my­zy öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze sep­gi­di­ne çy­ka­ryp, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň hal­ka­ra ul­ga­my­na giň­den go­şul­ma­ga, üs­ta­şyr gat­naw­la­ryň mö­hüm mer­ke­zi hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder di­ýip bel­le­di. Dür­li ugur­la­ryň ula­nyl­ma­gy aw­tou­la­gyň sarp ed­ýän wag­ty­ny ep-es­li tyg­şyt­la­ma­ga, ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni ep-es­li art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rip, ýo­lag­çy gat­naw­la­ry­ny de­ňiz ýo­ly ar­ka­ly art­dyr­ma­ga ýar­dam eder, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny ös­dür­mä­ge oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­ti­rer.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2 — 3-nji maý­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek iri möç­ber­li çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Şol çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly — tä­ze üs­tün­lik­le­re ta­rap ýol” at­ly hal­ka­ra fo­rum, iň döw­re­bap hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň açy­ly­şy bar. Şu­lar bi­len bir­lik­de, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ulag mi­nistr­le­ri­niň IX mej­li­si­ni ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di.

Mil­li Li­de­ri­miz hä­zir tä­ze hil­de gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän, en­çe­me asyr­lar mun­dan ozal çäk­le­rin­den Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ge­çen Türk­me­nis­ta­nyň se­bit we yk­lym äh­mi­ýet­li mö­hüm üs­ta­şyr-ulag we lo­gis­ti­ka hal­ka­sy hök­mün­de öz tut­ýan or­nu­ny yzy­gi­der­li ber­kid­ýän­di­gi­ni bel­läp, köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra çä­re­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li we­zi­pe­le­ri bel­läp, bu ugur­da ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri­niň has giň­den peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. De­giş­li pu­dak­la­ryň ze­rur­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek bi­len bir ha­tar­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu stra­te­gik taý­dan mö­hüm bö­le­gi­niň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy onuň gir­de­ji­li­li­gi­ni we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len şert­len­di­ri­len­dir we te­bi­gy baý­lyk­la­ry gaý­ta­dan iş­le­me­giň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na esas­la­nan­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le hem ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ne­bit we gaz­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­ly sarp edi­ji­le­re iber­mek üçin Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len tä­ze ter­mi­nal­la­ry­nyň hem-de am­mar­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak mak­sa­dy bi­len, ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni has-da pug­ta­lan­dyr­mak, ýa­kyn gel­jek­de hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi güýç­len­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, yk­dy­sa­dy ul­ga­myň eda­ra­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan wa­jyp we­zi­pe­le­re ün­si çek­di. Dür­li pu­dak­la­ryň ma­li­ýe ýag­da­ýy esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Şu ba­bat­da edi­len hyz­mat­lar üçin buý­ru­jy­lar bi­len pot­rat­çy­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra ha­sap­la­şyk­la­ry wag­tyn­da ge­çir­mek ba­ra­da­ky me­se­le­ler baş ta­lap­la­ryň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny nyg­ta­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, hal­ky­my­zyň dur­muş ul­ga­my­nyň üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ma­gy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni bel­läp, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň äh­li dü­züm­le­ri­niň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk de­re­je­si­ne örän jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi tab­şyr­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne berk jan sag­lyk we Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň hem-de hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw et­di.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   09.03.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine boljak resmi saparlaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Kuweýt Döwleti we Birleşen Arap Emirlikleri bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary muňa aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Hökümet derejesinde hem-de daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýlan yzygiderli duşuşyklar hem-de abraýly halkara guramalaryň — BMG-niň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýlekileriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk türkmen-kuweýt hem-de türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.

Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki duşuşyklara we gepleşiklere möhüm orun degişlidir. Wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimiziň garamagyna öňdäki saparlaryň maksatnamalaryny hödürledi. Saparlaryň her biriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarlydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýum işini we işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirilen medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, öňümizdäki ýokary derejedäki gepleşikleriň wajypdygyny belledi. Şol gepleşikler Kuweýt Döwleti we Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda uly ähmiýete eýe bolan saparlara taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow degişli ministrlikler we pudak edaralary hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018—2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini beýan edýän bu maksatnama sebit we dünýä möçberinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, hususy ulgamyň önümçilik, innowasiýa we maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösüşinde, onuň bazar gatnaşyklaryna geçirilmeginde telekeçilige möhüm ornuň berilýändigini nygtady. Milli Liderimiz agzalan maksatnamanyň taslamasyny oňlap, hususy ulgamy döwlet tarapyndan goldamagyň çäreleriniň durmuşa geçirilişine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer hasabatyň çäklerinde Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň hem-de onuň barşynda ministrliklerde we pudak edaralarynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeleri barada hasabat berdi. Saparynyň netijeleri boýunça Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti maglumat habaryny taýýarlady. Onda ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde gazanylan makroykdysady görkezijilere we üstünliklere ýokary baha berilýär. Bu maglumat habaryny Halkara pul gaznasynyň internet-sahypasynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mundan beýläk-de düýpli özgertmeler ýörelgelerine eýerjekdigini nygtady. Şol özgertmeler milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, ony öňdäki sepgitlere ýetirmäge we şunuň bilen birlikde, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz şu maksatlar bilen ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmek boýunça maksatlaýyn çäreleriň görülýändigini, iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, maliýe-bank, býujet-salgyt hem-de pul-karz ulgamlarynyň kämilleşdirilýändigini belledi. Şunda çeýe makroykdysady syýasatyň geçirilmegi, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleriň netijeli çözülmegi, iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de iň oňat dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, öňdebaryjy halkara maliýe düzümleri, şol sanda Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy möhümdir.

Diňe diwersifikasiýalaşdyrylan ykdysadyýet uzak geljek üçin durnuklylygy saklamaga, ýurdumyzyň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da artmagyna ýardam berer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçiriljek birleşmäniň agzalarynyň sergisine hem-de maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 17 — 18-nji martda TSTB-niň senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar ulgamlarynda işleýän agzalarynyň şu döwürde gazanan üstünliklerini görkezjekdigi habar berildi.

Ýurdumyzda telekeçileriň we senagatçylaryň işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, hususy ulgamy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde maksatnamalar amala aşyrylýar. Munuň özi ýokary tehnologiýalary, innowasion tejribäni ornaşdyrmak arkaly häzirki zaman önümçiliklerini döretmäge mümkinçilik berýär. Bu kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar.

TSTB-niň agzalarynyň maslahatynda 10 ýylda birleşmäniň alyp baran işleriniň netijeleri jemleniler, geljek üçin wezipelere garalar, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen hususy ulgamda öňde goýlan maksatlara ýetmek baradaky çäreler belleniler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň öz işleriniň gerimini giňeltmegi üçin mümkinçilikler näçe köp boldugyça, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşiniň depginleriniň hem şonça ýokary bolýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz TSTB-niň öňde boljak sergisini we maslahatyny ýokary derejede guramak boýunça tabşyryklary berip, olaryň diňe bir üstünlikleri görkezmän, eýsem, içerki we daşarky bazarlarda hususy kärhanalaryň önümlerini hem-de hyzmatlaryny ilerletmäge, ýurdumyzyň işewürliginde maýa goýum hem-de innowasion işleri giňeltmegiň has wajyp ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýän toplumlaýyn çärä öwrülmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda döwlet Baştutanymyzyň degişli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň hem-de daşary ykdysady bähbitleriniň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasiýa tehnologiýalarynyň we öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, gazy gaýtadan işleýän, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleriň gurluşygy ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen çäreleri hemişe pugta gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Wise-premýere nebitgaz toplumyny dolandyrmak ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Agrotehniki kadalara laýyklykda we howa şertlerini nazara almak bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri tekizlemek, tagt suwuny tutmak we beýleki işler dowam edýär.

Wise-premýer hormatly Prezidentimizden ýaz ekişine başlamagyň senesini belläp bermegini haýyş etdi.

Şeýle hem 21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Bu çäräniň barşynda paýtagtymyzda hem-de sebitlerde giň möçberli bag ekmek işleri geçiriler. Hususan-da, şol gün Ahal welaýatynyň “Nowruz ýaýlasynda” 15 gektarda tut nahallaryny we 5 gektarda miweli baglaryň nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygynda hem giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Geçirilýän tutumly işleriň netijesinde oba hojalyk pudagy yzygiderli ösýär.

Döwletimiz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde daýhanlaryň netijeli işlemegi, ýerden bol hasyl alyp, halal zähmeti bilen baýamagy üçin ähli zerur şertleri döretdi.

Babadaýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dökünleriň dürli görnüşleri, kämil oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda suw bilen hem-de beýleki zerur serişdeler bilen öz wagtynda we doly üpjün edilýär. Milli Liderimiz amala aşyrylýan bu işleriň oňat netijesini hem berýändigini aýtdy.

Edermen daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen geçen ýyl ýurdumyz boýunça bir ýarym million tonnadan gowrak bugdaý we 1 million 100 müň tonnadan gowrak hem pagta öndürildi. Beýleki oba hojalyk ekinleriniň hem bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Oba ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, obalaryň, şäherçeleriň we etraplardaky şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça ýörite maksatnama kabul edildi. Häzirki döwürde bu maksatnama laýyklykda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem oba hojalyk işgärleriniň belent sepgitlere ýetip, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna ynam bildirdi.

Häzir pagtaçy daýhanlarymyzyň durmuşynda möhüm we jogapkärli döwür — ekiş möwsümi ýetip geldi. Bol pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmek ekişiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydyr. Şoňa görä-de, bu möwsümi bellenen möhletlerde we guramaçylykly geçirmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda hem 28-nji martda gowaça ekişine girişmäge ak pata berip, hormatly ýaşulularymyzdan ekiş möwsümini «Bismilla!» bilen başlap bermegini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine abadan we bagtyýar durmuş, yhlasly zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän senagat ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, dokma pudagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Dokma senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň deri önümçiligi pudagyny ösdürmek, onuň gaýtadan işlenilişini kämilleşdirmek hem-de deri önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ahal welaýatynda täze pudaklaýyn kärhanany gurmaga, Gökdepäniň we Marynyň hereket edýän gön zawodlaryny, “Türkmen — Kalkan” aýakgap fabrigini döwrebaplaşdyrmaga halkara bäsleşigiň yglan edilendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň isleg bildirýän ýokary hilli harytlary bilen içerki bazary doldurmak üçin ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Bu wezipeleri çözmek üçin kuwwatly önümçilik mümkinçiligini hem-de baý çig mal serişdeleri goşmak bilen ýurdumyzda hemme şertler bar. Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde öz ýurdumyzda taýýarlanylýan çig maldan öndürilýän önümleriň önümçiligini artdyrmaga we pudakda bilelikdäki kärhanalary döretmäge aýratyn üns berilýändigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda seýilgählere hem-de medeni-dynç alyş ýerlerine ideg etmek boýunça degişli derejede işler amala aşyrylýar, paýtagtymyzyň köçeleriniň ugrunda bezeg agaçlary, güller, gyrymsy baglar ekilýär. Şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gowulandyrmak, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, ýaşaýyş jaýlarynyň daşky durkuny abatlamak hem-de köçeleri arassa saklamak boýunça meýilleşdirilen çäreler geçirilýär.

Ulag düzümlerini has-da ösdürmäge uly üns berilýär: uly awtomobil ýollarynyň durky täzelenýär, täze köprüler we ýol aýrytlary bina edilýär. Aýratyn ýygy gatnawly awtomobil ýollarynyň böleklerinde ýolagçylara hyzmat etmekde oňaýlylygy üpjün etmek maksady bilen, ýol belgilerini hem-de duralgalarda oturdylan tehniki enjamlary arassalamak boýunça işler alnyp barylýar.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli etraplarynda durmuş we inženerçilik düzümlerini kämilleşdirmek boýunça utgaşykly işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilen iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň örän möhümdigini nygtap, gurluşyklara bildirilýän esasy talaplary berjaý etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi — ol talaplar adamlar üçin amatlylygy döretmekden, şeýle hem bina edilýän düzümleýin desgalaryň ählisiniň ygtybarlylygyny we berkligini üpjün etmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş toplumlaryny tertipleşdirmegi, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmagy, jemagat gulluklarynyň işlerini kämilleşdirmegi, bagy-bossanlyga büremegi we beýlekileri goşmak bilen, ähli ugurlarda alnyp barylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygy barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak binagärlik keşbini döretmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi, däp bolan milli binagärligiň hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň öňdebaryjy aýratynlyklaryny özünde sazlaşykly jemleýän owadan binalar paýtagtymyzyň bezegi bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmaga ähmiýet bermegiň örän wajypdygyny nygtap, öňde goýlan wezipeleriň hemmesini bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ministrliklerindäki hem-de pudak edaralaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň hem-de bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz baý serişdeler binýadyna eýe bolan Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň häzirki günüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýdyp, munuň üçin ýurdumyzda iň täze enjamlar bilen üpjün edilen howa we demir ýol menzilleriniň gurlandygyny, täze polat we awtomobil ýollaryň çekilendigini we öňden barlarynyň durkunyň täzelenendigini, inženerçilik desgalarynyň gurlandygyny belledi.

Türkmenistanyň döwrebap ulag-üstaşyr logistika düzümini, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt döretmek babatda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döwrebap görnüşde dikeltmek boýunça görýän çäreleriniň diňe bir ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösmegine däl, eýsem, tutuş sebitiň ykdysadyýetiniň ösmegine kuwwatly itergi berendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe hem-de peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Milli bahar baýramy mynasybetli, däp bolşy ýaly, “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Milli bahar baýramynyň aýratyn many-mazmuna eýedigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow müňýyllyklardan gelýän Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň halkara ähmiýetine ünsi çekip, häzirki zaman dünýäsinde onuň jebisleşdiriji güýjüni nygtady. Milli Liderimiz Halkara Nowruz baýramynyň dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine döwletleriň özara gatnaşyklary üçin täze ýollary açýandygyny, daşary ýurtlar bilen özara ynanyşmagy we düşünişmegi, dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini, halkymyzy täze ajaýyp işlere ruhlandyrmalydygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere dünýäde türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Beýleki gymmatlyklar bilen birlikde, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän binagärlik ýadygärlikleri bu mirasyň şaýatlary bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda bu ýerde edilen arheologik açyşlaryň giňden wagyz edilmegine hem-de mundan beýläk-de ylmy taýdan çuňňur öwrenilmegine mynasypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 orunlyk şypahanany gurmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem bilim hakyndaky resminamalaryň döwlet nusgalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna resminamalaryň täze nusgalarynyň dürli görnüşleri hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 orunlyk şypahanany gurmak hakynda» Karara gol çekip, bu desgany bina etmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz adamlaryň saglygy hakyndaky aladanyň döwletimiziň ileri tutýan wezipeleriniň biridigini belläp, paýtagtymyzyň günortasynda döredilen saglyk şäherçesiniň çäklerinde adamlaryň ýüz keşbine timar bermäge, saç ösüşini kadalaşdyrmaga we beýleki hyzmatlary ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilen, döwrebap kosmetiki —–bejeriş merkeziniň gurulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi hem-de wise-premýere bu babatda degişli teklipleri taýýarlamak barada görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere bilim hakyndaky resminamalaryň döwlet nusgalaryny taýýarlamak boýunça tabşyryklary berip, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilen okatmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, bilimiň usulyýet binýadyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň kanunçylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. 25-nji martda geçiriljek Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň ýurdumyzda syýasy medeniýeti ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryna we demokratik gymmatlyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Milli Liderimiz ähli kanunçylyk işiniň jemgyýetimiziň bähbitlerine gönükdirilmelidigini aýdyp, halkymyzyň saýlanlarynyň esasy wezipesiniň ilatyň bähbitlerini goramakdan, kanunlarda döwletimiziň durmuş ulgamyndaky ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmekden ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyp, bu çäräniň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň ähli meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ulag we ara­gat­na­şyk mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gy

03.05.2018  Türkmenistan gazet

 Şu gün «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ulag we ara­gat­na­şyk mi­nistr­le­ri­niň IX mej­li­si bol­dy.

Onuň gün ter­ti­bi­ne se­bit we se­bi­ta­ra ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, bu mö­hüm ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ iş­jeň­leş­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň giň top­lu­my gi­ri­zil­di. Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň — Azer­baý­ja­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Eý­ra­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Pa­kis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Tä­ji­gis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň we­kil­le­ri­niň 70-den gow­ra­gy gat­naş­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow fo­rum­da eden çy­ky­şyn­da ulag-ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­ny kes­git­läp, ýur­du­my­zyň Mer­ke­zi Azi­ýa­ny Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm we aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gyn­dan ugur al­ýan­dy­gyny aýt­dy.

Ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gy­nyň Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­me­li. Bu iri se­bit­le­ýin gu­ra­ma 1985-nji ýyl­da dö­re­di­lip, ol özü­ne Azer­baý­jan, Ow­ga­nys­tan, Eý­ran, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Pa­kis­tan, Türk­me­nis­tan, Tür­ki­ýe, Tä­ji­gis­tan we Öz­be­gis­tan ýa­ly on döw­le­ti bi­rik­dir­ýär. Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da we Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­da syn­çy­nyň de­re­je­si­ne eýe bo­lup, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, BMG-niň ýa­nyn­da­ky azyk we oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy, BMG-niň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça Ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy, Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy, Gü­nor­ta — Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň as­so­sia­si­ýa­sy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki­ler bi­len ýyg­jam hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ulag-ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­nyň de­mir ýol, aw­to­mo­bil, de­ňiz ulag­la­ry, ra­ýat awia­si­ýa­sy bo­ýun­ça ýük­le­ri da­şa­mak, ýo­lag­çy gat­nat­mak ba­bat­da se­bit­le­ýin ba­za­ryň ösü­şi­niň dür­li ugur­la­ry­na ga­ral­dy. Pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da se­bit­le­ýin gat­na­şyk­la­ra iş ýü­zün­de iter­gi ber­mek mak­sa­dy bi­len, ut­ga­şyk­ly ulag sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­di. Şeý­le hem ka­nun­çy­ly­gyň we tö­leg­le­riň ut­ga­şyk­ly­ly­gy, güm­rük, wi­za we beý­le­ki çä­re­le­ri ýu­waş-ýu­waş ýe­ňil­leş­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Bu çä­re­ler işe­wür dü­züm­le­riň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­mä­ge we ýük gat­naw­la­ry­nyň we da­şar­ky söw­da­nyň möç­ber­le­ri­niň art­ma­gy­na ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedow iň­lis di­lin­de çy­kyş edip, ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň ulag ul­ga­my­nyň ösü­şi­niň mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän hä­zir­ki za­man de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri­niň, Aş­ga­bat­da hem-de we­la­ýat­lar­da hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­ri­niň gur­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy bu ul­gam­da­ky se­bi­ta­ra we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň art­ýan­dy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Türk­men Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry öňe sür­ýär we ola­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Bu bol­sa Ga­ra hem-de Bal­ti­ka deň­zi se­bit­le­ri­niň, Gü­nor­ta we Gü­nor­ta — Gün­do­gar Azi­ýa, Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry­nyň de­ňiz ter­mi­nal­la­ry­na, şeý­le hem Hy­taý, Hin­dis­tan, Pa­kis­tan ýa­ly kuw­wat­ly yk­dy­sa­dy mer­kez­le­re, Azi­ýa — Ýu­waş um­many se­bi­ti­niň de­ňiz ter­mi­nal­la­ry­na çy­kal­ga­ny üp­jün edip, Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ulag akym­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran ýa­ly dost­luk­ly döw­let­le­ri bag­la­nyş­dy­ran de­mir ýol, Kerki — Ymam­na­zar (Türk­me­nis­tan) — Aki­na (Ow­ga­nys­tan) ug­ry bo­ýun­ça Azi­ýa hal­ka­ra de­mir ýol ge­çel­ge­si­niň il­kin­ji no­bat­da­ky­sy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tür­ki­ýä çy­kal­ga­sy bo­lan Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Mo­dal ýo­ly dö­ret­mek, Ow­ga­nys­tan — Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Gru­zi­ýa — Tür­ki­ýe ulag ge­çel­ge­si­ni gur­mak, Ýew­ro­pa, Kaw­kaz — Azi­ýa ulag ge­çel­ge­si­ni iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň, tas­la­ma­la­ry­nyň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   16.02.2018  /  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise käbir welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýewe söz berdi. Wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak çäresine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpşahaly ulgamyny döretmegiň, olaryň halkara ugurlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmäge, giň möçberli halkara energetika taslamalarynyň, şol sanda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijiniň şeýle taslamalaryň biri bolup durýandygyny belläp, öňümizdäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň düýbüni tutmak çäresine görülýän taýýarlyk, 2018-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde we ýokary hilli tamamlamak hem-de ulanmaga tabşyrmak hakyndaky buýrugyň taslamasy barada, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde baglara ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzda 2018-nji ýylda ulanmaga beriljek desgalaryň maksatnamasy barada hasabat berip, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamalary hödürledi. Oňa laýyklykda, şu ýyl dürli maksatly desgalaryň 65-si gurlup, ulanmaga berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň çekilmeginiň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, parahatçylykly ösüşiň, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň bähbidine türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň sarp edijilerine ibermek boýunça işleriň täze tapgyrynyň başlanjakdygyny aýtdy we wise-premýere dabarany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm wezipesine ünsi çekip, her bir taslamany işläp taýýarlamaga döredijilikli çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Çünki, amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksady türkmenistanlylaryň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz baglara ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyp, toplumlaýyn işleriň daşky gurşawy goramak ulgamynda wezipeleri çözmäge, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge ýardam etmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 23-nji we 26-njy fewralda geçiriljek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Owganystandaky Turgundy menzilinde Serhetabat — Turgundy täze demir ýolunyň, Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň açylmagy hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly dabaralara giň medeni-köpçülikleýin çäreler bagyşlanýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlarynyň çykyşlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy aýdyň beýan ediler. Döredijilik toparlary türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerini, baýramçylyk dessurlaryny, milli tagamy taýýarlamagyň aýratynlyklaryny, el işlerini, milli sport çärelerini we ýazky meýdan işlerini beýan ederler. Sergi toplumlarynda milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkeziler. Şeýle hem Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýän, şeýle hem jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi .

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow “Amul—Hazar 2018” halkara awtorallisini, wewelosiped we ylgaw ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we olimpiýa hereketini, sagdyn-durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek maksady bilen, bu sport ýaryşlary barada jikme-jik habar berildi. Şeýle hem şu ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara ähmiýetli iri sport çäreleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu syýasatyň, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemäge, olimpiýa hereketini köpçülikleýin we giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Şu maksatdan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty geljekde-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň toplumlaýyn özgertmelerine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere Beýik Ýüpek ýoly ugry boýunça geçiriljek ýaryşlaryň ählisine ykjam taýýarlyk görmek we olary ýokary guramaçylyk derejesinde guramak boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak çäresine, şeýle hem Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän kämil aragatnaşyk ulgamynyň döredilendigini belledi. Diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany baglanyşdyrýan bölüm bolup durýan we milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan aragatnaşyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goldaw berýän Aziýa — Ýewropa üstaşyr optik süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygynyň wajyp ähmiýeti bardyr.

Milli Liderimiz pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmekde ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmagyň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenabat şäherinde gurlan täze Halkara howa menziliniň sebit ulag-üstaşyr ulgamyny döretmegiň möhüm bölegi hökmündäki ähmiýetini nygtap, açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi boýunça wise-premýere tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak bilen baglanyşykly halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar” hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygyny belledi. Şu maksatlar bilen Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüş wezipelerini çözmäge ýardam edýän iri düzümleýin taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňümizdäki çäreleriň möhüm ähmiýetini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary K.Durdymyradow 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli 26-njy fewralda Türkmenabat şäherinde geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny we onuň bilen bagly milli taryhy-medeni gymmatlyklary giňden wagyz etmäge gönükdirilen “Amul — Hazar 2018” halkara sport çäreleriniň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz özüne medeni we sagdynlyk ýörelgelerini birleşdirýän şeýle çäreleriň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge ýardam etjekdigini, ülkäni öwrenişiň ösdürilmegini höweslendirjekdigini, ýurdumyzyň taryhyna gyzyklanmany artdyrjakdygyny belledi.

Milli Liderimiz wise-premýeriň ünsüni sport çärelerini geçirmäge ykjam taýýarlyk görmegiň wajypdygyna çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejedäki zerur ideg işleri alnyp barylýar. Ösüş suwy tutulýar, ekinler mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Şunuň bilen birlikde ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Tohumçylyk hojalyklarynda toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, gowaçalaryň dürli görnüşleriniň ekilmeli ýerleriniň meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar.

Şeýle hem wise-premýer ilaty gök we bakja önümleri bilen üpjün etmegiň meseleleri boýunça hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda geljekki bol hasylyň düýbüni tutmak boýunça amala aşyrylýan işleriň wajypdygyny belläp, olaryň ylmy esasda alnyp barylmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklar berdi.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz ekerançylyk babatda uly üstünlikleri gazanan şöhratly pederlerimiziň köp asyrlyk tejribesini dikeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy. Edilýän tagallalaryň ýerlerden alynýan hasyly ýokarlandyrmaga, pudagyň ägirt uly mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berjekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň işini ylmy esasda ilerletmek boýunça oňyn tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ilatyň özümizde öndürilen gök we bakja önümleri bilen üpjünçiligi meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O. Gurbannazarow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we Türkmenistanyň degişli düzümleriniň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde içerki sarp edijileri ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek, ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyny giňeltmek, milli ösüşiň wajyp wezipelerini ýerine ýetirmekde olaryň mümkinçiliklerini we goşandyny ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň söwda we telekeçilik ulgamynyň işini kämilleşdirmek, işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny kemala getirmekde hususy başlangyçlary höweslendirmek, bu ulgama öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, döwlet eýeçiligindäki desgalary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, iş ýüzünde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde hususylaşdyrmaga degişli döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar barada ministrlikler hem-de pudak edaralary bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada habar berildi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde wise-premýer Türkmenistanyň “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň birinji sanynyň çapa taýýarlanandygy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýerler G.Myradowa we D.Amangeldiýewe ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçileriniň köp sanly gurluşyk materiallaryny, gurluşyk işleri geçirilende zerur bolan ähli materiallary öndürmegi ýola goýandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary özümizde öndürilen materiallar bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerini alyp barmagy kämilleşdirmegiň, zähmeti guramagyň usullaryny döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýerlere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, milli parlamentiň türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hakyky demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak boýunça geçirýän işleriniň aýratyn möhüm ähmiýetini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoluna düşmek bilen, kanunyň rüstemligini, jemgyýetiň iň belent gazananlary hökmünde raýatlaryň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny öz ösüşiniň möhüm ileri tutulýan ugurlarydygyny yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz iri halkara guramalary, ozaly bilen bolsa BMG bilen bilelikdäki möhüm taslamalaryň tutuş toplumy, şol sanda çaganyň hukuklaryny goramak, demokratiýa we hukuk, gender deňligi we häzirki zamanyň beýleki möhüm meseleleri boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlykly toplanylan oňyn tejribäniň peýdalanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu düzümleriň agzalarynyň alyp barýan işleriniň döwletimizde jemgyýetçilik-syýasy çäreleri işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, olar halkyň arasynda bolup, döwlet derejesinde amala aşyrylýan asylly işleriň ähmiýetini we kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň, çözgütleriň mazmunyny giňden düşündirmek işlerini yzygiderli alyp barmalydyrlar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda Mary hem-de Lebap welaýatlarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän giň möçberli çäreleriň taryhy ähmiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly wakalaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginde welaýatlaryň ähli düzümleriniň utgaşykly işi ýola goýulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, “Amul —Hazar 2018” dakar derejeli halkara awtomobil rallisine ak pata bermek bilen baglanyşykly ähli taýýarlyk çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi we bu ýaryşlary sentýabr aýynda ýokary guramaçylykly tamamlamak boýunça taýýarlyk işlerini degişli derejede ýola goýmagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, ýakyn geljek üçin wezipeleri belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlarymyz bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, biz abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem köptaraplaýyn esasda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryny ýokary derejede saklamaga gönükdirilen işleri alyp barýarys. Şeýle hem, sebitimizde energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri geçirýäris.

Häzirki döwürde biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de beýleki möhüm taslamalaryň, hususan-da, energetika we aragatnaşyk, ulag - kommunikasiýa ulgamlaryndaky taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 23-nji fewralda biziň bilelikde düýbüni tutjak, Aziýa ýurtlaryna türkmen tebigy gazyny eltjek Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen hemişelik ýazylar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Asyryň bu iri gaz geçirijisi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ösmegine uly itergi berer. Müňlerçe täze iş orunlaryny açmaga mümkinçilik döreder. Elektrik energetikasy, ulag-kommunikasiýa we ýaşaýyş-durmuş maksatly üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge ýardam eder. Elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilmegi bolsa, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähli desgalaryndan başga-da, sebitiň ýurtlaryny elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün etmäge hem mümkinçilik berer. Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Aziýanyň beýleki döwletlerine elektrik energiýasyny eksport etmäge şert döreder. Bu ýurtlaryň hökümetleri şol taslamanyň çaltrak durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini öň beýan etdiler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biziň Garaşsyz Watanymyzyň Merkezi Aziýa sebitinde, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde esasy halka, Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda örän möhüm maglumat - kommunikasiýa köprüsi hökmünde ykrar edilmegi halkara ölçeglerine laýyk gelýän we maglumat alyşmagyň ýokary hilini üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

Ýokarda sanalyp geçilen taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, senagat harytlarynyň we maglumatlaryň üstaşyr geçirilmeginden alynjak serişdeleriň hasabyna Owganystanyň býujetine köp möçberde girdeji getirer. Biziň sebitimizde ýaşaýan halklaryň bähbidine durnuklylygyň we yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Fewral aýynyň 26-synda geçiriljek ikinji çäre hem ýurdumyzyň durmuşynda taryhy wakadyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan sagdyn durmuş kadalaryny goldamak, sporty, şol sanda köpçülikleýin sporty ösdürmek baradaky syýasaty özüniň oňat netijelerini berýär. Muňa türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary ýygy - ýygydan eýeleýändikleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Siziň bilşiňiz ýaly, biz V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirdik. Bu oýunlarda türgenlerimiz medallaryň sany boýunça birinji orny eýelemegi başardylar. Ýakyn günlerde geçiriljek ylgaw we welosipedli ýaryşlar, Dakar derejesinde geçiriljek halkara awtoralli bäsleşigi, agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem ýurdumyzyň sport durmuşynda taryhy wakalara öwrüler. Berkarar döwletimizde sportuň bu ugurlaryny ösdürmäge uly itergi berer.

Geçen ýyl Ýaşulularyň maslahatynda tassyklanan 2018 — 2024-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna, Garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, biz ýaňy-ýakynda aýna we aýna önümlerini öndürýän iri kärhanany işe girizdik. Nesip bolsa, 26-njy fewralda täze Türkmenabat Halkara howa menzilini hem dabaraly açyp, ulanmaga bereris.

Ulag gatnawlarynyň köpelmegi bolsa, ýerasty baýlyklary örän köp bolan Lebap welaýatynyň mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösmegini üpjün eder. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek hem ata Watanymyzy agrar ýurt bolanlygyndan, senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge mümkinçilik berer.

23-nji we 26-njy fewralda meýilleşdirýän çärelerimiziň biziň üçin möhüm ähmiýeti bar. Hemişe bolşy ýaly, bu çäreleri hem biz örän ýokary derejede geçirmelidiris.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji fewralda – ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň diplomatlary Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda uly işleri bitirýärler diýip belledi.

Biziň döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýerýär. Şundan ugur alyp, dünýäde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistan oňyn bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp, dürli ýurtlar we abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bütin dünýäde parahatçylygy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda ähli tagallalary edýär. Şu maksat bilen, möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär.

Eziz Watanymyzyň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyga, bütin dünýäde howpsuzlygy we parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň diplomatlarynyň uly orny bar.

Milli Liderimiz ýygnananlary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli diplomatlaryny ýetip gelýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de uly üstünlikler, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

 

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   02.05.2018  /  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Bu iri möçberli düzümleýin taslama Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ähli ýurtlary üçin, hakykatdan-da, strategik ähmiýete eýedir, onuň amala aşyrylmagy biziň döwletlerimizi hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarar, olaryň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder.

Hut taryhyň özi hyzmatdaşlygy ösdürmekde biziň üstümize belent jogapkärçiligi ýükleýär, ol diňe bir biziň ýurtlarymyzyň halklaryna peýda getirmek bilen çäklenmän, tutuş Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşe, howpsuzlyga we abadançylyga ýardam eder diýip, köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, ýene-de bu gadymy ýoluň ýüregi Türkmenistan bolan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjy bilen çykyş eden türkmen Lideri belleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasaty netijesinde sebitiň örän möhüm ulag merkezine, iri halkara logistika çatrygyna öwrülýär. Milli Liderimiz daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar boýunça möhüm teklipleri öňe sürdi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli işleri alyp barýar.

Gämi gatnawlary ulag hyzmatlarynyň ösdürilmeginde möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça iň häzirki zaman tankerler we paromlar satyn alynýar, port hojalygy döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň täze deňiz derwezesi diňe bir ýurdumyzyň deňizüsti gatnawlaryna bolan barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük akymlarynyň işjeňleşdirilmegi üçin giň mümkinçilikleri açar.

Dünýä söwdasynda möhüm meýilleriň seljermesiniň görkezişi ýaly, olaryň köpüsi Hazar deňzindäki portlaryň ösmegine ýardam edýär, aýdyň güýçlenýän trentleriň biri bolsa — bu harytlaryň konteýner arkaly daşalýan möçberleriniň artmagydyr. Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilmeginiň durnukly artmagy, olaryň çäkleriniň giňelmegi, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Hazarýaka döwletleriň batly depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriniň kuwwaty biziň ýurdumyzda, şeýle hem tutuş sebitde port hyzmatlaryna bolan islege getirýän esasy höweslendirijä öwrülýär.

Gämi duralgasynyň meýdançalarynyň birinde ýörite gurnalan açyk teatryň iki tarapynda dutarçylaryň birleşdirilen topary çykyş edýär, giň sergi guraldy. Onuň bir bölegi türkmenleriň amaly-haşam sungatyna, milli medeniýetiň we ýaşaýyş-durmuş däp-dessurlaryna, beýleki bölegi bolsa ýurdumyzyň häzirki zaman senagatyna, şol sanda onuň eksport ugruna bagyşlandy. Bu ýerde dokma senagaty önümleriniň, nebitgaz, himiýa, gaýtadan işleýän senagat önümleriniň giň görnüşini synlamak bolýar. Mysal üçin, ýurdumyzda öndürilýän polipropilenden taýýarlanylan dürli önümler görkezilýär, olar häzir türkmen senagatynyň dürli ugurlarynda: hojalyk enjamlaryndan halyçylyga çenli ugurlarda giňden ulanylýar.

Geçen we häzirki döwürleriň özboluşly baglanyşygy, mirasyň we innowasiýalaryň arabaglanyşygyny şekillendirýän sergi gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm sepgidi hökmünde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini äşgär edýär.
Türkmenistan häzirki wagtda hem özüniň üstaşyr-ulag kuwwatyny ýurdumyzy tiz depginlerde senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, bu ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam edýän möhüm şert hökmünde peýdalanmaga ilkinji derejeli ähmiýet berýär.

Şu maksat bilen “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” häzirki zaman ulag geçelgeleriniň ulgamy yzygiderli kemala getirilýär, ol deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýar, munuň özi Ýewraziýa yklymynda özara bähbitli sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummany sebitiniň döwletlerine çykmagy üçin aňrybaş amatly şertleri döredýär, giň gerimli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny has gysgaltmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenbaşydaky deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bilen köpugurly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde iri halkara we sebit guramalarynyň mümkinçilikleri hem artýar.

Mahlasy, Halkara deňiz portuny gurmagyň taslamasynyň amala aşyrylmagy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, onuň netijeli daşary syýasatynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu syýasat ählumumy ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilendir.
 

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň geçen ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi hem-de ýerine ýetirilen degişli işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine ýurdumyzyň Mejlisiniň, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garamaga geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Aýdogdyýewe ýüzlenip, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň baş direktory wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, golaýda gurlup, ulanmaga berlen bu kärhana tejribeli ýolbaşçy zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde başarjaň ýolbaşçy işgärleri saýlap almagy, kärhananyň ähli bölümlerinde işleri talabalaýyk ýola goýmagy, ýokary hilli dökünleri öndürip, ony taslamada göz öňünde tutulan kuwwatlygyna ýetirmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, täze bellenen ýolbaşça täze iş ýerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz K.Durdymyradowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine belläp, ony senagat ministri wezipesinden boşatdy hem-de ýakyn wagtda bu ministrligiň ýolbaşçysy wezipesine sowatly we iş başarjaň ýolbaşçyny hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine P.Agamyradowy belläp, ony bilim ministri wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli Permana hem-de ony Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bilim ministri wezipesine häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy bolup işleýän M.Geldinyýazowy belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, umumymilli hem-de halkara derejelerinde dürli sport-sagaldyş çärelerini geçirmek berkarar döwletimiziň içeri syýasatynyň strategik ugurlaryndan biri bolup durýar. Şoňa görä-de, sport toplumlaryny, stadionlary, işjeň dynç alyş merkezlerini gurmak ýaly adam üçin «goýulýan maýa goýumlary» özüni daşýany bilen ödeýär. Sebäbi sagdyn durmuş kadalary milletiň gülläp ösmeginiň, dokuzy düzüw maşgalanyň kemala gelmeginiň, adamyň aň-bilim başarnygyny amala aşyrmagynyň we şahsy üstünliginiň, netijede bolsa, tutuş ýurduň üstünliginiň esasy bolup durýar.

Geçen ýyl Garaşsyz döwletimizde geçirilen V Aziýa oýunlary muny aýdyň subut etdi. Bu oýunlarda ýurdumyzyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip, 1-nji orny eýelemegi başardy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmegiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretmek hem-de onuň ýolbaşçysy wezipesine D.Gulgeldiýewi bellemek barada çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy.

Milli Liderimiz wise-premýer P.Agamyradowa hem-de onuň gözegçilik edýän ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň ählisine ýüzlenip, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly özgertmeleriň başlanandygyny belledi. Döwletimizi senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek, sanly ykdysadyýete geçmek, gymmatly kagyzlaryň bazarlaryny emele getirmek, bazar ykdysadyýeti we telekeçilik hem-de hukuk ulgamy häzirden bu ugurlar boýunça köp sanly hünärmenleri talap edýär.

Şoňa görä-de, döwürden yza galmazlyk üçin, biz häzir ýurdumyza örän zerur bolan ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça täze okuw maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny taýýarlamaga uly üns bermelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Halkara hukukçylary taýýarlamak barada-ha men aýdybam durjak däl.

Bu maksatnamalar häzirki zaman okuw sapaklarynyňdyr tejribe okuwlarynyň we önümçilik tejribesiniň usulyýetini işläp taýýarlamagy öz içine hökman almalydyr. Ýokary okuw mekdepleriniň esasy maksatnamalaryna çekilen mugallymlar üçin daşary ýurtlarda tejribe geçmegi hem göz öňünde tutmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şu maksat bilen, bilim ulgamynyň, iş berijiniň we zähmet bazarynyň sazlaşykly işlemegi üçin zerur bolan öňdebaryjy milli we halkara tejribäni hemişe öwrenmek hem-de birleşdirmek zerurdyr.

Şeýle hem milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmek, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny işe giňden ornaşdyrmak, dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň iň täze usullaryny öwrenmek hem-de işde ulanmak, bu ugurda netijeli tejribe alyşmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işi dowam etmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bilim ulgamyny özgertmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyryp, bu ugurda edilen işleriň netijeleri barada ýakyn wagtda hasabat bermegiň zerurdygyny belledi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz A.Garajaýewi başga işe geçýändigi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, onuň kinematografiýa boýunça baý iş tejribesiniň we biliminiň bardygyny nazarda tutup, oňa türkmen kinematografiýasynyň öňki şan-şöhratyny dikeltmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine B.Abdyýewany belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Medeniýet bölüminiň müdiri wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz wezipä täze bellenen wise-premýere hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, aýdylanlardan degişli netije çykarmagy we bu ugurda alnyp barylýan işleri gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, köplenç, jemgyýetde we döwletde bolup geçýän oňyn ýagdaýlary kesgitleýän hem-de olara ýardam berýän kuwwatly güýçdügini hemmeler bilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döwlet syýasatynyň örän möhüm ynsanperwer düzümi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýar. Şoňa görä-de, onuň işini hemişe kämilleşdirmek zerur bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda köp sanly dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hereket edýär. Olar eýeçiliginiň görnüşi, alyp barýan iş ugry, maglumatlary bermegiň usuly boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Elbetde, olaryň ählisi üçin hem ýokary derejeli hünärmenler zerur bolup durýar. Emma, gynansak-da, häzire çenli ýurdumyzda bu giň gerimli wezipeleri ýokary derejede merkezleşdirip çözýän, degişli binýady bolan ýokary okuw mekdebi ýok. Şoňa görä-de, belki, žurnalistika we köpçülikleýin kommunikasiýalar institutyny döretsek, maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu barada oýlanyşyp görmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda ep-esli we örän netijeli tejribe toplandy. Bu tejribe bolsa merdana halkymyzyň örän baý ruhy mirasyny öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda öz netijelerini bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we wise-premýer B.Abdyýewa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meseleleriniň başga-da birnäçesine garap, M.Kakabaýewi «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine, S.Selimowy gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony şu ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Ö.Enermyradowy oba we suw hojalyk ministri wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Oba hojalyk pudaklary bölüminiň müdiri wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz şeýle hem M.Sylapowy zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri wezipesine, A.Atamyradowy demir ýol ulaglary ministri wezipesine bellemek we olary bu ministrlikleriň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara söz berdi, olar gün tertibiniň meseleleri boýunça hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2017-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, geçen ýylyň netijeleri boýunça ähli pudaklarda okgunly ösüşiň üpjün edilendigini we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanýandygyny aýtdy.

Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,5 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 5,5 göterim, gurluşykda 1,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterim, söwdada 9,4 göterim, oba hojalygynda 5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 9 göterim ýokarlandy.

2016-njy ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,4 göterim artdy.

2017-nji ýylyň netijeleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy 2016-njy ýyla garanyňda, 19 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi durnukly saklanyldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 8,8 göterim ýokarlandy.

Degişli maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 49,8 milliard manada deň boldy.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer şeýle hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň meseleleri hakyndaky kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem garamagyndaky düzümde 2017-nji ýylda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň jemleri boýunça baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,4 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.

Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň “Balans toparynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

2017-nji ýylyň dowamynda köp sanly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy, olaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş-medeni maksatly binalardyr.

Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen seredilýän döwür üçin maglumatlara laýyklykda, durmuş maksatly desgalaryň 10-synyň, inženerçilik ulgamlarynyň 623,6 kilometriniň, 1214,3 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 31-siniň, durmuş maksatly desgalaryň 59-synyň, 352 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri dowam edýär.

Soňra Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarow ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen senagat we düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maýa goýumlarynyň çekilmeginiň Türkmenistany ösdürmegiň konsepsiýasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýandygyny belledi. Munuň özi halk hojalyk toplumynyň okgunly ösdürilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin örän möhüm we zerur şertdir, şeýle hem türkmen ykdysadyýetiniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm binýadydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew 2017-nji ýylda pul-karz syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Harytlaryň eksporty hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulunyň gelip gowuşmagy baradaky meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna daşary ýurt pul serişdeleriniň gelmegini artdyrmak maksady bilen geçirilen işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurt pulunda girdejileri almak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegi hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagy üçin netijeli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa 2017-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzir toplumlaýyn çäreler geçirilip, olar dolandyryş ulgamyny hem-de resmi statistika ulgamynyň hilini gowulandyrmak, statistika görkezijilerini we hasaba alyş sanawlaryny taýýarlamak, statistika maglumatlaryny ýaýratmak ýaly möhüm meseleleri gurşap alýar. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, Komitetiň bellenen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Çolukowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa ýüzlenip, umuman, geçen ýylyň görkezijileriniň tutuş ýurdumyz boýunça kanagatlanarly bolandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz heniz üstünde işlemeli, şol sanda köp sanly çözülmedik meseleleriň hem bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Töleg kartlaryny giňden ornaşdyrmak meseleleri, aýratyn-da, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen bagly meseleler ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ministrlikleri we pudak edaralaryny dolandyrmagyň gurluşyny, hususan-da, bazar gatnaşyklaryna geçmek boýunça işleri güýçlendirmek bilen bagly kämilleşdirmegi talap etdi.

Milli Liderimiz Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzüminde häzire çenli hem ozalky alyjylar birleşikleriniň ulgamynyň işläp gelýändigine ünsi çekip, bu kärhanalary hususylaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilýän maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegiň wajypdygyny aýdyp, göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmek üçin keseden maýa goýumlaryny çekmegiň zerurdygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde telekeçilerimize köpräk erkinlik bermek hem-de döwlet kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we hususylaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek möhümdir. Milli Liderimiz wise-premýere telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamasyny taýýarlap, ýakyn wagtda Hökümetiň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň meseleleri hakyndaky» Karara gol çekip, Hökümetiň Baştutanynyň orunbasaryna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2017-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, ýangyç-çig malyny gaýtadan işlemek, önümleriň esasy görnüşlerini öndürmek ulgamynda gazanylan görkezijiler barada habar berildi.

Benzinleriň öndürilişiniň meýilnamasy 101,4 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 100,3 göterim, polipropileniň öndürilişi 101,9 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň meýilnamasy 111,2 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 108,2 göterim ýerine ýetirildi.

2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102 göterime, daşary ýurtlara iberilen “mawy ýangyjyň” ösüş depgini 101,1 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 107 göterime deň boldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn edaralaryň 2017-nji ýylda alyp baran işine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe düýpli bellikleri aýdyp, wise-premýerden we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryndan ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, düýpli çäreleri görmegi talap etdi. Milli Liderimiz bu meselelere birinji çärýegiň jemlerine seredileninde ýene-de gaýdyp gelinjekdigini we şonda pudak ýolbaşçylarynyň öz işlerini alyp baryşlary boýunça degişli netije çykaryljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň netijesinde alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky meselä aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Şeýle hem ýurdumyza maýa goýumlaryny çekmek işlerini güýçlendirmek, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we beýleki gaz geçirijileriň gurluşygyna aýratyn üns bermek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynda heniz ulanylman duran mümkinçilikleriň köpdügine wise-premýeriň ünsüni çekip, pudak boýunça döwlete degişli emlägi hususylaşdyrmagy dowam etmegi hem-de häzirki zaman halkara standartlaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumyny dolandyrmagyň ulgamyny düýpli üýtgetmegi tabşyrdy.

Umuman, munuň özi pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, içerki bazaryň energiýa serişdelerine bolan artýan islegi kanagatlandyrmaga ýardam etmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew geçen 2017-nji ýylda gurluşyk, energetika toplumlarynda hem-de jemagat hojalygynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça 2017-nji ýylyň meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi, 108,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça önümçilik meýilnamasy 105,4 göterim möçberinde berjaý edilip, ösüş depgini 100,6 göterime barabar boldy. Energetika ministrligi boýunça meýilnama 108,7 göterim ýerine ýetirilip, 101,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.

2017-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda 23 milliard 848 million 595 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi, ösüş depgini 100,5 göterime ýetdi.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça meýilnama 110,2 göterim berjaý edilip, 112,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan meýilnama 100,3 göterim berjaý edildi, 102,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl desgalary gurmagyň we ulanmaga bermegiň uly maksatnamasynyň bardygyny aýtdy. Öňde täze wezipeler goýuldy, olaryň üstünlikli çözülmegi berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de depginli ösdürmäge ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Göz öňünde tutulan işleriň ählisi ýerine ýetirilende, döwrebap tehnikalaryň hem-de täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna, innowasion önümçilik düzümleriň döredilmegine aýratyn üns bermek zerur diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz senagat we durmuş ähmiýetli desgalary gurmak boýunça işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýerlere, aýratyn-da, ýurdumyzyň ak mermerden paýtagty Aşgabat şäherinde gurulýan desgalar bina edilende, ýokary hiliň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda 2017-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Umuman, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça meýilnama 103 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 105 göterime deň boldy.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ösüş depgini ýük dolanyşygy babatda 106 göterime, ýolagçy dolanyşygynda 100,1 göterime barabar boldy.

Içerki demir ýollary, şol sanda demir ýol köprüleri hem-de demir ýol geçelgeleri, şeýle hem pudagyň tehniki binýadyny işjeň döwrebaplaşdyrmagyň alnyp barylýandygy habar berildi. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça on iki aýda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda meýilnama 125 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 100 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda 101 göterime barabar boldy.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça garalýan döwürde awiahyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş depgini 136 göterime ýetdi. Bu görkeziji ýük we ýolagçy dolanyşygy boýunça degişlilikde 122 göterime we 101 göterime deň boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işler babatda gazanylan ösüş depgini 105 göterime deň boldy. Ýük daşamak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 152 göterime ýetdi, ýolagçy dolanyşygy boýunça ösüş depgini 154,3 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ulag ulgamynyň ösdürilmegine uly goldaw berýändigini, emma häzire çenli onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň kanagatlanarsyz alnyp barylýandygyny nygtady. Demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, ilata ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek boýunça meseleler haýal çözülýär. Pudagyň guramalaryny we kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça işler gerekli derejede amala aşyrylmaýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere zähmet düzgün-nyzamyny berkitmek boýunça çäreleri görmegi hem-de ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagy gazanmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän pudaklarynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň görkezijileri barada hasabat berip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň 4 milliard 891,4 million manada barabar bolandygyny habar berdi. 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş 12,8 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasy 247 sany birža söwdalaryny geçirip, olarda umumy bahasy 23 milliard 412,1 million manada deň bolan şertnamalaryň 2015-si hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2017-nji ýylda meýilnama 119,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe sergileriň 25-si hem-de maslahatlaryň 23-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan tutuş geçen ýylda 903,1 million manatlyk senagat önümleri, 2 milliard 287,2 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürildi, 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş degişlilikde 24,2 göterime hem-de 73,7 göterime deň boldy. 6 milliard 585,7 million manat möçberde gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. TSTB boýunça söwda-haryt dolanyşygy 11 milliard 685 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,3 göterim artdy, hyzmatlar ulgamynda 995 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, onuň möçberi 9,2 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň eksport-import syýasatynyň kemala gelmeginde ylmy çemeleşmäniň zerurdygyny aýtdy hem-de onuň içerki bazara täsirini seljermek babatda bilermenler jemgyýetçiligini çekmegiň wajypdygyny belledi. Ýurdumyzyň önümleriniň daşary ýurtlara iberilişini öňe ilerletmegiň hem-de onuň möçberlerini artdyrmagyň has netijeli ýollaryny gözlemek gerek.

Milli Liderimiz söwda ulgamyndaky ykdysady özgertmeleriň baş maksadynyň söwda kärhanalarynyň işlerini düýpli gowulandyrmakdan, bölek-satuw ulgamyny ösdürmekden hem-de has amatly nyrh şertlerini, harytlaryň giň görnüşlerini we ýokary hilini üpjün etmekden ybaratdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz daşary ykdysady aragatnaşyklary has-da ösdürmegiň, eksport kuwwaty, şol sanda sarp ediş bazaryny giňeltmegiň, içerki önümçiligi höweslendirmegiň anyk ugurlaryny kesgitledi.

Telekeçileriň goşandyny artdyrmazdan, türkmen ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna geçmegi mümkin däldir, şoňa görä-de, döwletimiz milli ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, ähmiýetli durmuş, senagat we beýleki taslamalary amala aşyrmaga ýurdumyzyň işewür düzümleriniň gatnaşmagyny mundan beýläk-de höweslendirer hem-de goldar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Hasabat döwründe milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň hem-de abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

2017-nji ýylyň dowamynda Daşary işler ministrligi arkaly ýurdumyza dürli derejedäki wekiliýetleriň 584-si sapar bilen geldi. Şol döwürde Türkmenistandan daşary ýurtlara 624 wekiliýet gitdi. Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda 235 çäre — maslahatlar, duşuşyklar we beýleki çäreler guraldy.

Geçen ýylyň dowamynda bilelikdäki hökümetara toparlaryň 18 mejlisi hem-de işewür maslahatlarynyň 14-si geçirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary, netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda olara möhüm orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasata ygrarlydygyny belläp, ileri tutulýan ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan kuwwatdan we mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmak maksadynda yzygiderli işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebit we ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga ýardam edýän oňyn başlangyçlary öňe sürmek bilen, mundan beýläk hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara tagallalara anyk goşant goşjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine ministrligiň hem-de ýurdumyzyň diplomatlarynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge, şol sanda öňümizdäki ýokary derejedäki daşary ýurt saparlaryna içgin taýýarlyk görmek we guramak boýunça degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňra giňişleýin mejlis welaýatlaryň hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary bilen dowam etdi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijeleri barada, döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmek hem-de onuň girdejililigini artdyrmak, ýer we suw serişdelerini, oba hojalyk tehnikalaryny we mineral dökünleri netijeli peýdalanmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem senagat pudagynyň görkezijileri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini, ilatyň durmuş derejesiniň we ýaşaýyş hiliniň ýokarlandyrylmagyna we umuman, öňde goýlan ähli wezipeleriň öz wagtynda çözülmegine gönükdirilen Milli özgertmeler maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, häkime birnäçe görkezmeleri, şol sanda degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegine degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow 2017-nji ýylda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri, özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, iri taslamalaryň amala aşyrylyşynyň depginleri hem-de welaýatyň meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler, bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýy, göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylynyň düýbüni tutýan ýazky meýdan işlerini öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz senagat we durmuş-medeni ähmiýetli täze döwrebap desgalaryň gurulmagyna ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidigini aýtdy hem-de adamlaryň zähmet çekmegi, durmuşy we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmeginiň amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň baş maksady bolup durýandygyny nygtady.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew 2017-nji ýylda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini ösdürmegiň görkezijileri hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk düzümlerinde öndürijiligi artdyrmagyň, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, möhüm meselelerini öz wagtynda çözmek bilen bagly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, durmuş we ykdysady görkezijileriň maksadalaýyk ýokarlandyrylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häkime oba hojalyk işleriniň netijeliligi, ýer-suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, ekerançylygy ösdürmäge öňdebaryjy ylmy çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrmak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleýji görkezijileri boýunça hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmegiň meseleleri barada durup geçmek bilen, bu ugurda işleriň degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz sebitiň çäklerinde gurulýan desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagyň, ýaşaýyş jaýlarynda we durmuş maksatly desgalarda ýyladyş, energiýa we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň takyk işiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bereketli hasylyň düýbüni tutýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmegiň möhümdigini belläp, şol işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegini talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2017-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy.

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek işleriniň, şol sanda suw tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýerler hem-de oba hojalyk tehnikalary ýaz ekişine taýýarlanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakynda”, “Welaýatlar boýunça 2018-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” hem-de “Türkmenistanda 2018-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we etraplarynyň suwdan peýdalanyjylary üçin suw serişdelerini tassyklamak baradaky buýrugynyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe, Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýolbaşçylaryna, häkimlere ýüzlenip, olaryň öňünde durýan wezipeler barada aýtdy. Häzirki döwürdäki esasy wezipäňiz işiňizde bar bolan kemçilikleri düzetmekden, ýer kadastryny taýýarlamakdan we ýerleri daýhanlara hususy eýeçilige bermekden hem-de daýhan birleşiklerini guramagyň täze görnüşini gözlemekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu işler häzir ýaramaz alnyp barylýar. Şoňa görä-de, bu meseleler üns merkezinde bolmalydyr.

Şeýle hem häzirki döwürde şu ýylyň hasylynyň, ýagny bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gök-bakja ekinleriniň we miwe hasylynyň düýbi tutulýar. Siziň işiňiziň netijelerine biz oba hojalyk ekinlerinden alnan hasyla görä baha bereris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýerlerde ähli agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişini, aýratyn-da, akabalaryň we ýaplaryň arassalanyşyny berk gözegçilikde saklamak wajypdyr. Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri etraplarda ýygy-ýygydan bolup, bu işleriň geçirilişine gözegçilik etmelidirler, bar bolan meseleleri çözmekde ýerli ýolbaşçylara kömek bermelidirler.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, wise-premýere olary ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, Agrar partiýanyň ýolbaşçysy B.Annagurbanowa partiýa agzalarynyň ýerlerde ýygy-ýygydan bolup, daýhanlaryň alyp barýan işleri bilen yzygiderli tanşyp durmaklaryny ýola goýmagy maslahat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Agrar partiýanyň agzalarynyň daýhan hojalyklarynda häzirki zaman iş usullaryny ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere işjeň gatnaşmagynyň we bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we bu ugurda ýüze çykýan bökdençlikleri aradan aýyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň örän möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde korrupsiýa we parahorluk ýaly ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça hemmetaraplaýyn işleriň yzygiderli alnyp baryljakdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýewe söz berdi, ol milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ykdysady ulgamda kanun bozmalaryň öňüni almak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, korrupsiýa we parahorluga garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak hem-de käbir döwlet işgärleriniň kanunçylyga garşy amala aşyrýan hereketleriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde degişli seljermeler geçirilýär.

Şeýlelikde, oba we suw hojalyk ministri wezipesinde işlän N.Sapardurdyýewiň betnebislik niýeti bilen gulluk wezipesini hyýanatly peýdalanyp, garamagyndaky kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we telekeçileriň kanuny bähbitlerine zyýan ýetirip, olardan aýratyn uly möçberde para alandygy ýüze çykaryldy. N.Sapardurdyýewiň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan pul serişdeleri, ähli amatlyklary bolan öýleri, dürli kysymdaky awtoulaglary we altyndan ýasalan şaý-sepleri hem-de öý goşlary gozgalmasyz edildi.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň Jemagat hojalygy ministrliginiň “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň başlygy wezipesinde 2010-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri işlän A.Derýaýewiň işine geçirilen barlagyň netijeleri barada aýdyldy, ol Bereket suw ýygnaýjy-paýlaýjy desga gullugynyň başlygy J.Hallakgaýew bilen deslapdan dilleşip, birleşigiň Bereket, Serdar, Magtymguly, Etrek etrap birleşikleriniň garamagyndaky bölümlere işe kabul etmekde 52 raýatdan para alypdyrlar. Şol maliýe serişdelerine hem döwrebap ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, uly möçberde altyn şaý-sepler satyn alnypdyr. Olaryň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, jenaýatçylykly ýol bilen edinen emläkleri we gymmatlyklary gozgalmasyz edildi. Häzirki döwürde “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň maliýe-hojalyk düzümlerinde barlag işleri dowam edýär.

Şeýle hem gullugyň ýolbaşçysy Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyndaky Daşoguz ösümlik-ýag kärhanasynda geçirilen derňew işleriniň netijeleri barada habar berdi. Barlagyň dowamynda ady agzalan kärhananyň taýýar önümler bölüminiň başlygy D.Kazakowyň, şol kärhananyň pagta ýagyny gaplaýan sehiniň başlygy T.Täçmädowyň, Köneürgenç etrap daýhan bazarynyň başlygy M.Söýünowyň, şeýle hem şol bazaryň dolandyryjysy B.Käbäýewiň deslapdan dilleşip, wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, Daşoguz ösümlik-ýag kärhanasyndan 1500 tonna arassalanan pagta ýagyny ogurlap satyp, öz haýyrlaryna harçlandyklaryny aýtdy.

Olar eden jenaýatçylykly etmişlerini ýaşyrmak maksady bilen, Türkmenistanda öndürilen 2 million 304 müň 360 manatlyk 1800 top brezentiň bahasyny ýokarlandyryp, 5 million 60 müň manada daşary ýurtdan satyn alnan hökmünde görkezipdirler. Mundan başga-da, olar iým ýetmezçiligini döredip, resminamalara galp maglumatlary girizip, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdirler.

Netijede, D.Kazakowyň, T.Täçmädowyň, M.Söýünowyň we B.Käbäýewiň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, döwlete ýetirilen zyýanyň öwezi doly ýerinde goýuldy. Deslapky derňew işleri dowam edýär.

Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky “Arkaçgurluşyk” önümçilik birleşiginde geçirilen barlag-derňew işleriniň dowamynda ýüze çykarylan kanun bozmalar barada aýdyldy. Habar berlişi ýaly, birleşigiň iş alypbaryjysy wezipesinde işlän B.Karaýew, birleşigiň 2-nji abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň iş alypbaryjylary J.Saparow, R.Ataýew, şol müdirligiň topar ýolbaşçysy H.Hudaýlyýew hem-de “Santehgurnama” gurluşyk müdirliginiň iş alypbaryjysy B.Hojaýew deslapdan dilleşip, wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanmak bilen, garamagynda duran gurluşyk serişdelerini ogurlapdyrlar, bu bolsa maddy ýetmezçiligi döredipdir. Şeýle hem dürli wagtyň dowamynda hakykat ýüzünde işlemedik ýa-da gyssagly işler üçin resmileşdirilen 243 raýata zähmet haklarynyň ýazylandygy ýüze çykaryldy. Netijede, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirildi.

Ady agzalan adamlaryň her biriniň garşysyna jenaýat işleri gozgaldy, parahorlaryň döwlete ýetiren zyýany nagt pul görnüşinde ýerinde goýduryldy. Häzirki wagtda derňew işleri dowam edýär. Gullugyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, korrupsiýanyň we parahorlugyň soňuna çykmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny birkemsiz berjaý etmek ugrunda geljekde hem ähli çäreler görler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu mejlise ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandygyny nazara almak bilen, korrupsiýa we parahorluk üçin döwlet gullukçylaryna, eýeleýän wezipesine garamazdan, berk temmi beriljekdigini ýatlatdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, korrupsiýa we parahorluk üçin jeza çärelerini berkitmek üçin kanunlara täzeden garaldy, şol adamlar babatda günä geçiş ýatyryldy, zerur bolan halatynda, biz şeýle jenaýatlar üçin jeza çärelerini kanun esasynda berkideris.

Hiç kime halkyň puluny ogurlamaga, onuň hasabyna baýamaga ýol berilmez diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we zerur bolan halatynda Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldiljekdigini we onuň işgärleriniň sanynyň artdyryljakdygyny, ýöne döwlet serişdelerini ogurlamak ýaly ýaramaz ýagdaýyň soňuna çykyljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda 2017-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi diýip, döwlet Baştutanymyz Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Baýramowa hasabat bermek üçin söz berdi.

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň beren maglumatlarynyň seljerilmegini, şeýle hem bilermenleriň bahalaryny nazara almak bilen, ilki bilen, her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenildi, soňra welaýat tapgyrynyň ýeňijileriniň arasynda 2017-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby saýlanyp alyndy. Netijede, Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby ýeňiji boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti habary diňläp hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini gutlap, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky Buýruga gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylda bu bäsleşigi yglan etmek hakynda resminama gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, 2017-nji ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi hem-de 2018-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmegi, ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly gepleşikler arkaly we Birleşen Milletler Guramasynyň kabul edýän çözgütleriniň çäklerinde çözmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň netijesinde Garaşsyz Watanymyz häzirki döwürde bütin dünýäde barha giňden meşhurlyga we hormata eýe bolýar.

Biz geljekde hem bütin dünýäniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek syýasatymyzy alyp bararys. Milli bähbitlerimizi goramak üçin, ähli tagallalary ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu syýasatyň sebitde özara ynanyşmak, dostluk we hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmäge ýardam berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,5 göterim boldy. Häzir hem ykdysadyýetimize uly mukdarda, ýagny 50 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumlaryny goýýarys. Hasabat döwründe daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 6,6 göterim köpeldi. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti şol bir derejede, durnukly saklanýar. Hümmetsizlik hem bellenilen kadalaryň çäklerinde dur. Şol bir wagtyň özünde zähmet haklarynyň möçberi artdyryldy.

Ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Gurluşyk, senagat we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Oba hojalygyny özgertmek boýunça görýän çärelerimiz hem netije berip başlaýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iri desgalaryň 1700-e golaýy gurulýar. Geçirýän özgertmelerimize laýyklykda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Esasy gaz geçirijiler giň gerim bilen gurulýar. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, ýokary derejeli myhmanhanalar we ýaşaýyş-durmuş maksatly beýleki desgalar bina edilýär we ulanylmaga berilýär.

Raýatlarymyzyň pensiýalarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberleri artdyryldy. Ilatyň ähli gatlaklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandy.

Bu zatlaryň ählisi biziň alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň berýän netijesidir, merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmetiniň miwesidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň esasy meselelerine ýygnananlaryň ünsüni çekip, şu ýyl hem gülläp ösýän Türkmenistan Watanymyzy kemala getirýän özgertmeler ýolunyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Ýurdumyzy durnukly ösdürmek üçin, biziň öňümizde bar bolan ähli serişdelerimizi we mümkinçiliklerimizi has doly hem-de netijeli ulanmak wezipesi durýar. Şu wezipelerden ugur alyp, bazar gatnaşyklaryna geçmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek, işjeň telekeçiligi, innowasion başlangyçlary we tehnologiýalary goldamak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, maliýe we bank ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri dowam etmek, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek möhümdir.

Prezident maksatnamasynda bellenen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak göz öňünde tutulýar. Täze, döwrebap iri desgalary gurmak, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa we beýleki wise-premýerlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýyl ähli tagallalary işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga gönükdirmegiň, Prezident Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin gowy binýat döretmegiň wajypdygyny belledi.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge esas hökmünde maýa goýumlaryny doly möçberde gönükdirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, hususan-da, ipoteka karzlary boýunça ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meseleleriniň ýurdumyzyň Hökümetiniň üns merkezinde bolmalydygyny belläp, ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek üçin, olara karz serişdeleri we ýer böleklerini bermek ulgamyny yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de G.Myradowa ministrlikleriň we pudak edaralarynyň bu ugurda alyp barýan işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Häzir her bir ministrligiň hem-de pudak edarasynyň şu ýyl üçin anyk maksatnamasy bar. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bu maksatnamalaryň, aýratyn-da, Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2018-nji ýylyň dowamynda birnäçe halkara saparlary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, beýleki ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň baştutanlygyndaky wekiliýetler hem kabul ediler, şeýle hem birnäçe halkara maslahatlar geçiriler.

Ýakyn wagtda, ýagny 7-nji fewralda Aşgabat şäheriniň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyry dabaraly ýagdaýda açylar. 14-nji fewralda telekeçileriň täze edara merkezi, şeýle hem Ahal welaýatynda aýna önümlerini öndürýän kärhanalar ulanylmaga berler.

Fewral aýynyň 23-ine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň düýbi tutular.

Fewral aýynyň 25-ine Türkmenabat şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçiriler, aýyň 26-syna bolsa birbada üç sany sport ýaryşyna, ýagny «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallä, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga berler. Eýýäm bellenip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz awtomobil ýaryşynyň geçjek ugruny «Beýik Ýüpek ýoly» diýip atlandyrmagy teklip etdi.

Şol gün Türkmenabat şäherinde täze gurlan halkara howa menzili hem işe giriziler.

Mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary bolar. Aprel aýynda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisi geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, häkimlere Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Nygtalyşy ýaly, mart aýynyň 25-inde geçiriljek saýlawlar ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň täze tapgyry hökmünde jemgyýetimiziň durmuşyna halk häkimiýetiniň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolmalydyr. Şu saýlawlara laýyklykda, biz aprel aýynyň başynda ýurdumyzyň täze düzümdäki Halk Maslahatynyň ilkinji guramaçylyk mejlisini geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Sentýabr aýynyň 15-inde Türkmenbaşy şäherinde halkara awtoralli we ylgaw ýaryşlary tamamlanar.

Mundan başga-da, «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy almak ugrundaky jemleýji bäsleşik geçiriler.

Sentýabr aýynyň 20 — 23-inde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny 27-nji sentýabrda, Halkara Bitaraplyk gününi bolsa 12-nji dekabrda uly dabaralara besläp, giňden belläp geçeris.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, göz öňünde tutulýan bu çäreler örän möhüm çärelerdir. Şoňa görä-de, olaryň ählisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin häzirden hemmeler düýpli taýýarlyk görmelidir.

“Men ählimiziň el-ele berip, halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2018-nji ýyl üçin kesgitlän täze sepgitlerimize ýetjekdigimize berk ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ertir, 27-nji ýanwarda ýurdumyzda ajaýyp senäniň — Watan goragçylarynyň gününiň belleniljekdigini aýdyp, esgerleri, serkerdeleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady we olara jogapkärli işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   23.04.2018  /  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Ýokary derejede geçirilýän nobatdaky türkmen-özbek duşuşygy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna kybap gelýän deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini esasy ugur edinýän döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlaryň we duşuşyklaryň hem-de daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy Türkmenistan bilen Özbegistanyň giň möçberli hyzmatdaşlyga we ikitaraplaýyn ýakyn gatnaşyklary berkitmäge hem-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanmalaryny görkezýär.

Milli Liderimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna ugrady. Bu ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi .

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda däp bolşy ýaly ykdysady hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär, şunda anyk netijeler gazanyldy. Hyzmatdaşlygyň şeýle depginlerini saklamak we ösdürmek möhümdir, bu babatda biz kärhanalarymyzyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine bil baglaýarys diýip, Özbegistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Gürrüň önümçilik pudaklarynda hyzmatdaşlyk, serhetýaka etraplaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak barada gidýär, bu ýerde munuň üçin uly mümkinçilikler bar.

Döwlet Baştutanymyz döwletara syýasy gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mazmunynyň hem-de ugrunyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, hereketlerimiziň ylalaşylan strategiýasyna we ykjam sazlaşygyna esaslanjakdygyna, ozaly bilen bolsa, iki halkyň hem-de döwletiň uzakmöhletleýin bähbitlerine tabyn boljakdygyna ynam bildirip, bu wezipeleri durmuşa geçirmäge ähli esaslaryň bardygyny aýtdy.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm strategiki ugrudyr. Geçen ýylyň martynda Türkmenabat hem-de Farap şäherleriniň arasynda Amyderýanyň üstünde gurlan demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň netijeleriniň biridir. Tutuşlygyna alanyňda, ulag ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýada we çäkleşýän sebitlerde ösüşiň hereketlendiriji güýçleriniň biri, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarynda üstünlikli ykdysady goşulyşmagyň hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Bu ýerde gürrüň diňe bir gury ýol ugurlary barada gidenok. Biz Özbegistana Ýewropa hem-de Ýakyn Gündogar bazarlaryna, Gara we Orta ýer deňizleriniň sebitlerine çykmak üçin Türkmenistanyň Hazaryň kenaryndaky häzirkizaman port düzümlerini peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip edýäris. Hususan-da, türkmen tarapy Gruziýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň Gara deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik berjek Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz geçelgesini döretmek baradaky bilelikdäki işe girişmäge taýýar.

Şu ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň dabaraly açylyşy bolar. Ol yklym ähmiýetli ulag-logistiki merkez bolmalydyr. Bu wakanyň öňüsyrasynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejedäki halkara maslahaty geçiriler. Ertesi güni, 3-nji maýda bolsa şol ýerde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna girýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty bolar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň wekillerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan özbek tarapynyň “Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar” (Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman) ulag üstaşyr geçelgesini döretmäge işjeň gatnaşmaga taýýarlygyna ýokary baha berýär. Bu baradaky Ylalaşyga 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda gol çekildi. Bu ylalaşygy ýerine ýetirmekde tagallalary işjeňleşdirmek üçin bu taslamany durmuşa geçirmegiň gönüden-göni ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi zerur hasaplaýaryn. Onuň möhletleri hem-de ölçegleri barada Türkmenistanyň we Özbegistanyň eýeleýän orunlary örän möhümdir. 2-nji maýda Türkmenbaşy şäherinde bu taslama gatnaşýan ulag kompaniýalarynyň işewürler forumyny geçirmegi göz öňünde tutýarys. Oňa türkmen tarapy özbek hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagyna garaşýar.

2018 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019 — 2021-nji ýyllarda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada Maksatnama; Serhetýaka sebitlerde ýerleşen hojalyk desgalaryna hyzmat edýän adamlaryň türkmen-özbek serhedinden geçmegi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2004-nji ýylyň 19-njy noýabryndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Teswirnama; «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň şypahana-sagaldyş bejergisi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Ammiak selitrasyny üstaşyr geçirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019-njy ýylda hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasyna; Türkmenistanda we Özbegistan Respublikasynda Söwda öýlerini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary söwda ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ösümlikleriň karantini boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ösümlikleriň karantini boýunça döwlet inspeksiýasynyň arasynda Ylalaşyga; Işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Ylalaşyga; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen «Uzstandart» agentliginiň arasynda 2018-nji ýylda hyzmatdaşlyk etmegiň çäreleriniň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen Özbegistanyň Zenanlar komitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly strategiki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Iki tarapyň hem tagallalary netijesinde bu ugurlarda eýýäm uly işler durmuşa geçirildi. Geçen ýylyň mart aýynda Türkmenabat we Farap şäherleriniň arasynda Amyderýanyň üstünden demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleriniň biridir.

Ýurdumyz Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta ugry boýunça ýewropa we ýakyn gündogar bazarlaryna çykmak üçin geçelgäni döretmek boýunça bilelikdäki işlere girişmäge taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özbek tarapyna Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky häzirki zaman port düzümlerini peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip edendigini, Özbegistanyň wekillerini şu ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasyna hem-de Ulag meseleleri boýunça ýokary derejeli halkara maslahatynyň işine gatnaşmaga çagyrandygyny aýtdy.