Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   15.12.2017  /  

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wajyp çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada aýdyp, Awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak bilen bagly hereketler üçin ýygymlaryň Tertibini işläp taýýarlamagyň meseleleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, bu resminama “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” hem-de “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna esaslanyp, degişli edaralar bilen ylalaşyldy hem-de halkara hukugynyň kadalaşdyryjy namalarynyň talaplaryna kybap gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, intellektual eýeçiligiň hukuk taýdan goralyşynyň döwlet ulgamyny ösdürmek üçin amatly ykdysady şertleri döretmekden hem-de onuň ýurdumyzyň ylmy-tehniki, ykdysady we medeni taýdan ýokary galmagyny artdyrmaga täsirini güýçlendirmekden ybaratdygyny belledi. Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu ugurda kanunçylygyň ýerine ýetirilmegine degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygyň milli ulgamyny halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Munuň üçin 2018-nji ýylyň dowamynda doly taýýarlyk görmek boýunça zerur çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Meýilleşdirilýän işleriň hatarynda usulyýet gollanmalaryny taýýarlamak, maglumat üpjünçiligini ornaşdyrmak, öňdebaryjy maliýe düzümleriniň bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny guramak ýaly işler bar.

Maliýe hasabatlylygyň halkara ölçegleriniň peýdalanylmagy daşarky bazarlara çykmakda möhüm düzümler bolup durýar, munuň özi häzir Türkmenistanyň dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan şertlerinde aýratyn möhümdir diýip milli Liderimiz belledi. Döwlet baştutanymyz ýurdumyzda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we auditi özgertmegiň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu meseläni ýene-de bir gezek seljermegi hem-de degişli edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow azyk bolçulygyny saklamak, ýokary hilli azyk önümlerine elýeterliligi hem-de içerki bazary yzygiderli doldurmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrmagyň möhümdigini bellemek bilen, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda bolup geçýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de bazar gatnaşyklarynyň, şol sanda oba hojalyk çig malyny gaýtadan işlemek, lomaý we bölek söwda ulgamynda bazar gatnaşyklarynyň kemala getirilmeginiň azyk harytlarynyň hiline, olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýokary talaplary bildirýändigini belläp, wise-premýere bu meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik desgalaryny döwerebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljek üçin wezipeleriň toplumyny kesgitläp, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny enjamlaşdyrmagy, pudaga goşmaça maýa goýumlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary we dolandyryş tejribesini çekmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz TNGIZT-de amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan täze taslamalary düýpli seljermek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň türkmen bölegini gurmak üçin birnäçe düzüm birliklerini we kärhanalary döretmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy -- welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmegiň amala aşyrylýandygy, şol sanda ösüş suwunyň berilýändigi, ak ekinleriň mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirilýändigi, haşal otlardan arassalanylýandygy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk tehnikalary we enjamlary ýaz ekişine taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň hem-de olary takyk utgaşdyrmagyň, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň hasyllylygyny artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň dürli ulgamlaryna häzirki zaman tehnologiýalary hem-de iň soňky ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýer kadastryny düzmek boýunça işleri çaltlandyrmalydygyny aýdyp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ilatyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de Ahal welaýatynda önümleriň synag görnüşlerini çykaryp başlan täze aýna kombinatynyň işi barada habar berdi.

Aýna önümçiligi üçin esasy çig-mal hökmünde ulanylýan kwars çägesini taýýarlamak boýunça fabrigi öz içine alýan iri senagat toplumynyň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 2015-nji ýylda badalga berildi. Taslama ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän gurluşyk serişdelerini çykarmak boýunça döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirildi.

Aýnany flotasiýa usuly bilen öndürmek ýurdumyz üçin senagat tehnologiýalarynyň täze görnüşleriniň biridir. Kärhananyň tehnologiki ulgamlary çig maly taýýarlaýan, eredýän, dürli ölçeglerdäki we galyňlykdaky aýnalary öndürýän, taýýar aýna önümlerini öndürýän bölümleri öz içine alýar. Zawod aýna önümleriniň 7 görnüşini öndürer.

Döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary bilen, öndürýän önümleriniň hili we görnüşleri boýunça kärhana ýokary bäsdeşlige ukyply bolup, ol bazaryň bu ugurda geljegi uly bolan ugurlary nazarlaýar. Bu toplumyň taslama kuwwatlygyna çykarylmagy degişli önümleriň daşary ýurtlardan getirilmegini azaltmaga hem-de onuň daşary ýurtlara ugradylmagyny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudagynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine ynamly çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi, muňa, hususan-da, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkiden köpsanly senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi hem güwä geçýär.

Döwlet Baştutanymyz iň gowy dünýä tejribesini ulanmak bilen, pudagyň düzümini has-da ösdürmegiň möhümdigini aýdyp, aýna önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň, bu ulgama öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz kombinatyň doly işe girizilmegi bilen bagly meseleleri pugta gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini yzygiderli artdyrmak, jemagat hojalygy gullugynyň işini kämilleşdirmek, gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, toplumyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ilaty elektrik energiýasy we gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek baradaky meselä ünsi çekip, bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz döwletimiziň gurluşyk pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga maddy taýdan saldamly goldaw berýändigini belläp, öňde goýlan wezipeleriň ählisini döwrebap tehnikalary hem-de tehnologiýalary peýdalanmak, döwrebap önümçilik düzümleri döretmek arkaly çözmelidigini nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow Turgundy menziliniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Owganystanyň çäklerinde demir ýoluň gurluşygy boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, türkmen hünärmenleri iş meýilnamasyna laýyklykda, polat ýoluň gurluşygyny tapgyrlaýyn alyp barýarlar. Şu günlerdäki iş depgini bu möhüm desganyň öz möhletinde ýokary hilli tamamlanjakdygyna güwä geçýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara hem-de Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine ýardam bermek, onuň durmuş ulgamyny täzeden dikeltmek, sebit we halkara düzümleýin taslamalara netijeli goşulyşmagyny gazanmak boýunça tagallalary has-da işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz polat ýoluň gurluşygy barada aýdyp, bu taslamanyň iki tarapyň bilelikdäki tagallalarynyň miwesine öwrülip, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna kuwwatly depgin berjekdigini belledi. Milli Liderimiz wise-premýere bu demir ýoluň, şeýle hem hemme ugurdaş düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Owganystanyň çäklerinde demir ýoly gurmak boýunça işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de ony öz wagtynda ulanmaga tabşyrmagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew täze, 2018-nji ýyly garşylamak üçin taýýarlanylan baýramçylyk maksatnamasy barada hasabat berdi. Şu günler paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda we medeni merkezlerinde baýramçylygyň öň ýanynda geçiriljek döredijilik çärelerine taýýarlyk görülýändigi habar berildi.

Maksatnamada 17-nji dekabrdan 14-nji ýanwar aralygynda geçiriljek Russiýa Federasiýasynyň sirk artistleriniň çykyşlary bar. 15-nji dekabrda ýurdumyzyň welaýatlarynyň meýdançalarynda hem-de paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde oturdylan Baş arçalaryň yşyklarynyň ýakylmagyndan çagalar toparlarynyň, teatr we estrada artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyla bagyşlanan köpsanly täze ýyl dabaralary badalga alýar.

Däp boýunça ýaş zehinli aýdymçylaryň arasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemleri jemleniler hem-de onuň ýeňijileriniň jemleýji konserti geçiriler.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriljek türkmen hem-de amerikan artistleriniň bilelikdäki çykyşlary medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüler. Gökderäniň we welaýatlaryň çagalar sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde hem Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk çärelerini geçirmek maksat edinilýär.

Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyp, ähli dabaralaryň hakyky türkmen toýuna mahsus bolan şadyýanlyk, bolçulyk we myhmansöýerlik ýagdaýynda giňden we nurana geçirilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň türkmenistanlylaryň iň söýgüli baýramçylyklarynyň biridigini belläp, wise-premýere paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dabaralary ýokary guramaçylyk derejede geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ylymlar akademiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirligi bilen bilelikde taýýarlan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny hödürledi. Maksatnama 2018-2021-nji ýylda üçin niýetlenip, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen halkara ylmy gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, gazuw-agtaryş işlerine meşhur alymlaryň çekilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň gadymy we orta asyr taryhyna degişli ýadygärliklerde tapylan arheologik gymmatlyklaryň esasynda arheologiýanyň, arhitekturanyň, etnografiýanyň we taryhyň dürli meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek maksadynda tele we radioýaýlymlar boýunça gepleşikler taýýarlanylar. Şeýle hem ylmy maslahatlary geçirmek, çeper we dokumental filmleri surata düşürmek göz öňünde tutulýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen arheologik, medeni-taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerinden başga-da, toplumlýayn dikeldiş işlerini geçirmek meýilleşdirildi. Türkmen halkynyň maddy we maddy däl gymmatlyklaryny UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maksatnamany makullap hem-de ony tassyklamak hakynda Karara gol çekip, Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny wagyz etmek hem-de onuň bilen bagly milli taryhy-medeni baýlygy giňden ýaýmaga gönükdirilen iri çäreleri geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrligine Halkara guramasy bilen bilelikde “Amuldan Hazara çenli” atly halkara awtomobil ýaryşyny guramak babatda görkezmeleri berdi we onuň geçjek ugurlary kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugur boýunça welosiped ýaryşyny, onuň welaýatlaryň çäginden geçýän böleklerinde bolsa sport ylgaw ýaryşlaryny guramak barada teklibi öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz medeni we sagaldyş maksatlaryny özünde jemleýän şeýle çäreleriň jemgyýetimizde işjeň durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, ülkämizi öwrenmäge, ýurdumyzyň taryhyny bilmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahatçylyk we gezelenç saparlaryny guramagyň möhümdigini aýdyp, şeýle aň-bilim işlerini ozaly bilen ýaşlaryň arasynda geçirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzda sporty, bedenterbiýe hereketini wagyz etmäge, halkymyzyň milli mirasyny tanyşdyrmaga täze çemeleşmeleri ornaşdyrmalydygyna ünsi çekip, öwreniş syýahatçylygyna, diňe hereketli oýunlary däl-de, eýsem, medeni düzümi hem öz içine alýan dürli sport çärelerini birleşdirmegiň dogry boljakdygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlamagy bilen, yzygiderli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak üçin köp ugurly mümkinçilikleriň bardygyna we bu babatda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň we diplomatik düzüminiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi jemläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Mämmedowy şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alyp barýan işleri, durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge, döwletimizi hem-de jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak işlerini çuňlaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilen çäreler barada habar berdi.

Öňdebaryjy tejribäni we dünýä ölçeglerini öwrenmek hem-de milli hukuk ulanyş tejribesine ornaşdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça işleriň geçirilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz deputatlaryň ünsüni parlamentiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna çekdi. Şol işler ýurdumyzda syýasy medeniýeti ýokarlandyrmaga, raýatlyk edaralaryny we demokratik gymmatlyklary berkitmäge gönükdirilendir. Kanunçykaryjylyk işi jemgyýetimiziň bähbidine hyzmat etmelidir diýip, milli Liderimiz halk wekilleriniň tutuş ilatyň bähbitlerini gorap, döwletimiziň we milli kanunçylygyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde amala aşyrmalydygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministirliginiň “Internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak” taslamasyny meliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen ylalaşyklary baglaşmak hakynda

         2017-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden №419 belgili Kararyna laýyklykda 2017-nji ýylyň 9- njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Yslam ösüş banky bilen degişli Ylalaşyk baglaşyldy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Yslam ösüş banky bilen baglaşylan Türkmenistan üçin 2016-2018-nji ýyllara ýurt boýunça üç ýyllyk maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak” taslamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklar baglaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Erik Stýuart türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   13.12.2017  / 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Işewüriň belleýşi ýaly, ABŞ-nyň işewür toparlary ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmaga hemişe açykdygyny aýdyp, ýurdumyzda eýýäm birnäçe ýyl bäri üstünlikli işläp gelýän iri amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we dürli pudaklardaky taslamalar däp bolan işewür gatnaşyklary köp ugurly ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge ugur alan ýurdumyz öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, iň oňat dünýä tejribeleriniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, onuň baý mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezen ikitaraplaýyn işewürler geňeşiniň we bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň möhüm orny bellenildi. Türkmen-amerikan özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlary we beýlekiler görkezildi.

Işewür ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga ýokary gyzyklanmalaryny ýene-de bir gezek tassyklap, halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş edýän ornuny belledi. Munuň özi halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   17.11.2017 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri syýasatynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bermegi üçin söz berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda degişli ugurda geçirilmeli işleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde ep-esli artandygyny belledi. Dürli ugurlarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi munuň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamanyň kabul edilmeginiň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de Durnukly Ösüş Maksatlaryny gazanmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu ugurda göz öňünde tutulýan işleriň garamagyndaky düzümler tarapyndan öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer maliýe-ykdysadyýet ulgamyna girýän edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň maksatlary we wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn asyryň ykdysadyýeti” we “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnallarynyň binýadynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň täze neşirini döretmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikleri hem-de ykdysadyýet ulgamyndaky giň gerimli özgertmeleriň esasy ugurlaryny giňden beýan etmegiň we ilata ýetirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere täze neşiri döretmek bilen bagly ähli meseleleri düýpli işlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de degişli edaralar tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, içerki bazary ýokary hilli harytlar bilen doly üpjün etmek, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, onuň kuwwatyny hem-de milli ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge goşandyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere söwda we telekeçilik işini kämilleşdirmek, telekeçiligi işjeňleşdirmek hem-de ýurdumyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda hususy başlangyçlary höweslendirmek, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma desgasynyň gurluşygyny tamamlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny hem-de suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň, nebit koksynyň we gudronyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem asfalt taýýarlanylanda ulanylýan ýol bitumynyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny okgunly ösdürmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Olaryň çözülmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şol wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän täze nebit we gazhimiýa önümçiliklerini gurmak işleri bar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti nebit gaz pudagynda innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy. Olar ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün edip, daşky gurşawy goramak babatda wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir. Wise-premýere TNGIZT-de täze desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek hem-de ýakyn geljek üçin nebiti gaýtadan işleýän senagatda amala aşyryljak düzüm taslamalaryny ilerletmek boýunça işleriň depginini artdyrmak babatda anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg edilýändigini, şol sanda gögeriş alnan bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulýandygyny, topragyň mineral dökünler bilen gurplandyrylýandygyny, haşal otlaryň garşysyna göreşilýändigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, meýdanlarda pagtanyň galan hasylyny ýygnamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda çig maly gaýtadan işlemek işleri alnyp barylýar, daýhanlar bilen özara hasaplaşyklar geçirilýär. Oba hojalyk tehnikalary we enjamlary geljek ýylyň möwsümine taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini köpeltmäge, şol sanda ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna artdyrmaga degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek hem-de ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilişini gowulandyrmak boýunça umumydöwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamak meselelerine pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda döwrebap oba hojalyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, toprak hem-de suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga ýardam berýän öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň we iş ýüzünde ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer önümleri daşamak üçin himiýa senagatynyň kärhanalaryny täze demir ýol tehnikalary bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berip, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan Türkmenabadyň himiýa zawody üçin kükürt kislotasyny daşamak üçin niýetlenen demir ýol çeleklerini satyn almak boýunça geçirilen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada aýtdy. Onuň taslama kuwwatynyň bu önüm bilen diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini doly kanagatlandyrmaga däl, eýsem, ony daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli ugurlarda, şol sanda mineral dökünleriniň dürli görnüşlerini öndürmek ulgamynda uly geljege eýe bolan milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde himiýa senagatynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenabadyň himiýa zawodynyň ägirt uly kuwwatynyň hem-de önümçilik toplumynyň uly geljeginiň bardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz halk hojalyk toplumynyň we ilatyň özümizde öndürilýän dürli görnüşli hem-de ýokary hilli himiýa önümlerine bolan isleglerini öz wagtynda we bökdençsiz üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda degişli inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümi bolan ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň meýilnamasyny taýýarlamak babatda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Bu meýilnama laýyklykda, täze binalary gurmak üçin meýilleşdirilýän meýdanda ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar bagyny, umumybilim berýän mekdebi, köpugurly söwda merkezini gurmak göz öňünde tutulýar. Ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň buýrujysy ýurdumyzyň Senagat ministrligi bolup durýar. Işleri bäş ýylyň dowamynda iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Aşgabat şäherinde binalary gurmak boýunça Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşigini yglan etmek barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda özboluşly desgalaryň we binalaryň gurulýandygyny belledi. Binalaryň köpsanlysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz potratçylar bilen baglaşylýan şertnamalara özboluşly işleriň we pikirleriň göçürilmeginden goramak maksadynda gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak babatda degişli patenti resmileşdirmek bilen bagly bölümi girizmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem şundan ugur almak bilen, şertnamada gurluşygyň taslamasy üçünji bir ýurda berlen halatda, potratçynyň we buýrujynyň mümkin bolan jogapkärçiligini görkezmeli.

Gol çekilýän her bir şertnama ýokarda görkezilen bölümi hökman içine almalydyr diýip, milli Liderimiz talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa ýurdumyzdaky ähli iri we möhüm ähmiýetli gurluşyklara patent bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz gurluşyk üçin ähli bäsleşikleriň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan geçirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, täze gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýyna, desgalary gurmagyň hiline we möhletlerine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýduryp, degişli Buýruga gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň demir ýol pudagyny has-da ösdürmäge degişli ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň hereket etmegindäki amatly we howpsuz halkara ulag geçelgeleriniň döredilendigini nygtady. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi—halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, söwda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň biri hökmünde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň esasy ugry bolan demir ýol pudagyny maksadalaýyk we yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Demir ýollaryň täze şahalary çekilýär, dürli ähmiýetli wagonlar, kuwwatly teplowozlar hem-de beýleki tehnikalar satyn alynýar. Pudaga innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, täze kärhanalar açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işiniň zerur bolan hilini üpjün etmek boýunça gözegçiligi hem-de hereketleriň anyk meýilnamasynyň berjaý edilmegini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Rumyniýanyň Aşgabatda geçiriljek Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Wise-premýer döredijilik forumynyň maksatnamasyna iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň ençemesiniň goşulandygyny belledi. Olaryň hatarynda muzeý işiniň hünärmenleri bilen duşuşyk, Rumyniýanyň milli egin-eşikleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, kinofilmleriň görkezilişi hem-de bilelikdäki konsert bilen baglanyşykly çäreler bar. Myhmanlar paýtagtymyzdaky muzeýleriň gymmatlyklary we Aşgabadyň ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-rumyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňümizdäki döredijilik çäresiniň ähmiýetini belledi.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garap, dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy, ählumumy ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine döwrüň talabyna laýyk gelýän halkara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklarynda daşary ýurtlar bilen özara ynanyşmagy hem-de dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn ornuň degişlidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Bagabatda 200 orunlyk täze şypahanany gurmak baradaky teklibi hödürledi.

Bu şypahananyň düzüminde anyklaýyş we maslahat beriş, fizioterapiýa, bejeriş we beýleki bölümler bolar. Olary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bagabatda şypahanany gurmak meselesiniň üstünde içgin işlemegi, gurluşyk işleriniň ähli ugurlaryny öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen, ýurdumyzyň şypahanalaryny iň täze ýokary tehnologiýaly tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek meselesine aýratyn üns bermegi talap etdi.

Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere mekdep okuwçylarynyň hem-de ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek ulgamynda aň-bilim we düşündiriş çärelerini geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz orta we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň bu meseläniň örän wajypdygyna oňat düşünmelidigini we onuň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşmelidigini aýdyp, ýol hereketiniň kadalarynyň bozulan halatynda, olaryň jogap bermelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 14–15-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) netijeleri barada hasabat berdi.

Wekilçilikli foruma Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa, Amerika ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we düzümleriniň, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň, iri bank-maliýe edaralarynyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Iki günlük maslahatyň barşynda Owganystany ösdürmäge ýardam bermek boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge, energetika, ulag hem-de kommunikasiýalar, söwda, hususy telekeçilik ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy höweslendirmäge hem-de işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesine garaldy.

Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi forumyň möhüm wakasy boldy. Bu täze halkara ulag geçelgesi Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder.

Maslahatyň çäklerinde şeýle hem işewürler maslahaty, zenanlaryň işewür duşuşygy, bilelikdäki söwda sergisi hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi guraldy.

RECCA VII maslahatynyň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy biragyzdan kabul edildi. Onda gatnaşyjy döwletleriň we halkara guramalaryň sebitde hem-de sebitara giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we giňeltmäge taýýardygy öz beýanyny tapdy.

Türkmen paýtagtynda geçirilen maslahat tutuş dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekdi. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde onuň giňden beýan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň oňyn

Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, mundan beýläk-de Owganystana durmuş-ykdysady taýdan galkynmakda ýardam berjekdigini belledi. Ýurdumyz owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlap, olaryň durmuşa geçirilmegine goňşy döwletiň sebit we halkara hyzmatdaşlygyna goşulyşmagy boýunça görülýän umumy çäreler babatda garaýar.

Türkmenistan doganlyk owgan halkynyň parahatçylyga we durnuklylyga ymtylmagynda raýdaş bolmak bilen, Owganystandaky ýagdaýy diňe syýasy-diplomatiki, gepleşikler serişdeleri arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam etmek boýunça halkara tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmek we özara bähbitli sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek işinde paýtagtymyzda geçirilen maslahatyň ähmiýetini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň alyp barýan işleri, häzirki döwürde döwlet gurluşygynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde görülýän çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiz Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijeli guralydygyny belläp, jemgyýetde demokratik ýörelgeleri berkarar etmäge gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmäge deputatlaryň ünsüni çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, işde uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 10 ýyllygynyň hormatyna halkara maslahat

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) / 11.12.2017 /

Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen foruma ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň—Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, şeýle hem beýleki birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bar. Maslahata BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça Missiýasynyň, beýleki halkara guramalarynyň, şol sanda ŞHG-nyň we GDA-nyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamasyna laýyklykda ilkinji gezek bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasyna gabat gelmeginiň özboluşly manysy bar. Şol resminamada bu senäni esaslandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy anyk beýanyna eýe boldy.

Ýigrimi iki ýyl mundan öň ýurdumyz hemişelik bitaraplyk derejesine eýe boldy, bu waka halkara diplomatiýasynyň täsin hadysasy boldy hem-de türkmenistanylaryň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Şeýlelikde, türkmen bitaraplygynyň nusgasy dünýä bileleşiginiň işlerinde özboluşly hukuk ulanyş tejribesi bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bitarap döwletiň borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirip, öz döredijilik we ylalaşdyryjylyk kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine alama aşyrmaga çalyşýar. Biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň mysalynda “bitaraplyk” we “öňüni alyş diplomatiýasy” düşünjeleriň özara baglanyşygy aýdyň görünýär, munuň özi anyk işlerde öz beýanyny tapdy.

Türkmen tarapynyň wekili maslahaty açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan bu günki forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, forumyň giiňşleýin düzümi sebitiň döwletleri, şeýle hem tutuş halkara bileleşigi tarapyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine uly gyzyklanma bildirilýändiginiň, onuň ykrar edilýändiginiň, öňde goýlan maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça netijeli iş alyp barmagy bilen bu merkeziň uly abraýa eýe bolýandygynyň nobatdaky subunamasydyr.

Sebitiň işi syýasy meseleler bilen çäklenmän, eýsem ol durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak, bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek wezipelerini çözmekden ybaratdyr. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň geriminiň giňeýändigini goldaýar. Ýurdumyz merkeziň alyp barýan işine parahatçylygyň, durnuklylygyň we Merkezi Aziýa howpsuzlygyň berk binýadyny ýola goýmaga möhüm goşandy hökmünde baha berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Germana söz berildi. Merkeziň ýolbaşçysy bu ýere ýygnananlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň adyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem ol bu gezekki baýramçylygyň dünýä bileleşiginiň 12-nji dekabrda bellejek Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýändigini nygtady.

Hanym Natalýa German çykyşynda merkeziň işine yzygiderli goldaw berýändigi, şanly sene mynasybetli guralan çäreler toparynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi şu geçen on ýylyň içinde sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşmak bilen ägirt uly tejribe toplady. Häzirki döwürde möhüm hasaplanýan parahatçylyk söýüjilik işleri öňüni alyş diplomatiýasynyň möhüm gurallaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Şeýle hem merkeziň tagallalary Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, olaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ugur edinýän daşary syýasat başlangyçlaryna goldaw berilmegine gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçy düzümi bu sebite aýratyn ähmiýet berýär. 2017-nji ýylda BMG-niň Baş sekretary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 5-sine, şol sanda Türkmenistana sapar bilen geldi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Natalýa German şu ýylyň iýun aýynda paýtagtymyzda BMG-niň baştutanynyň ýolbaşçylygynda “BMG bilen Merkezi Aziýanyň arasynda BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejedäki gatnaşyklar” duşuşygyna ähmiýet berdi. Bellenilişi ýaly, onuň jemleri boýunça terrorçylyga garşy durmak baradaky Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Öňüni alyş diplomatiýasy—munuň özi esasan ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlykdyr. Bu barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy merkeziň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Rezolýusiýa bilen gutlady we onuň awtordaşy bolup çykyş eden Merkezi Aziýa ýurtlaryna hoşallyk bildirdi.

Munuň özi tutuş sebit üçin möhümdir. Onda Merkezi Aziýada howpsuzlygy we gülläp ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ýola goýulýan gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapýar diýip bellemek bilen, hanym Natalýa German Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bu ugurda mundan beýläk-de netijeli iş alyp barjakdygyna ynandyrdy.

Foruma gatnaşyjylara Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň işi hakynda ýörite taýýarlanylan wideofilm görkezildi.

Soňra maslahat öz işini “Gapma-garşylyklary aradan aýyrmak boýunça gepleşikleri alyp barmak: geljege iň gowy tejribeler, sapaklar we garaýyşlar” hem-de “Öňüni alyş diplomatiýasy hereketde: dünýä tejribesi, BMG-niň sebit guramalarynyň we düzümleriniň bilelikdäki hereketleri” atly umumy mejlisleriň çäklerinde dowam etdi.

Çykyşlarde bellenilişi ýaly, geçen ýyllar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň sebitde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegiň, durnukly ösüşi üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde ähmiýetini, onuň Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini tassyklady.

Häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge hil taýdan täze, toplumlaýyn çemeleşmek bilen ýurdumyz ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk nukdaý nazaryndan üýtgewsiz çykyş edýär. Munuň özi türkmen paýtagtynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ştab-kwartirasy hökmünde saýlanyp alynmagyny öňünden kesgitledi, ony sebitiň ähli döwletleri biragyzdan goldadylar.

2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň deňi-taýy bolmadyk düzümi bolan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň dabaraly açylyşyna Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gatnaşdy. Bu düzümi döretmek başlangyjy Türkmenistanyň Prezidentine degişli bolup, dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitleriniň birinde özara gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmek işiniň başyny başlady. Bu pikiriň amala aşyrylmagy BMG-niň we sebit bileleşiginiň, ozaly bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň şeýle Merkeziň zerurdygyna we maksada laýyk boljakdygyna düşünmegi bilen berkidildi.

Şeýlelikde, sebitiň taryhynda ilkinji gezek netijeli gepleşikleriň, dawalaryň öňüni almagyň hem-de syýasy-hukuk gurallara hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ägirt uly abraýyna, onuň syýasy guramaçylyk serişdelerine daýanmak bilen, bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamagyň ösüşe ýardam ediji guraly bolmaga gönükdirilen, hemişelik hereket edýän işçi edarasy peýda boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygynyň şanyna degişli Kararnamanyň kabul edilmegi merkeziň işiniň ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär. Şol resminamada halkara bileleşiginiň öňüni alyş diplomatiýasynyň kuwwatyna uly gyzyklanma bildirýändigi hem-de Bitarap Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk tejribesiniň we onuň döredijilikli başlangyçlarynyň zerurlygy öz beýanyny tapdy. Dünýäniň dürli yklymlaryna wekilçilik edýän döwletleriň 57-si bu resminama awtordaş bolup çykyş etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ýurdumyzy sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine hem-de giňeldilmegine önjeýli goşant goşýan ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň möhüm düzümleri, şol sanda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýaysynyň sebit merkezi bilen edýän işjeň gatnaşyklary täze özara ylalaşykly we uzak geljegi nazarlaýan, diňe hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulmagyny hasaba almak bilen, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaýyn wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen çemeleşmelerde öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyz energetika we ulag, ekologiýa, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarda giň möçberli taslamalary amala aşyrmak bilen, döwletiň we tutuş jemgyýetiň durnukly ösüşiniň pugta binýadyny kemala getirmekde nusgalyk orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda on ýyl mundan ozal Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Bitarap Türkmenistanyň öňdengörüjilikli daşary syýasat ugrunyň özboluşly dowamy we onuň dünýä ýüzündäki belent abraýynyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki döwürde paýtagtymyz döwrüň has möhüm meseleleri boýunça gepleşikleriň umumy ykrar edilen merkezine öwrüldi. Bu ýerde iri wekilçilikli forumlar, şol sanda BMG-niň howandarlygyndaky maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Merkeziň beýleki sebitleýin we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy möhüm wezipeleriň çözgüdinde, şol sanda sebitde howpsuzlygyň, durnuklylygyň saklanmagynda, ählumumy wehimlere we howplara garşy durmakda, serhetýaka suw-energetika serişdelerini dolandyrmakda, Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly esasda kadalaşdyrylmagynda wajyp tagallalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendirýär. Energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag, aragatnaşyk, ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagy gatnaşyklaryň esasy ugurlary bolup durýar.

Özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň öňde durýan wezipeleri çözmekde esasy gural bolup hyzmat etjekdigi bellenildi. Şunlukda, BMG-niň Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde dürli düzümleriniň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin Türkmenistanda bar bolan düzümleýin mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagynyň ähmiýeti bellenildi. Bu ulgamlardaky gatnaşyklar ulgamlaýyn, uzakmöhletleýin esasda alnyp barylýar we olar anyk netijelere gönükdirilendir.

Maslahatyň dowamynda sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan we ony yzygiderli dowam edýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýokary baha berildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi BMG-niň şeýle görnüşli wezipe boýunça ýöriteleşdirilen ilkinji düzümidir. Ol dünýäniň beýleki sebitlerinde özara gatnaşyklar üçin nusga bolup hyzmat edip biler.

Häzirki zaman şertlerinde Öňüni alyş diplomatiýasy has möhüm, käbir pursatlarda bolsa gapma-garşylyklaryň öňüni alýan aýgytly şert, sebitleýin we ählumumy ýagdaýlaryň oňyn kadalaşdyrylmagyny üpjün edýän düzüm bolup durýar. Şunlukda, on ýylyň dowamynda Merkeziň toplan tejribesiniň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Forumyň jemini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar bu çäräniň ägirt uly amaly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Maslahat öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy, ykdysady, taryhy we medeni ugurlary özünde jemleýän janly, döredijilik ýagdaýydygyny bellediler.

Ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işine mundan beýläk-de doly goldaw berjekdigi, şeýle hem onuň ornunyň we abraýynyň berkemegini şertlendirjekdigi bellenildi. Merkeziň işine yzygiderli goldaw berýändigi üçin sebitiň döwletleriniň ýolbaşçy düzümlerine we BMG-niň Baş sekretaryna aýratyn hoşallyk bildirildi.

Maslahata gatnaşyjylar Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine yzygiderli goldaw berýändigi üçin, şeýle hem sebitleýin we ählumumy ösüşiň esasy wezipeleriniň çözülmeginiň bähbidine tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyny tassyklan maslahatyň netijeli işi ugrunda möhüm şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler.

***

Şol gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezinde bu düzümiň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan daşary işler ministrleriniň we sebitiň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyk geçirildi.

Onuň dowamynda sebitde öňüni alyş şertlerinde, şol sanda 2018-2020-nji ýyllarda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Hereketler maksatnamasynyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde sebitara gatnaşyklar boýunça birnäçe anyk tekliplere garaldy.

Umuman, sebitde ähli ulgamlarda öňüni alyş diplomatiýasyny mundan beýläk-de ilerletmek, Merkeziň goldaw bermeginde netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meseleleri boýunça utgaşykly tagallalary işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşi we onuň artýan mümkinçilikleri bellenildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Geçirilen metbugat maslahatynda duşuşygyň netijeleri aýan edildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýygjam gatnaşyklary, umuman, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.

Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   15.11.2017  /  

Paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Aşgabatda RECCA VII iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Ol Owganystany işjeň çekmek bilen netijeli özara hereket etmäge, umuman, ýakynlaşmak işlerini höweslendirmäge we ösdürmäge, sebitde bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşma öwrüldi.

Maslahat daşary ýurtlardan, şol sanda Owganystandan, Azerbaýjandan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Müsürden, Hindistandan, Indoneziýadan, Yrakdan, Eýrandan, Ispaniýadan, Italiýadan, Gazagystandan, Kanadadan, Katardan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Norwegiýadan, BAE-den, Pakistandan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Şwesiýadan, Ýaponiýadan wekiliýetleriň onlarçasyny Aşgabatda ýygnady.

Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň iri ýöriteleşdirilen düzümleriniň-BMG-niň öwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD), BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP), BMGÖM-niň, ÝUNESKO-nyň, BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça missiýasynyň (UNAMA), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA), Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça edarasynyň (UNIDO), BMG-niň Ýewropa ykdysaly toparynyň (UNECE), ЕB, ÝHHG, YHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, ŞHG-niň, Halkara zähmet guramasynyň (ILO), Günorta Aziýanyň sebit hyzmatdaşlygy assosiasiýasynyň (SAARC), ТRASEKA-nyň, Arap ykdysady ösüşiniň Kuweýt gaznasynyň, Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak ölçegleri boýunça maslahatynyň (CICA), Aga Hanyň ösüş boýunça guramasynyň (AKDN) hem-de beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata iri bank we maliýe düzümleri, şol sanda Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Halkara maliýe korporasiýasy (IFS), Halkara ösüş gaznasy OPEK (OFID) öz wekillerini iberdiler.

Aşgabat duşuşygynda şeýle hem ýurdumyzda resmi taýdan işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary çagyryldy.

Maslahata türkmen tarapyndan Hökümet agzalary, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Forum Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň Konferensiýasy (RECCA VII ) hakynda ýörite taýýarlanan wideofilmi görkezmekden başlandy.

Maslahatyň resmi açylyş dabarasynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleriniň we halkara guramalarynyň duşuşyga şeýle giň hem-de wekilçilikli gatnaşmagyna hormat nyşany, duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň möhümdigine düşünmegiň subutnamasy hökmünde garaýar. Bu duşuşyk Owganystana durnuklylygyň we ösüşiň bähbidine bilelikdäki hereketleri has-da birleşdirmek babatda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Biziň ýurdumyz goňşy döwlet bilen gatnaşyklara aýratyn üns berip, onuň durnukly ösmegine, sebit hem-de dünýä işlerine doly goşulyşmagyna, owgan topragynda parahatçylygyň we ylalaşygyň ýola goýulmagyna ýardam edýär. Owganystanda syýasy durnuklylygy diňe parahatçylyk, diplomatik serişdeleri bilen gazanmak mümkinçiligine bolan ynam türkmen tarapynyň garaýşynyň esasy pursady bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jogapkär owgan güýçleriniň, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasyndaky giň milli gatnaşyklary BMG-niň howandarlygynda ýola goýmak üçin Türkmenistanyň syýasy giňişligini hödürleýär.

Ýurdumyz bu ugurda halkara guramalarynyň syýasy mümkinçiliklerini peýdalanyp işlemäge taýýardygyny tassyklamak bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem-de BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça missiýasy (UNAMA) bilen özara gatnaşyk saklaýar. Türkmenistan öňde goýlan maksatlary gazanmak boýunça dünýä bileleşiginiň hem-de sebit boýunça goňşy ýurtlaryň tagallalaryna işjeň gatnaşýar we olary hemişe goldaýar.

Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek onuň üçin esasy mesele bolup durýar. Türkmenistan ykdysady ösüşiň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, giň gerimli durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmagyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýyny, bilim derejesini ýokarlandyrmagyň ýurtdaky ýagdaýa oňyn täsir edip, bu ýerde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkemegine ýardam edýändigine ynanýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, halkara kömegi täsirli, gönükdirilen we anyk bolmalydyr.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz Owganystana kömek bermek boýunça köptaraplaýyn tagallalaryň işjeň tarapdary hem-de ençeme ýyl bäri olara gatnaşyjy bolup durýar, dünýä bileleşiginiň bu ugurda hereketlerini amala aşyrmaga bolan erk-islegini we aýgytlylygyny görkezmegine ýokary baha berýär. RESSA-nyň çäklerinde başy başlanan sebit hyzmatdaşlygynyň häzir Owganystanyň özündäki onuň çäklerinden daşardaky ýagdaýa düýpli täsir etmäge ukyply bolan netijeli gural bolup çykyş edýändigi şübhesizdir.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagy, hususan-da, energetika we ulag ýaly möhüm ugurlarda durmuşa geçirilmegi bu ýurduň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady hem-de durmuş taýdan galkynmagynyň, sebit we dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Hut şeýle ýagdaýda Owganystan giň özara gatnaşyklara doly hukukly gatnaşyjy we hyzmatdaş bolmaga ukyplydyr. Şunda Owganystan üçin strategik mümkinçilik bolup, onuň sebit hem-de dünýä işlerindäki orny owgan halkynyň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň girewi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan başy başlanan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Deslapky hasaplamalara görä, TOPH taslamasy Owganystana gazyň göni iberilmeginden başga-da, diňe “mawy ýangyjyň” üstaşyr geçirilmegi üçin her ýylda ýurduň býujetine ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaý serişdäniň gelip gowuşmagyny üpjün eder. Mundan başga-da, bu ýerde täze iş orunlarynyň 12 müňden gowragyny döretmek üçin şert dörär. Häzir Türkmenistan gaz geçirijiniň öz çägindäki böleginiň gurluşygyny amala aşyrýar. Şeýle hem taraplar gaz geçirijini owgan çäginden geçirmek bilen bagly tehniki meseleleri çözmek boýunça bilelikde iş alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ýene-de beýleki ähmiýetli taslama – Türkmenistandan Owganystana demir ýoluny çekmek bolup, onuň birinji nobatdakysynyň – Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň gurluşygy geçen ýylyň güýzünde tamamlandy. Häzir taraplar Owganystanyň çäginde polat ýolunyň gurluşygyny dowam etmek meselesi boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Geljekde bu demir ýoluny Täjigistan bilen serhede çenli dowam edip, ony Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň bölegine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Bu taslama Owganystany halkara ulag düzüminiň esasy bölegi hökmünde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykmak mümkinçiligi bilen umumy işlere goşmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, bu ýurduň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmek mümkinçiligi döreýär.

 

Şeýle hem şol babatda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesini döretmegiň geljegi uly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli bäştaraplaýyn ylalaşygyň eýýäm gol çekilmäge taýýardygy habar berildi.

Biziň ýurdumyz döredilen goşmaça kuwwatlyklary nazara almak bilen, Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini birnäçe esse artdyrmaga taýýar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan taslamasynyň çäklerinde ony eksport etmek boýunça täze halkara taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýar. Türkmen tarapy Owganystany, onuň üsti bilen owgan ulgamlary boýunça Pakistany elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça hem taslamanyň başyny başlady. Şeýlelikde, bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Owganystanyň elektrik energiýasyny alýan ýurtdan ony üstaşyr geçirýän hem-de sebitiň energetika ulgamyna gös-göni gatnaşýan ýurda öwrülmegini aňladar.

Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan bu taslamalara syýasy-diplomatik we maliýe-ykdysady ýardam edilmegine Owganystanyň ösüşinde täze sepgitlere çykmaga çalyşmagyna gös-göni goldaw berilmegi bolup durýandygyna ynanýar. Ýurduň geljegi köp babatda olara halkara gatnaşygynyň derejesine we möçberine baglydyr.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak Owganystany üstünlikli dikeltmäge uly goşant bolup durýar. Şu maksatlar bilen, sebitiň döwletleriniň, beýleki ýurtlaryň diňe iri däl-de, eýsem, orta we kiçi işewürligi owgan bazaryna işjeň girip, serhetýaka söwdasyny ösdürmeli. Senagat harytlarynyň önümçiligi, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlarda bilelikde işlemegiň dürli görnüşleri ýola goýulmaly.

Owganlylaryň goňşulary bilen telekeçilik işlerini alyp barmakda köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bolup, olar öz hyzmatdaşlaryna köp zat teklip edip biler. Owgan işewürligine özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasynda sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna doly aralaşmaga ýardam etmeli.

RECCA VII maslahatynyň düýn geçirilen iki sany çäresi—işewürler maslahaty we zenanlaryň işewür duşuşygy şol meselelere bagyşlandy. Aşgabatda açylan bilelikdäki sergi bolsa işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň aýdyň beýany boldy. Oňa owgan we türkmen işewürleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalary gatnaşýarlar.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz ençeme ýyl bäri Owganystana goldaw bermek bilen onuň çäginde saglygy goraýyş we bilim edaralaryny gurýar, goňşy döwlete ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny iberýär, ynsanperwer ýüklerini yzygiderli ugratmak bilen, milli işgärleri taýýarlamakda kömek edýär. Şunuň ýaly yzygiderli goldaw geljekde hem Owganystanda durmuş desgalaryny gurmak boýunça Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işlenip taýýarlanylan ýörite maksatnama laýyklykda amala aşyrylar.

Elbetde, Owganystana kömek etmek boýunça anyk çäreleriň görülmegi öňde goýlan wezipeleri çözmäge umumy ymtylmanyň hem-de ahyrynda üstünlige bolan ynamyň bardygyny tutuş dünýä äşgär eder. Erk-islege we özara ynanyşmaga, Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen tutuş dünýä bileleşiginiň, beýleki iri hem-de abraýly halkara we sebit düzümleriniň goldawyna esaslanan tagallalaryň birleşdirilmegi bu ýurduň yzygiderli ösmegi üçin möhüm şert bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň geljekde hem doganlyk Owganystany ösdürmegiň, tutuş sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we rowaçlygyň bähbidine zerur başlangyçlara işjeň gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Owganystan Yslam Respublikasynyň ikinji wise-prezidenti Sarwar Daniş bu ýere ýygnananlary owgan tarapynyň adyndan mübärekledi. Ol RECCA VII maslahatyna gatnaşmak mümkinçiligine özüniň örän şatdygyny nygtap, mähirli kabul edilendigi hem-de Aşgabatdaky forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, türkmen paýtagtynda şu duşuşygyň geçirilmegi sebit ykdysady hyzmatdaşlykda, sebiti ählumumy ýakynlaşmak işlerine goşmakda oňyn Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrýan Türkmenistanyň tutýan ähmiýetli we işjeň ornunyň ajaýyp subutnamasydyr. Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça depginli ösdürilýän türkmen-owgan gatnaşyklary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nusgasydyr. Jenap Sarwar Daniş sentýabrda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň örän uly üstünligini ýakynlaşmak babatda möhüm ädimdigini hormat bilen belläp, ýurdumyzy bu ajaýyp üstünlik bilen mähirli gutlady.

Owganystan Yslam Respublikasynyň ikinji wise-prezidenti pursatdan peýdalanyp, döwletara hyzmatdaşlygyna uly üns berýändgi hem-de parasatly ýolbaşçylyk edýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de taraplaryň yzygiderli hoşniýetli erkine daýanýan däp bolan bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Jenap Sarwar Daniş Owganystanyň halkynyň, Prezidentiniň we Hökümetiniň adyndan RECCA VII maslahatyna gatnaşandyklary üçin wekiliýetleriň ählisine hoşallyk bildirdi hem-de munuň sebitdäki netijeli hyzmatdaşlyga bar bolan ähli mümkinçilikleri ulanyp, has-da ýokary netijelilik bermegiň umumy maksat edinilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň ösüşiniň taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan, Owganystan ykdysady hyzmatdaşlygyň ýakynlaşdyrylmagynyň güýçlendirilmegine gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, RECCA dürli ulgamlarda—energetika, ulag, söwda, telekommunikasiýa ulgamlarynda, işewür düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleri hödürläp biler.

Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjylaryň şeýle uly wekilçilikli düzümde bolmagy bu ugurdaky işleriň örän işjeňleşendiginiň görkezijisidir. Bu baradaky gürrüňiňi dowamynda Owganystan Yslam Respublikasynyň ikinji wise-prezidenti 2015-nji ýylyň sentýabrynda 6-njy RECCA maslahatynyň geçirilen wagtyndan bäri sebitde ileri tutulýan taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň nukdaýnazaryndan uly geljegi bolan ösüşleriň gazanylandygyny nygtady.

Lýapis Lazuli ugry boýunça täze halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşyga gol çekilmegi sebitde bilelikdäki tagallalaryň ajaýyp netijesidir. Bu möhüm resminamanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişliginde ygtybarly üstaşyr-ulag ulgamynyň kemala getirilmegine ýardam eder.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, elektroenergiýany ibermek boýunça täze taslamalaryň uly ähmiýeti bardyr. Olar sebitde netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň subutnamasy bolup, bu babatda häzirki döwürde göze görnüp duran öňegidişlikler gazanylýar. Sebitde özara hereketleri öňe ilerletmekde gazanylan ýene bir üstünlik sanly Ýüpek ýoly taslamasydyr. Ol bu taryhy ýoluň täze hilde gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde, söwda-ulag düzümlerine maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, hususy ulgamy höweslendirmek, iş orunlaryny döretmek, RECCA-nyň hem netijeli orun tutup biljek ugry bolan gyzyklanma bildirýän täze hyzmatdaşlary gatnaşyk etmäge çekmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, Owganystan öz tarapyndan umumy maksatlara ýetmäge işjeň gatnaşmaga, Merkezi we Günorta Aziýa hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlary üçin sebitleýin ýakynlaşmagyň baglanyşdyryjy halkasy we merkezi hökmünde hyzmat etmäge taýýardygyny beýan edýär. Umumy jogapkärçilige esaslanan özara ylalaşykly çemeleşme we ýardam bermek sebit hem-de sebitara möçberde netijeli ykdysady hyzmatdaşlygyň we ýakynlaşmagyň girewi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagy möhüm ýagdaý hökmünde atlandyryldy. Bu bolsa umumy ykdysady ösüşler, halklaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Şeýle hem Owganystanyň halkara jemgyýetçiligine, sebitiň ähli ýurtlaryna parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde, owgan meselesini syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmekde, terrorçylyga we beýleki howplara garşy hereket etmekde hoşallyk bildirýändigi hem-de bu ugurda mundan beýläk-de ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge we ýardam berilmegine umyt bildirýändigi bellenildi.

Soňra Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Salahuddin Rabbanä söz berildi. Ol öz çykyşynda özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça umumy tagallalary netijeli birleşdirmek hem-de anyk gurallary döretmek boýunça RECCA-nyň mümkinçiliginiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Şol gatnaşyklar hoşniýetli gatnaşyklaryň göreldelik nusgasy bolup, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, has giň möçberlerde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýär.

Goňşy döwletiň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek hem-de ol ýerlerdäki ýagdaýlary parahatçylyk ýol bilen düzgünleşdirmek, onuň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagynyň, RECCA hem-de “Aziýanyň ýüregi” işleriniň öňe ilerlemegi baradaky meselelerde uly goşandy we ähmiýetli orun tutýandygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şu babatda ýangyç-energetika toplumynda, elektroenergetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan iri düzümleýin taslamalaryň wajypdygy nygtaldy. Olar sebit we dünýä möçberinde gatnşyklaryň umumy maksatlaryna hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň ýagdaýlarynda bu duşuşyk ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga, öz tarapyndan Owganystanyň uly gyzyklanma bildirýän sebit ykdysady ýakynlaşmany çuňlaşdyrmak boýunça anyk çäreleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şu maksatlar bilen, 2005-nji ýylda Kabulda RECCA-nyň çäklerinde ilkinji duşuşygyň geçirileninden bäri sebitiň söwda, üstaşyr hem-de ulag-aragatnaşyk halkasy hökmünde Owganystanyň tutýan ornuny üpjün etmekde görnükli ösüş gazanmak üçin uly tagalla edildi.

Bu çäreler serhetdeş ýurtlar hem-de Ýewropa bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebit, sebitara we yklymlaýyn söwdany hem-de üstaşyr geçirmegi artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Munuň özi hemmeler üçin gülläp ösüşi üpjün eder. Öz nobatynda, ykdysady rowaçlyk durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýan ählmumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Owganystan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek taslamasyny goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin tagallalary netijeli jemlemegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda bolsa, Aşgabat duşuşygy özara gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak boýunça gurallary işläp taýýarlamak, olary täze mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri döredýär.

Owganystanyň DIM-niň baştutany bu baradaky gürrüňiniň dowamynda maýa goýumlary çekmek hem-de ylalaşylan degişli strategiýalary durmuşa geçirmek arkaly ulag düzümlerini depginli ösdürmegiň we söwdany giňeltmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda owgan tarapy hem anyk çäreleri görýär. RECCA-nyň utgaşdyryjy meýdança öwrülmegi hem-de has giň görnüşde Ýewraziýada netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermegi üçin oňat orun tutýandygyna ynam bildirildi.

Jenap Salahuddin Rabbani umumy ykdysady üstünligiň hem sebit durnuklylygy hem-de halkara parahatçylygy üçin uzakmöhletleýin bähbitleri üpjün etjekdigini nygtap, maslahatyň ajaýyp derejede guralandygy üçin Türkmenistana, bu ýere ýygnananlaryň ählisine bolsa RECCA-nyň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň çözülmegine netijeli gatnaşyp, uly goşant goşandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi. Olar öz çykyşlarynda netijeli özara gatnaşyk etmek, sebitde we dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak boýunça tagallalary birleşdirmek üçin açyk meýdança hökmünde RECCA-nyň tutýan ornuny pugtalandyrmakda Aşgabat maslahatynyň ähmiýetini bellediler.

Şunda Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeldilmegine, onuň sebit hyzmatdaşlygyna goşulyşmagyna hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna yzygiderli ýakynlaşmagyna ýardam bermäge gönükdirilip, Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iri möçberli düzümleýin taslamalaryň ähmiýetli orny nygtaldy. Hususan-da, Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sun Weýdun parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine hem-de dostlukly goňşy döwletiň ösmegine, şeýle hem umuman, sebit hyzmatdaşlygynyň öňe ilerlemegine Türkmenistanyň köp ýyllyk möhüm goşandyny belledi.

Şeýle hem forumyň işiniň çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk) gol çekmek dabarasy boldy. Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge Aşgabat forumy anyk goşanda öwrülen bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady ýakynlaşmagyny ýokarlandyrmaga hem-de söwdanyň möçberini görnetin artdyrmaga gönükdirilendir.

Maslahata gatnaşyjylar onuň jemini jemlemek bilen, Aşgabat duşuşygynyň gün tertibiniň çäklerinde garalan meseleleriň möhümdigini belläp, anyk oňyn netijeleri berýän RECCA görnüşindäki netijeli gepleşikleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, forum häzirki döwrüň ýagdaýlaryna kybap gelýän hem-de öňde goýlan maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara ylalyşykly çemeleşmeleri we täsirli gurallary işläp taýýarlamak bilen bagly wezipeleriň toparyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik hem-de sebitde bilelikdäki işleri giňeltmek boýunça özara gatnaşyklara hem-de möhüm owgan meselelerini çözmäge täze itergi beren şu günki duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Taraplaryň sebitde hem-de sebitara giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we giňeltmäge taýýardygy Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça 7-nji maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen jemleýji resminamada - Jarnamada anyk beýanyny tapdy.

RECCA VII forumynyň jemleri metbugat maslahatynda beýan edildi, onuň barşynda türkmen tarapynyň adyndan ähli wekiliýetlere Aşgabat duşuşygynyň işine işjeň gatnaşandyklary üçin, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine bolsa bu duşuşygyň ussatlarça beýan edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň çäklerinde iki günüň dowamynda ahyrky netijäni ugur edinen duşuşyklar we çäreler geçirildi, Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine, onuň durmuş ulgamyny dikeltmäge, sebit we halkara düzüm taslamalaryna netijeli goşulmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Forum ähli gatnaşyjylaryň jogapkärçiliçigini we netijeli çemeleşmesini, geçirilýän işleri dowam etmäge, ony anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydygyny görkezdi. Munuň özi geljege ruhubelent garamaga, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine esasly seretmäge, Owganystany dikeltmek, doganlyk ýurtda parahatçylygy, ylalaşygy we abadançylygy gazanmak işine dolanuwsyz häsiýet bermäge gönükdirilen mýeilnamalary we taslamalary düzmäge esas berýär.

Şu güni mejlis RECCA-nyň yglan edilen maksatlarynyň çäklerinde onuň günüň talaplaryna laýyk gelýän möhüm, biziň sebitimiziň we onuň aýrylmaz bölegi bolan Owganystanyň duçar bolýan wehimlere hem-de wezipelere baha bermäge we täsir etmäge ukyply halkara görnüş bolup durýandygyny görkezdi. RECCA gatnaşýan ýurtlaryň we guramalaryň öz gatnaşyklaryny umumy çemeleşmelere, umumy maksatlara hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine esaslanyp guramagy bilelikdäki işiň möhüm ugry bolup durýar.

Maslahatyň barşynda Owganystanyň gatnaşmagynda ulag we energetika taslamalarynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi. Hut şonuň üsti bilen ýurduň sebit we halkara ykdysady, söwda gatnaşyklaryna doly hukukly hyzmatdaş hökmünde goşulmagy, iri maýalaryň çekilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi hakykata öwrülýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakisitan-Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny gurmagyň, sebitde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini döretmäge gönükdirilen beýleki birnäçe taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigi tassyklanyldy.

RECCA VII maslahatynyň işiniň çäklerinde Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe “Lýapis Lazuli” tähe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilendigi aýratyn bellenildi. Bu ýol gökezilen ugur boýunça ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu ulag geçelgesi şol bir wagtyň özünde Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder.

Owganystanyň gatnaşmagynda sebit söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň işine ýardam etmek meselesi maslahatyň gün tertibinde degişli orny eýeledi.

Türkmenistan maslahatyň işiniň netijelerine ýokary baha bermek bilen, onuň RECCA-nyň strategiki maksatlaryny amala aşyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna, hyzmatdaşlygyň gurallaryny kämilleşdirmäge, oňa uly netijeliligi çaýmaga ýardam etjekdigine ynanýar.

Metbugat maslahatynda çykyş eden Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Salahuddin Rabbani öz ýurdunyň hökümetiniň adyndan ajaýyp Aşgabat şäherinde mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Owganystan hoşniýetli goňşusy hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolup, şol hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna çäksiz buýsanýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň RECCA-ny we “Aziýanyň ýüregi” işlerini nazara almak bilen, owgan başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy bellenildi.

Jenap Salahuddin Rabbani forumyň jemleýji Jarnamasynyň biragyzdan goldanylandygy hem-de kabul edilendigi barada habar berip, Maslahatyň gün tertibiniň giň gerimli we netijeli bolandygyny belledi. Onuň barşynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bilelikdäki işewürler maslahaty guralyp, oňa gabatlanyp aýratyn çäre geçirildi. Zenanlaryň telekeçilige gatnaşmagynyň giňeldilmegi onuň esasy meselesi boldy.

Şu babatda owgan tarapynyň ykdysady başlangyçlaryna Türkmenistan tarapyndan hemişe berilýän uly goldawa Owganystanyň ýokary baha berýändigi nygtaldy.

Lapis Lazuli ulag geçelgesi boýunça ylalaşyga gol çekilmegi, gürrüňsiz suratda, Aşgabat duşugynyň möhüm wakasy boldy. Jenap Salahuddin Rabbani bular barada aýtmak bilen, bu ugruň Owganystany Ýewropa we beýleki dostlukly döwletler bilen diňe bir baglanyşdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, biziň ýurtlarymyzy birek-birege ýakyn edip, söwdanyň, üstaşyr geçirmegiň we maýa goýumlaryň has-da ösdürilmegi üçin mümkinçilikleri döretjekdigini belledi.

Owganystanyň Daşary işler ministri şeýle hem hyzmatdaş ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň adyndan RECCA-nyň işleriniň çäklerinde ileri tutulýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi babatda yzygiderli goldawyň beýan edilendigini kanagatlanma bilen nygtady.

Şeýlelik bilen, Aşgabatda RЕCCA VII maslahatynyň geçirilmegi bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek, sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny onuň köptaraply kuwwatyna hem-de döredijilikli maksatlaryna kybap gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak ýolunda nobatdaky anyk ädime öwrüldi.

Hökümetiň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   01.12.2017  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Maliýe-bank ulgamyna degişli edaralaryň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän işler barada hem habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynda bellenilen çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň, ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän işlere yzygiderli seljerme geçirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän söwda ulgamynda işleriň ýagdaýy, içerki bazaryň ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilişi, bu ugurda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alyjylara hyzmat edilişiniň medeniýetine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny, ýurdumyzyň ilatynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak, söwda nokatlarynda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belläp, wise-premýere baýramçylyk söwdasyny guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Şeýle hem 27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň altynjy mejlisiniň netijeleri barada habar aýdyldy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmegiň geljegine garaldy. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek, nebiti we gazy gaýtadan işlemek babatda, gazhimiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Şol strategiýa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny depginli ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ýangyç-energetika toplumynyň senagat düzümlerini giňeltmäge, ýurdumyzyň ägirt uly nebitgaz baýlygyny has amatly peýdalanmaga, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz bu pudakda öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň çözülmegine düýpli oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler hem-de energetika we gurluşyk toplumlarynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, jemagat hojalygy gullugynyň işini kämilleşdirmek, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak bilen bagly döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň gurluşyk senagatyny täze sepgitlere çykarmak üçin ähli şertleri döredip, iri pudak taslamalaryny amala aşyrmaga uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýändigini belledi. Senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň ýerine ýetirýän işleriniň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşmegi üpjün edýän guramaçylyk çärelerini güýçlendirmek möhümdir.

Öňde goýlan maksatlaryň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzy senagat döwletine öwürmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen sazlaşykly ösdürmäge mümkinçilik berer. Milli Liderimiz bu wezipeleri döwrebap tehnikalary we täze tehnologiýalary netijeli peýdalanmak, innowasion önümçilik düzümleri döretmek arkaly çözmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen jemagat hojalygynyň ähli edaralarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň häzirki günüň talaplaryna laýyklykda demir ýol, howa, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň kärhanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, yklymyň uly ýollarynyň çatrygynda Türkmenistanyň amatly geografiki ýagdaýynyň artykmaçlyklarynyň ýurdumyza Ýewraziýa aragatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag mümkinçiliklerini bähbitli amala aşyrmaga ýardam berýändigini belledi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ähli pudaklarynyň depginli döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns berdi. Olar halkara ölçeglerine laýyklykda işlemelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilişine ünsi çekip, bar bolan mümkinçilikleri doly möçberde peýdalanmagy talap etdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gyş paslynyň ilkinji aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermäge, şeýle hem 5–6-njy dekabrda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzda Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Öňde geçiriljek çärä dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat wekilçilikli topar gatnaşar. Onuň çäklerinde döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, doganlyk ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we fotosuratlaryň sergileri guralar hem-de beýleki çäreler geçiriler. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine baryp görmegi öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ulanylmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Öňde boljak dabaralar many-mazmuny hem-de aýdyň öwüşgini bilen tapawutlanmalydyr, olar diňe bir paýtagtymyzy däl-de, Watanymyzyň ähli künjeklerini gurşap alyp, halkymyzy ruhlandyrmalydyr we jebisleşdirmelidir, diýip aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen söwda-ykdysady we medeni – ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belläp, doganlyk ýurduň Medeniýet günleriniň gadymdan gelýän dostluk ýörelgelerine esaslanyp, iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, B.Abdyýewany Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä N.Şirimowy bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny taýýarlamak üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýokarda agzalan Maksatnamanyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda halkara arheologiki barlaglary guramak, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda çäreleri geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, işlenip taýýarlanyldy.

Ol gadymy ýoluň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri arheologiýa, etnografiýa, taryhy hem-de edebi taýdan öwrenmäge, milli mirasy öwrenmek boýunça innowasion ulgamy döretmäge, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga hem-de täze garaýyşly hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Maksatnamada halkara ylmy aragatnaşyklaryny ösdürmek hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzda geçirilýän arheologiki gazuw-agtaryş işlerine belli alymlary çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Döwlet maksatnamasyny oňlap, taryhy ylmy ösdürmekde hem-de halkymyzyň ençeme müň ýyllyk şöhratly senenamasynyň täze sahypalaryny açmakda şeýle barlaglaryň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini öwrenmäge ulgamlaýyn çemeleşmegiň, adamzadyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi, gymmatly maglumatlaryň täsin çeşmesi hökmünde olary goramagyň, meýdan işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň möhümdigini belledi.

Öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bellenilen işlere örän giň halkara gerim bermäge mümkinçilik berýän döwrebap maglumatnama ulgamlaryny, maglumat binýatlaryny, internet serişdelerini işläp taýýarlamagyň hasabyna işgärleriň hünär taýdan taýýarlanyş usulyýetini, muzeý hem-de wagyz ediş işlerini täzelemek gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 4–5-nji dekabrda Moskwa şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Hazar boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy hem-de bu sebitde özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça giň gerimli işleri geçirýär. Milli Liderimiziň bu ugurda öňe süren döredijilikli başlangyçlary Hazar deňzinde köpugurly gatnaşyklaryň mäkäm şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmekde uly goşant boldy.

Türkmenistanyň Baştutanynyň teklipleriniň esasynda möhüm halkara resminamalar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi, olaryň hatarynda Hazar deňziniň biologiki serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda ylalaşyk hem-de Hazarda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk bar. Şeýle hem biziň ýurdumyz Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň mazmunynyň gutarnykly ylalaşylmagyna işjeň ýardam etdi.

DIM-niň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçiriljek maslahatyň barşynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň gün tertibi bilen bagly meselelere garalar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň taslamasyna aýratyn üns berler. Şeýle hem Hazarda özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna degişli bolan bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalary, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Astrahanda geçirilen IV Hazarýaka sammitinde teklip eden söwda-ykdysady ulgamda we ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklar boýunça geňeşmeleri dowam etmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Hazar bilen bagly meseleleriň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup, onuň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýandygyny belledi. Türkmenistan köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bilen birleşen Hazarýaka döwletleriniň halklary bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berýär.

Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady, strategiki energetika we ulag-aragatnaşyk merkezleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Hazar deňzi hem-de onuň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamak meseleleri boýunça gepleşiklerde işjeň orny eýeleýändigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Hazaryň ykbaly üçin umumy jogapkärçiligiň hem-de hoşniýetli erk-islegiň esasynda uzakmöhletleýin köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýandygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewany, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary E.Orazgeldiýewi hem-de M.Aýdogdyýewi bir wagtda wideoşekilli göni aragatnaşyga çagyrdy.

Ilki bilen milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň 25-nji maslahatynda kabul edilen “Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakyndaky” döwlet Baştutanymyzyň bu babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habary diňlenildi.

Şeýle hem deputatlaryň ýerlerde bu resminamanyň we beýleki kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça uly işleri geçirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, strategiki wezipeleri amala aşyrmak bilen bagly ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk-hukuk binýadyny, şol sanda dolandyryş-çäk gurluşynyň kämilleşdirilmegine degişli meseleleriň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleri çözmekde deputatlaryň öz ygtyýarlyklaryny netijeli amala aşyrmagynyň, ýaş nesli terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek işine giňden gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi, etraplaryň we şäherleriň birnäçesiniň birleşdirilmegi bilen baglylykda geçirilen guramaçylyk işleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenýertaslama” döwlet taslama instituty tarapyndan Ýer kadastryna täze maglumatlary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär. Oba we suw hojalyk ministrliginiň, welaýat, etrap häkimlikleriniň hünärmenleri suwaryş ulgamlaryny we zeý suw akabalaryny netijeli ulanmak meselelerini çözýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşynyň kämilleşdirilmeginiň welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Lebap welaýatynyň degişli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmegi, ähli meseleleri dessine çözmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew ýurdumyzda innowasion häsiýetli senagat düzümlerini kemala getirmek babatynda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, welaýatyň senagat kärhanalarynyň işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow himiýa senagatyny ösdürmek boýunça wezipeleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak ýaly möhüm meselä ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de milli ykdysadyýetimiziň senagat kuwwatyny pugtalandyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de işde uly üstünlikler, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

HPG Türkmenistanyň ykdysady işjeňliginiň ösüşini çaklaýar

  /   10.11.2017  /   Ykdysadýet

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň işiniň netijeleri barada habar berildi. Wekiliýet milli ykdysadyýetimiziň ösüşine ýokary baha berdi, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň üstünlikleri beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Bellenilişi ýaly, HPG-nyň bilermenleri tarapyndan taýýarlanylan bu baradaky habarda, 2017-nji ýylyň 1-8-nji noýabry aralygynda Aşgabada amala aşyran iş saparynyň jemleri barada habar berildi. Saparyň çäklerinde iri maliýe guramasynyň baştutany jenap Martin Sommer döwlet edaralarynyň jogapkärli işgärleri, ýurdumyzyň maliýe düzümleriniň, ylmy toparlarynyň hem-de diplomatik bileleşigiň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Makroykdysady we maliýe ýagdaýy, ykdysady wehimler, şeýle hem ýurdumyzyň geljegi üçin ösüşine çaklama bermek meseleleri duşuşyklarda garalan möhüm ugurlar boldy.

HPG-niň saparynyň jemleri boýunça habar beriş serişdeleri üçin taýýarlanan maglumat habarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebite we tebigy gaza nyrhlaryň peselmegi bilen bagly täze ýagdaýlara uýgunlaşýandygy bellenilýär. Resmi taýdan yglan edilen ösüş derejesi daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginiň, karz syýasatynyň giňeldilmeginiň hem-de tebigy gazy eksport etmegiň hasabyna umuman durnukly bolmagynda galýar. Göz öňünde tutulýan täze gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň ulanmaga berilmegi ykdysady işjeňligiň mundan beýläk-de ösüşine ýardam berer.

HPG-nyň bilermenleri tarapyndan resmi düzümler tarapyndan makroykdysady özgerişliklere, hususan-da, döwlet maýa goýumlarynyň kem-kemden azaldylmagy we jemagat hyzmatlaryna nyrhlaryň üýtgedilmegi özgerişliklere ýardam berer. Döwlet mýa goýumlarynyň çykdajylarynyň kem-kemden azaldylmagy milli walýutanyň çalşylýan hümmetiniň derejesine üýtgetme girizmek bilen bilelikde hem-de walýuta kadalaşdyrylmagyny oňynlaşdyrmak çäreleri netijeli ädimleriň hatarynda görkezildi.

Ýakyn geljek baradaky çaklamalar babatynda milli ykdyswadyýetiň öňünde amatly mümkinçilikler açylýar. Hususy bölegiň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyna aýratyn üns berilýär, netijesiz kadalaşdyrylmagynyň hem-de işewürligi alyp barmagyň ýönekeýleşdirilmegine ilkinji derejeli üns berler, munuň özi esasan-da döwlet kärhanalarynyň hususylaşdyrylmagyna hem-de ilkinji nobatda adam mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna degişlidir.

Şeýle hem jemleýji resminamada ýakynda kabul edilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2018-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasynyň ähmiýeti bellenilýär, bu maksatnama has uzak geljek üçin durnukly we ählumumy ösüşi höweslendirmek maksady bilen bazar gatnaşyklaryna gönükdirilen özgertmeleri giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin mümkinçilikleri açýar. Erkin ykdysady zolaklarda ýönekeýleşdirilen düzgünler täze hususy maýa goýumlaryny, daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekip biler, islendik oňyn mysallary Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde hem giňden ýaýratmak gerek.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   28.11.2017  /  

http://www.turkmenistan.gov.tm/photo/anons/1511893767.jpghttp://www.turkmenistan.gov.tm/photo/photos/1511893768.jpgMary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda bu ýerde geçiriljek Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň gün tertibine girizilen meselelere garaldy, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, halk maslahatynyň işini ýola goýmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň işini kämilleşdirmäge, hususan-da, senagat toplumynyň hemmetaraplaýyn we ylmy esasda ösdürilmegine, pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.

Sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde ähli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, milli Liderimiz öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin iň täze tehnologiýalary we oňyn tejribäni giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekip, meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny kadalaşdyrýan kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň hem-de kabul edilýän çözgütleriň we amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksatlaryny düşündirmegiň wajypdygyny nygtady.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalarynyň öňüni almak wajyp wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we onuň üstünlikli çözülmegi üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty jemläp, oba hojalyk toplumynda agrotehniki çäreleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň bol hasyl almaga, içerki bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmäge ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda oba ilatynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş -durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň Mary welaýatynda ýerine ýetirilişi seljerildi, şeýle hem welaýatyň, onuň etraplarynyň we şäherleriniň häkimleriniň alyp barýan işlerine baha berildi. Mejlisiň barşynda welaýaty mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi, bu ugurda bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmagyň ýollary maslahatlaşyldy, şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Garaşsyz Watanymyzda soňky döwürde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny belledi. Bu özgertmeler eziz Diýarymyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Täze obalar we şäherçeler döredildi. Önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesi gurlup, ulanmaga berildi.

Welaýatlarda we etraplarda, iň uzakda ýerleşýän obalarda hem häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri guruldy. Täze demir we awtomobil ýollaryny, beýleki möhüm ähmiýetli desgalary gurmak boýunça işler ýokary derejede amala aşyrylýar.

Ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlary çalt depginler bilen ösdürildi. Ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňky ýyllarda Mary welaýatynda hem ähli ugurlar boýunça gowy netijeler gazanyldy diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi. Biz welaýaty toplumlaýyn ösdürmek boýunça degişli kararlary kabul etdik diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we welaýatda senagat, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we söwda pudaklarynyň utgaşykly ösýändigini nygtady. Medeniýet, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda oňat netijeler gazanylýar. Ilatyň hal-ýagdaýy yzygiderli gowulanýar.

Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda Mary welaýatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Maksatnamada göz öňünde tutulan köp sanly möhüm ähmiýetli desgalar, ýaşaýyş jaýlary, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň binalary, medeniýet öýleri hem-de sport desgalary guruldy we gurulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, welaýatda 2008—2017-nji ýyllarda 18 hassahana, 25 saglyk öýi we merkezleri, 56 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 65 orta mekdep, 17 sany medeniýet öýi, 43 sany sport mekdebi we desgasy, meýdany 1,5 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şu döwürde uzynlygy 3200 kilometrden gowrak suw hem-de lagym geçirijiler, 965 kilometr awtomobil ýollary, 2650 kilometre golaý elektrik geçirijiler guruldy.

Welaýatyň oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, häzirki döwürde hem Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda dört sany medeni-durmuş maksatly binanyň we desganyň, şol sanda orta mekdebiň, iki hassahananyň we medeniýet öýüniň täze binalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem, kuwwaty 1574 MWt bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň we Türkmenistan — Owganystan —– Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň welaýatyň çäginden geçýän 214 kilometriniň we onuň ugrunda zerur desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Şonuň bilen birlikde, welaýaty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde kemçiliklere hem ýol berilýär. Bu aýratyn-da, oba hojalyk önümçiligini ösdürmek boýunça geçirilýän işlerde duýulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigine garamazdan, şu ýyl Mary welaýaty bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedi. Häzire çenli welaýatyň 3 etrabynda pagta taýýarlamak boýunça meýilnama berjaý edilmedi.

Gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak işleri ýaramaz guralýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we ýetişdirilen gant şugundyryny ýygnamak işleriniň-de talabalaýyk alnyp barylmaýandygyny belledi. Bu bolsa welaýatda guramaçylyk işleriniň pesdigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Oba milli maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmekde hem yzagalaklyga ýol berilýändigi kemçilikleriň hatarynda görkezildi. Welaýatda ilatly ýerler arassa agyz suwy, täze berlen mellek ýerleri, tebigy gaz, elektrik togy bilen doly üpjün edilmeýär. Etraplarda, oba ýerlerinde köprüleri gurmak we abatlamak, olaryň durkuny täzelemek boýunça netijeli işler alnyp barylmaýar. Içerki ýollaryň ýagdaýy hem ýaramaz.

Degişli kararlar esasynda Mary welaýatynyň ilatyny hem ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmek wezipesi goýuldy. Şu maksat bilen, welaýatda 8 ýyladyşhana gurmak bellendi. Emma, häzire çenli olaryň diňe 3-si gurlupdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu kemçilikler üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem jogapkärçilik çekýändigini aýratyn belledi. Olar welaýatyň hem-de onuň şäherleriniň we etraplarynyň häkimleri bilen bilelikde, işleri talabalaýyk guramaýarlar. Şu sebäpli hem, şeýle kemçiliklere ýol berilýär. Netijede, ilatyň derwaýys meseleleri wagtynda çözülmeýär. Bu bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizde bökdençlikleri döredýär.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowa söz berildi. Ol welaýatlarda, şol sanda Mary welaýatynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işlerine geçirilen barlagyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň sebitlerinde, aýratyn hem şu welaýatda amatly howa ýagdaýynyň bolmagy bilen baglylykda, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ýeterlik derejede hasyl bar. Amatly howa şertleri gozalaryň açylmagyny şertlendirýär. Bu bolsa meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär.

Seljerme işleriniň barşynda Mary welaýatynda el güýji bilen ýygymy işjeňleşdirmek we gerek ýerinde pagta ýygýan kombaýnlary netijeli ulanmak arkaly ýene-de goşmaça pagta hasylyny almak mümkinçilikleriniň bardygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem diňe bir Mary welaýatynda däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda hem pagta hasylynyň ýeterlikdigi, ony ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowy başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň häkimi wezipesine D.Annaberdiýewi belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz şeýle hem işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin M.Gulamowy Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän Toýly Kakajanow bellenildi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Mary welaýatynyň täze bellenen häkimine ýüzlenip, sebiti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Oba Milli maksatnamasyna we kabul edilen beýleki döwlet maksatnamalaryna laýyklykda obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak zerurdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny döwlet serişdeleriniň we hususy maýa goýumlarynyň hasabyna giň gerim bilen alyp barmak möhümdir, diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Welaýatda gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletde tamamlamak, olaryň hiline, binagärlik keşbine aýratyn üns bermek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Mary welaýatynda soňky ýyllaryň dowamynda 64 müň 500-den gowrak maşgala mellek ýeri berildi. Emma, ilat ösýär, täze maşgalalar döreýär. Şoňa görä-de, mellek alyp, jaý gurunjak raýatlaryň sanynyň artýandygyny göz öňünde tutup, welaýatyň etraplarynda goşmaça ýer gaznasyny döretmek boýunça teklipleriň taýýarlanmagyny maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynda bellenen wezipeleriň ýerlerde wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin, ilki bilen welaýat, şäher we etrap ýolbaşçylary gönüden-göni jogap berýärler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we öňde duran işleriň geljegi uly ugurlaryna ýygnananlaryň ünsüni çekdi.

Siziň bilşiňiz ýaly, Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Maksatnamada Mary welaýatyny ösdürmek boýunça hem möhüm wezipeler bellendi. Welaýatyň ýolbaşçylary bu wezipeleri hem-de Ýaşulularyň maslahatynda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasyly ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak üçin, hususy önüm öndürijilere ýerleri uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça zerur işleri geçirmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Welaýatda geljek ýylyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ylmy esasda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Gowaça meýdanlarynda galan hasyly gysga wagtyň içinde, ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmeli. Bugdaý ekişinden boşan we gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny täze ýylyň möwsümine talabalaýyk taýýarlamaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak arkaly ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak esasy we möhüm wezipeleriň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we welaýatyň toprak-howa şertleriniň aýratynlygyny göz öňünde tutup, suw gorlarynyň tygşytly ulanylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň agrotehniki çäreleriniň bellenen möhletlerde, ýokary hilli geçirilmegini gazanmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Suwaryş we şor suw akabalarynda arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmak, ekerançylyk meýdanlarynyň, ýaplaryň we ýollaryň gyralarynda bag nahallaryny ekmek işiň möhüm ugurlary bolup durýar.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, azyk howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen, welaýatda gök-bakja önümleriniň, ýeralmanyň we miweleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu önümleriň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ýerlemek, täze bazarlary açmak boýunça netijeli işleri ýola goýmagyň wajypdygyny aýtdy.

Ilaty ýylyň dowamynda ter önümler bilen üpjün etmek üçin,welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan döwrebap ýyladyşhanalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini gazanmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz maldarçylygy ösdürmek meseleleri barada durup geçip, mallaryň baş sanyny köpeltmek, olardan alynýan ýokary hilli önümleriň möçberlerini artdyrmak we tohumçylyk işini gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz mekdepleri, çagalar baglaryny, hassahanalary, medeniýet we saglyk öýlerini, sport mekdeplerini hem-de desgalaryny, ýollary, köprüleri ýokary depginler bilen gurmagy dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, aragatnaşyk hyzmatlary bilen doly we bökdençsiz üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we şahsy kömekçi hojalygy ýöretmek üçin ilata ýeňillikli bank karzlaryny hem-de mellek ýerlerini bermegiň möhümdigini nygtady.

Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmek we dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek biziň ählimiziň öňümizde duran belent we jogapkärli wezipedir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli raýatlary öz borjuna dogry düşünip, bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde ähli tagallalary etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, Mary welaýatynyň zähmetsöýer we agzybir adamlarynyň bu belent wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli işlejekdigine, ata Watanymyzyň has ýokary sepgitlere ýetmegi, mähriban halkymyzyň mundan-da abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan tutumly işlerimize mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow türkmen-owgan serhedinden başlanýan we Owganystan Yslam Respublikasynyň Turgundy menziline çekilýän demir ýol şahasynyň gurluşygyna girişmek mynasybetli dabara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Wise-premýer bu işlere girişmäge ak pata bermegini Milli Liderimizden haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ählisiniň dabaraly çärelere gatnaşjakdygyny belläp, wise-premýere çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmen halky eziz Watanymyzyň gazanan ykdysady kuwwatynyň derejesiniň bize goňşy döwletlere, hususan-da, Owganystana ulag düzümini ösdürmäge mümkinçilik berýändigine buýsanmaga haklydyr. Munuň özi biziň hoşniýetli goňşuçylyk syýasatymyzyň oňyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Hormatly müşderi

Türkmenistanyň  Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara plastik kartlaryň  üsti bilen hasaplaşmak  üçin çalşylýan serişdeleri niýetlenen ugurlardan gaýry maksatlara ulanylmagyň öňüni almak maksady bilen,  raýatlarymyza her aýda çalşylýan möçberleri önki derejesinde saklamak bilen, gündelik amallary adaty syýahatçy, ýa-da tassyklanan normatiwleriň esasynda iş  sapary  bilen gidýän adamlaryň  bolup biljek çykdaýjylaryndan  ugur alyp,  amallaryň gündelik ABŞ-nyň 250 dollary (ş. s nagt amallaryň ABŞ-nyň 50 dollary nagt däl amallaryň  ABŞ-nyň  200 dollary) möçberinde geçirilmegini wagytlaýyn meýilleşdirýär.

Myhmanhanalara, hassahanalara, okuw jaýlara, awia we demir ýol petekleri almaklyk üçin geçirilýän toleglere isleg bildirýän raýatlar hasaplaşyk hasaplardan hyzmat edýän banklaryň üsti bilen amala aşyryp bilerler.

Türkmen parlamentarileri 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun kabul etdiler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   25.11.2017  /   http://www.turkmenistan.gov.tm/photo/anons/1511604334.jpg

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýigrimi bäşinji maslahaty geçirildi. Onda birnäçe täze kanunlar we kadalaýyn-hukuknamalar kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine laýyklykda «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem-de «Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy parlamentarileriň garamagyna çykaryldy.

Mälim bolşy ýaly, oktýabrda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2018-nji ýylň üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda göz öňünde tutuljak durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlary barada aýdyp, pudaklary depginli ösdürmegiň hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna okgunly, durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň baş maksadymyz bolup durýandygyny nygtady. Şular nazara alnyp, halkara we sebit ähmiýetli iri, aýratyn möhüm maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýan özgertmeler dowam etdiriler.

Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry raýatlarymyzyň durmuş abadançylygyny, hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şundan ugur alnyp, geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2018-nji ýylda-da durmuş syýasatynyň ilatyň ýaşaýşynyň hiliniň we derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi. Anyk işleriň hatarynda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de hyzmat ediş ulgamyna degişli işleriň beýleki görnüşleriniň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasynda adam mümkinçiligini artdyrmak üçin şertleriň döredilmelidigi kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda durmuş ulgamyny maliýeleşdirmegiň möçberleri ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagyny üpjün etmegiň hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşine, maliýe we durmuş durnuklylygyna esaslanan ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 75-80 göteriminden az bolmaly däldir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem eneligi we çagalygy döwlet tarapyndan goramak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Zähmet serişdelerini netijeli doldurmak hem-de zähmet bazary, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukugyny ýerine ýetirmek üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri çözmek babatda çäreleriň maliýeleşdirilmegi Döwlet býujetinde uly orun tutmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu maslahatynda 2018-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmek babatda ugur alnan esasy ýörelgelere we çemeleşmelere degip geçip, çykyş edenler onuň girdejili böleginiň döredilişiniň aýratynlyklaryna, geljek ýyl üçin göz öňünde tutulan ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüşiň görkezijilerine aýratyn ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, bu maliýe-hukuk resminamasy taýýarlanylanda ähli pudaklar boýunça uly seljeriş işleri geçirildi, döwlet Baştutanymyzyň aýdan bellikleri hem-de anyk teklipleri göz öňünde tutuldy.

Umuman, 2018-nji ýylyň Döwlet býujetiniň girdejileri 95508,5 million manada barabar bolar, çykdajylar hem şonça möçberde meýilleşdirilýär. Býujetiň girdeji bölegi, esasan önümçilik ulgamynyň nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk we beýlekiler ýaly möhüm pudaklaryň hasabyna emele getiriler. Şeýle hem oba senagat toplumy, ulag we aragatnaşyk pudagy, dokma we azyk senagaty mundan beýläkki depginli ösüşine eýe bolar. Ýurdumyzda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, şol sanda sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan we daşary ýurtlara ugradylýan önümleriň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak, ykdysadyýetiň hususy ulgamyny pugtalandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan uly möçberli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi – bularyň ählisi-de, umuman, býujetiň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün eder.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň köp bölegi durmuş ulgamyna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryny, döwletiň durmuş taýdan üpjün ediş ulgamyny, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. Munuň özi baş maliýe resminamasynyň, däp boýunça, durmuş ugurlylygyny saklaýandygyna hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Iri möçberli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny gurmak, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak, durmuş-medeni ähmiýetli, senagat we ulag-aragatnaşyk düzümlerine degişli möhüm desgalary bina etmek üçin uly möçberli maýa goýumlar göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, işgärleriň zähmet iş hakynyň, şeýle hem pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagy üçin serişdeler meýilleşdirildi.

Ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun biragyzdan kabul edildi. Parlamentariler şeýle hem «Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler.

 

 

2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG-nyň bütindünýä Sammitinde kabul edilenden soňra Durnukly ösüşiň global maksatlaryny Türkmenistan milli derejede uýgunlaşdyrmak prosesine girişdi.

Işjeň maslahatlaryň netijesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrygynyň esasynda 2017-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Mirleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda “Ösüş çygrynda halkara maliýeleşdirme ugrunyň giňeldilmegine ýardam bermek” atly taslama boýunça Taslama resminamasyna gol çekildi.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek hem-de maýa goýum taslamalaryny dolandyrmak çygrynda milli kuwwady ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň döwlet edaralary üçin halkara maliýeleşdirmegiň elýeterligini giňeltmek taslamanyň umumy maksady bolup durýar.

Taslama esasy üç bölegi öz içine alýar:

i) daşary ýurt karzlarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän ösüş ugrunda milli taslamalaryň dolandyryş tertibini kämilleşdirmek  we ýörite düzgünleri tehniki kümek arkaly işläp taýýarlamak;

ii) Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky bilen bilelikde orta möhletleýin innowasion strategiýasyny işläp düzmek;

iii) Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky üçin ileri tutulýan wezipeleriň biri bolan uzak aralykda, şol sanda “internet banking” hyzmatlaryny girizmäge taýýarlyk görmek.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   24.11.2017  /  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar bermek bilen, wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny giňden beýan etmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalyny döretmek teklip edildi. Pudaklaýyn neşiri geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen, iňlis, rus dillerinde çap etmek göz öňünde tutulýar. Žurnalyň işini guramak üçin Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda onuň redaksiýasyny döretmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, giň jemgyýetçiligi düýpli özgertmeler we ösüşler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan belent üstünlikleri bilen tanyşdyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze žurnalyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekip, degişli resminama gol çekdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer binagärlik, şähergurluşyk we bag-seýilgäh sungaty eserlerine awtorlyk hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, teklip edilýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, awtorlyk hukugynyň obýektleriniň bellige alynmagy, patentleriň hem-de şahadatnamalaryň berilmegi üçin milli we daşary ýurt pulunda ýygymlary almak, şeýle hem bu barada bellenilen tertipde düzgüni tassyklamak teklip edilýär.

Milli Liderimiz awtorlyk hem-de garyşyk hukuk gatnaşyklary ulgamynda döwlet tarapyndan dolandyryş meseleleriniň çözülmeginiň ähmiýetini hem-de onuň dürli ulgamlarda döredijiligiň ösdürilmegi üçin hukuk şertleriniň döredilmegine ýardam etjekdigini belläp, birnäçe anyk teklipleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu meseläniň has içgin öwrenilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de 2—4-nji dekabr aralygynda importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Sergide dürli pudaklar – nebitgaz, himiýa, oba hojalyk we azyk senagaty, saglygy goraýyş ulgamlary we beýlekiler üçin döwrebap enjamlar görkeziler. Sergi lazer we elektron tehnologiýalary ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen Türkmenistanda çykarylýan önümleri mahabatlandyrmaga hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Wise-premýer 4—5-nji dekabrda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 9-njy mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi. Maslahata döwlet edaralarynyň hem-de energetika, maşyngurluşyk, gurluşyk materiallary, oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda, awtoulag ýollarynyň, köprüleriň gurluşygynda, programma üpjünçiligi, ulag hem-de logistika, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara işewürler çärelerini geçirmek babatda görkezme berip, olaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge, dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamalara badalga bermäge gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz uzakmöhletli hyzmatdaşlyk, geljegi uly taslamalaryň üstünde bilelikde işlemek üçin hünär derejesinde esasyň goýulýandygyny belläp, wise-premýere serginiň hem-de Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew 20—21-nji noýabrda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bu ýerde geçirilen duşuşyklaryň barşynda 2018-nji ýylyň fewral aýynda Owganystanyň çäginde TOPH gaz geçirijisiniň, kuwwaty 500 kwt bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň iri düzümleýin taslamalara gatnaşmagynyň goňşy döwletiň ykdysadyýetini dikeltmek üçin esasy şert bolup durýandygyna ynam bildirip, TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz şeýle iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlaryň däl, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň hem durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsir etjekdigini hem-de olaryň dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, sebitde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy saklamaga we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Owgan ugrunda elektroenergetika düzümini ösdürmek boýunça ädilýän anyk ädimler hem Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine Türkmenistanyň saldamly goşandy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu taslamalaryň üstünde içgin işlemek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük bugdaýa ideg etmek barada geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň raýatlaryna oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygyny, şeýle hem şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýlaryny gurmak maksady bilen, ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek üçin ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Bu gazna “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynda" bellenilen wezipelerden ugur alnyp döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, şeýle hem ýer gaznasyny döretmek baradaky meseläni içgin öwrenmegi tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz ýer bölekleriniň şäher we oba ilatynyň hususy eýeçiligine berilmeginiň olaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz milli mirasymyzy—ahalteke bedewlerimizi dünýäde wagyz etmek babatynda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy. Türkmen bedewleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşdyrylmagy milli we dünýä medeniýetiniň ykrar edilen täsin gudraty, gözelligiň, çeýeligiň hem-de ýyndamlygyň nusgasy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegine ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe anyk bellikleri aýdyp, wise-premýere “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň bu ugurdaky işini işjeňleşdirmek babatynda tabşyryk berdi. Biziň bedewlerimiz ähli halkara ýaryşlaryna gatnaşdyrylmalydyrlar, diňe bir gatnaşmak bilen çäklenmän, baýrakly orunlara hem mynasyp bolmalydyrlar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýlarynyň hem ýagdaýynyň şeýledigini belläp, dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli tohumly itleriň sergileriniň geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň alabaýlarynyň şeýle sergi-bäsleşiklere gatnaşyp, köp sanly medallara we baýraklara mynasyp boljakdygyna, dünýäde has-da giň meşhurlyk gazanjakdygyna ynam bildirip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dokma senagatynyň kärhanalaryny 2018-nji ýylda pagta süýümi bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Häzirki wagtda dünýäde dokma önümleriniň öndürilişiniň möçberi olara bolan isleglerden has ýokary bolup durýar. Munuň özi bu önümleri ýerlemekde uly bäsdeşligi döredýär. Çig mal boýunça oýlanyşykly nyrh syýasaty bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, pudaklaýyn kärhanalaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki islegleri kanagatlandyrmak üçin hem-de daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleriň çykarylýan möçberlerini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek wezipelerini çözmekde dokma senagatyna möhüm orun degişlidigini belledi. Milli Liderimiz pudagyň ösüşiniň ýokary depginini üpjün etmek, kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen dokma önümleriniň daşary bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde möhüm çäreleriň görülýändigini aýtdy we bu ulgamdaky meseleleriň çözülmegini hemişe gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz himiýa pudagynda işleriň depgininiň pesdigini aýdyp, olary işjeňleşdirmek boýunça çäreleri görmek barada görkezme berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew elektrik stansiýalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, elektrik stansiýalarynda meýilnamalaýyn abatlaýyş işlerini geçirmek hem-de könelişen enjamlary çalyşmak maksady bilen, Energetika ministrligi “Türkmenenergo” elektroenergetika korporasiýasynyň garamagyndaky elektrik stansiýalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada halkara bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça häzirki wagtda pudagyň hünärmenleri zerur işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi, täze zawodlaryň gurulmagy, uly we kiçi ilatly ýerleriň sanynyň artmagy bilen baglylykda, elektrik energiýasyna bolan islegleriň barha artýandygyny belledi. Halk hojalyk toplumynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, elektrik energetikasy pudagynda hem çuňňur özgertmeler hem-de düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilýär, önümçilik we durmuş ulgamyny ösdürmegiň, ykdysady ösüşiň ygtybarly binýady döredilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde hem bu pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly üns berjekdigini, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça iri möçberli meýilnamalaryň amala aşyrylmagynda bu pudaga aýratyn orun degişlidigini aýtdy.

Ýokary hem-de has ýokary ölçegler boýunça işleýän häzirkizaman elektrik stansiýalarynyň ulanmaga berilmegi bilen, Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň has netijeli işlemegine ýardam berýän ugurlary kesgitlemäge hem-de işe ornaşdyrmaga mümkinçilik döredi. Şunuň bilen baglylykda, elektroenergetika pudagynda ýakyn geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen düzümleýin taslamalary ilerletmek boýunça işleriň depginlerini güýçlendirmek babatda wise-premýere anyk görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz iň täze tehnologiýalaryň, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlaryň we serişdeleriň peýdalanylmagyna, dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow Owganystanyň çäginde demir ýoly gurmak işlerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň çäginde Turgundy portuny ösdürmäge ýardam bermek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri geçirildi. Demir ýol ulaglary ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan ýörite iş meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy, oňa laýyklykda ýurdumyzyň gurluşykçylary Owganystanyň çäginde polat ýoly tapgyrlaýyn çekerler.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly we netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny hem-de goňşy ýurduň ykdysady we medeni taýdan dikeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň parahatçylykly we durnukly durmuşa ymtylmasynda owgan halky bilen raýdaşdygyny aýdyp, häzirki döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynyň hil taýdan täze tapgyry başdan geçirýändigini belledi. Munuň özi bolsa özara gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Owganystanyň çäginde demir ýoly gurmak işlerine taýýarlyk görmek baradaky meselä ünsi çekip, demir ýol düzüminiň ähli desgalarynyň iň täze enjamlar bilen üpjün edilmelidigini hem-de ähli görkezijiler babatda halkara ölçeglerine laýyk gelmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýoluň gurluşygynda işlejek hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz demir ýoly öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri, olara gabatlanyp durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Çäreleriň meýilnamasyna Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, sergiler we bäsleşikler, ylmy hem-de pudaklaýyn maslahatlar girýär. Däp boýunça dekabr aýynyň üçünji ongünlüginde ýaş estrada aýdymçylarynyň hem-de höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemi jemleniler.

Awstriýanyň we ýurdumyzyň sazandalarynyň bilelikdäki konserti, Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahatlary, Russiýa Federasiýasynyň sirk toparynyň çykyşlary halkara çäreleriniň hatarynda görkezildi. Täze ýyl baýramyna iri möçberli medeni maksatnama taýýarlanyldy. 15-nji dekabrda Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralary geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň we medeni-köpçülik dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Olaryň ählisi köpöwüşginli hem-de many-mazmunly bolmalydyr, diňe bir paýtagtymyzy däl-de, ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alyp, halkymyzy ruhlandyrmalydyr we jebisleşdirmelidir.

Wise-premýerler A.Garajaýewe we S.Toýlyýewe ýurdumyzyň çäklerinde halkara arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini guramak, bu maksat bilen gysga wagtyň içinde dünýä belli institutlar bilen gepleşikleri geçirmek babatynda aýratyn tabşyryklar berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şeýle ekspedisiýalar näçe köp guralsa, şonça-da edermen türkmen halkynyň şöhratly taryhyny açyp görkezýän täze açyşlar köp bolar. Döwlet Baştutanymyz biziň topragymyz taryhy gadymyýete uzaýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýär, geçen asyrlaryň köpsanly syrlaryny we wakalaryny özünde saklaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu syrlaryň, wakalaryň üstüni açmak bilen, özüniň örän baý taryhyna bütin dünýäniň gyzyklanmasyny has-da artdyrjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň yglan eden Ýaşlar baýragyny bermek hem-de ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawuny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesle daşary ýurt dillerini ýokary hilli okatmagyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz dil babatdaky taýýarlygyň ýaş hünärmenler üçin uly artykmaçlykdygyny, onuň adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýandygyny, raýatlarymyzyň öňünde giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelmegi üçin konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň üstünde içgin işlemegiň, mugallymlaryň ussatlygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 28—29-njy noýabrda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, strategiki ugurlarda, şol sanda energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Häzirki wagtda ýurdumyz bu ulgamda kabul edilen möhüm halkara resminamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen köpsanly duşuşyklaryň hem-de maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu babatda Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlyklygyna saýlanylmagy aýratyn bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulan çäreleriň degişli Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşyjy döwletleriň hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat forumyna uly gyzyklanma bildirýärler.

Mejlisiň meýilnamasyna laýyklykda, onuň işi iki bölümden – hukuk we ministrler böleginden ybarat bolar. Forumyň gün tertibine Energetika Hartiýasynyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we geljegiň durnukly energetikasyny üpjün etmek maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge degişli meseleleriň giň toplumy giriziler.

Milli Liderimiziň energetika ulgamynda öňe süren hem-de dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna mynasyp bolan halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berler. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Jemleýji resminamany kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Forumyň çäklerinde pudaklaýyn sergi guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Bitarap Türkmenistanyň, energetika ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýändigini belledi. Şu maksat bilen, ýurdumyz köp ugurly turba geçiriji ulgamy döretmek arkaly energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary üstünlikli amala aşyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda netijeli, özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan halkara gatnaşyklaryň uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, durnukly ösüşiň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistan hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda Energetika Hartiýasynyň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynda ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Başlyklyk ediji ýurt hökmünde kabul etjek Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy we döwrüň talabyna laýyk gelýän ählumumy energetika howpsuzlygynyň binýadyny kemala getirmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda öňümizdäki forumyň ähmiýetini belledi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi, Türkmenistanyň Mejlisiniň 25-nji noýabrda geçiriljek 25-nji maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Milli parlamentiň 25-nji maslahatynyň gün tertibine “Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine gönükdirilen beýleki birnäçe kanunçylyk taslamalary giriziler.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň ähli işiniň jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saýlan wekilleriniň baş wezipesiniň döwletimiziň ileri tutulýan durmuş ugurlaryny kanunçylyk taslamalarynda jemlemekden ybaratdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň döwletimiziň mundan beýläk-de okgunly ykdysady ösüşiniň, ýurdumyzyň ösüşiň hem-de abadançylygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginiň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň ýolunda aýratyn ähmiýetini belledi.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de işlerinde uly üstünlikler, Garaşsyz Watanymyzyň halkyna bolsa Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda rowaçlyk hem-de bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si

2017-nji ýylyň 9-10 oktýabr aralygy “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty geçirildi. Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň wa­jyp we­zi­pe­le­ri, Türk­me­nis­tan­da tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan oňyn dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­ri yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Türk­men jem­gy­ýe­ti­niň gur­lu­şy­nyň ga­dy­my esas­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny, hal­ky­my­zyň pe­der­le­ri­mi­ziň paý­has­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne we kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy bo­lan de­mok­ra­tik esas­la­ra üýt­gew­siz yg­rar­ly­ly­gy­ny özün­de jem­le­ýär. Ýa­şu­ly ne­sil­le­re hor­mat goý­mak, ýa­şu­lu­la­ryň, ak gy­ňaç­ly ene­le­riň baý dur­muş tej­ri­be­si­ne da­ýan­mak türk­men hal­ky­nyň asyr­lar aşyp gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär we ol äh­mi­ýet­li ut­gaş­dy­ry­jy müm­kin­çi­li­gi eme­le ge­tir­ýär. Hut şo­nuň üçin hem ge­çi­ril­ýän mas­la­hat umu­mymil­li möç­be­re eýe bo­lup, onuň do­wa­myn­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň saz­la­şyk­ly ösü­şi, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy we bag­ty­ýar­ly­gy üçin mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan wa­jyp me­se­le­le­re ga­ral­ýar we anyk çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne baş­la­maz­dan öňür­ti bu ýer­de Mej­li­siň Baş­ly­gy­nyň, ýur­du­my­zyň Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin mas­la­hat ge­çir­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öňi bi­len hal­ky­myz we ýur­du­myz üçin bäh­bit­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­ýän Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň işe gi­riş­me­gi bi­len mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry gut­la­dy we bu umu­my­mil­li çä­rä­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra özü­niň tä­ze dö­re­den “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­by­ny sow­gat ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ägirt uly ta­ry­hy mi­ras bo­lup, onuň mer­ke­zi lo­gis­ti­ka dü­zü­mi bi­ziň Wa­ta­ny­myz­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýär, halk­la­ryň we ýurt­la­ryň öza­ra ýa­kyn­laş­ma­gy üçin kuw­wat­ly iter­gi bo­lup hyz­mat ed­ýär, ola­ryň ara­syn­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, ýurt­la­ryň, se­bit­le­riň we tu­tuş yk­lym­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­ni­şil­me­gi­ne hem-de hyz­mat­daş­ly­ga, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň yg­ty­bar­ly bin­ýat­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar aja­ýyp sow­gat üçin mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk bil­di­rip, mu­nuň äh­li­halk da­ba­ra­sy­nyň öňü­sy­ra­syn­da­ky ýa­kym­ly wa­ka öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Ýur­du­myz­da her ýyl­da ge­çi­ril­ýän we hal­ky­my­zyň asyr­lar aşyp gel­ýän asyl­ly mil­li ýö­rel­ge­le­re yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi, on­da öňe sü­rül­ýän tek­lip­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak we de­giş­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek üçin äh­li ze­rur müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi şu gü­nüň der­wa­ýys we­zi­pe­si­di­gi­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu iş­le­ri berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.


Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün açyl­ýan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de öň­ki umu­my­mil­li fo­rum­lar­da bol­şy ýa­ly, mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu ge­zek­ki umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da hem ili­miz, ýur­du­myz üçin bäh­bit­li oňyn ka­rar­la­ryň ka­bul edil­jek­di­gi­ni, ola­ryň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di we mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­nyň giň­den we da­ba­ra­ly ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan gün­le­rin­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin Ahal we­la­ýa­ty­nyň Now­ruz ýaý­la­syn­da bi­na edi­len ak öý­de Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne jem­len­dik di­ýip, sö­ze baş­la­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni açyk di­ýip yg­lan ed­ýär.

Mej­li­siň ba­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ry we äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we berk jan sag­lyk, uly üs­tün­lik­ler, eder­men türk­men hal­ky­na bol­sa bagt hem-de aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di. Goý, ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len öňe bar­ýan mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz he­mi­şe gül­le­sin! Goý, mäh­ri­ban hal­ky­myz Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň baý­ram­çy­lyk­la­ry­ny we da­ba­ra­la­ry­ny aja­ýyp zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len gar­şy­la­syn! — di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.


Biz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­gi, onuň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýä­ris. Şu we­zi­pe­ler­den ugur alyp, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri çy­kar­mak we özü­miz­de ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň beý­le­ki ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çi­rip baş­la­dyk.

Bu mak­sat­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de eý­ýäm go­wy ne­ti­je­le­ri hem ga­zan­dyk. Ýur­du­my­za beý­le­ki döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­be­ri azal­dy. Da­şa­ry ýurt­la­ra iber­ýän önüm­le­ri­mi­ziň möç­be­ri bol­sa art­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2007-nji ýyl­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da dur­muş mak­sat­ly we in­že­ner üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň müň­ler­çe des­ga­la­ry­nyň gur­lup, ulan­ma­ga ber­len­di­gi, şeý­le hem «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2012—2016-njy ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň» çäk­le­rin­de ägirt uly hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti bo­lan on­lar­ça tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy bel­le­nil­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da öz­gert­me­ler ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň mö­hüm çeş­me­le­ri­niň on­lar­ça­sy üçin düýp­li esas­lar go­ýul­dy. Bu iş­le­riň yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­jek kuw­wat­ly önüm­çi­lik, dur­muş we in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň berk esas­la­ry­ny dö­ret­mek do­wam ed­ýär.

Trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­le­riň, şol san­da Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, de­mir ýol­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, uly köp­rü­le­riň, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky on­lar­ça bi­na­la­ryň we beý­le­ki iri des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­dyr.

Mej­li­siň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ila­tyň jan ba­şy­na düş­ýän je­mi içer­ki önü­miň or­ta­ça möç­be­ri­ni göz öňün­de tu­ta­nyň­da, Türk­me­nis­tan in­di dur­muş-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri bo­ýun­ça gir­de­ji de­re­je­si ýo­ka­ry bo­lan ýurt­la­ry hä­si­ýet­len­dir­ýän umu­my ka­bul edi­len sep­git­den geç­di di­ýip nyg­ta­dy.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti, Söw­da we ösüş bo­ýun­ça ge­ňe­şi, Hal­ka­ra pul gaz­na­sy, Bü­tin­dün­ýä ban­ky hem-de beý­le­ki ab­raý­ly gu­ra­ma­lar hem Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da pul-karz, sal­gyt-býu­jet, nyrh, ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar.

Ab­raý­ly hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, ýur­du­myz­da 2017-nji we 2018-nji ýyl­lar­da hem je­mi içer­ki önü­miň ýo­ka­ry dep­gin bi­len, ýag­ny 6,4 gö­te­rim de­re­je­de ös­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2015-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bo­lup ge­çen 70-nji mej­li­sin­de yg­lan edi­len Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­nyň kö­pü­si­niň 2007-nji ýyl­dan bä­ri ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni aý­dyň tas­syk­la­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler we ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi do­lan­dyr­ma­gyň hem-de döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­dir­me­giň usul­la­ry­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi, hal­ky­my­zyň do­ly gol­da­ma­gy ne­ti­je­sin­de müm­kin bol­dy.

“Hä­zir­ki dö­wür­de biz ýur­du­myz­da dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len kuw­wat­ly hä­zir­ki za­man yk­dy­sa­dy ul­ga­myň ýo­ka­ry ösü­şe eýe bo­lan­dy­gy­ny do­ly tas­syk­lap bi­le­ris. Bu ul­gam eýe­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­ne esas­lan­ýar hem-de ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na tap­gyr­ma-tap­gyr geç­me­gi göz öňün­de tut­ýar” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de bo­lup ge­çen kä­bir yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy wa­ka­lar ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne bel­li bir de­re­je­de ýa­ra­maz tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Şol ýyl­lar­da, il­kin­ji no­bat­da, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni pe­se düş­di. Bu bol­sa, geo­sy­ýa­sy ýag­daý­lar, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň ba­ha­sy­nyň pe­sel­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry bo­lan ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­syz ös­me­gi, er­kin ýör­gün­li da­şa­ry ýurt pu­lu­nyň hüm­me­ti­niň üýt­ge­me­gi, gaz­na ba­zar­la­ryn­da gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň dur­nuk­syz ýag­da­ýy hem-de beý­le­ki se­bäp­ler bi­len bag­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Dün­ýä ýurt­la­ryn­da bo­lup geç­ýän bu ha­dy­sa­la­ryň düýp­li öw­re­nil­me­gi Türk­me­nis­ta­ny 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň anyk mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne dü­ze­diş­le­ri gi­riz­mek üçin aý­ra­tyn ün­si jem­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy.

Şo­ňa gö­rä-de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi dur­nuk­ly ös­dür­mek üçin äh­li se­riş­de­le­ri­mi­zi we müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi do­ly peý­da­lan­mak we­zi­pe­si öň­de go­ýul­dy. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­gi çalt­lan­dyr­mak, hu­su­san-da, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gy­ny çalt dep­gin­ler bi­len ös­dür­mek bel­le­nil­di. Bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry we paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ni dö­ret­mek, gaz­na bir­ža­la­ry­nyň we gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­nyň işi­ni güýç­len­dir­mek göz öňün­de tu­tul­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, şu­nuň esa­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» tas­la­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Bu tas­la­ma ta­nyş­mak üçin mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra be­ril­di.

Mil­li Li­de­ri­miz bu res­mi­na­ma­nyň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da du­rup ge­çip, mak­sat­na­ma­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy ýo­kar­da gör­ke­zi­len dö­wür­de dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­la­ry­nyň kes­git­le­nen­di­gi­ni, öň­de du­ran we­zi­pe­le­riň, esa­sy ýö­rel­ge­le­riň, ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň we ga­ra­şyl­ýan ne­ti­je­le­riň be­ýan edi­len­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem bel­le­nen şu mak­sat­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­ler, şol san­da yk­dy­sa­dy eda­ra­la­ryň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­dy. Döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­dir­me­giň ul­ga­my­ny we döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň ýol­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­ler bel­le­nil­di.

Dün­ýä ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy çök­gün­li­gi şert­le­rin­de mak­royk­dy­sa­dy do­lan­dy­ry­şy go­wu­lan­dyr­mak üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu gör­ke­zi­ji­le­riň ba­ra­bar­ly­gy­ny ga­zan­mak, ma­li­ýe we bank ul­ga­myn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri do­wam et­mek bel­le­nil­ýär.

Mak­sat­na­ma­da kes­git­le­ni­şi­ne la­ýyk­lyk­da, gel­jek 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ýyl­lyk ösüş dep­gi­ni­ni ýo­ka­ry (6,2—8,2 gö­te­rim) de­re­je­de sak­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şu dö­wür­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dü­zü­min­de se­na­ga­tyň pa­ýy or­ta­ça 33 gö­te­ri­me, gur­lu­şy­gyň­ky 14, oba ho­ja­ly­gy­nyň pa­ýy 10,9 gö­te­ri­me ýe­ter. Bu gör­ke­zi­ji ulag we ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ry bo­ýun­ça 9,1, söw­da ul­ga­my bo­ýun­ça 2 gö­te­ri­me, dür­li ugur­ly hyz­mat­lar ul­ga­my bo­ýun­ça hem 21 gö­te­ri­me ba­ra­bar bo­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.

Se­na­gat taý­dan ösen yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esas­la­ry­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, ile­ri tu­tul­ýan mil­li ugur­la­ry dö­ret­mek we üp­jün et­mek hem-de yl­my-teh­ni­ki baş­lan­gyç­la­ry gol­da­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ri­ler. Umu­man, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge döw­let gol­da­wy yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly çä­re­le­riň ul­ga­my­ny ama­la aşyr­mak ar­ka­ly äh­lu­mu­my we se­bit de­re­je­le­rin­de be­ril­ýär.

Bu iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi ep-es­li art­dyr­ma­ga do­ly şert dö­re­der. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de beý­le­ki döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän kuw­wat­lyk­la­ry dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­rün­de iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty al­nyp bar­lar. Ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek ul­ga­my­na esa­sy ma­ýa go­ýu­my hök­mün­de 240 mil­liard ma­nat­dan gow­rak se­riş­de goý­be­ri­ler. Şu dö­wür­de ne­bit­gaz top­lu­my­na 159,9 mil­liard ma­nat möç­ber­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ri­ler we 6 müň 900-den gow­rak tä­ze iş orun­la­ry dö­re­di­ler.

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe şä­her­çe­sin­de gu­rul­ýan za­wod­da 2024-nji ýyl­da te­bi­gy gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa 600 müň ton­na A-92 ky­sym­ly ben­zin ön­dü­rip baş­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şol dö­wür­de «Ma­laý» kä­nin­de Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si üçin gaz gy­sy­jy be­ke­diň gur­lu­şy­gy hem ta­mam­la­nar. Özi hem bu­la­ryň hem­me­si bi­ziň öz güý­jü­miz bi­len ama­la aşy­ry­lar. Bu uly zat­dyr!

Ýur­du­myz­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ön­dü­ril­ýän umu­my möç­be­ri 2024-nji ýy­la çen­li 33 mil­liard ki­lo­wat/sa­ga­da ýe­ti­ri­ler. Bu bol­sa, 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 27,2 gö­te­rim köp bo­lar.

Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de 2018—2024-nji ýyl­lar­da po­lip­ro­pi­len, po­li­wi­nilh­lo­rid, kaus­tik so­da, duz kis­lo­ta­sy­ny we su­wuk hlor ön­dür­ýän gaz­him­ýa top­lu­my­ny gur­mak, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de ýyl­da 1 mil­lion 155 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän za­wo­dy işe gi­riz­mek, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýod-brom suw­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­me­giň esa­syn­da ýod-brom ön­dür­mek bo­ýun­ça kär­ha­na­la­ryň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.

Mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­rün­de ýur­du­my­zyň ulag üp­jün­çi­lik ul­ga­my­nyň iri mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lan Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty dö­re­di­ler.

Bu­lar­dan baş­ga-da, 2022-nji ýyl­da Ma­ry şä­he­rin­de 300 müň ton­na am­miak se­lit­ra­sy­ny we 450 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän top­lu­myň gur­lu­şy­gy­na gi­ri­şi­ler. 2021-nji ýyl­da Türk­me­na­ba­dyň hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň se­na­gat meý­dan­ça­syn­da her ýyl­da 300 müň ton­na kon­sent­rir­le­nen fos­for dö­kün­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­ny işe gi­riz­mek üçin düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öz­leş­dir­mek bel­le­nil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da mi­ne­ral dö­kün­le­riň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 2024-nji ýyl­da 1,6 es­se ar­tar we 3 mil­lion 825 müň ton­na ýe­ti­ri­ler. Bu önüm­le­riň 74,5 gö­te­ri­mi da­şar­ky ba­zar­la­ra ibe­ri­ler.

Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ata­my­rat şä­he­rin­de we Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de her bi­ri sa­gat­da 100 ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýän hä­zir­ki za­man ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýän eme­li hem­ra­my­zyň älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­le­te öw­rü­len­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Mil­li kos­mos ul­ga­my­my­zy kä­mil­leş­dir­mek we ös­dür­mek üçin, 2018—2024-nji ýyl­lar­da 1 mil­liard 300 mil­lion ma­na­da go­laý düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek bel­le­nil­ýär. Şol dö­wür­de ýe­rüs­ti gö­zeg­çi­li­gi ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen ýe­ne-de bir eme­li hem­ra­ny dö­ret­mek we älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­kar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu bol­sa oba ho­ja­ly­gyn­da, ne­bit se­na­ga­tyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re we daş­ky gur­şa­wa gö­zeg­çi­lik et­mä­ge şert dö­re­der di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Ýur­du­myz­da In­ter­net ul­ga­my­nyň hem­me­le­re el­ýe­ter­li bol­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ni çalt­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Iň ýö­ne­keý ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, 2045-nji ýy­la çen­li bü­tin dün­ýä bo­ýun­ça 100 mil­liard­dan gow­rak en­jam In­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ri­ler. Mu­ňa yk­jam we gö­te­ril­ýän en­jam­lar, ab­zal­lar, luk­man­çy­lyk hem-de se­na­gat gu­ral­la­ry, howp­suz­lyk en­jam­la­ry, aw­to­mo­bil­ler, egin­baş­lar we beý­le­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar hem de­giş­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.

Ýur­du­myz­da 2018—2024-nji ýyl­lar­da or­ta­ça zäh­met ha­ky her ýyl 10 gö­te­rim ar­tar.

Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýa­kyn ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hu­su­sy te­le­ke­çi­lik ul­ga­myn­da ki­çi we iri se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si­ni dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şol dö­wür­de da­şa­ry ýurt we bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça hem düýp­li öz­gert­me­ler ge­çi­ri­ler.

Ýur­du­myz­da ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­lak­lar dö­re­di­ler. Iş­läp gel­ýän döw­let kär­ha­na­la­ry hu­su­sy­laş­dy­ry­lar hem-de paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri gu­ra­lar. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­giň do­wa­myn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ry­lar. Giň ge­rim­li şeý­le iş­le­ri ge­çir­me­giň ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gyň pa­ýy yzy­gi­der­li ar­tar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, elekt­ro­mo­bil­le­ri ýyg­na­ýan bi­le­lik­dä­ki za­wo­dy gur­mak hem göz öňün­de tu­tul­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zy ýa­kyn 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­na ün­si çe­kip, bu me­se­lä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin mag­lu­mat­la­ryň ber­len­di­gi­ni aýt­dy hem-de Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň bu ba­ra­da öz pi­kir­le­ri­ni aýt­mak­la­ry­ny ha­ýyş et­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň 2018-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­syn­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny taý­ýar­la­mak iş­jeň al­nyp ba­ryl­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we onuň di­ňe aý­ry-aý­ry ugur­la­ry ba­ra­da du­rup geç­di.

Bu me­se­le­de pu­dak­la­ry çalt we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň ha­sa­by­na ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi ga­zan­mak bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz bo­lar di­ýip pi­kir ed­ýä­rin.

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len we top­lum­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça öz­gert­me­ler do­wam et­di­ril­me­li­dir. Bu öz­gert­me­ler hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li giň ge­rim­li, aý­ra­tyn mö­hüm ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy.

Ra­ýat­la­ry­my­zyň dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­ny, hu­kuk­la­ry­nyň we bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy­ny üp­jün etmek Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar di­ýip, mil­li Li­derimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy we ge­çen ýyl­lar­da bol­şy ýa­ly, 2018-nji ýyl­da hem biziň alyp bar­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­my­zyň ila­ty­my­zyň ýa­şaý­şy­nyň hi­li­ni we de­re­je­si­ni ýokarlandyr­ma­ga gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ry­nyň we hyz­mat­lar ul­ga­my­na de­giş­li beý­le­ki gör­nüş­dä­ki iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak esa­syn­da adam müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­mak üçin şert­le­ri dö­ret­me­li­dir.

Şo­ňa gö­rä-de, gel­jek ýyl­da dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň muk­da­ry ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň umu­my möç­be­ri­niň 75—80 gö­te­ri­min­den az bol­ma­ly däl­dir. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň yg­ty­bar­ly ösü­şi­ne, ma­li­ýe we dur­muş dur­nuk­ly­ly­gy­na esas­lan­ýan ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň art­ma­gy we ýa­şa­ýyş jaý şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy üp­jün edil­me­li­dir. Şeý­le hem döw­let ta­ra­pyn­dan ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça çä­re­ler gö­rül­me­li­dir.

“Biz öz sö­zü­miz, ja­ny­myz-te­ni­miz we şöh­rat­ly iş­le­ri­miz bi­len, aja­ýyp gel­je­gi­miz üçin Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­za, mäh­ri­ban hal­ky­my­za ýü­rek­den hyz­mat et­me­li­di­ris. Bi­ziň hä­zir­ki we gel­jek­dä­ki üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň gi­re­wi, ine, şun­da jem­le­nen­dir” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, uzak ömür, bag­ty­ýar dur­muş we asu­da as­man, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň ha­ty­ra­sy­na alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabr aralygy geçirilen bu nobatdaky Ýaşulylar maslatynyň netijesinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi. Şeýle hem Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmäge, goşmaça iş ýerilerini döretmäge, daşary ýurt maýa gýumlaryny çekmäge gönükdirilen kanunlar şeýle hem erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň, hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we maslahatyň netijesinde bu kanun kabul edildi.
 

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   09.10.2017

“Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyna niýetlenen gaz geçiriji turbalaryň satyn alynmagyna maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen maliýe şertnamasyny baglaşmak hakynda

    2017-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden №420 belgili Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan degişli Ylalaşyk baglaşyldy.

   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, “Türkmenistan – Owganystan – Päkistan - Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin gaz geçiriji turbalaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň  6-njy noýabrynda çykaran 14471-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan “Türkmenistan – Owganystan – Päkistan - Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyna niýetlenen gaz geçiriji turbalaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen 2017-nji ýylyň 8-nji noýabrynda maliýe şertnamasy baglaşyldy.