Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer hasabatynyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habarlar barada aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelde bolan 82-nji mejlisinde “Bütindünýä welosiped güni” hem-de “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Olaryň taslamalary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz hem-de tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan Durnukly ösüş maksatlarynyň biri hökmünde sporty ösdürmäge uly üns berilýändigi bellenildi. Bu ugurda Türkmenistanda yzygiderli we netijeli işler alnyp barylýar. Bu işler halkara bileleşiginiň giň ykrarnamasyna hem-de goldawyna mynasyp boldy. Ýokarda ady agzalan birinji Kararnama munuň aýdyň subutnamasydyr. Ony 56 döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Şu resminama laýyklykda, 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamasy Milletler bileleşiginiň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyndaky ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Gaznanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Dünýäniň 19 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimizi Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän bu uly daşary syýasy ýeňişler bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, bu şanly wakalar mynasybetli mähriban halkymyza ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisini BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, häzirki döwürde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge örän uly üns berilýändigini belledi.

“Il saglygy – ýurt baýlygy” diýen ajaýyp pähimden ugur alnyp, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sport desgalary – döwrebap stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, sport mekdepleri guruldy. Türgenlerimiziň dürli derejeli oýunlara, halkara ýaryşlaryna talabalaýyk taýýarlanmagy we gatnaşmagy üçin ähli şertler döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa şäherjigi bina edildi. 2017-nji ýylda döwletimiziň taryhynda ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.

Biz welosiped sportuny ösdürmäge hem uly üns berýäris. Türkmenistanda her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň başynda bolsa, biz “Amul–Hazar 2018” atly halkara welosiped ýaryşyna hem badalga berdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Geçirilýän bu çäreler ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen birlikde, raýatlarymyzyň sporta höwesini has-da artdyrýar. Adamlaryň saglygyny berkitmekde, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar.

Biziň Garaşsyz döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdi hem muny doly tassyklaýar. Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýan bu Çözgüdi dünýäniň 56 döwleti dörediji hökmünde çykyş etdi. Biz muňa buýsanmaga haklydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 73-nji mejlisi “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” bölümi girizmek barada Çözgüt kabul etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe şu Çözgüdi kabul etmeginiň hem uly manysy bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu möhüm çözgütleri kabul etmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, sporty ösdürmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde hem ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine beýleki degişli ýolbaşçylar bilen bilelikde BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokarda agzalan Kararnamalarynyň kabul edilmegine bagyşlanan çäreleri guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan tarapyndan milli hem-de sebit möçberinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça anyk ädimleriň ädilýändigini, şol sanda ýurdumyzda giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulýandygyny, ýurdumyzyň Aralyň meselelerini çözmek boýunça işjeň orun eýeleýändigini, Hazarda hyzmatdaşlyk etmek, BMG-niň tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürendigini belläp, bu ugurda işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz şeýle hem Bütindünýä welosiped gününe taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklary berdi. Bu sene şu ýylyň iýun aýynyň başynda ilkinji gezek belleniler. Onuň çäreleriniň maksatnamasyna jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge, welosiped sportuny wagyz etmäge, türkmenistanlylary köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine çekmäge gönükdirilen dürli sport we medeni-köpçülikleýin çäreler girizilmelidir.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri 2-nji maýda geçiriljek möhüm çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Şol çäreleriň hatarynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasy hem-de ulag meselesi boýunça halkara forum we şunuň bilen bagly sergi bar. Bu çäreleri "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy hem-de bu çäreleriň deslapky maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň strategiki ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeläp, oňyn başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary hem şol başlangyçlaryň möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, 3-nji maýda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guralmagy göz öňünde tutulýan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň nobatdaky, 9-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Öňümizdäki duşuşygyň guramaçylyk meseleleri YHG-ä agza ýurtlaryň Ministrler Geňeşiniň 17-nji aprelde Duşenbede geçiriljek 23-nji maslahatynyň gün tertibine giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebit we yklymlaýyn ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň bu ulgamda bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny, häzirki zaman multimodal ulag-üstaşyr we logistika düzümini döretmäge, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm ugurlaryna garaldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   12.01.2018  /   http://www.turkmenistan.gov.tm/photo/anons/1515785407.jpg

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işi, şol sanda Döwlet etalon merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ony häzirki zaman serişdeleri bilen enjamlaşdyrmak, bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary bu edaranyň merkezi barlaghanalarynyň tapgyrlaýyn amala aşyrylýan halkara akkreditasiýasy barada maglumat berip, Döwlet etalon merkeziniň Ýylylyk barlaghanasynyň bu usuly ilkinjileriň biri bolup, Slowak milli akkreditasiýa gullugynyň halkara akkreditasiýasy tarapyndan üstünlikli geçirilendigini hem-de degişli şahadatnamany alandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen ykdysadyýetiniň hemme pudaklarynda ulanylýan ölçegleriň ýeke-täk ulgamyny üpjün etmegiň bu Merkeziň baş wezipeleriniň biridigini belledi. Milli Liderimiz ölçegleriň dogrulygynyň we takyklygynyň döwletimiz üçin durmuş-ykdysady hem-de syýasy ähmiýete eýedigini aýdyp, öndürilýän önümleriň we harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň hem-de hyzmatlaryň hiliniň we howpsuzlygynyň barlanylyşy dünýä tejribesinde umumy kabul edilen hil ölçeglerine laýyk gelmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şu wezipelerden ugur alyp, milli etalon binýadyny, barlaýyş we synag geçiriş barlaghanalar ulgamyny kämilleşdirmek hem-de olary halkara güwänamalary bilen üpjün etmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmagy göz öňünde tutmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 2020-nji ýylyň oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” atly mowzuk bilen geçiriljek forumda milli sergimiz guralar. Häzirki wagtda «EKSPO-2020»-niň guramaçylyk komiteti bilen degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň bu halkara foruma gatnaşmagynyň dünýä bileleşigine gazanýan üstünliklerimizi görkezmäge, ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, türkmen halkynyň baý medeni-mirasy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini hem-de ýurdumyzyň tehnologiýalaryny, ylmyň işläp taýýarlamalaryny, harytlaryny we hyzmatlaryny daşarky bazarda ilerletmäge ýardam etjekdigini belledi. Milli Liderimiz “EKSPO-2020”-niň täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli ulgamlarda tejribe alyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin netijeli çäredigini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýangyç-energetika toplumyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan taýýarlanylan “Sergiler merkezini” gurmagyň taslamasy barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň maksatnamalarynda kesgitlenilen işleri yzygiderli ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şol maksatnamalar toplumyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary peýdalanmagyň, işjeň maýa goýum syýasatynyň esasynda pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz “Awazadaky” “Sergiler merkeziniň” taslamasynyň üstünde durup geçip, Hazaryň kenar ýakasynda bina edilýän desgalaryň ählisiniň ajaýyplygy bilen tapawutlanmalydygyny, syýahatçylyk zolagynyň umumy binagärlik keşbine sazlaşykly goşulmalydygyny belledi. Milli Liderimiz wekilçilikli işewür forumlary hem-de ýokary derejeli duşuşyklary geçirmäge niýetlenilen binalaryň ählisi işlenip taýýarlanylanda dünýä ölçeglerini nazara almagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň oba hojalyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda ak ekinleri mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek boýunça zerur bolan agrotehniki çäreler geçirilýär. Ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm bilen birlikde, tekizlemek işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak işlerine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy, sürümli ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagy, suw bilen üpjün edilmegini Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmeleriniň esasy ugurlary hökmünde görkezdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ähli möwsümleýin oba hojalyk işlerini gysga möhletde geçirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak babatda anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda «Türkmen aýna önümleri» täze kärhanasyny işe girizmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berdi. Bu desga daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyryldy. Ol dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Kärhana gurluşyk aýnalarynyň dürli görnüşlerini hem-de dürli görnüşli çüýşe gaplaryny öndürmäge mümkinçilik berýär. Aýna önümçiligi ulgamynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, türkmen hünärmenleri degişli okuwy geçdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäniň meşhur önüm öndürijilerinden getirilen ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap senagat desgalarynyň işe girizilmegi bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şol sanda gurluşyk serişdeleri, ýerli çig malyň esasynda dürli aýna önümlerini öndürmek ýaly geljegi uly ugurlar ep-esli ösdürilýär. Täze kärhananyň açylmagy ýurdumyzyň içerki bazaryny özümizde öndürilen ýokary hilli önümlere bolan islegleri has doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmak arkaly gurluşyk serişdeleri senagatynyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň, bu ulgama öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere täze aýna kärhanasynyň işlemegi baradaky meseläni yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 1574 MWt bolar, onda her biriniň kuwwaty 263,25 MWt bolan 4 sany gazturbinasy hem-de her biriniň kuwwaty 260,5 MWt bolan 2 sany bugturbinasy oturdylar. Häzirki wagtda işe goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar, bugturbinalarynyň binasynyň gurluşyk işleri, geçiriji turbalary kebşirlemek hem-de degişli enjamlary gurnamak we beýleki işler dowam edýär.

Soňky ýyllarda häzir hereket edýän desgalary döwrebaplaşdyrmaga hem-de täze döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalary gurmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, elektrik geçirijiler çekilýär, paýlaýjy kiçi beketleriň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwlet Baştutanymyz elektrik energetika pudagynyň goşmaça öndüriji kuwwatlyklaryny ulanmaga tabşyrmagyň meseleleriniň üstünde durup geçip, bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Munuň özi elektrik energiýasynyň her ýylda barha artýan içerki sarp edilişini durnukly üpjün etmäge hem-de ozal bar bolan we täze ugurlar boýunça onuň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bolan energetika hyzmatdaşlygynyň meselelerine ünsi çekip, energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, täze, köpugurly turbageçiriji düzümleriň döredilmeginiň strategiki ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda energiýa çeşmelerine hem-de olary ibermegiň serişdelerine deňhukuklylyk, kepillikli elýeterlilik meseleleriniň ählumumy häsiýete eýe bolandygyny nygtady hem-de ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli netijeli başlangyçlarynyň şu maksatlara ýetilmegine gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri peýdalanmagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow ýurdumyzda Internet ulgamyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer ilatyň Internet hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, nyrhnamalaryň täze görnüşleriniň girizilendigini, şunuň netijesinde Internet torundan peýdalanýanlaryň sanynyň artandygyny habar berdi. Netijede, Internet ulanyjylarynyň sany ep-esli artdy. Içerki internet ulgamynyň işe goýberilmegi bilen “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderilerine türkmen telewideniýesiniň ýedi sany teleýaýlymlaryna öýjükli telefonlaryň üsti bilen tomaşa etmäge mümkinçilik döredi.

Wise-premýer mejlisiň dowamynda ýurdumyza, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelýän syýahatçylara we ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek maksady bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şu babatda dürli kysymly täze awtobuslaryň ulanmaga berlendigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmegiň, iň öňdebaryjy enjamlary hem-de täzelikleri ulanmagyň netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň köp şahaly ulgamynyň üstünlikli hereket edýändigini, maglumat serişdeleriniň terminalynyň işlenip taýýarlanylýandygyny belledi. Telefon beketleriniň ösen awtomatlaşdyrylan ulgamy, şol sanda öýjükli aragatnaşygyň ösdürilmegi, şeýle hem internete birikmek we maglumatlary geçirmek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlar aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyna mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de hyzmatlaryň tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak, internet ýaýlymlarynyň geçiriş ukybyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hojalygy ýöretmegiň ähli ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi, ýurdumyzyň sebitlerinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegi, jemgyýetçilik ulagynyň sazlaşykly hereketiniň guralmagy häzirki günde ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistana gelip gowuşýan awtoulag serişdeleriniň ähli kysymlarynyň hökmany suratda öňünden ýerli howa-toprak şertlerine laýyk gelýändigi babatda synagdan geçirilýändigini aýdyp, ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmakda jemgyýetçilik ulagynyň möhüm ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek boýunça sazlaşykly işi üpjün etmek we täze döwrebap tehnikalary netijeli ulanmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew 24–26-njy ýanwarda Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu döredijilik çäresi iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň arasynda 2017-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda hem-de dostlukly döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Medeniýet günleriniň çäklerinde Belarusuň sungat ussatlarynyň konsertini, fotosergi, kinolaryň görkezilişini, bu ýurduň şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklaryny guramak meýilleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasaty ugruny amala aşyrmakda milli medeniýetiň ähmiýetli ornuny belledi hem-de wise-premýere türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň çuňňur mazmunyny we özboluşlylygyny açyp görkezmek boýunça yzygiderli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmegiň guramaçylyk meselesine ünsi çekip, bu medeni çäräniň biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde ähmiýetiniň uludygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzir türkmen-belarus gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe bolup, iki ýurduň bähbidine yzygiderli ösdürilýär. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine özara düşünişmek döwletara gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz medeni ulgamda nobatdaky bilelikdäki çäräniň ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, ony ýokary derejede geçirmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul–Hazar 2018» atly halkara awtorallini, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäreler häzirki wagtda täze görnüşde gaýtadan dikeldilýän şöhratly Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki sport abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, degişli guramaçylyk komitetini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle çäreleriň türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesli sport bilen yzygiderli meşgullanmaga işjeň çekmäge, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini mundan beýläk-de ösdürmäge, sport döwleti hökmünde onuň abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam etmelidigini belledi. Türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň asyrlaryň dowamynda dürli döwletleri we halklary birleşdirip, olaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň hem-de özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam edipdir. Ol tutuş adamzat ösüşine oňyn täsirini ýetirdi.

Häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täsin mirasy Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlygyň täze möhüm usullaryny işläp taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat edýär we Bitarap Türkmenistan bu işe saldamly goşant goşýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki çäreleriň aň-bilim wezipesini ýerine ýetirmelidigini, Gündogar bilen Günbataryň arasynda diňe bir söwda we ykdysady gatnaşyklary däl, eýsem, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hem ýola goýmakda bu gadymy ýoluň ornuna gyzyklanmany höweslendirmelidigini, ýurdumyzyň baý taryhyny we medeniýetini çuňňur öwrenmäge, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge ýardam etmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen karary makullap we oňa gol çekip, «Amul–Hazar 2018» atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň 15–16-njy ýanwarda Pakistan Yslam Respublikasynyň, Yslamabat şäherine boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu saparyň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň gün tertibine däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny, özara bähbitli türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň meseleleri giriziler. Şunda ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işine ähmiýetli orun berilýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny we beýleki bilelikdäki möhüm taslamalary, hususan-da, elektroenergetika we aragatnaşyk pudaklarynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berler. Iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Pakistan Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça sazlaşykly ösýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň netijeli, ynamly häsiýeti ýurtlarymyza özara gatnaşyklarynyň meýilnamalaryny diňe üstünlikli durmuşa geçirmäge däl-de, eýsem, onuň täze möhüm ugurlaryna çykmaga--dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady we energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda bar bolan uly mümkinçiliklere daýanyp, täze ugurlara çykmaga ýardam edýär.

Diňe sebitde däl-de, eýsem, has giň gerimde ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjek, hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde amala aşyrylýan transmilli TOPH gaz geçirijisini gurmagyň iri möçberli taslamasy Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere , DIM-niň ýolbaşçysyna deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde guralýan türkmen-pakistan gatnaşyklaryny okgunly ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada, şeýle hem kanunçykaryjylyk işinde parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de tejribe alyşmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, parlamentiň 5-nji ýanwarda geçirilen nobatdaky maslahatynda aýry-aýry pudaklary ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň birnäçesi, şeýle hem Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk gurluşy bilen bagly resminamalar kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişigi hem-de ilatly ýerleriň taryhy atlaryny dikeltmek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň 6-njy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, Halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça habar aýdyldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Bileleşiginiň Musulman Zenan Parlamentarileriniň 7-nji maslahatyna we bu halkara guramanyň Parlament Bileleşiginiň 13-nji maslahatyna gatnaşmak üçin, Mejlisiň wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik-syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmagy, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýolunda ýurdumyzy has-da ilerletmäge gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlisiň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara-hukuk gatnaşyklary babatda hyzmatdaşlyga ünsi çekip, deputatlaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyň, kanunçykaryjylyk işinde halkara tejribesini ulanmagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň aýratyn möhümdigini, munuň bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam bermäge gönükdirilendigini aýdyp, sözüni dowam etdi. Bu babatda milli Liderimiz parlamentara gatnaşyklarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz harby gullukçylaryň okgunly ösüş ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine goşýan goşandyny belläp, döwletimiziň mundan beýläk-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň netijeli işlemegi, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin mundan beýläk-de alada etjekdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa «Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda abadançylyk arzuw etdi.

Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
 

Maýa goýum hyzmatdaşlygy – Daşary ykdysady bankyň işiniň esasy ugurlarynyň biri

12.01.2018

Внешэкономбанк признан лучшим банком 2017 года в Туркменистане

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde BAE-niň Hökümetinde, şeýle hem birnäçe iri energetika kompaniýalaryň, Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň we Yslam ykdysady ösüşiniň Dubaý merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Gepleşiklerde gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. BAE-niň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyzda ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge, önümçilik, tehnologiki we söwda aragatnaşyklarynyň halkara ulgamyna Türkmenistanyň has-da ýakynlaşmagyna gönükdirilip, durmuşa geçirmek maksat edinilýän taslamalara uly gyzyklanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň, ýurdumyzy senagat, ylmy-tehniki taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri bilen kesgitlenilýän maýa goýum syýasaty ahyrky netijede halkymyzyň durmuş derejesiniň, ýaşaýşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetiň, her bir raýatyň döredijilik we ruhy mümkinçiliginiň has doly açylmagyna ýardam etjek şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Milli Liderimiz döwletimiziň maýa goýum syýasatynyň strategiki ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, dünýä bazarynda Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyplylyk artykmaçlyklaryndan ugur alýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, ägirt uly tebigy serişdelere baglydyr. Olaryň senagat taýdan gaýtadan işlenilmegi hem-de ýokary tehnologiki taýýar önümleriň çykarylmagy ýurdumyzyň esasy ykdysady ugruna öwrüldi.

Innowasion häsiýetli önümçiliklere maýa goýmak durmuş üpjünçiligi pudaklarynyň we halk hojalygy ulgamlarynyň ösüş maksatnamalaryna netijelilik bermäge, ýurdumyzyň öndürijilerini, şol sanda hususy öndürijileri goldamaga, diňe bir üstünlik bilen importuň ornuny tutmaga däl, eýsem, ýurduň barha artýan girdejisiniň çeşmesi bolan isleg bildirilýän harytlaryň hasabyna eksport kuwwatlyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan önümçilik ulgamyny düzümleýin özgertmeleri tehnologiki taýdan gaýtalan enjamlaşdyrylmagy hem-de döwletimiziň geosyýasy ýagdaýyny nazara alyp, dünýähojalyk aragatnaşyklaryna goşulmagy hut şol talaplardan gözbaş alýar.

Dünýäniň maliýe çökgünligi ýagdaýynda Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygynyň esasyna öwrülen bu özgertmeleriň üstünlikleri, içeri we daşary syýasatyň yzygiderliligi, oňat ösen düzümler hem-de önümçilik serişdeleri daşary ýurtlaryň göni maýa goýumlary üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini şertlendirdi. Munuň özi kärhanalary innowasion taýdan enjamlaşdyrmak, pudaklary döwrebaplaşdyrmak bilen bilelikde häzirki zaman dünýä tehnologiýalaryna ýol açýar.

Milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de Türkmenistanyň ykdysady taýdan gülläp ösmegini üpjün etmek maksady bilen, giň möçberli maýa goýum syýasatynyň amala aşyrylmagy maýalaryň halkara bazarlarynda ýurdumyzyň Hökümetiniň wekili hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimize daşary ýurt karzlaryny çekmek babatda bank tarapyndan daşary ýurtlaryň dürli maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we özara hereketleriň ajaýyp tejribesi toplanyldy. Bu babatda geçen, 2017-nji ýyl hem üstünlikli boldy. Bu bolsa nobatdaky abraýly sylag bilen tassyklanyldy—Beýik Britaniýanyň «Financial Times» diýen abraýly neşiriniň «The Banker» žurnaly nobatdaky gezek, indi 13-nji ýola Türkmenistanyň Döwlet daşary iş bankyny Türkmenistanda ýylyň iň oňat banky diýip atlandyrdy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmegiň netijeleri boýunça daşary ykdysady bank 2017-nji ýylda 2016-njy ýylyň karz beriş maksatly işleriniň möçberini 1,5 esse artdyrdy.

Şu döwürde gol çekilen ylalaşyklaryň sanawynda, hususan-da, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligi üçin oba hojalyk tehnikalaryny hem-de enjamlaryny, ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini ibermegi maliýeleşdirmäge degişli «Deere Credit Inc.» (ABŞ) «Kommerzbank AG» (GFR) kompaniýalary bilen gol çekilen ylalaşyk; kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň döwlet goldawyna degişli ylalaşyk bar—bu babatda Katar Döwletiniň «Al Kamra Holding Grup» maýa goýum gaznasy bilen ylalaşyk gazanyldy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň «Global Projects Development Holding Co.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Maliýeleşdirilmegine daşary ýurt maýalary çekilen iri taslamalaryň biri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylýan taslamadyr. Ol ýurdumyzda kommunikasiýa ulgamlaryny, elektron we Internet-hyzmatlaryny ösdürmäge hem-de Baku-Türkmenbaşy aralygyna suwasty optiki-süýümli geçirijini gurmaga gönükdirilendir. 2017-nji ýylyň noýabrynda Yslam Ösüş banky bilen karz ylalaşygyna gol çekildi. Bu bank şu möhüm taslama 20 ýyl möhlet bilen 273 million dollar bölüp berýär.

Şol birwagtda, Saud Ösüş gaznasy bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmak üçin turba geçirijileri ibermäge degişli maliýe ylalaşygy baglaşyldy. Bu babatdaky başlangyjyň saud tarapyndan döremegine taslamanyň geljeginiň uludygy hem-de ýurdumyzyň kuwwatyna iri maliýe edarasynyň ynam bildirýändigi hökmünde baha bermek bolar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Hökümetiň adyndan 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen Türkmenistanda dürli desgalary gurmagyň iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Soňky birnäçe ýylda Türkmenistanyň Daşary ykdysady banky tarapyndan ençeme iri maýa goýum ylalaşyklary baglaşyldy. Olaryň hatarynda Gyýanlyda polipropilen we polietilen önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy, Garabogazda karbamid zawody hem-de Owadandepede gazy gaýtadan işlemek we ondan benzin öndürmek boýunça senagat toplumy ýaly taslamalaryň maliýeleşdirilendigini agzap bolar. Innowasion häsiýetli bu önümçilikleriň döredilmegine Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky we Koreýanyň eksport-import banky uly serişdeleri goýberdi. Munuň özi hem bu düzümleriň ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana doly ynanýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň şeýle abraýynyň berkemegine ýapon bankynyň gatnaşmagynda ozal durmuşa geçirilen taslamalar hem ýardam etdi—bu Marydaky karbamid zawodynyň gurluşygy we kükürt kislotasyny öndürmek boýunça önümçiliklerdir. Häzirki wagtda ýapon maýadarlary bilen bilelikde ýene-de bir taslamanyň – elektroenergetika ulgamy boýunça taslamanyň üstünde işlenilýär. Ol Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmagyň taslamasydyr.

Daşary döwletleriň maýadarlary üçin Türkmenistanyň barha artýan özüne çekijiliginiň esasy ugurlarynyň hatarynda ýurtdaky ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň durnuklylygy, kanunçylyk kepillikler hem-de döwlet tarapyndan berilýän goldawlar durýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýakyn döwür üçin maýa goýumlary höweslendirmegiň toplumlaýyn çäreleri işlenip taýýarlanylanda, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny we senagatlaşdyrmagyň derejesini artdyrmak arkaly, onuň dünýäniň hojalyk ulgamyna girmegine ýardam bermek, tehnologiki işleri ösdürmek, durmuş ugurly bazar ykydsadyýetini kemala getirmek hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly esasy ýörelgeler göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzda täze taslamalary maliýeleşdirmek üçin maýa gogýumlary çekmek maksady bilen, daşary ýurt guramalarynyň gatnaşmagynda açyk görnüşli Maýa goum gaznasyny döredýär: tehniki-ykdysady esaslandyrmalary we işewürlik meýilnamany taýýarlamak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň esasynda 2017-nji ýylyň 4-nji dekabrynda «Baker Tilly Rus Cоnsulting» (Russiýa Federasiýasy) kompaniýasy bilen şertnama gol çekildi hem-de degişli işlere başlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň özleşdirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, serişdeleriň maksada laýyk peýdalanylyşyna gözegçiligiň güýçlendirilmegini, daşary ýurt maýasyny çekmek hem-de goýumlary ygtybarly goramak maksady bilen, kadalaşdyryjy binýadyň kämilleşdirilmegini üpjün etmek zerurdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   13.03.2018  /  

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Bu sapar Emiriň — Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.

Türkmen Lideriniň Aziýanyň günorta-günbataryndaky bu arap ýurduna sapary soňky ýyllarda däp bolan dostluk hem-de özara hormat goýmak gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini ýüze çykarýar. Türkmenistanyň merkezi edarasy Kuweýtde ýerleşýän Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen işjeň özara hereketleri şeýle ynam bildirilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň subutnamasy boldy.

Iki ýurduň ykdysadyýetleri barada aýdylanda bolsa, olaryň meňzeş taraplary hem, biri-biriniň üstüni ýetirýän taraplary hem bar. Eger Kuweýt nebitiň baý ätiýaçlyklary bilen meşhur bolup, bütin dünýäniň ätiýaçlyk gorlarynyň, takmynan, ondan birini emele getirýän bolsa, onda Türkmenistan ägirt uly gaz serişdeleri bilen belli bolup, dünýäde olaryň möçberleri boýunça dördünji orny eýeleýär. Ýurtlaryň ikisi hem senagaty diwersifikasiýalaşdyrýar, şunda nebitiň gaýtadan işlenilmegi we nebitgazhimiýa, gurluşyk serişdeleriniň, dökünleriň önümçiligi, elektroenergetika öňdäki orunlary eýeleýär. Bilim berlişiniň hiliniň ýokarlanmagy bilen elektron senagaty we beýleki ylmy pudaklar ösüşe eýe boldy.

Ýerli howa sebäpli, Kuweýtde oba hojalygynyň (maldarçylykdan başga) dolulygyna diýen ýaly ýoklugy üçin, muny birek-biregiň üstüni ýetirýän ýagdaýlara degişli etmek mümkin. Şonuň netijesinde, ýurt azyk önümleriniň köpüsini daşary ýurtdan getirýär. Ösen obasenagat toplumy bolan, eksport kuwwatyny tiz artdyrýan Türkmenistan üçin munuň özi geljegi uly sarp ediş bazarydyr hem-de täze söwda ugrudyr.

Bähbitleriň ykdysady nukdaýnazardan gabat gelmeginden başga-da, Türkmenistan we Kuweýt öz sebitlerinde BMG-niň goldaw bermeginde jedelleriň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegi ugrunda çykyş edip hem-de öz çäklerini dawalaşýan taraplara gepleşik geçirilýän meýdança hökmünde hödürläp, beýleki ýurtlaryň arasynda dürli gapma-garşylyklary düzgünleşdirmekde üstünlik bilen araçy bolmak tagallalaryny görkezip, parahatçylyk dörediji döwletleriň ornuny tutýandygy bilen hem ýakyndyr. Türkmenistan hem-de Kuweýt parahatçylyk we durnuklylyk bähbitlerini ileri tutup, umumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine, agzalalyklary aradan aýyrýan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň täze gurallarynyň döredilmegine öz goşantlaryny goşýar, şunuň bilen bu iki ýurt diplomatiýada, halkara gatnaşyklarda, Milletler Bileleşiginde özlerine uly abraý gazandylar.

...Irden Türkmenistanyň Baştutany Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi sapara ugrady. Milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Iki ýarym sagada golaý wagtdan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.

Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar.

Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Kuweýt Döwletiniň Emiriniň «Baýan» köşgüniň Maslahatlar merkezine ugrady.

Bu ýerdäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi taýdan garşylanyş dabarasy geçirilip, mahsus bolan hemme hormatlar bildirildi.

Ulagyndan çykan ýerinde türkmen Liderini Kuweýt Döwletiniň Emiri mübärekleýär. Soňra iki ýurduň Baştutanlary Döwlet baýdaklarynyň öňündäki ýörite gurnalan ýere geçýärler.

Türkmenistanyň we Kuweýtiň Döwlet senalary dabaraly ýaňlanýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Kuweýtiň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen, Emir Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahy bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar.

Soňra Maslahatlar merkeziniň uly mejlisler zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirildi.

Kuweýt Döwletiniň Emiri türkmen Lideriniň häzirki saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny hem-de biziň dostlukly ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynda täze sahypany açýandygyny belledi.

Bu gün duşuşyk dürli pudaklarda ýakynlaşmagyň ýollaryny kesgitlemäge hem-de Kuweýtiň we Türkmenistanyň halklarynyň umumy bähbitlerine hyzmat etmek üçin gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmäge, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara gün tertibi boýunça has möhüm meseleleriň çözülmeginde tagallalary birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Özara düşünişmegiň ruhuny hem-de döwletara gatnaşyklaryň dostlugyny beýan edýän mähirli ýagdaýda geçýän gepleşikleriň iki ýurduň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ymtylmagynda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emirine bu gözel ýurda sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de ýokary myhmansöýerlik bilen mähirli garşylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda möhüm orny eýeleýän Kuweýt Döwleti bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňden ösdürmäge aýratyn üns berýär diýip belledi hem-de döwletlerimiziň we halklarymyzyň umumy ruhy gymmatlyklarynyň hem-de taryhy-medeni kökleriniň bolmagynyň şeýle maksatlara esas bolup hyzmat edýändigini nygtady.

Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmakda täze tapgyryň başlanýandygy barada ynamly aýtmak bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de häzirki saparyň we gepleşikleriň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüşi üçin taryhy ähmiýete eýe diýip hasaplaýandygyny belledi.

Halkara derejedäki hyzmatdaşlygy ösdürmekde biz, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelýän bilelikdäki hereketlere ýokary ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Kuweýtiň Emirine Türkmenistanyň garaýyşlaryny we öňe sürýän halkara başlangyçlaryny, şol sanda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde energiýa howpsuzlygy we ulag-üstaşyr geçelgeleri barada öňe sürýän möhüm tekliplerini we başlangyçlaryny goldaýanlygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Öz nobatynda Türkmenistan hem halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Kuweýt Döwletiniň tagallalaryny goldaýar we olary durmuşa geçirmekde netijeli işleşmäge taýýardygyny beýan edýär.

Soňra gepleşiklerde bellenilişi ýaly, döwletlerimiziň häzirki zamanyň howplary bolan halkara terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmek boýunça hereketleri möhüm ähmiýete eýedir.

Özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň gabat gelmegi ýa-da meňzeş bolmagy biziň ýurtlarymyzyň syýasy derejedäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli alyp barmagyna esas bolup hyzmat edýär.

Ýokary syýasy derejä eýe bolan gatnaşyklarymyzy birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we goldaw bermek esasynda ösdürmegiň möhüm ähmiýetini aýratyn bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmek barada umumy pikire geldiler.

Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky meselä degip geçip, munuň diňe bir milli we ikitaraplaýyn bähbitler däl-de, eýsem, dünýä hem-de sebit ykdysadyýeti üçin hem uly ähmiýete eýe bolan ösüşlere ýetirmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.

Şu nukdaýnazardan, uzak möhlete gönükdirilen, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary giňden ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, Türkmenistanyň we Kuweýtiň Baştutanlary ýangyç-energetika pudagynyň we işläp çykaryş kuwwatlyklarynyň mümkinçilikleriniň tejribe alyşmakda we ony netijeli ulanmakda uly esas bolup durýandygyny nygtadylar.

Ýakynda dabaraly ýagdaýda owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde Kuweýt Döwletiniň iri nebitgaz kompaniýalary hem-de maýa goýum we maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Mundan başga-da, nebit-himiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary gurmakda özara tejribe alyşmak möhüm ugurlara degişli bolup durýar. Uglewodorodlardan taýýar önümiň önümçiligine aýratyn ähmiýet berip, Türkmenistan hem Kuweýt ýaly önümçiligiň ýokary tehnologik ulgamyny döredýär, bu bolsa öňdebaryjy işläp taýýarlamalar hem-de nou-haular üçin giň meýdançadyr. Hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky çäreleri anyklaşdyryp, taraplar energetika pudagy boýunça bilelikdäki Türkmen-Kuweýt iş toparyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Tebigy gazyň diňe agtarylyp tapylan gorlary energiýa serişdeleri boýunça Türkmenistany dünýäde 4-nji orunda goýýar, geljegi uly känler ýerleşen meýdançalardaky dowam edýän barlaglar bolsa ýurdumyzyň energetiki kuwwatyny has-da giňeldip, bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin has giň gözýetimleri açyp biler. Türkmenistan eksport ugurly gaz akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny öz energetika syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitläp, ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly goşandyny goşýar. TOPH gaz geçirijisi munuň mysaly bolup biler. Onuň gurulmagyny ýakynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi hem Owganystan boýunça kabul eden öz Kararnamasynda goldady. Şol resminamada ýurdumyzyň başyny başlan beýleki taslamalaryna, şol sanda ulag ulgamyndaky taslamalara hem goldaw beýan edilýär.

Türkmenistanyň we Kuweýtiň öz sebitlerinde geografik taýdan örän amatly ýerleşýändikleri babatda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi üçin zerur şertleriň döreýändigi, şonuň üçin hem bu ulgamy ösdürmekde mümkinçilikleri birleşdirmegiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir esasy ugurlarynyň biri bolup biljekdigi bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek bilen bir wagtda telekeçilik ugry boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak, netijeli pudaklarda özara maýa goýuma esaslanýan bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine hem üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyzda daşary ýurt maýasyny goýmak üçin örän oňaýly şertler, şol sanda, ygtybarly halkara-hukuk binýady döredildi. Agzalan möhüm pudaklardan başga-da Türkmenistanda metallurgiýa, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we syýahatçylyk pudaklary babatda hem taslamalar amala aşyrylýar.

Biziň ýurdumyzda häzir iri möçberli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda döredilýän, uly geljegi bolan täze pudaklar innowasion taslamalara maýa goýmak nukdaýnazaryndan Kuweýtiň maliýe-senagat toparlaryny gyzyklandyryp bilerdi. Geljegi uly bolan beýleki ugurlaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň gurluşygyny görkezmek bolar.

Şeýle mümkinçilikleri nazara almak bilen, telekeçilik aragatnaşyklary boýunça bilelikdäki işçi topary döretmek, şeýle hem ýakyn wagtda ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum boýunça işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleriň geçirilmegini Aşgabat öz üstüne almaga taýýar.

Şeýle hem Kuweýtiň Emiri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň we Kuweýtiň ikitaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen esasy çäreleriň biri hökmünde hökümetara toparyň döredilmeginiň hem-de işe başlamagynyň zerurdygy baradaky pikirini goldady. Bu toparyň mejlisleriniň çäklerinde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli meselelere seretmek we pikir alyşmak mümkin bolar. Hyzmatdaşlygyň şeýle usulynyň işe girizilmegi bilen özara bähbitli mümkinçiliklere has giň ýol açylar.

Ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, ylym we bilim, sungat we döredijilik ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlygy ýola goýmak örän möhüm ähmiýete eýedir. Biziň halklarymyz baý taryhy geçmişe eýe bolmak bilen, özleriniň milli däplerini we medeni mirasyny aýawly saklap gelýärler. Türkmenistanda sungat we döredijilik festiwallary, ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär, olara daşary ýurtlardan meşhur ussatlar, alymlar we hünärmenler gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-kuweýt döredijilik festiwalynyň geçirilmeginiň ýerlikli hasaplanýandygy we ony ikitaraplaýyn Medeniýet günleri bilen utgaşdyrmak barada teklip aýdyldy.

Muzeý işini ösdürmek, taryh, etnografiýa, medeniýeti öwreniş boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek ulgamynda özara hereket etmek hünärmenler üçin gyzyklanma döredip biler.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kuweýte şu saparynyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bu sapara özara bähbitli gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň, olary many-mazmun taýdan baýlaşdyrmagyň möhüm tapgyry hökmünde garaýarlar.

Türkmenistan we Kuweýt Döwleti diplomatik gatnaşyklary 1995-nji ýylda ýola goýdular. Şu geçen döwürde gatnaşyklar dürli ulgamlarda ösdürildi we berkidildi. Häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde hem türkmen-kuweýt gatnaşyklary okgunly ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Kuweýt ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň BMG-niň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýar. Döwletleriň ikisiniň hem halkara syýasata garaýyşlary laýyk gelýär ýa-da ýakyndyr. Munuň özi köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty we oba hojalygy, saglygy goraýyş hem-de ýokary tehnologiýalar biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhlete niýetlenen ugurlarydyr. Şu we beýleki pudaklarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan Kuweýt tarapy bilen mundan beýläk-de netijeli işleşmäge taýýardygyny beýan edýär.

Mundan başga-da, biziň ýurtlarymyz nebithimiýa we nebiti gaýtadan işleýän önümçiliklerde, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýär. Bilelikdäki hökümetara toparyň işi işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly ýardam edip biler. Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda bu topary döretmek barada gürrüň edildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Onuň esasyny bolsa iki halky birleşdirýän umumy ruhy gymmatlyklar, däp-dessurlar we ahlak ýörelgeleri düzýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Kuweýt Döwleti bilen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, ýene-de bir gezek Emire — Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz Kuweýtiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza gelip görmäge çagyrdy hem-de oňa berk jan saglyk we jogapkärli işinde üstünlik, Kuweýt Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa bagt, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hususan-da, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kuweýt toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Diplomatik we gulluk/ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Saud Al-Nasser Al-Sabah adyndaky Diplomatik institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Söwda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Mundan başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kuwait Petroleum Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sungat we medeniýet ulgamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasyndaky tehniki ýardamy bermek hakyndaky bilelikdäki resminamany kabul etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Al Jahran” kabulhanasynda Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri, Arap Ykdysady ösüşi boýunça Kuweýt Gaznasynyň dolandyryjylar Geňeşiniň başlygy Şeýh Sabah Haled Al-Hamad Al-Sabah bilen duşuşyk geçirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmek Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Dostluk däpleri şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Kuweýtiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýandygyny aýtdy. Biziň döwletlerimiz ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Kuweýt Döwletiniň halkara we sebit giňişliginde eýeleýän ornuna ýokary baha berýändigi, ony arap dünýäsinde özüniň möhüm hyzmatdaşy hasaplaýandygy nygtaldy.

Şeýh Sabah Haled Al-Hamad Al-Sabah türkmen Liderini ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlap, Kuweýtiň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de netijeli aragatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň taryhy sepgidine öwrülip, şol gatnaşyklaryň täze tapgyryny alamatlandyrandygy, gazanylan ylalaşyklaryň bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatynyň netijeli peýdalanylmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Iki ýurduň halklaryny gadymy medeni we taryhy kökler, belent ruhy gymmatlyklar ýakynlaşdyrýar. Häzirki wagtda bu gymmatlyklar dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň girewi bolup hyzmat edýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Kuweýtiň arasynda maýa goýum, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem-de halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary baradaky meselelere deglip geçildi.

Türkmenistanyň we Kuweýtiň dünýäde ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedigi bellenildi. Munuň özi energiýa serişdelerini işläp taýýarlamak we halkara bazarlara ibermek ulgamynda taraplaryň özara gatnaşyklara gyzyklanmasynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Sebitiň ähli ýurtlary üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan TOPH transmilli gaz geçirijisi strategik taslamalaryň hatarynda görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlendigini aýdyp, ony durmuşa geçirmäge abraýly halkara maliýe düzümleriniň gatnaşýandygyny, dünýä bileleşiginiň taslama uly goldaw berýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri türkmen Lideriniň bu ulgamda öňe süren başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, halkara giňişlikde ýokary derejede durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge çalyşýandygyny aýtdy. Şunda türkmen tarapynyň kuweýtli hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, olaryň özara bähbitli tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Şeýh Sabah Haled Al-Hamad Al-Sabah ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Kuweýtiň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler we döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Jaber Al-Mubarak Al-Hamad Al-Sabah bilen duşuşygy boldy.

Milli Liderimiz we Premýer-ministr mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde mizemez dostlugyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň binýadynda üstünlikli guralýan türkmen-kuweýt hyzmatdaşlygynyň käbir meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Jaber Al-Mubarak Al-Hamad Al-Sabah şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň üstünligi bilen gutlap, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we türkmen tarapynyň şu sapara Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman taryhynyň möhüm tapgyry hökmünde baha berýändigini, onuň ikitaraplaýyn esasda hem-de Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň we beýlekileriň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga gönükdirilendigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna yzygiderli ygrarlydygyny nygtady.

Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny goldaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Baştutanynyň adamzadyň düýpli meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmesiniň dünýäde barha giňden goldaw tapýandygyny nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň sebit hem-de ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine görýän çärelerine ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz we Premýer-ministr türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de meýilleşdirilýän ugurlary barada pikir alyşdylar. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenip, iki ýurduň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynyň işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňaýly şertleri döredýändigi bellenildi. Senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy gazanylanlary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň ýangyç serişdelerini çykarýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bu strategiýanyň esasy ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Kuweýt Döwletiniň premýer-ministri türkmen Lideriniň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýdyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygynyň taslamalarynyň sebitiň ýurtlary üçin ägirt uly ähmiýetini nygtady. Olar hakyky hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Jaber Al-Mubarak Al-Hamad Al-Sabah Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň häzirki wagtda bütin dünýäde geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde kabul edilýändigini belläp, Kuweýtiň işewür toparlarynyň amala aşyrylýan taslamalara giňden gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. Maýa goýumlary, söwda, gurluşyk we beýleki pudaklar möhüm ulgamlaryň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandygyny nygtap, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Sergileri guramak baradaky teklip aýdyldy, geljekki hyzmatdaşlar — döwlet hem-de hususy düzümleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän yzygiderli işewür duşuşyklary hem-de işewürler maslahatlaryny geçirmegiň maksada laýyklygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz esasy arap kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hem-de tejribesiniň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirýän Türkmenistanda gerek boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň wajypdygyna degip geçip, ylym-bilim, medeni ulgamlarda hem-de syýahatçylyk we sport ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny bellediler. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi dünýäniň köp döwletleriniň okgunly ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt Döwletine resmi sapary dowam edýär.

2018 ýyl: Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   02.01.2018  /  

“Biz 2018-nji ýyla «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda aýtdy.

Diňe iri ulag desgalarynyň we ýollaryň, üstaşyr geçelgeleriň gurluşygynda däl, eýsem, beýleki desgalaryň gurluşygynda hem bu konsepsiýany durmuşa geçirýäris. Biziň Garaşsyz Bitarap döwletimiz halkara giňişliginde syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsaneperwer gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly goşant oşýar diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryny tutuş adamzadyň nurana geljegi üçin döredijiligiň bähbidine parahatçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky düşünjeleri hem-de garaýyşlary has giň gerime ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň logistik strategiýasynda bu ileri tutulýan ugurlar häzirki wagtda has aýdyň görünýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda paýtagtymyzda Halkara howa menzilini, Türkmenistan – Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň birinji nobatdakysyny – Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň gurluşygy ýaly ägirt uly taslamalar amala aşyryldy. Türkmenbaşydaky deňiz menzili, Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýoly we beýleki desgalar gurulýar. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryndan netijeli peýdlanmak arkaly amatly hem-de howpsuz halkara ulag geçelgeleri döredilýär. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, söwda-haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär.

Türkmenistan polat ýollaryň möhüm çatrygyna, Ýewraziýa sebitinde iri ulag-üstaşyr merkezine öwrülýär. Türkmen demir ýol gurluşykçylary Mary welaýatynda serhetýaka Serhetabat menzilinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekmek boýunça işleri işjeň alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurt üçin örän möhüm bolan bu taslama 2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda badalga berip, Owganystany Türkmenstanyň we onuň üsti bilen tutuş sebitiň ulag-logistika ulgamyna goşmaga uly mümkinçilikleri açýan demir ýoluň gurluşygyna ak pata berdi.

Çünki bu demir ýol şahasy arkaly biziň goňşymyz öz önümlerini daşary bazarlara çykarmak hem-de uly islegden peýdalanýan daşary ýurt harytlaryny import etmek üçin has amatly usula eýe bolýar. Bu taslama sebitde döwletara gatnawlarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna, Türkmenistanyň sebitiň hem-de yklymyň esasy ulag – logistika merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam eder.

Ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi häzirki wagtda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Bu babatda gadymdan bäri ýol gurmagy parz hasaplaýan türkmen halky bu däbi mynasyp dowam etdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.

Bu mesele hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda milli taryhyň, gadymy rowaýatlaryň, ýurdumyzyň häzirkizaman durmuşynyň wakalarynyň mysalynda çuňňur açylyp görkezilýär.

Milli Liderimiz öz kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde we işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biriniň türkmenlere hem degişlidigini aýratyn belleýär. Bu ýoluň her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr.

Şeýlelikde, biziň döwletimiz tarapyndan asyryň iri ulag taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen täze taryh ýazylýar we Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky pikir täze mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar.

Biziň ýurdumyzyň gurýan dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk ýollary Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde hem gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda döredilýän täze ýollar Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmekde biziň sebitimiziň ornuny artdyrýar.

Häzirkizaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň wezipesini halkara ulag - logistika ulgamy ýerine ýetirýär. Ol halkara syýasy we ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňat binýat hökmünde çykyş edýär. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk, özara we köptaraply bähbitlilik ýörelgelerinde goşulyşmak ýagdaýlarynyň möhüm şertine öwrüldi.

Turbageçiriji ulag hem bu ulgama degişlidir. Iki ýyl mundan ozal biz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berdik. Ol birmahallar Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýerlerinden çekiler. Gatnaşyjy ýurtlar üçin bu taslama diňe bir ykdysady däl, eýsem, derwaýys durmuş wezipelerini hem çözmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gatnawlaryň ähli ulgamlaryny öz içine alýan bitewi ulag ulgamy anyk tehniki we hukuk syýasaty, özara ylalaşykly gatnaşyklaryň gurallary arkaly geosyýasy ýagdaýa täsir etmäge ukyply bolup, onuň ykdysady ugurlarynyň ýurdumyzyň ösüşiniň milli strategiýalary bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny kesgitleýär.

Türkmenistan oňyn ählumumy işlere işjeň gatnaşmak bilen sazlaşykly, durnukly ösüşiň esasynda halkara gatnaşyklarynyň täze ulgamyny kemala getirmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýar. 2-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda geçirilen “Türkmenistan täze taryhy eýýamda: giň gerimli maksatnamalar we mümkinçilikler” atly maslahat şu meselä bagyşlandy. Maslahat ýurdumyzyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Maslahatyň işine jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar hem-de paýtagtymyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeler tutuş jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň ösüşlere beslenen ýagdaýda görlüp-eşidilmedik derejede täzelenilmegine, döwletimiziň dünýä bileleşiginde abraýynyň ykrar edilmegine ýardam berýär.

Döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň düýpli özgerdilmegi hem-de bazar gatnaşyklaryna geçilmegi-- şu we ençeme beýleki ýagdaýlar dünýädäki ykdysady taýdan durnuksyzlygyň emele gelen ýagdaýlarynda biziň ýurdumyzyň deňsiz-taýsyz derejede ykdysady ösüş gazanmagyna ýardam etdi.

Maslahatda Türkmenistanyň BMG bilen özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Onuň işi bütin dünýäde parahatçylyga hem-de Ýer ýüzüniň ähli döwletleriniň durnukly ösmegine gönükdirilendir. Bu iň abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Şol daşary syýasat ýörelgesi ählumumy howpsuzlygyň düýbünden täze gurluşyny kemala getirmäge, ählumumy durnuklylygy, hemme ýurtlaryň hem-de dünýäniň halklarynyň ählisiniň abadançylygynyň bähbidine durmuş we ykdysady taýdan ösüşiň ýokary derejesini üpjün etmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan iri möçberli ösüşlere beslenen özgertmeleriň oňyn ornuny nygtadylar. Şol özgertmeler türkmen halkynyň hakyky taryhyny öwrenmäge, onuň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamaga we wagyz etmäge, ylmy-barlaglary işjeňleşdirmäge, şeýle barlaglara beýleki ýurtlardan hünärmenleri çekmäge ýardam edýär. Şunuň ýaly özara hereketiň maksady geljekki nesiller üçin türkmenleriň gadymy medeniýetiniň jedelsiz subutnamalaryny gorap saklamakdan ybaratdyr.

Çykyş edenler barlaglarynyň netijelerini teswirläp, ýurdumyzyň çäklerinde edilen açyşlaryň ähmiýetini tassykladylar. Türkmenistandaky arheologiýa ekspedisiýalarynyň işleriniň täsir galdyryjy netijeleri halkara jemgyýetçiligine türkmenleriň taryhy ýoluna anyk baha bermäge, milli-medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary hem-de ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşmaga, türkmen halkynyň dünýäniň ylmy we medeni ösüşine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandyna çuňňur akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Maslahatyň barşynda ulag-aragatnaşyk ulgamynda Türkmenistanyň başlangyçlarynyň, hususan-da, “Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça ulag ulgamynyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçilikleriniň ähmiýeti nygtaldy. Olar Ýuwaş ummandan başlap Baltika çenli, Ýewropa yklymygyň Demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli örän uly giňişligi birleşdirmäge gönükdirilendir.

Halklary we medeniýetleri, dünýäniň halklarynyň gymmatlyklaryna hormat goýmagyň ýörelgelerini ýakynlaşdyrmagyň alamaty hökmünde häzirki zaman tapgyrynda Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly aýratynlygyny wagyz etmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan özüni täze halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde ynamly yglan edýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hem-de goldaw bermeginde pudagyň innowasion düzümi, onuň häzirkizaman netijeli nusgasy döredilýär.

Türkmen halky gadymdan bäri myhmansöýerligiň baý däpleri bilen şan-şöhrata eýe bolupdyr. Häzirki wagtda bu däpler täze öwüşgüne eýe bolup, özüne syýahatçylykda iň täze häzirkizaman ýörelgelerini birleşdirýär. Taryhy-medeni özboluşlylyk hem-de baý milli miras, şol sanda bütindünýä meşhur türkmen halylary we ahalteke bedewleri, gadymy ýadygärlikler hem-de täsin tebigy ekoulgamlar ýurdumyza bu ulgamda özüniň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berip, dünýäniň syýahatçylyk bazarynda eýeleýän ornuny has-da berkitmäge ýardam edýär.

Iň meşhur ugurlaryň biri Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahat etmekden ybaratdyr. Onuň desgalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri öz içine alýar.

Adamzat siwilizasiýasynyň aýdyň gymmatlygyna öwrülen bu taryhy ýoluň täze hili diňe bir döwletleriň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda däl, eýsem olaryň medeni, ynsanperwer gatnaşyklarynda, şeýle hem sport ulgamynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Şu ýyl üstünlikli geçirilen “Aşgabat 2017” oýunlary hem munuň aýdyň mysaly bolup biler. Bu Oýunlara diňe bir Aziýanyň we Okeaniýanyň 64 ýurdunyň toparlary, bosgun türgenler däl, eýsem dünýäniň ähli künjeklerinden köpsanly žurnalistler, tomaşaçylar hem-de syýahatçlar gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça – Amuldan Hazara çenli halkara awtorallisini guramak pikirini öňe sürdi.

Daşary ýurtlardan rallä gatnaşjaklar diňe bir türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşmak bilen çäklenmän eýsem düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehinki ösüş hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan ösüşi bilen bu meşhur ýerlere gelýän täze durmuşy hem görüp bilerler. Ýurduyz häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ulag ulgamy hökmündäki ornuny berkidýär.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem diňe bir bütin dünýäde meşhur gymmatlyklary däl, eýsem ýurdumyzyň entek meşhur bolmadyk taryhy we arheologiki ýadygärliklerini, şeýle hem onuň tebigy baýlyklaryny öz içine alýan ýoluň ugrunda täze syýahatçylyk ugurlaryny girizmegiň wajypdygyny belledi.

Eger birmahallar bu ýerden gülläp ösýän şäherleriň arasynda ýerleşen çägelikleriň üstünden kerwen ýollary geçen bolsa, häzirki wagtda bu ýerde ajaýyp awtoulag ýllary hem-de döwrebap dermir ýollar çekildi. Bularyň ählisi ajaýyp tebigy landşaftlar bilen birlikde syýahatçylara Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişi we häzirki guni bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň yklymyň ýollarynyň çatryşynda geografiki taýdan amatly ýerleşmeginiň artykmaçlyklary ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde milli ulag serişdelerinden amatly pýdalanmaga mümkinçilik berýär, milli medeni mirasyň baýlygy bolsa halklaryň ynsanperwer, ruhy gatnaşyklarda onuň ornuny artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu tagymaty öňe sürmek bilen, häzirkizaman köpşahaly ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Şol syýasat bolsa ýurdumyzyň durmuş-ykdyswady taýdan okgunly ösmegine hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   09.03.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine boljak resmi saparlaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Kuweýt Döwleti we Birleşen Arap Emirlikleri bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary muňa aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Hökümet derejesinde hem-de daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýlan yzygiderli duşuşyklar hem-de abraýly halkara guramalaryň — BMG-niň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýlekileriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk türkmen-kuweýt hem-de türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.

Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki duşuşyklara we gepleşiklere möhüm orun degişlidir. Wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimiziň garamagyna öňdäki saparlaryň maksatnamalaryny hödürledi. Saparlaryň her biriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarlydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýum işini we işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirilen medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, öňümizdäki ýokary derejedäki gepleşikleriň wajypdygyny belledi. Şol gepleşikler Kuweýt Döwleti we Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda uly ähmiýete eýe bolan saparlara taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow degişli ministrlikler we pudak edaralary hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018—2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini beýan edýän bu maksatnama sebit we dünýä möçberinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, hususy ulgamyň önümçilik, innowasiýa we maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösüşinde, onuň bazar gatnaşyklaryna geçirilmeginde telekeçilige möhüm ornuň berilýändigini nygtady. Milli Liderimiz agzalan maksatnamanyň taslamasyny oňlap, hususy ulgamy döwlet tarapyndan goldamagyň çäreleriniň durmuşa geçirilişine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer hasabatyň çäklerinde Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň hem-de onuň barşynda ministrliklerde we pudak edaralarynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeleri barada hasabat berdi. Saparynyň netijeleri boýunça Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti maglumat habaryny taýýarlady. Onda ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde gazanylan makroykdysady görkezijilere we üstünliklere ýokary baha berilýär. Bu maglumat habaryny Halkara pul gaznasynyň internet-sahypasynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mundan beýläk-de düýpli özgertmeler ýörelgelerine eýerjekdigini nygtady. Şol özgertmeler milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, ony öňdäki sepgitlere ýetirmäge we şunuň bilen birlikde, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz şu maksatlar bilen ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmek boýunça maksatlaýyn çäreleriň görülýändigini, iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, maliýe-bank, býujet-salgyt hem-de pul-karz ulgamlarynyň kämilleşdirilýändigini belledi. Şunda çeýe makroykdysady syýasatyň geçirilmegi, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleriň netijeli çözülmegi, iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de iň oňat dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, öňdebaryjy halkara maliýe düzümleri, şol sanda Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy möhümdir.

Diňe diwersifikasiýalaşdyrylan ykdysadyýet uzak geljek üçin durnuklylygy saklamaga, ýurdumyzyň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da artmagyna ýardam berer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçiriljek birleşmäniň agzalarynyň sergisine hem-de maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 17 — 18-nji martda TSTB-niň senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar ulgamlarynda işleýän agzalarynyň şu döwürde gazanan üstünliklerini görkezjekdigi habar berildi.

Ýurdumyzda telekeçileriň we senagatçylaryň işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, hususy ulgamy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde maksatnamalar amala aşyrylýar. Munuň özi ýokary tehnologiýalary, innowasion tejribäni ornaşdyrmak arkaly häzirki zaman önümçiliklerini döretmäge mümkinçilik berýär. Bu kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar.

TSTB-niň agzalarynyň maslahatynda 10 ýylda birleşmäniň alyp baran işleriniň netijeleri jemleniler, geljek üçin wezipelere garalar, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen hususy ulgamda öňde goýlan maksatlara ýetmek baradaky çäreler belleniler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň öz işleriniň gerimini giňeltmegi üçin mümkinçilikler näçe köp boldugyça, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşiniň depginleriniň hem şonça ýokary bolýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz TSTB-niň öňde boljak sergisini we maslahatyny ýokary derejede guramak boýunça tabşyryklary berip, olaryň diňe bir üstünlikleri görkezmän, eýsem, içerki we daşarky bazarlarda hususy kärhanalaryň önümlerini hem-de hyzmatlaryny ilerletmäge, ýurdumyzyň işewürliginde maýa goýum hem-de innowasion işleri giňeltmegiň has wajyp ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýän toplumlaýyn çärä öwrülmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda döwlet Baştutanymyzyň degişli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň hem-de daşary ykdysady bähbitleriniň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasiýa tehnologiýalarynyň we öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, gazy gaýtadan işleýän, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleriň gurluşygy ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen çäreleri hemişe pugta gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Wise-premýere nebitgaz toplumyny dolandyrmak ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Agrotehniki kadalara laýyklykda we howa şertlerini nazara almak bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri tekizlemek, tagt suwuny tutmak we beýleki işler dowam edýär.

Wise-premýer hormatly Prezidentimizden ýaz ekişine başlamagyň senesini belläp bermegini haýyş etdi.

Şeýle hem 21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Bu çäräniň barşynda paýtagtymyzda hem-de sebitlerde giň möçberli bag ekmek işleri geçiriler. Hususan-da, şol gün Ahal welaýatynyň “Nowruz ýaýlasynda” 15 gektarda tut nahallaryny we 5 gektarda miweli baglaryň nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygynda hem giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Geçirilýän tutumly işleriň netijesinde oba hojalyk pudagy yzygiderli ösýär.

Döwletimiz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde daýhanlaryň netijeli işlemegi, ýerden bol hasyl alyp, halal zähmeti bilen baýamagy üçin ähli zerur şertleri döretdi.

Babadaýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dökünleriň dürli görnüşleri, kämil oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda suw bilen hem-de beýleki zerur serişdeler bilen öz wagtynda we doly üpjün edilýär. Milli Liderimiz amala aşyrylýan bu işleriň oňat netijesini hem berýändigini aýtdy.

Edermen daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen geçen ýyl ýurdumyz boýunça bir ýarym million tonnadan gowrak bugdaý we 1 million 100 müň tonnadan gowrak hem pagta öndürildi. Beýleki oba hojalyk ekinleriniň hem bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Oba ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, obalaryň, şäherçeleriň we etraplardaky şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça ýörite maksatnama kabul edildi. Häzirki döwürde bu maksatnama laýyklykda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem oba hojalyk işgärleriniň belent sepgitlere ýetip, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna ynam bildirdi.

Häzir pagtaçy daýhanlarymyzyň durmuşynda möhüm we jogapkärli döwür — ekiş möwsümi ýetip geldi. Bol pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmek ekişiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydyr. Şoňa görä-de, bu möwsümi bellenen möhletlerde we guramaçylykly geçirmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda hem 28-nji martda gowaça ekişine girişmäge ak pata berip, hormatly ýaşulularymyzdan ekiş möwsümini «Bismilla!» bilen başlap bermegini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine abadan we bagtyýar durmuş, yhlasly zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän senagat ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, dokma pudagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Dokma senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň deri önümçiligi pudagyny ösdürmek, onuň gaýtadan işlenilişini kämilleşdirmek hem-de deri önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ahal welaýatynda täze pudaklaýyn kärhanany gurmaga, Gökdepäniň we Marynyň hereket edýän gön zawodlaryny, “Türkmen — Kalkan” aýakgap fabrigini döwrebaplaşdyrmaga halkara bäsleşigiň yglan edilendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň isleg bildirýän ýokary hilli harytlary bilen içerki bazary doldurmak üçin ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Bu wezipeleri çözmek üçin kuwwatly önümçilik mümkinçiligini hem-de baý çig mal serişdeleri goşmak bilen ýurdumyzda hemme şertler bar. Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde öz ýurdumyzda taýýarlanylýan çig maldan öndürilýän önümleriň önümçiligini artdyrmaga we pudakda bilelikdäki kärhanalary döretmäge aýratyn üns berilýändigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda seýilgählere hem-de medeni-dynç alyş ýerlerine ideg etmek boýunça degişli derejede işler amala aşyrylýar, paýtagtymyzyň köçeleriniň ugrunda bezeg agaçlary, güller, gyrymsy baglar ekilýär. Şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gowulandyrmak, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, ýaşaýyş jaýlarynyň daşky durkuny abatlamak hem-de köçeleri arassa saklamak boýunça meýilleşdirilen çäreler geçirilýär.

Ulag düzümlerini has-da ösdürmäge uly üns berilýär: uly awtomobil ýollarynyň durky täzelenýär, täze köprüler we ýol aýrytlary bina edilýär. Aýratyn ýygy gatnawly awtomobil ýollarynyň böleklerinde ýolagçylara hyzmat etmekde oňaýlylygy üpjün etmek maksady bilen, ýol belgilerini hem-de duralgalarda oturdylan tehniki enjamlary arassalamak boýunça işler alnyp barylýar.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli etraplarynda durmuş we inženerçilik düzümlerini kämilleşdirmek boýunça utgaşykly işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilen iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň örän möhümdigini nygtap, gurluşyklara bildirilýän esasy talaplary berjaý etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi — ol talaplar adamlar üçin amatlylygy döretmekden, şeýle hem bina edilýän düzümleýin desgalaryň ählisiniň ygtybarlylygyny we berkligini üpjün etmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş toplumlaryny tertipleşdirmegi, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmagy, jemagat gulluklarynyň işlerini kämilleşdirmegi, bagy-bossanlyga büremegi we beýlekileri goşmak bilen, ähli ugurlarda alnyp barylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygy barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak binagärlik keşbini döretmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi, däp bolan milli binagärligiň hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň öňdebaryjy aýratynlyklaryny özünde sazlaşykly jemleýän owadan binalar paýtagtymyzyň bezegi bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmaga ähmiýet bermegiň örän wajypdygyny nygtap, öňde goýlan wezipeleriň hemmesini bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ministrliklerindäki hem-de pudak edaralaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň hem-de bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz baý serişdeler binýadyna eýe bolan Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň häzirki günüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýdyp, munuň üçin ýurdumyzda iň täze enjamlar bilen üpjün edilen howa we demir ýol menzilleriniň gurlandygyny, täze polat we awtomobil ýollaryň çekilendigini we öňden barlarynyň durkunyň täzelenendigini, inženerçilik desgalarynyň gurlandygyny belledi.

Türkmenistanyň döwrebap ulag-üstaşyr logistika düzümini, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt döretmek babatda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döwrebap görnüşde dikeltmek boýunça görýän çäreleriniň diňe bir ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösmegine däl, eýsem, tutuş sebitiň ykdysadyýetiniň ösmegine kuwwatly itergi berendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe hem-de peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Milli bahar baýramy mynasybetli, däp bolşy ýaly, “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Milli bahar baýramynyň aýratyn many-mazmuna eýedigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow müňýyllyklardan gelýän Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň halkara ähmiýetine ünsi çekip, häzirki zaman dünýäsinde onuň jebisleşdiriji güýjüni nygtady. Milli Liderimiz Halkara Nowruz baýramynyň dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine döwletleriň özara gatnaşyklary üçin täze ýollary açýandygyny, daşary ýurtlar bilen özara ynanyşmagy we düşünişmegi, dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini, halkymyzy täze ajaýyp işlere ruhlandyrmalydygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere dünýäde türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Beýleki gymmatlyklar bilen birlikde, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän binagärlik ýadygärlikleri bu mirasyň şaýatlary bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda bu ýerde edilen arheologik açyşlaryň giňden wagyz edilmegine hem-de mundan beýläk-de ylmy taýdan çuňňur öwrenilmegine mynasypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 orunlyk şypahanany gurmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem bilim hakyndaky resminamalaryň döwlet nusgalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna resminamalaryň täze nusgalarynyň dürli görnüşleri hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 orunlyk şypahanany gurmak hakynda» Karara gol çekip, bu desgany bina etmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz adamlaryň saglygy hakyndaky aladanyň döwletimiziň ileri tutýan wezipeleriniň biridigini belläp, paýtagtymyzyň günortasynda döredilen saglyk şäherçesiniň çäklerinde adamlaryň ýüz keşbine timar bermäge, saç ösüşini kadalaşdyrmaga we beýleki hyzmatlary ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilen, döwrebap kosmetiki —–bejeriş merkeziniň gurulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi hem-de wise-premýere bu babatda degişli teklipleri taýýarlamak barada görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere bilim hakyndaky resminamalaryň döwlet nusgalaryny taýýarlamak boýunça tabşyryklary berip, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilen okatmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, bilimiň usulyýet binýadyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň kanunçylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. 25-nji martda geçiriljek Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň ýurdumyzda syýasy medeniýeti ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryna we demokratik gymmatlyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Milli Liderimiz ähli kanunçylyk işiniň jemgyýetimiziň bähbitlerine gönükdirilmelidigini aýdyp, halkymyzyň saýlanlarynyň esasy wezipesiniň ilatyň bähbitlerini goramakdan, kanunlarda döwletimiziň durmuş ulgamyndaky ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmekden ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyp, bu çäräniň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň ähli meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti tamamlanyp barýan ýylyň netijelerini jemledi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   29.12.2017  /  

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlar dowam edýär. Halkara pul gaznasynyň 2017-nji we 2018-nji ýyllar üçin dünýä boýunça jemi içerki önümiň ösüşi babatdaky çaklamasynyň gowulanýandygyna garamazdan, käbir ýurtlarda ykdysadyýet örän haýal ösýär.

Şunuň bilen baglylykda, bolup geçýän özgertmeleri göz öňünde tutup, biz kabul eden maksatnamalarymyzy öz wagtynda ýerine ýetirmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik üçin, zerur bolan çäreleri gördük diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Netijede, tebigy gazy iri öndüriji bolup durýan Türkmenistan çylşyrymly daşarky şertlere, şol sanda nebitiň we gazyň nyrhlarynyň durnukly pese düşmegine hem-de söwda boýunça hyzmatdaşlary bolan ýurtlarda ykdysady işjeňligiň peselmegine uýgunlaşmagy başardy.

Şunuň bilen baglylykda, biz soňky bir-iki ýylyň dowamynda birnäçe çäreleri gördük diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet maýa goýumlaryny azaltdyk. Walýutanyň hümmetini kem-kemden peseltdik hem-de jemagat hojalygynyň hyzmatlary üçin bahalary bir gezek ýokarlandyrdyk. Şeýle hem, milli önümçilik binýadymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirdik. Tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze turba geçirijileri gurmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary kabul etdik. Uglewodorod serişdelerinden beýleki tebigy baýlyklarymyzy çykarmak we gaýtadan işlemek, aýratyn-da, hususy pudagy we telekeçiligi goldamak babatda köp işleri göz öňünde tutduk diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, geçirilen işleriň netijesinde, şu ýyl ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,5 göterim bolmagyna garaşylýar. Görlen şol çärelerden başga-da, bu ösüşe tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilýän möçberleriniň artmagy, giň gerim bilen amala aşyrylýan karz syýasaty we beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de eksporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan senagat syýasaty ýardam berýär. Şonuň bilen baglylykda, Döwlet býujetimiziň ýetmezçiligi iň pes derejede saklanyp galýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, çaklamalara görä, puluň hümmetsizlenmegi hem durnukly ýagdaýda, takmynan, 6 göterim möçberde saklanar. Garaşylyşy ýaly, Döwlet býujeti hem girdejileriň we çykdajylaryň barabar möçberinde galar. Sebäbi, biz 2017-nji ýylda kabul eden ähli meýilnamalarymyzy we döwlet maksatnamalarymyzy ýerine ýetirdik. Geljek ýyl üçin gowy Döwlet býujetini kabul etdik. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrdyk. Zähmet haklaryny tölemekde hem hiç hili mesele ýok.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 52 mejlisi, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 17 mejlisi, döwlet derejesinde dürli maslahatlaryň hem 42-si geçirildi. Halkara işleri barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara 8 sapary amala aşyrandygyny belledi. Daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýurdumyza 20 sapary bolup geçdi.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti bilen daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň resmi wekilleriniň, ministrler derejesindäki resmi adamlaryň, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlarynyň, şeýle hem dürli halkara korporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň köp sanly duşuşyklary geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geçip barýan ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegini, Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek baradaky Rezolýusiýalarynyň kabul edilmegini, «Küştdepdi aýdym we tans dessurymyzyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini biziň diplomatiýamyzyň uly üstünligi hasaplap bolar.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna, Araly halas etmegiň halkara gaznasynda 2017–2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň çäreleriniň 20-sine gatnaşmagy Bitarap döwletimiziň halkara guramalarynyň çäklerinde alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallary bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, döwlet maslahatlarynda, şeýle hem halkara derejesindäki saparlarda we duşuşyklarda çylşyrymly, syýasy, ykdysady we durmuş meselelerine seredildi. Şol meseleler boýunça biziň bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan ugur alnyp, degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol çekildi. Olaryň hemmesi, şeýle hem sazlaşykly, netijeli we maksada okgunly işleriň alnyp barylmagy, mähriban halkymyzyň giňden goldaw bermegi ykdysadyýetde we daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanmagyň girewi boldy.

Ýakynda Türkmenistanda bolan Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti bu ugurda geçirilýän işlere oňyn baha berdi. Ykdysady ulgamda kabul eden çözgütlerimiziň we saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Netijede, çylşyrymly şertlere garamazdan, şu ýyl bize örän köp işleri bitirmek we köp sanly meseleleri çözmek başartdy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Şu ýyl biz Olimpiýa şäherjiginiň binalar toplumynyň gurluşygyny tamamladyk diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Bu Oýunlara görlen taýýarlyk ýurdumyzda sporty ösdürmäge güýçli itergi berdi. Ussat türgenlerimiz şu ýyl geçirilen ähli halkara ýaryşlarynda 776 medala mynasyp boldular. Şolaryň 253-si altyn, 239-sy kümüş, 284-si hem bürünç medallardyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän iri kärhana, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri, ençeme beýleki zawodlar we desgalar işe girizildi. Umumy meýdany iki million inedördül metrden hem geçýän ýaşaýyş jaýlarynyň, köp sanly çagalar baglarynyň, mekdepleriň we lukmançylyk edaralarynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalaryň ulanmaga berilmegi bizi aýratyn-da begendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki döwürde umumy bahasy 43 milliard amerikan dollaryna golaý bolan jemi 1660 desganyň gurluşygy alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şeýlelikde, Bitarap Watanymyz sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşdy we goşmagyny dowam edýär.

Umuman, şu ýylda syýasy we ykdysady häsiýetli köp sanly dürli ýaramaz we oňyn ýagdaýlaryň bolandygyna, şu ýylyň ähli döwletler üçin örän kynçylykly gelendigine garamazdan, biz ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary derejede, ýagny 6,5 göterim bolmagyna garaşýarys. Şu ýylyň jemlerine baha berenimizde, umuman, 2017-nji ýyl kynçylykly bolsa-da, Garaşsyz Watanymyz we mähriban halkymyz üçin gowy ýyllaryň biri boldy diýip, ynam bilen aýdyp bileris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, mejlise gatnaşyjylara geljek ýylda hem ýurdumyzda örän möhüm bolan birnäçe çäreleriň geçiriljekdigini ýatlatdy.Olaryň hatarynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Halkara awtoralli ýaryşy, şeýle hem «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak ýaly çäreler bar, olaryň ählisi örän ýokary derejede geçirilmelidir.

Ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyl mundan ozal binýadyny döredip giden demokratiýasynyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawlylygyny, häzirki aýanlyk şertlerinde aýdylyşy ýaly, her bir adamyň erk-islegini erkin beýan etmegini aňladýar. Bu meseleleriň ählisi biziň däp-dessurlarymyzda we kada-kanunlarymyzda öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem, saýlawlar ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guramaçylykly we tertip-düzgüne laýyklykda geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Halkara awtoralli ýaryşy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň şular ýaly iri sport çäresini indi birinji gezek geçirmeýändigini belledi. Dünýä derejeli bu ýaryşlary hem V Aziýa oýunlary ýaly, örän ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek möhümdir.

«Türkmenistan–Owganystan–Pakistan– Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna ünsi jemlemek bilen, milli Liderimiz bu gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşmaga we oňa öz maýa goýumlaryny goýmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň köpdügini belledi. Onuň gurluşygynyň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygyny görensoňlar bolsa, oňa gatnaşmak isleýänleriň sany has-da artar diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramy bilen bagly şäherlerimiziň we obalarymyzyň işini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylyk meselesiniň üstünde durup geçdi. Şoňa görä-de, baýramçylyk günleri ýurdumyzda ähli jemagat, energetika, suw üpjünçiligi gulluklary, hassahanalar, ýolagçy awtoulaglary, dükanlar takyk we bökdençsiz işlemelidir, şeýle hem ähli ýerde tertip-düzgüniň berjaý edilişine berk gözegçilik etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl -- 2018-nji ýyl - It ýyly, Wepalymyzyň ýyly barada durup geçdi.

Ýyldyz hasapçylar iti parasatly, adalatly, üşükli jandar hasap edýärler. Onuň wepalydygyny, oňşuklydygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýetip gelýän ýylyň geçen ýyla garanyňda has durnukly hem-de sazlaşykly boljakdygy barada pikirini aýtdy. Itiň ynsana örän wepaly we mähirli bolýandygyny biz bilýäris. Ol hemişe kömege taýýar. Kömege mätäçleri goraýar, garşydaşlary ýaraşdyrýar. Başa betbagtçylyk düşende güýçli duşmana berk garşy durýar, päliýamanlar, işýakmazlar, kezzaplar bilen haklaşýar.

Şeýle hem, it örän birahat jandar. Ol bütin ýylyň dowamynda asuda durmuşymyzyň goragynda durýar. Özi-de hemişe adalatyň tarapynda, eýesine hiç haçan ikilik etmeýär. Şoňa görä-de, biz it ýylynda ähli zatlaryň göwnejaý, talabalaýyk we adalatly boljakdygyna bil baglap bileris. It ýagdaýyň üýtgäp durmagyny halamaýan hem bolsa, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy oňa ýaraýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň ýaly astrologiki çaklamalar täze ýylyň düşümli bolmagyna umyt döredýär. Sebäbi, it ýyly erjel we jepakeş adamlara üstünlik getirýär. Sylag-hormat, ýokary mertebe, döwletlilik we bagtyýarlyk olaryň hemrasy bolýar. It biziň ruhubelent, göwnaçyk, şadyýan bolmagymyza ýardam berýär. Ak göwünli, hoşniýetli jandar şöhrata kowalaşmaýar.

Indiki ýyl dostluk we dogruçyllyk rowaçlanar. Hatda bäsdeşlerimiz bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzda hem biz yza tesmän, öňden gelýän kada-kanunlarymyza ygrarly bolmalydyrys. Sebäbi, it ýylynda hiç kim bizi aldap ýa-da ýalňyşdyryp bilmez. Täze ýylda islendik işiň başyna barlanda, oňa döredijilikli çemeleşmeli. Nesip bolsa, it ýylynda biziň ähli ýollarymyz açyk bolar. Bu ýyl görlüp-eşidilmedik açyşlar ediler, ägirt uly taslamalar amala aşyrylar. Zähmetsöýer we işjeň adam öz göwnüne laýyk iş bilen meşgullanar. Onuň işleri ugruna bolar.

Täze ýyl adamlaryň saglygy bilen bagly düýpli mesele döremez diýip pikir edýärin. Ýöne, ýaramaz endikleri welin taşlamaly bolar. Temmäki we alkogolly içgiler ýaly zyýanly zatlara köp pul harç etmeli bolmaz diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Indiki ýylda adamlar bilen hemişeki ýaly gowy gatnaşykda bolmaly. Şeýtsek, betniýetler golaýymyza-da gelip bilmez. Sebäbi, ýanymyzda Wepaly hem bar. Ol bolsa, ýagşylara ýagşy göz bilen garaýar. Şonuň üçin, özümizi ruhy taýdan kämilleşdirsek, ýagşylyk etsek, dostlukda ýaşasak, bähbitli bolar.

Täze ýyl bize bagt, söýgi hem-de eşretli durmuş getirer ýaly, şu kadalara eýermek zerur diýip hasap edýärin. Ilki bilen, durmuşda ownukçyl bolmaly däl. Hiç kime zelel ýetirmeli däl. Adamlara ynanmaly. Durmuş meselelerinde sabyr-kanagatly we parasatly bolmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Täze ýylyň nyşany bolan it - öý jandary. 2018-nji ýylda maşgala gymmatlyklaryna, agzybirlige, mähriban öý-ojagymyza aýratyn hormat goýmaly. It ýylynda köp wagtyňy maşgala ojagyňa sarp etmeli. Ýakynlaryňa goldaw hem kömek bermeli. Ýaňy hem belleýşim ýaly, it adalatly jandar. Adalat bar ýerinde bolsa, durmuşa höwes hem güýçli bolýar. Şeýle bolanda ýagşy özgerişlere, açylýan täze mümkinçiliklere, üstünliklere, dünýäde hakykatyň we adalatyň rowaçlanjakdygyna umyt artýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Şoňa görä-de, Täze ýyla arassa we nurana oý-pikirler bilen gadam basmagyň zerurdygy barada pikirini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara oýlanyşykly we döredijilikli çözgütleri çykarmaly diýip, Täze ýylda rowaçlygyň hemra bolmagyny, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, mähriban halkymyzyň durmuşyny has-da gowulandyrmakda ýene-de bir aýgytly ädimiň ädilmegini arzuw etdi.

Her ýyly belli bir şygar astynda geçirmegiň indi asylly däbe öwrülendigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz geljek ýyl üçin şygaryň «Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip kesgitlenendigini, şeýle hem 2018-nji ýylyň nyşanynyň hem tassyklanandygyny aýtdy. Bularyň ählisi bize bellän belent maksatlarymyza tarap öňe gitmäge kömek eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Täze ýylda berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   16.02.2018  /  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise käbir welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýewe söz berdi. Wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak çäresine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpşahaly ulgamyny döretmegiň, olaryň halkara ugurlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmäge, giň möçberli halkara energetika taslamalarynyň, şol sanda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijiniň şeýle taslamalaryň biri bolup durýandygyny belläp, öňümizdäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň düýbüni tutmak çäresine görülýän taýýarlyk, 2018-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde we ýokary hilli tamamlamak hem-de ulanmaga tabşyrmak hakyndaky buýrugyň taslamasy barada, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde baglara ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzda 2018-nji ýylda ulanmaga beriljek desgalaryň maksatnamasy barada hasabat berip, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamalary hödürledi. Oňa laýyklykda, şu ýyl dürli maksatly desgalaryň 65-si gurlup, ulanmaga berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň çekilmeginiň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, parahatçylykly ösüşiň, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň bähbidine türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň sarp edijilerine ibermek boýunça işleriň täze tapgyrynyň başlanjakdygyny aýtdy we wise-premýere dabarany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm wezipesine ünsi çekip, her bir taslamany işläp taýýarlamaga döredijilikli çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Çünki, amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksady türkmenistanlylaryň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz baglara ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyp, toplumlaýyn işleriň daşky gurşawy goramak ulgamynda wezipeleri çözmäge, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge ýardam etmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 23-nji we 26-njy fewralda geçiriljek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Owganystandaky Turgundy menzilinde Serhetabat — Turgundy täze demir ýolunyň, Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň açylmagy hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly dabaralara giň medeni-köpçülikleýin çäreler bagyşlanýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlarynyň çykyşlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy aýdyň beýan ediler. Döredijilik toparlary türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerini, baýramçylyk dessurlaryny, milli tagamy taýýarlamagyň aýratynlyklaryny, el işlerini, milli sport çärelerini we ýazky meýdan işlerini beýan ederler. Sergi toplumlarynda milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkeziler. Şeýle hem Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýän, şeýle hem jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi .

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow “Amul—Hazar 2018” halkara awtorallisini, wewelosiped we ylgaw ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we olimpiýa hereketini, sagdyn-durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek maksady bilen, bu sport ýaryşlary barada jikme-jik habar berildi. Şeýle hem şu ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara ähmiýetli iri sport çäreleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu syýasatyň, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemäge, olimpiýa hereketini köpçülikleýin we giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Şu maksatdan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty geljekde-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň toplumlaýyn özgertmelerine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere Beýik Ýüpek ýoly ugry boýunça geçiriljek ýaryşlaryň ählisine ykjam taýýarlyk görmek we olary ýokary guramaçylyk derejesinde guramak boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak çäresine, şeýle hem Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän kämil aragatnaşyk ulgamynyň döredilendigini belledi. Diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany baglanyşdyrýan bölüm bolup durýan we milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan aragatnaşyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goldaw berýän Aziýa — Ýewropa üstaşyr optik süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygynyň wajyp ähmiýeti bardyr.

Milli Liderimiz pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmekde ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmagyň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenabat şäherinde gurlan täze Halkara howa menziliniň sebit ulag-üstaşyr ulgamyny döretmegiň möhüm bölegi hökmündäki ähmiýetini nygtap, açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi boýunça wise-premýere tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak bilen baglanyşykly halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar” hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygyny belledi. Şu maksatlar bilen Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüş wezipelerini çözmäge ýardam edýän iri düzümleýin taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňümizdäki çäreleriň möhüm ähmiýetini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary K.Durdymyradow 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli 26-njy fewralda Türkmenabat şäherinde geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny we onuň bilen bagly milli taryhy-medeni gymmatlyklary giňden wagyz etmäge gönükdirilen “Amul — Hazar 2018” halkara sport çäreleriniň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz özüne medeni we sagdynlyk ýörelgelerini birleşdirýän şeýle çäreleriň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge ýardam etjekdigini, ülkäni öwrenişiň ösdürilmegini höweslendirjekdigini, ýurdumyzyň taryhyna gyzyklanmany artdyrjakdygyny belledi.

Milli Liderimiz wise-premýeriň ünsüni sport çärelerini geçirmäge ykjam taýýarlyk görmegiň wajypdygyna çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejedäki zerur ideg işleri alnyp barylýar. Ösüş suwy tutulýar, ekinler mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Şunuň bilen birlikde ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Tohumçylyk hojalyklarynda toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, gowaçalaryň dürli görnüşleriniň ekilmeli ýerleriniň meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar.

Şeýle hem wise-premýer ilaty gök we bakja önümleri bilen üpjün etmegiň meseleleri boýunça hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda geljekki bol hasylyň düýbüni tutmak boýunça amala aşyrylýan işleriň wajypdygyny belläp, olaryň ylmy esasda alnyp barylmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklar berdi.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz ekerançylyk babatda uly üstünlikleri gazanan şöhratly pederlerimiziň köp asyrlyk tejribesini dikeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy. Edilýän tagallalaryň ýerlerden alynýan hasyly ýokarlandyrmaga, pudagyň ägirt uly mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berjekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň işini ylmy esasda ilerletmek boýunça oňyn tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ilatyň özümizde öndürilen gök we bakja önümleri bilen üpjünçiligi meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O. Gurbannazarow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we Türkmenistanyň degişli düzümleriniň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde içerki sarp edijileri ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek, ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyny giňeltmek, milli ösüşiň wajyp wezipelerini ýerine ýetirmekde olaryň mümkinçiliklerini we goşandyny ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň söwda we telekeçilik ulgamynyň işini kämilleşdirmek, işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny kemala getirmekde hususy başlangyçlary höweslendirmek, bu ulgama öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, döwlet eýeçiligindäki desgalary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, iş ýüzünde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde hususylaşdyrmaga degişli döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar barada ministrlikler hem-de pudak edaralary bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada habar berildi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde wise-premýer Türkmenistanyň “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň birinji sanynyň çapa taýýarlanandygy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýerler G.Myradowa we D.Amangeldiýewe ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçileriniň köp sanly gurluşyk materiallaryny, gurluşyk işleri geçirilende zerur bolan ähli materiallary öndürmegi ýola goýandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary özümizde öndürilen materiallar bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerini alyp barmagy kämilleşdirmegiň, zähmeti guramagyň usullaryny döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýerlere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, milli parlamentiň türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hakyky demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak boýunça geçirýän işleriniň aýratyn möhüm ähmiýetini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoluna düşmek bilen, kanunyň rüstemligini, jemgyýetiň iň belent gazananlary hökmünde raýatlaryň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny öz ösüşiniň möhüm ileri tutulýan ugurlarydygyny yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz iri halkara guramalary, ozaly bilen bolsa BMG bilen bilelikdäki möhüm taslamalaryň tutuş toplumy, şol sanda çaganyň hukuklaryny goramak, demokratiýa we hukuk, gender deňligi we häzirki zamanyň beýleki möhüm meseleleri boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlykly toplanylan oňyn tejribäniň peýdalanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu düzümleriň agzalarynyň alyp barýan işleriniň döwletimizde jemgyýetçilik-syýasy çäreleri işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, olar halkyň arasynda bolup, döwlet derejesinde amala aşyrylýan asylly işleriň ähmiýetini we kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň, çözgütleriň mazmunyny giňden düşündirmek işlerini yzygiderli alyp barmalydyrlar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda Mary hem-de Lebap welaýatlarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän giň möçberli çäreleriň taryhy ähmiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly wakalaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginde welaýatlaryň ähli düzümleriniň utgaşykly işi ýola goýulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, “Amul —Hazar 2018” dakar derejeli halkara awtomobil rallisine ak pata bermek bilen baglanyşykly ähli taýýarlyk çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi we bu ýaryşlary sentýabr aýynda ýokary guramaçylykly tamamlamak boýunça taýýarlyk işlerini degişli derejede ýola goýmagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, ýakyn geljek üçin wezipeleri belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlarymyz bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, biz abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem köptaraplaýyn esasda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryny ýokary derejede saklamaga gönükdirilen işleri alyp barýarys. Şeýle hem, sebitimizde energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri geçirýäris.

Häzirki döwürde biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de beýleki möhüm taslamalaryň, hususan-da, energetika we aragatnaşyk, ulag - kommunikasiýa ulgamlaryndaky taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 23-nji fewralda biziň bilelikde düýbüni tutjak, Aziýa ýurtlaryna türkmen tebigy gazyny eltjek Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen hemişelik ýazylar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Asyryň bu iri gaz geçirijisi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ösmegine uly itergi berer. Müňlerçe täze iş orunlaryny açmaga mümkinçilik döreder. Elektrik energetikasy, ulag-kommunikasiýa we ýaşaýyş-durmuş maksatly üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge ýardam eder. Elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilmegi bolsa, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähli desgalaryndan başga-da, sebitiň ýurtlaryny elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün etmäge hem mümkinçilik berer. Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Aziýanyň beýleki döwletlerine elektrik energiýasyny eksport etmäge şert döreder. Bu ýurtlaryň hökümetleri şol taslamanyň çaltrak durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini öň beýan etdiler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biziň Garaşsyz Watanymyzyň Merkezi Aziýa sebitinde, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde esasy halka, Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda örän möhüm maglumat - kommunikasiýa köprüsi hökmünde ykrar edilmegi halkara ölçeglerine laýyk gelýän we maglumat alyşmagyň ýokary hilini üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

Ýokarda sanalyp geçilen taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, senagat harytlarynyň we maglumatlaryň üstaşyr geçirilmeginden alynjak serişdeleriň hasabyna Owganystanyň býujetine köp möçberde girdeji getirer. Biziň sebitimizde ýaşaýan halklaryň bähbidine durnuklylygyň we yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Fewral aýynyň 26-synda geçiriljek ikinji çäre hem ýurdumyzyň durmuşynda taryhy wakadyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan sagdyn durmuş kadalaryny goldamak, sporty, şol sanda köpçülikleýin sporty ösdürmek baradaky syýasaty özüniň oňat netijelerini berýär. Muňa türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary ýygy - ýygydan eýeleýändikleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Siziň bilşiňiz ýaly, biz V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirdik. Bu oýunlarda türgenlerimiz medallaryň sany boýunça birinji orny eýelemegi başardylar. Ýakyn günlerde geçiriljek ylgaw we welosipedli ýaryşlar, Dakar derejesinde geçiriljek halkara awtoralli bäsleşigi, agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem ýurdumyzyň sport durmuşynda taryhy wakalara öwrüler. Berkarar döwletimizde sportuň bu ugurlaryny ösdürmäge uly itergi berer.

Geçen ýyl Ýaşulularyň maslahatynda tassyklanan 2018 — 2024-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna, Garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, biz ýaňy-ýakynda aýna we aýna önümlerini öndürýän iri kärhanany işe girizdik. Nesip bolsa, 26-njy fewralda täze Türkmenabat Halkara howa menzilini hem dabaraly açyp, ulanmaga bereris.

Ulag gatnawlarynyň köpelmegi bolsa, ýerasty baýlyklary örän köp bolan Lebap welaýatynyň mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösmegini üpjün eder. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek hem ata Watanymyzy agrar ýurt bolanlygyndan, senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge mümkinçilik berer.

23-nji we 26-njy fewralda meýilleşdirýän çärelerimiziň biziň üçin möhüm ähmiýeti bar. Hemişe bolşy ýaly, bu çäreleri hem biz örän ýokary derejede geçirmelidiris.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji fewralda – ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň diplomatlary Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda uly işleri bitirýärler diýip belledi.

Biziň döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýerýär. Şundan ugur alyp, dünýäde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistan oňyn bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp, dürli ýurtlar we abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bütin dünýäde parahatçylygy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda ähli tagallalary edýär. Şu maksat bilen, möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär.

Eziz Watanymyzyň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyga, bütin dünýäde howpsuzlygy we parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň diplomatlarynyň uly orny bar.

Milli Liderimiz ýygnananlary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli diplomatlaryny ýetip gelýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de uly üstünlikler, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

 

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   22.12.2017  /  

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa gatnaşmak üçin welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisde Täze ýyl baýramyny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere we resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle hem, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ministr ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş edarasyndan şatlykly habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň gün tertibiniň strategiki meseleleri boýunça, şol sanda ulag ulgamynda netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm ugurda, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa we dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine eýe bolýar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň soňky ýyllarda kabul eden degişli Rezolýusiýalary hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şunda milli Liderimiziň netijeli teklipleriniň diňe biziň ýurdumyz we sebitimiz üçin däl-de, eýsem tutuş dünýä üçin hem strategik ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenildi. Häzirki wagtda türkmen tarapynyň tagallalary esasynda BMG-niň çäklerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça täze hukuk we guramaçylyk esaslaryny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi we goldawy bilen 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda bu meselä bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahaty geçirildi. Onuň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Bu resminamanyň esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda «Durnukly ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama kabul edildi.

Bu işleri dowam etmek maksadynda degişli ugurda Aşgabatda we beýleki ýurtlarda dürli halkara duşuşyklary geçirildi. Netijede 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Kararnama kabul edildi. Onda ýurdumyzyň BMG-niň durnukly ulag boýunça birinji global maslahatyny geçirmek teklibi doly goldaw tapdy. Bu maslahat 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilip, onuň jemleri boýunça Aşgabat beýannamasy kabul edildi.

2017-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly birnäçe çäreler geçirildi. Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasy işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi, onuň awtordaşlary hökmünde 74 döwlet çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de ähli türkmenistanlylara we mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi. Bu Rezolýusiýada Türkmenistanyň Hökümetiniň Durnukly ulag boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň birinji Ählumumy maslahatyny geçirmek bilen bagly tagallalary goldanylýar hem-de Ählumumy maslahatyň syýasy meseleleri boýunça borçnamalar we teklipler baradaky Aşgabat beýannamasy kanagatlanmak bilen bellenip geçilýär. Şeýle hem, Halkara hyzmatdaşlygyny, durnukly we yzygiderli ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny hakyndaky mesele boýunça 2014-nji ýylda ýokary derejede geçirilen “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň orny” atly halkara maslahatynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasy maglumat hökmünde kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu Rezolýusiýanyň awtordaş ýurtlaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki agza döwletlerine Rezolýusiýany doly goldandyklary üçin, çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu ugurda kabul eden ilkinji Rezolýusiýasy däldir diýip belledi. Bu ýagdaýyň özi, şeýle hem biziň ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasy boýunça Konferensiýa başlyklyga saýlanmagy dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna ýokary baha berilýändigine we onuň ählumumy goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň alyp barýan bu syýasaty mähriban halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine, köpasyrlyk ösüşiniň taryhy tejribesine we medeni däplerine daýanyp, ählumumy parahatçylygy we öňe gitmegi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hemmeleri şu uly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz ýygnananlara hem-de bütin halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, halkara giňişliginde öz abraýyny barha berkidýän we artdyrýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu Rezolýusiýasyna esaslanyp, düýpli we yzygiderli seljerme geçirmegi hem-de durnukly ulag ulgamy boýunça indiki Ählumumy maslahaty Aşgabat şäherinde ýa-da «Awazada» geçirmek baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu Rezolýusiýasyndan ugur alyp, biziň kanunlarymyzy seljermek hem-de olara ykdysady taýdan sebitleýin we sebitara goşulyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň teklipleri bilen baglanyşykly degişli üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem ulag üpjünçilik ulgamlaryny meýilnamalaşdyrmagy kämilleşdirmek, şunda ulag aragatnaşygynyň ykjamlygyny ýokarlandyrmagy we berkitmegi göz öňünde tutmak gerek.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Garajaýewe Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu Rezolýusiýasyny metbugatda çap etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu meseläniň üstünde netijeli işleri geçirmeli. Dünýäde bitaraplyk hukuk ýagdaýy resmi taýdan ykrar edilen ilkinji döwlet bolan Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna giňden üns bermeli. Bitaraplygymyzy halkara bileleşiginiň ählumumy goldaýandygyny bellemeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde Birleşen Milletler Guramasynyň şu Rezolýusiýasyny öwrenmek, bu ugurda jemgyýetçiligiň düşünjesini we habarly bolmagyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri hökman geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny halkara standartlaryna geçirmegiň meseleleri hakyndaky” Kararyň we “Binalaryň we desgalaryň gurluşyk hem-de durkuny täzelemek işlerinde potratçylara kepillik tölegleri hakyndaky” Kararyň taslamalary barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu resminamalar degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň düzgünnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde taýýarlanyldy. Onuň dowamynda ähli ugurdaş meseleler jikme-jik öwrenildi we birnäçe ministrlikler we pudak edaralary bilen bellenilen tertibe laýyklykda ylalaşyldy.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek boýunça geçirilen işler, binalary we desgalary hususylaşdyrmak hem-de döwlet emläklerini hususylaşdyrmagyň sanawyndan aýyrmak baradaky, şeýle hem Döwlet býujetiniň maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky ministrlikler, pudak edaralary boýunça zähmet haklarynyň tölenişi hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça ösdürmek maksady bilen, halk hojalygynyň möhüm toplumlarynyň biri bolan ykdysadyýeti, maliýe-bank pudaklarynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Olaryň hatarynda Hökümetiň goýberýän maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň maliýe-hasabatlylyk işini ýokarlandyrmak, býujet resminamalaryny taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak ýaly wezipeler bar. Hödürlenen Kararlara gol çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere resminamada bellenilen ähli çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O. Gurbannazarow ýurdumyzyň söwda toplumynda alnyp barylýan işler, azyk bolçulygyny üpjün etmek hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik düzümlerini ösdürmek boýunça geçirýän işleri hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda milli ykdysadyýetimizde hususy bölegiň ornuny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu Maksatnamada senagat, oba hojalyk, söwda desgalarynyň we hyzmatlar ulgamy kärhanalarynyň 56-syny gurmak, olaryň durkuny täzelemek hem-de önümçilik kuwwatyny artdyrmak işlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hojalygy ýöretmegiň bazar gatnaşyklaryna geçilmeginde, ykdysady işiň täze görnüşleriniň peýda bolmagynda telekeçilige uly ornuň degişlidigini, şonuň üçin hem ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň işlemegi we ösdürilmegi, zehinli we işewür adamlaryň başlangyçlaryny goldamak üçin amatly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçileriň sany we olaryň hünär derejesi ýokarlanýar, bu ulgamda olaryň bäsdeşlige ukyplylygy artýar, bu bolsa ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň görnüşleriniň giňeldilmegine, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny üstünlikli tutmagyna mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz şol bir wagtyň özünde senagat we oba hojalyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň diňe bir daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga gönükdirilmän, hil taýdan täze tehnologiýalaryň binýadynda önümçilikleriň çalt depginler bilen ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtady. Has takygy, bu işler diňe bir şu günki günüň wezipeleriniň çözülmegine däl-de, geljekde hem ýurdumyzyň ykdysady we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ugrukdyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda bar bolan serişdeleri seljermegi hem-de telekeçilik işiniň geljekki meýilnamalaryny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pudaklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşýan halkara energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly dabaraly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Gyş günlerinde içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, dürli sebitleriň gaz geçirijilerini bir bitewi ulgama birikdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi netijesinde oňyn şertleriň döredilendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini belläp, nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenýän möçberlerini, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebithimiýa önümleriniň önümçiligini hem-de olaryň görnüşlerini artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, degişli gurallary we şertleri döretmegiň hasabyna energiýa serişdeleriniň netijeliligini, olaryň tygşytlanylyşyny ýokarlandyrmak möhüm wezipeler bolup durýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumy we beýleki pudaklary bilen bir hatarda ýaşaýyş jaý toplumy üçin hem wajyp bolup durýar. Energiýa serişdelerini, şol sanda tebigy gazy we elektrik energiýasyny harçlaýanlaryň köp bölegi hut şu ulgama degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, şeýle hem “mawy ýangyjyň” ulanylyşyny hasaplaýan ulgamy önümçilik we durmuş pudaklaryna mundan beýläk-de ornaşdyrmak boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ý.Kakaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän senagat ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada aýtmak bilen, balyk hojalygyny ösdürmek boýunça, şeýle hem himiýa senagaty kärhanalaryny mineral dökünleriň önümçiligi üçin zerur bolan çig mal bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny saklamak, ilatymyzy balyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek, şeýle hem balyk serişdelerini saklamak we öndürmek maksady bilen bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Şeýle hem wise-premýer “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan azot dökünlerini öndürýän “Maryazot” önümçilik birleşigi, “Marykarbamid” we “Tejenkarbamid” zawodlary üçin önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak maksadynda olar üçin täze katalizatorlary satyn almak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýokary hilli azyk önümlerini, şol sanda balyk önümlerini öndürýän we gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge aýratyn üns berilýär diýip belledi. Döwrebaplaşdyrylan balyk senagatyny döretmek maksadynda maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, balyk önümlerini saklamak we doňdurmak üçin niýetlenen döwrebap desgalaryň gurulmagy netijesinde bu pudak sazlaşykly ösýär diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz ilatyň täze balyk we beýleki balyk önümlerine islegini doly kanagatlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän köp dürli we bäsleşige ukyply önümleriň, şol sanda mineral dökünleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň wezipelerini çözmekde himiýa senagatyna möhüm orun berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Ýurdumyzyň oba hojalygyny we obasenagat toplumyny üstünlikli ösdürmek üçin mundan beýläk-de ýokary hilli dökünleriň we beýleki himiki maddalaryň önümçiligini yzygiderli ösdürmek we giňeltmek möhümdir diýip, milli Liderimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Aşgabat şäherinde Täze ýyl baýramçylygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaýlarynyň we edara-kärhanalarynyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjünçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň energetika syýasatynyň Türkmenistanyň senagat, oba hojalygy pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga, şeýle hem elektrik energiýasynyň beýleki ýurtlara ugradylýan eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk günlerinde ilatymyzy hem-de kärhanalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi, ol möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ak ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, ösüş suwunyň tutulýandygy, ýerleriň mineral we beýleki dökünler bilen iýmitlendirilýändigi barada aýdyldy.

Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin kärendeçiler, şeýle hem pagta önümçiligine tehniki we suw üpjünçiligi, himiki serişdeler, dökünler we tohum bilen üpjün etmek ýaly hyzmatlar üçin edaralar hem-de kärhanalar bilen hasaplaşyk işleri doly amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, pagtany gaýtadan işlemek, zerur bolan möçberdäki tohumlyk serişdeleri taýýarlamak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň dürli görnüşli önümleriň öndürilişiniň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň saklanmagyna we toplumyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň dürli ugurlaryny tizleşdirmegi wise-premýerden talap etdi.

Ýurdumyzyň atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz arassa ganly ahalteke bedewleriň baş sanyny artdyrmak, pudakda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, täze gidrotehniki we suwaryş desgalarynyň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we wise-premýerden pudaga häzirkizaman suw tygşytlaýjy tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem ulag we aragatnaşyk pudaklarynda Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem “Ýutong ZK 6729 D” kysymly orta synply awtobuslary we “Toýota Hiace” kysymly kiçi awtobuslary ulanylyşa goýbermäge rugsat almak bilen baglanyşykly maglumatlar aýdyldy.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak we ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, demir ýol ulgamynda Aşgabat-Kerki-Aşgabat, Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat, Aşgabat-Daşoguz-Aşgabat ugurlary boýunça goşmaça demir ýol gatnawlaryny girizmek babatda alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça baýramçylyk günlerinde içerki we daşarky gatnawlaryň sany artdyrylar. Şunlukda, Aşgabat — Ýerewan —Frankfurt — Ýerewan — Aşgabat ugry boýunça täze awia gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy günlerinde paýtagtymyzda bolşy ýaly, halkara we şäherara ugurlary boýunça jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawlarynyň möçberleri artdyrylar.

Mundan başga-da, toplumyň ähli gulluklarynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň kadaly durmuş üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, nobatçylygy ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ulag we aragatnaşyk düzümleriniň aýratyn sazlaşykly we bökdençsiz işlemegine berk gözegçilik edilmegini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň Başlygynyň orunbasary hökmünde Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde halkymyzyň amatly dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we degişli gulluklaryň ýörite işleriniň guralmagynyň zerurdygyna wise-premýeriň ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew geljek ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny, şeýle hem 2018-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu şygar türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerini çuňňur öwrenmek we dünýäde wagyz etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeň häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.

Maksatnama laýyklykda, 2018-nji ýylyň dowamynda maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-saz dabaralaryny we bu rowaýata öwrülen ýoluň taryhy bilen göni baglanyşygy bolan ýerlerdäki döwlet taryhy-medeni goraghanalarynda arheologik tapyndylaryň sergisini geçirmek we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda beýan edilýän maglumatlar hakynda duşuşyk guramak meýilleşdirildi.

Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna 2018-nji ýylyň nyşanlarynyň taslamalaryny hödürledi, olarda Türkmenistanyň parahatçylygyň, milletimiziň ruhy ösüşiniň ýolunda örän baý milli mirasy we ýeten sepgitleri öz çeper beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de degişli maksatnamany we nyşanlaryny tassyklap, milletiň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, ony giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Biz ýaşlarymyzyň şöhratly pederlerimiziň watansöýüjilik däpleri esasynda terbiýelenmegi, halkymyzyň täsin mirasynyň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalary etmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi.

Ähli meýilleşdirilen çäreleri giňden, dabaraly we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurt dillerini okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak we milli bilim ulgamynyň ähli derejelerinde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ony üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Birinji tapgyrda, 2018-nji ýylda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň we usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini öwrenmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwlet standartlaryny, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek bellenildi.

Ikinji tapgyrda, 2019-2020-nji ýyllarda daşary ýurt dilleri boýunça mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy kämilleşdirmek, jemgyýetiň ösýän zerurlyklaryna laýyklykda daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen, gözegçiligi geçirmek bellenildi. Üçünji tapgyrda, 2021— 2024-nji ýyllarda daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip we çäreleriň meýilnamalaryny tassyklap, okatmak usulyna täze kompýuter, Internet-tehnologiýalaryny we multimediýa serişdelerini ornaşdyrmagyň daşary ýurt dillerini öwretmekde we onuň täzeçil usullaryny ornaşdyrmakda uly mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Munuň özi okatmagyň täze usullarynyň işlenip taýýarlanylmagyny, ýokary hünärli mugallymlaryň täze nesliniň döredilmegini talap edýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalardan başlap, okatmagyň ugruna aýratyn üns berilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynyň ähli derejelerinde ýokarda görkezilen Konsepsiýany üstünlikli amala aşyrmak boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň häzirki döwürde alyp barýan kanunçykaryjylyk işi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça bitirilýän işler, döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna goldaw bermek boýunça çäreleriň netijeleri barada habar berdi.

Mejlisde döredilen iş toparlarynda degişli hünärmenleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Ulag howpsuzlygy hakynda”, “Girew we ipoteka hakynda”, “Telewideniýe we radio hakynda”, “Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda” we beýlekiler hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalarynyň taýýarlanylýandygy bellenildi.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, saýlawlara taýýarlyk görmek barada Merkezi saýlaw topary bilen milli parlamentiň bilelikdäki işleri alnyp barylýar.

BMG-niň Türkmenistandaky düzümleýin wekilhanalary bilen gatnaşyklary ýola goýup, deputatlar olaryň geçirýän çärelerine gatnaşýarlar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumat işleri we ýerlerde kanunçylyk namalarynyň we tutuşlygyna alnanda döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan oňyn daşary we içeri syýasatynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak çärelerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Mejlis ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna belet bolmalydyr we mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri kanunçylyk esasynda goldamalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli parlamentiň ýurdumyzda oňyn özgertmeleri amala aşyrýan döwlet syýasatynyň durmuş ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijeli guraly bolup durýan kanunçylyk işiniň ähmiýetini belläp, döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ýerlerde amala aşyrýan çäreleriniň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Olaryň her biri haýsydyr bir sebite wekilçilik etmek bilen, öz saýlawçylarynyň bähbitleriniň goragy üçin saýlanandyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Käbir sebitlerde elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň degişli kadalara we düzgünlere laýyk bolmadyk derejede ulanylýan pursatlarynyň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän düzümleriniň täze desgalarda degişli işleri alyp barmagyny we olara berk gözegçilik etmegini ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramçylygynyň şatlykly we dabaraly bellenmegine görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hukuk goraýyş düzümleriniň işgärlerine Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak we baýramçylyk dabaralarynyň doly howpsuzlygyny hem-de ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Olar ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, mallary dok we ýyly gyşlatmak maksady bilen işlenip taýýarlanylan maksatnama, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem Aşgabat şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýurdumyzyň baş şäherinde nusgalyk arassaçylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmekde, önümçilik düzümleriniň desgalarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda, ýurdumyzyň bazarlaryny giň görnüşli azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde welaýatlarda geçirilýän işleriň möhüm ähmiýetini belledi.

Ýurdumyzyň baş şäheri barada aýdylanda bolsa, ol ähli görkezijiler babatynda nusgalyk bolmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän möwsümleýin agrotehniki çäreleriň hiline, ekerançylaryň mineral dökünleri we suw bilen üpjün edilişine hemişe gözegçiligiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda we paýtagtymyzda Täze ýyly garşylamaga toplumlaýyn taýýarlyk görmek meselelerine degip geçmek bilen, hemmeler tarapyndan söýülýän bu baýramyň medeni maksatnamasyny işläp taýýarlamaga döredijilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi, ol gyzykly we unudylmajak wakalara baý bolmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp hem-de Täze ýyl baýramyna çenli az wagtyň galandygyny belläp, şäherleriň we obalaryň kadaly durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny göwnejaý guramak bilen bagly meselä aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirmegi, maslahatda Täze ýyl baýramynyň bellenýän günlerinde nobatçylygy guramak bilen bagly meselä seretmegi, ministrliklerde we pudak edaralarynda nobatçylyk etmegiň Tertibini taýýarlamagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtly Täze ýyly arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň geçen ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi hem-de ýerine ýetirilen degişli işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine ýurdumyzyň Mejlisiniň, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garamaga geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Aýdogdyýewe ýüzlenip, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň baş direktory wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, golaýda gurlup, ulanmaga berlen bu kärhana tejribeli ýolbaşçy zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde başarjaň ýolbaşçy işgärleri saýlap almagy, kärhananyň ähli bölümlerinde işleri talabalaýyk ýola goýmagy, ýokary hilli dökünleri öndürip, ony taslamada göz öňünde tutulan kuwwatlygyna ýetirmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, täze bellenen ýolbaşça täze iş ýerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz K.Durdymyradowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine belläp, ony senagat ministri wezipesinden boşatdy hem-de ýakyn wagtda bu ministrligiň ýolbaşçysy wezipesine sowatly we iş başarjaň ýolbaşçyny hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine P.Agamyradowy belläp, ony bilim ministri wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli Permana hem-de ony Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bilim ministri wezipesine häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy bolup işleýän M.Geldinyýazowy belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, umumymilli hem-de halkara derejelerinde dürli sport-sagaldyş çärelerini geçirmek berkarar döwletimiziň içeri syýasatynyň strategik ugurlaryndan biri bolup durýar. Şoňa görä-de, sport toplumlaryny, stadionlary, işjeň dynç alyş merkezlerini gurmak ýaly adam üçin «goýulýan maýa goýumlary» özüni daşýany bilen ödeýär. Sebäbi sagdyn durmuş kadalary milletiň gülläp ösmeginiň, dokuzy düzüw maşgalanyň kemala gelmeginiň, adamyň aň-bilim başarnygyny amala aşyrmagynyň we şahsy üstünliginiň, netijede bolsa, tutuş ýurduň üstünliginiň esasy bolup durýar.

Geçen ýyl Garaşsyz döwletimizde geçirilen V Aziýa oýunlary muny aýdyň subut etdi. Bu oýunlarda ýurdumyzyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip, 1-nji orny eýelemegi başardy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmegiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretmek hem-de onuň ýolbaşçysy wezipesine D.Gulgeldiýewi bellemek barada çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy.

Milli Liderimiz wise-premýer P.Agamyradowa hem-de onuň gözegçilik edýän ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň ählisine ýüzlenip, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly özgertmeleriň başlanandygyny belledi. Döwletimizi senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek, sanly ykdysadyýete geçmek, gymmatly kagyzlaryň bazarlaryny emele getirmek, bazar ykdysadyýeti we telekeçilik hem-de hukuk ulgamy häzirden bu ugurlar boýunça köp sanly hünärmenleri talap edýär.

Şoňa görä-de, döwürden yza galmazlyk üçin, biz häzir ýurdumyza örän zerur bolan ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça täze okuw maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny taýýarlamaga uly üns bermelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Halkara hukukçylary taýýarlamak barada-ha men aýdybam durjak däl.

Bu maksatnamalar häzirki zaman okuw sapaklarynyňdyr tejribe okuwlarynyň we önümçilik tejribesiniň usulyýetini işläp taýýarlamagy öz içine hökman almalydyr. Ýokary okuw mekdepleriniň esasy maksatnamalaryna çekilen mugallymlar üçin daşary ýurtlarda tejribe geçmegi hem göz öňünde tutmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şu maksat bilen, bilim ulgamynyň, iş berijiniň we zähmet bazarynyň sazlaşykly işlemegi üçin zerur bolan öňdebaryjy milli we halkara tejribäni hemişe öwrenmek hem-de birleşdirmek zerurdyr.

Şeýle hem milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmek, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny işe giňden ornaşdyrmak, dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň iň täze usullaryny öwrenmek hem-de işde ulanmak, bu ugurda netijeli tejribe alyşmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işi dowam etmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bilim ulgamyny özgertmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyryp, bu ugurda edilen işleriň netijeleri barada ýakyn wagtda hasabat bermegiň zerurdygyny belledi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz A.Garajaýewi başga işe geçýändigi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, onuň kinematografiýa boýunça baý iş tejribesiniň we biliminiň bardygyny nazarda tutup, oňa türkmen kinematografiýasynyň öňki şan-şöhratyny dikeltmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine B.Abdyýewany belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Medeniýet bölüminiň müdiri wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz wezipä täze bellenen wise-premýere hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, aýdylanlardan degişli netije çykarmagy we bu ugurda alnyp barylýan işleri gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, köplenç, jemgyýetde we döwletde bolup geçýän oňyn ýagdaýlary kesgitleýän hem-de olara ýardam berýän kuwwatly güýçdügini hemmeler bilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döwlet syýasatynyň örän möhüm ynsanperwer düzümi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýar. Şoňa görä-de, onuň işini hemişe kämilleşdirmek zerur bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda köp sanly dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hereket edýär. Olar eýeçiliginiň görnüşi, alyp barýan iş ugry, maglumatlary bermegiň usuly boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Elbetde, olaryň ählisi üçin hem ýokary derejeli hünärmenler zerur bolup durýar. Emma, gynansak-da, häzire çenli ýurdumyzda bu giň gerimli wezipeleri ýokary derejede merkezleşdirip çözýän, degişli binýady bolan ýokary okuw mekdebi ýok. Şoňa görä-de, belki, žurnalistika we köpçülikleýin kommunikasiýalar institutyny döretsek, maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu barada oýlanyşyp görmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda ep-esli we örän netijeli tejribe toplandy. Bu tejribe bolsa merdana halkymyzyň örän baý ruhy mirasyny öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda öz netijelerini bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we wise-premýer B.Abdyýewa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meseleleriniň başga-da birnäçesine garap, M.Kakabaýewi «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine, S.Selimowy gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony şu ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Ö.Enermyradowy oba we suw hojalyk ministri wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Oba hojalyk pudaklary bölüminiň müdiri wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz şeýle hem M.Sylapowy zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri wezipesine, A.Atamyradowy demir ýol ulaglary ministri wezipesine bellemek we olary bu ministrlikleriň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara söz berdi, olar gün tertibiniň meseleleri boýunça hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2017-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, geçen ýylyň netijeleri boýunça ähli pudaklarda okgunly ösüşiň üpjün edilendigini we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanýandygyny aýtdy.

Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,5 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 5,5 göterim, gurluşykda 1,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterim, söwdada 9,4 göterim, oba hojalygynda 5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 9 göterim ýokarlandy.

2016-njy ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,4 göterim artdy.

2017-nji ýylyň netijeleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy 2016-njy ýyla garanyňda, 19 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi durnukly saklanyldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 8,8 göterim ýokarlandy.

Degişli maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 49,8 milliard manada deň boldy.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer şeýle hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň meseleleri hakyndaky kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem garamagyndaky düzümde 2017-nji ýylda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň jemleri boýunça baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,4 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.

Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň “Balans toparynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

2017-nji ýylyň dowamynda köp sanly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy, olaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş-medeni maksatly binalardyr.

Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen seredilýän döwür üçin maglumatlara laýyklykda, durmuş maksatly desgalaryň 10-synyň, inženerçilik ulgamlarynyň 623,6 kilometriniň, 1214,3 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 31-siniň, durmuş maksatly desgalaryň 59-synyň, 352 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri dowam edýär.

Soňra Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarow ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen senagat we düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maýa goýumlarynyň çekilmeginiň Türkmenistany ösdürmegiň konsepsiýasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýandygyny belledi. Munuň özi halk hojalyk toplumynyň okgunly ösdürilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin örän möhüm we zerur şertdir, şeýle hem türkmen ykdysadyýetiniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm binýadydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew 2017-nji ýylda pul-karz syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Harytlaryň eksporty hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulunyň gelip gowuşmagy baradaky meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna daşary ýurt pul serişdeleriniň gelmegini artdyrmak maksady bilen geçirilen işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurt pulunda girdejileri almak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegi hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagy üçin netijeli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa 2017-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzir toplumlaýyn çäreler geçirilip, olar dolandyryş ulgamyny hem-de resmi statistika ulgamynyň hilini gowulandyrmak, statistika görkezijilerini we hasaba alyş sanawlaryny taýýarlamak, statistika maglumatlaryny ýaýratmak ýaly möhüm meseleleri gurşap alýar. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, Komitetiň bellenen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Çolukowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa ýüzlenip, umuman, geçen ýylyň görkezijileriniň tutuş ýurdumyz boýunça kanagatlanarly bolandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz heniz üstünde işlemeli, şol sanda köp sanly çözülmedik meseleleriň hem bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Töleg kartlaryny giňden ornaşdyrmak meseleleri, aýratyn-da, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen bagly meseleler ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ministrlikleri we pudak edaralaryny dolandyrmagyň gurluşyny, hususan-da, bazar gatnaşyklaryna geçmek boýunça işleri güýçlendirmek bilen bagly kämilleşdirmegi talap etdi.

Milli Liderimiz Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzüminde häzire çenli hem ozalky alyjylar birleşikleriniň ulgamynyň işläp gelýändigine ünsi çekip, bu kärhanalary hususylaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilýän maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegiň wajypdygyny aýdyp, göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmek üçin keseden maýa goýumlaryny çekmegiň zerurdygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde telekeçilerimize köpräk erkinlik bermek hem-de döwlet kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we hususylaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek möhümdir. Milli Liderimiz wise-premýere telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamasyny taýýarlap, ýakyn wagtda Hökümetiň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň meseleleri hakyndaky» Karara gol çekip, Hökümetiň Baştutanynyň orunbasaryna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2017-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, ýangyç-çig malyny gaýtadan işlemek, önümleriň esasy görnüşlerini öndürmek ulgamynda gazanylan görkezijiler barada habar berildi.

Benzinleriň öndürilişiniň meýilnamasy 101,4 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 100,3 göterim, polipropileniň öndürilişi 101,9 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň meýilnamasy 111,2 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 108,2 göterim ýerine ýetirildi.

2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102 göterime, daşary ýurtlara iberilen “mawy ýangyjyň” ösüş depgini 101,1 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 107 göterime deň boldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn edaralaryň 2017-nji ýylda alyp baran işine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe düýpli bellikleri aýdyp, wise-premýerden we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryndan ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, düýpli çäreleri görmegi talap etdi. Milli Liderimiz bu meselelere birinji çärýegiň jemlerine seredileninde ýene-de gaýdyp gelinjekdigini we şonda pudak ýolbaşçylarynyň öz işlerini alyp baryşlary boýunça degişli netije çykaryljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň netijesinde alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky meselä aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Şeýle hem ýurdumyza maýa goýumlaryny çekmek işlerini güýçlendirmek, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we beýleki gaz geçirijileriň gurluşygyna aýratyn üns bermek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynda heniz ulanylman duran mümkinçilikleriň köpdügine wise-premýeriň ünsüni çekip, pudak boýunça döwlete degişli emlägi hususylaşdyrmagy dowam etmegi hem-de häzirki zaman halkara standartlaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumyny dolandyrmagyň ulgamyny düýpli üýtgetmegi tabşyrdy.

Umuman, munuň özi pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, içerki bazaryň energiýa serişdelerine bolan artýan islegi kanagatlandyrmaga ýardam etmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew geçen 2017-nji ýylda gurluşyk, energetika toplumlarynda hem-de jemagat hojalygynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça 2017-nji ýylyň meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi, 108,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça önümçilik meýilnamasy 105,4 göterim möçberinde berjaý edilip, ösüş depgini 100,6 göterime barabar boldy. Energetika ministrligi boýunça meýilnama 108,7 göterim ýerine ýetirilip, 101,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.

2017-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda 23 milliard 848 million 595 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi, ösüş depgini 100,5 göterime ýetdi.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça meýilnama 110,2 göterim berjaý edilip, 112,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan meýilnama 100,3 göterim berjaý edildi, 102,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl desgalary gurmagyň we ulanmaga bermegiň uly maksatnamasynyň bardygyny aýtdy. Öňde täze wezipeler goýuldy, olaryň üstünlikli çözülmegi berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de depginli ösdürmäge ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Göz öňünde tutulan işleriň ählisi ýerine ýetirilende, döwrebap tehnikalaryň hem-de täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna, innowasion önümçilik düzümleriň döredilmegine aýratyn üns bermek zerur diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz senagat we durmuş ähmiýetli desgalary gurmak boýunça işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýerlere, aýratyn-da, ýurdumyzyň ak mermerden paýtagty Aşgabat şäherinde gurulýan desgalar bina edilende, ýokary hiliň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda 2017-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Umuman, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça meýilnama 103 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 105 göterime deň boldy.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ösüş depgini ýük dolanyşygy babatda 106 göterime, ýolagçy dolanyşygynda 100,1 göterime barabar boldy.

Içerki demir ýollary, şol sanda demir ýol köprüleri hem-de demir ýol geçelgeleri, şeýle hem pudagyň tehniki binýadyny işjeň döwrebaplaşdyrmagyň alnyp barylýandygy habar berildi. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça on iki aýda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda meýilnama 125 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 100 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda 101 göterime barabar boldy.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça garalýan döwürde awiahyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş depgini 136 göterime ýetdi. Bu görkeziji ýük we ýolagçy dolanyşygy boýunça degişlilikde 122 göterime we 101 göterime deň boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işler babatda gazanylan ösüş depgini 105 göterime deň boldy. Ýük daşamak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 152 göterime ýetdi, ýolagçy dolanyşygy boýunça ösüş depgini 154,3 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ulag ulgamynyň ösdürilmegine uly goldaw berýändigini, emma häzire çenli onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň kanagatlanarsyz alnyp barylýandygyny nygtady. Demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, ilata ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek boýunça meseleler haýal çözülýär. Pudagyň guramalaryny we kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça işler gerekli derejede amala aşyrylmaýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere zähmet düzgün-nyzamyny berkitmek boýunça çäreleri görmegi hem-de ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagy gazanmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän pudaklarynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň görkezijileri barada hasabat berip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň 4 milliard 891,4 million manada barabar bolandygyny habar berdi. 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş 12,8 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasy 247 sany birža söwdalaryny geçirip, olarda umumy bahasy 23 milliard 412,1 million manada deň bolan şertnamalaryň 2015-si hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2017-nji ýylda meýilnama 119,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe sergileriň 25-si hem-de maslahatlaryň 23-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan tutuş geçen ýylda 903,1 million manatlyk senagat önümleri, 2 milliard 287,2 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürildi, 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş degişlilikde 24,2 göterime hem-de 73,7 göterime deň boldy. 6 milliard 585,7 million manat möçberde gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. TSTB boýunça söwda-haryt dolanyşygy 11 milliard 685 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,3 göterim artdy, hyzmatlar ulgamynda 995 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, onuň möçberi 9,2 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň eksport-import syýasatynyň kemala gelmeginde ylmy çemeleşmäniň zerurdygyny aýtdy hem-de onuň içerki bazara täsirini seljermek babatda bilermenler jemgyýetçiligini çekmegiň wajypdygyny belledi. Ýurdumyzyň önümleriniň daşary ýurtlara iberilişini öňe ilerletmegiň hem-de onuň möçberlerini artdyrmagyň has netijeli ýollaryny gözlemek gerek.

Milli Liderimiz söwda ulgamyndaky ykdysady özgertmeleriň baş maksadynyň söwda kärhanalarynyň işlerini düýpli gowulandyrmakdan, bölek-satuw ulgamyny ösdürmekden hem-de has amatly nyrh şertlerini, harytlaryň giň görnüşlerini we ýokary hilini üpjün etmekden ybaratdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz daşary ykdysady aragatnaşyklary has-da ösdürmegiň, eksport kuwwaty, şol sanda sarp ediş bazaryny giňeltmegiň, içerki önümçiligi höweslendirmegiň anyk ugurlaryny kesgitledi.

Telekeçileriň goşandyny artdyrmazdan, türkmen ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna geçmegi mümkin däldir, şoňa görä-de, döwletimiz milli ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, ähmiýetli durmuş, senagat we beýleki taslamalary amala aşyrmaga ýurdumyzyň işewür düzümleriniň gatnaşmagyny mundan beýläk-de höweslendirer hem-de goldar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Hasabat döwründe milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň hem-de abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

2017-nji ýylyň dowamynda Daşary işler ministrligi arkaly ýurdumyza dürli derejedäki wekiliýetleriň 584-si sapar bilen geldi. Şol döwürde Türkmenistandan daşary ýurtlara 624 wekiliýet gitdi. Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda 235 çäre — maslahatlar, duşuşyklar we beýleki çäreler guraldy.

Geçen ýylyň dowamynda bilelikdäki hökümetara toparlaryň 18 mejlisi hem-de işewür maslahatlarynyň 14-si geçirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary, netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda olara möhüm orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasata ygrarlydygyny belläp, ileri tutulýan ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan kuwwatdan we mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmak maksadynda yzygiderli işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebit we ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga ýardam edýän oňyn başlangyçlary öňe sürmek bilen, mundan beýläk hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara tagallalara anyk goşant goşjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine ministrligiň hem-de ýurdumyzyň diplomatlarynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge, şol sanda öňümizdäki ýokary derejedäki daşary ýurt saparlaryna içgin taýýarlyk görmek we guramak boýunça degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňra giňişleýin mejlis welaýatlaryň hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary bilen dowam etdi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijeleri barada, döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmek hem-de onuň girdejililigini artdyrmak, ýer we suw serişdelerini, oba hojalyk tehnikalaryny we mineral dökünleri netijeli peýdalanmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem senagat pudagynyň görkezijileri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini, ilatyň durmuş derejesiniň we ýaşaýyş hiliniň ýokarlandyrylmagyna we umuman, öňde goýlan ähli wezipeleriň öz wagtynda çözülmegine gönükdirilen Milli özgertmeler maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, häkime birnäçe görkezmeleri, şol sanda degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegine degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow 2017-nji ýylda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri, özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, iri taslamalaryň amala aşyrylyşynyň depginleri hem-de welaýatyň meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler, bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýy, göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylynyň düýbüni tutýan ýazky meýdan işlerini öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz senagat we durmuş-medeni ähmiýetli täze döwrebap desgalaryň gurulmagyna ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidigini aýtdy hem-de adamlaryň zähmet çekmegi, durmuşy we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmeginiň amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň baş maksady bolup durýandygyny nygtady.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew 2017-nji ýylda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini ösdürmegiň görkezijileri hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk düzümlerinde öndürijiligi artdyrmagyň, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, möhüm meselelerini öz wagtynda çözmek bilen bagly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, durmuş we ykdysady görkezijileriň maksadalaýyk ýokarlandyrylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häkime oba hojalyk işleriniň netijeliligi, ýer-suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, ekerançylygy ösdürmäge öňdebaryjy ylmy çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrmak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleýji görkezijileri boýunça hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmegiň meseleleri barada durup geçmek bilen, bu ugurda işleriň degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz sebitiň çäklerinde gurulýan desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagyň, ýaşaýyş jaýlarynda we durmuş maksatly desgalarda ýyladyş, energiýa we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň takyk işiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bereketli hasylyň düýbüni tutýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmegiň möhümdigini belläp, şol işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegini talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2017-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy.

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek işleriniň, şol sanda suw tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýerler hem-de oba hojalyk tehnikalary ýaz ekişine taýýarlanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakynda”, “Welaýatlar boýunça 2018-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” hem-de “Türkmenistanda 2018-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we etraplarynyň suwdan peýdalanyjylary üçin suw serişdelerini tassyklamak baradaky buýrugynyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe, Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýolbaşçylaryna, häkimlere ýüzlenip, olaryň öňünde durýan wezipeler barada aýtdy. Häzirki döwürdäki esasy wezipäňiz işiňizde bar bolan kemçilikleri düzetmekden, ýer kadastryny taýýarlamakdan we ýerleri daýhanlara hususy eýeçilige bermekden hem-de daýhan birleşiklerini guramagyň täze görnüşini gözlemekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu işler häzir ýaramaz alnyp barylýar. Şoňa görä-de, bu meseleler üns merkezinde bolmalydyr.

Şeýle hem häzirki döwürde şu ýylyň hasylynyň, ýagny bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gök-bakja ekinleriniň we miwe hasylynyň düýbi tutulýar. Siziň işiňiziň netijelerine biz oba hojalyk ekinlerinden alnan hasyla görä baha bereris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýerlerde ähli agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişini, aýratyn-da, akabalaryň we ýaplaryň arassalanyşyny berk gözegçilikde saklamak wajypdyr. Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri etraplarda ýygy-ýygydan bolup, bu işleriň geçirilişine gözegçilik etmelidirler, bar bolan meseleleri çözmekde ýerli ýolbaşçylara kömek bermelidirler.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, wise-premýere olary ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, Agrar partiýanyň ýolbaşçysy B.Annagurbanowa partiýa agzalarynyň ýerlerde ýygy-ýygydan bolup, daýhanlaryň alyp barýan işleri bilen yzygiderli tanşyp durmaklaryny ýola goýmagy maslahat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Agrar partiýanyň agzalarynyň daýhan hojalyklarynda häzirki zaman iş usullaryny ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere işjeň gatnaşmagynyň we bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we bu ugurda ýüze çykýan bökdençlikleri aradan aýyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň örän möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde korrupsiýa we parahorluk ýaly ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça hemmetaraplaýyn işleriň yzygiderli alnyp baryljakdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýewe söz berdi, ol milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ykdysady ulgamda kanun bozmalaryň öňüni almak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, korrupsiýa we parahorluga garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak hem-de käbir döwlet işgärleriniň kanunçylyga garşy amala aşyrýan hereketleriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde degişli seljermeler geçirilýär.

Şeýlelikde, oba we suw hojalyk ministri wezipesinde işlän N.Sapardurdyýewiň betnebislik niýeti bilen gulluk wezipesini hyýanatly peýdalanyp, garamagyndaky kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we telekeçileriň kanuny bähbitlerine zyýan ýetirip, olardan aýratyn uly möçberde para alandygy ýüze çykaryldy. N.Sapardurdyýewiň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan pul serişdeleri, ähli amatlyklary bolan öýleri, dürli kysymdaky awtoulaglary we altyndan ýasalan şaý-sepleri hem-de öý goşlary gozgalmasyz edildi.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň Jemagat hojalygy ministrliginiň “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň başlygy wezipesinde 2010-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri işlän A.Derýaýewiň işine geçirilen barlagyň netijeleri barada aýdyldy, ol Bereket suw ýygnaýjy-paýlaýjy desga gullugynyň başlygy J.Hallakgaýew bilen deslapdan dilleşip, birleşigiň Bereket, Serdar, Magtymguly, Etrek etrap birleşikleriniň garamagyndaky bölümlere işe kabul etmekde 52 raýatdan para alypdyrlar. Şol maliýe serişdelerine hem döwrebap ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, uly möçberde altyn şaý-sepler satyn alnypdyr. Olaryň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, jenaýatçylykly ýol bilen edinen emläkleri we gymmatlyklary gozgalmasyz edildi. Häzirki döwürde “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň maliýe-hojalyk düzümlerinde barlag işleri dowam edýär.

Şeýle hem gullugyň ýolbaşçysy Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyndaky Daşoguz ösümlik-ýag kärhanasynda geçirilen derňew işleriniň netijeleri barada habar berdi. Barlagyň dowamynda ady agzalan kärhananyň taýýar önümler bölüminiň başlygy D.Kazakowyň, şol kärhananyň pagta ýagyny gaplaýan sehiniň başlygy T.Täçmädowyň, Köneürgenç etrap daýhan bazarynyň başlygy M.Söýünowyň, şeýle hem şol bazaryň dolandyryjysy B.Käbäýewiň deslapdan dilleşip, wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, Daşoguz ösümlik-ýag kärhanasyndan 1500 tonna arassalanan pagta ýagyny ogurlap satyp, öz haýyrlaryna harçlandyklaryny aýtdy.

Olar eden jenaýatçylykly etmişlerini ýaşyrmak maksady bilen, Türkmenistanda öndürilen 2 million 304 müň 360 manatlyk 1800 top brezentiň bahasyny ýokarlandyryp, 5 million 60 müň manada daşary ýurtdan satyn alnan hökmünde görkezipdirler. Mundan başga-da, olar iým ýetmezçiligini döredip, resminamalara galp maglumatlary girizip, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdirler.

Netijede, D.Kazakowyň, T.Täçmädowyň, M.Söýünowyň we B.Käbäýewiň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, döwlete ýetirilen zyýanyň öwezi doly ýerinde goýuldy. Deslapky derňew işleri dowam edýär.

Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky “Arkaçgurluşyk” önümçilik birleşiginde geçirilen barlag-derňew işleriniň dowamynda ýüze çykarylan kanun bozmalar barada aýdyldy. Habar berlişi ýaly, birleşigiň iş alypbaryjysy wezipesinde işlän B.Karaýew, birleşigiň 2-nji abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň iş alypbaryjylary J.Saparow, R.Ataýew, şol müdirligiň topar ýolbaşçysy H.Hudaýlyýew hem-de “Santehgurnama” gurluşyk müdirliginiň iş alypbaryjysy B.Hojaýew deslapdan dilleşip, wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanmak bilen, garamagynda duran gurluşyk serişdelerini ogurlapdyrlar, bu bolsa maddy ýetmezçiligi döredipdir. Şeýle hem dürli wagtyň dowamynda hakykat ýüzünde işlemedik ýa-da gyssagly işler üçin resmileşdirilen 243 raýata zähmet haklarynyň ýazylandygy ýüze çykaryldy. Netijede, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirildi.

Ady agzalan adamlaryň her biriniň garşysyna jenaýat işleri gozgaldy, parahorlaryň döwlete ýetiren zyýany nagt pul görnüşinde ýerinde goýduryldy. Häzirki wagtda derňew işleri dowam edýär. Gullugyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, korrupsiýanyň we parahorlugyň soňuna çykmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny birkemsiz berjaý etmek ugrunda geljekde hem ähli çäreler görler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu mejlise ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandygyny nazara almak bilen, korrupsiýa we parahorluk üçin döwlet gullukçylaryna, eýeleýän wezipesine garamazdan, berk temmi beriljekdigini ýatlatdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, korrupsiýa we parahorluk üçin jeza çärelerini berkitmek üçin kanunlara täzeden garaldy, şol adamlar babatda günä geçiş ýatyryldy, zerur bolan halatynda, biz şeýle jenaýatlar üçin jeza çärelerini kanun esasynda berkideris.

Hiç kime halkyň puluny ogurlamaga, onuň hasabyna baýamaga ýol berilmez diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we zerur bolan halatynda Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldiljekdigini we onuň işgärleriniň sanynyň artdyryljakdygyny, ýöne döwlet serişdelerini ogurlamak ýaly ýaramaz ýagdaýyň soňuna çykyljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda 2017-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi diýip, döwlet Baştutanymyz Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Baýramowa hasabat bermek üçin söz berdi.

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň beren maglumatlarynyň seljerilmegini, şeýle hem bilermenleriň bahalaryny nazara almak bilen, ilki bilen, her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenildi, soňra welaýat tapgyrynyň ýeňijileriniň arasynda 2017-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby saýlanyp alyndy. Netijede, Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby ýeňiji boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti habary diňläp hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini gutlap, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky Buýruga gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylda bu bäsleşigi yglan etmek hakynda resminama gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, 2017-nji ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi hem-de 2018-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmegi, ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly gepleşikler arkaly we Birleşen Milletler Guramasynyň kabul edýän çözgütleriniň çäklerinde çözmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň netijesinde Garaşsyz Watanymyz häzirki döwürde bütin dünýäde barha giňden meşhurlyga we hormata eýe bolýar.

Biz geljekde hem bütin dünýäniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek syýasatymyzy alyp bararys. Milli bähbitlerimizi goramak üçin, ähli tagallalary ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu syýasatyň sebitde özara ynanyşmak, dostluk we hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmäge ýardam berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,5 göterim boldy. Häzir hem ykdysadyýetimize uly mukdarda, ýagny 50 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumlaryny goýýarys. Hasabat döwründe daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 6,6 göterim köpeldi. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti şol bir derejede, durnukly saklanýar. Hümmetsizlik hem bellenilen kadalaryň çäklerinde dur. Şol bir wagtyň özünde zähmet haklarynyň möçberi artdyryldy.

Ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Gurluşyk, senagat we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Oba hojalygyny özgertmek boýunça görýän çärelerimiz hem netije berip başlaýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iri desgalaryň 1700-e golaýy gurulýar. Geçirýän özgertmelerimize laýyklykda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Esasy gaz geçirijiler giň gerim bilen gurulýar. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, ýokary derejeli myhmanhanalar we ýaşaýyş-durmuş maksatly beýleki desgalar bina edilýär we ulanylmaga berilýär.

Raýatlarymyzyň pensiýalarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberleri artdyryldy. Ilatyň ähli gatlaklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandy.

Bu zatlaryň ählisi biziň alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň berýän netijesidir, merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmetiniň miwesidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň esasy meselelerine ýygnananlaryň ünsüni çekip, şu ýyl hem gülläp ösýän Türkmenistan Watanymyzy kemala getirýän özgertmeler ýolunyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Ýurdumyzy durnukly ösdürmek üçin, biziň öňümizde bar bolan ähli serişdelerimizi we mümkinçiliklerimizi has doly hem-de netijeli ulanmak wezipesi durýar. Şu wezipelerden ugur alyp, bazar gatnaşyklaryna geçmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek, işjeň telekeçiligi, innowasion başlangyçlary we tehnologiýalary goldamak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, maliýe we bank ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri dowam etmek, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek möhümdir.

Prezident maksatnamasynda bellenen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak göz öňünde tutulýar. Täze, döwrebap iri desgalary gurmak, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa we beýleki wise-premýerlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýyl ähli tagallalary işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga gönükdirmegiň, Prezident Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin gowy binýat döretmegiň wajypdygyny belledi.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge esas hökmünde maýa goýumlaryny doly möçberde gönükdirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, hususan-da, ipoteka karzlary boýunça ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meseleleriniň ýurdumyzyň Hökümetiniň üns merkezinde bolmalydygyny belläp, ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek üçin, olara karz serişdeleri we ýer böleklerini bermek ulgamyny yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de G.Myradowa ministrlikleriň we pudak edaralarynyň bu ugurda alyp barýan işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Häzir her bir ministrligiň hem-de pudak edarasynyň şu ýyl üçin anyk maksatnamasy bar. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bu maksatnamalaryň, aýratyn-da, Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2018-nji ýylyň dowamynda birnäçe halkara saparlary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, beýleki ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň baştutanlygyndaky wekiliýetler hem kabul ediler, şeýle hem birnäçe halkara maslahatlar geçiriler.

Ýakyn wagtda, ýagny 7-nji fewralda Aşgabat şäheriniň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyry dabaraly ýagdaýda açylar. 14-nji fewralda telekeçileriň täze edara merkezi, şeýle hem Ahal welaýatynda aýna önümlerini öndürýän kärhanalar ulanylmaga berler.

Fewral aýynyň 23-ine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň düýbi tutular.

Fewral aýynyň 25-ine Türkmenabat şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçiriler, aýyň 26-syna bolsa birbada üç sany sport ýaryşyna, ýagny «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallä, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga berler. Eýýäm bellenip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz awtomobil ýaryşynyň geçjek ugruny «Beýik Ýüpek ýoly» diýip atlandyrmagy teklip etdi.

Şol gün Türkmenabat şäherinde täze gurlan halkara howa menzili hem işe giriziler.

Mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary bolar. Aprel aýynda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisi geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, häkimlere Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Nygtalyşy ýaly, mart aýynyň 25-inde geçiriljek saýlawlar ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň täze tapgyry hökmünde jemgyýetimiziň durmuşyna halk häkimiýetiniň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolmalydyr. Şu saýlawlara laýyklykda, biz aprel aýynyň başynda ýurdumyzyň täze düzümdäki Halk Maslahatynyň ilkinji guramaçylyk mejlisini geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Sentýabr aýynyň 15-inde Türkmenbaşy şäherinde halkara awtoralli we ylgaw ýaryşlary tamamlanar.

Mundan başga-da, «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy almak ugrundaky jemleýji bäsleşik geçiriler.

Sentýabr aýynyň 20 — 23-inde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny 27-nji sentýabrda, Halkara Bitaraplyk gününi bolsa 12-nji dekabrda uly dabaralara besläp, giňden belläp geçeris.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, göz öňünde tutulýan bu çäreler örän möhüm çärelerdir. Şoňa görä-de, olaryň ählisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin häzirden hemmeler düýpli taýýarlyk görmelidir.

“Men ählimiziň el-ele berip, halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2018-nji ýyl üçin kesgitlän täze sepgitlerimize ýetjekdigimize berk ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ertir, 27-nji ýanwarda ýurdumyzda ajaýyp senäniň — Watan goragçylarynyň gününiň belleniljekdigini aýdyp, esgerleri, serkerdeleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady we olara jogapkärli işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça pikir alşyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   20.12.2017  /  

Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi, oňa bu ýurduň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekilçilikli topary gatnaşýar.

Duşuşygyň gün tertibine 2012-nji ýylyň noýabr aýynda Abu-Dabi şäherinde Komitetiň birinji mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri, şeýle hem söwda-ykdysady pudagy, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bank-maliýe ulgamlary, şeýle hem medeni-ynsanperwer ýaly möhüm ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri girizildi.

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň wekiliýeti bilen duşuşygy mahalynda dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň baştutany şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan öz ýurdunyň işewürler toparlarynyň maýa goýum ulgamynda has giň hyzmatdaşlyga, hususan-da, ýangyç-energetika we elektroenergetika toplumlarynda, awtomobil we demirýol gurluşygy ulgamynda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna we beýlekilere gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdi.

BAE-niň işewürler toparlarynyň biziň ýurdumyza gyzyklanmalarynyň artmagy häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýäde iň çalt ösýän ykdysadyýetleriň biri bolup durýandygy bilen şertlendirilendir, bu ýagdaý Halkara pul gaznasy ýaly abraýly maliýe düzümleri tarapyndan tassyklanylýar. Ýurdumyzyň dünýä syýasy giňişliginde hem täsiri güýçlenýär, ýurdumyz ählumumy meseleleriň çözgüdinde hem täsirli orun eýeleýär. Bilimleri we tehnologiýalary, ylmy-tehniki täzeçillikleri alyşmak, maýa goýum hyzmatdaşlygy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarydyr.

Häzirki wagtda ägirt uly serişde mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistanda senagat pudagy düýpli özgerdilýär, täze pudaklar döredilýär, senagatlaşmak we şäherleşmek işleri tizleşdirilýär, munuň özi köp babatda içerki sarp edilişi höweslendirýär, giň eksport mümkinçiliklerini açýar.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça ýokarda agzalan komitetiň mejlisiniň barşynda tebigy gazy gaýtadan işlemek, “mawy ýangyçdan” taýýar önümleri almak we ony dünýä bazarlaryna ugratmak ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara peýdaly tagallalary utgaşdyrmak üçin bu ugurda ägirt uly mümkinçilikler bar.

Häzirki wagtda bu aýratyn möhümdir. Sebit we dünýä bazarlarynyň häzirki wagtda isleg bildirýän hem-de gazhimiýa önümlerine çaklanylýan isleglerini seljermegiň esasynda gaz we nebithimiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy, ol ýakyn geljek on ýyla niýetlenendir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan eýýäm bu ulgamda iri möçberli taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirýär.

Mysal üçin, Ahal welaýatynda, Owadandepede tebigy gazdan benziniň önümçiligi boýunça zawod gurulýar. Iň täze enjamlar bilen abzallaşdyrylan kärhana her ýylda A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny öndürer, ol Euro-5 ölçegiň iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýär. Şeýle hem bu ýerde 12 müň tonna dizel ýangyjyny hem-de 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmek göz öňünde tutulýar.

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietileniň we polipropileniň önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy gurulýar. Bu taslama «TOYO Engineering» (Ýaponiýa) we «LG International Corporation» we «Hyundai Engineering Corp. Ltd» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Onuň umumy bahasy ABŞ-nyň 3,4 milliard dollaryna golaýdyr. Kärhanany 2018 –nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Gyýanlyda ýylda pes dykyzly polietileniň 200 müň tonnasyny, polipropileniň 390 müň tonnasyny, poliwinilhloridiň 100 müň tonnasyny, suwuk gazyň 10 müň tonnasyny, kaustiki sodanyň 82 müň tonnasyny hem-de duz kislotasynyň 10 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenen gazhimiýa toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýylda 1,5 milliard kub metr tebigy gaz we 117 müň tonna tehniki duz gaýtadan işleniler. Öz nobatynda polimer önümlerine hem dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär, sebäbi onuň esasynda köp islegden peýdalanýan dürli görnüşli önümleri öndürmek mümkindir. Mysal üçin, sintetiki kauçugyň 75 göterime çenlisi awtomobil senagatynda peýdalanylýar.

Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna önüme deň karbomid zawody gurulýar.

Häzirki wagtda şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen bölegini gurmak boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Arap maýadarlarynyň hem uly gyzyklanma bidirýän bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna däl-de, sebitiň beýleki ýurtlarynyň ösüşine hem oňyn täsirini ýetirer.

Bular ýurdumyzda durmuşa geçirilýän we geçirilmegi meýilleşdirilýän iri möçberli taslamalaryň diňe bir bölegidir, daşary ýurt maýa goýumlarynyň gelip gowuşmagy bolsa ýangyç-energetika we gazhimiýa pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berer, tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösdürilmegine ýardam eder.

Mundan başga-da, Türkmenistan kemala gelýän iri logistika merkezi, yklymyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm çatrygy hem-de serhetüsti söwda ýollarynyň möhüm ugry hökmünde daşary ýurtly maýa goýujylarynyň ünsüni özüne çekýär, bularyň ählisi maýalaryň çekilmegi üçin höweslendiriji şert bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, Bilelikdäki komitetiň mejlisiniň barşynda Komitetiň çäklerinde ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek, onuň ilkinji mejlisini Aşgabatda geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Syýahatçylyk, gidrometeorologiýa, seýsmologiýa, daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň meseleleri hakynda pikir alyşmalar boldy.

Daşary işler ministrliginde geçirilen mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama we Türkmenistanyň hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiň üçünji mejlisini 2018-nji ýylda Abu-Dabi şäherinde geçirmek hakynda ylalaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde BAE-niň wekiliýetiniň agzalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we hususy düzümleriniň ýollbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Olaryň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlendi we olary ösdürmegiň geljekki meýilnamalary bellenildi.

 

2017-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy

опубликованно 26.01.2018 /

Bu görkeziji senagat pudagynda 5,5 göterim, gurluşykda 1,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterim, söwdada 9,4 göterim, oba hojalygynda 5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 9 göterim ýokarlandy.

2016-njy ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,4 göterim artdy.

2017-nji ýylyň netijeleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy 2016-njy ýyla garanyňda, 19 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi durnukly saklanyldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 8,8 göterim ýokarlandy.

Degişli maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 49,8 milliard manada deň boldy.

BAE-niň işewürler topary TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna uly gyzyklanma bildirýärler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) / 20.12.2017 /

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilçilikli toparyny kabul etdi. BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň baştutanlygyndaky bu wekilçilikli toparyň düzüminde BAE-niň energetika ministri Suheýl Al Mazrui, BAE-niň infrasruktura ösüşi ministri Abdulla bin Mohammed Belhaif Al Nuaimi we Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bar.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň ikinji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny iberen BAE-niň Prezidenti Şeýh Halif bin Zaýed Al-Nahaýanyň salamyny gowşurdylar. Şunda Birleşen Arap Emirlikleriniň döredijiligiň we ösüşiň ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan üýtgewsiz gyzyklanmasy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de BAE-niň ýokary ýolbaşçylygyna gyzgyn salamy iberip, döwletara gatnaşyklarynyň dostlukly we yzygiderli häsiýete eýedigini hem-de biziň ýurdumyzyň bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Birleşen Arap Emirliklerinden bolan ähli hyzmatdaşlar üçin özara hormat goýmak, ikitaraplaýyn bähbitlilik we uzakmöhletleýin ýörelgeler esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy alyp barmaga hemişe açykdyr.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz bilen myhmanlaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Söwda-ykdysady ulgam, energetika ulgamy, ulag we aragatnaşyk we birnäçe beýleki pudaklar bu gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarydyr. Duşuşykda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we iri taslamalaryň, ýurdy senagatlaşdyrmaga we häzirki zaman senagat düzümlerini emele getirmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga alnan ugruň netijeli işewür gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmaga hem-de köp ugurlaýyn ösdürmäge, maýa goýum işini işjeňleşdirmäge, köp ugurly hyzmatdaşlygyň bar bolan düýpli mümkinçiliklerini netijeli işe girizmäge täze ýollary açýandygy bellenildi.

Myhmanlar türkmen bazarynyň örän uly geljeginiň bardygyny belläp, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod serişdeleriň we durnukly ykdysady ösüşiniň işewürligi alyp barmak hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda zerur şertleri döredýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, BAE-den gelen hyzmatdaşlaryň dürli ulgamlarda –nebitgaz we energetika pudaklarynda, düzümleri ösdürmek ulgamynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyga taýýarlygy tassyklanyldy, munuň özi, hususan-da, demir ýollaryň we awtomobil ýollaryň gurluşygyna hem degişlidir. BAE-niň işewürler toparlary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna hem uly gyzyklanma bildirýärler.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýan netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmegiň, ylym, bilim, medeniýet, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlarynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.

Iki döwletiň hyzmatdaşlygyna halkara giňişliginde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli çemeleşmek mahsusdyr. Taraplar sebit we dünýä derejeli möhüm meselelerde özara düşünişmeleri we garaýyşlarynyň ýakynlygyny görkezýärler. Şunuň bilen birlikde, türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirip öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň wajypdygy hem-de döwrebapdygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhmanlar däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de pugtalandyryljakdyna hem-de iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbitleriniň hatyrasyna üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdulla Al-Adab gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   19.01.2018  /  

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm ugurlaryna we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2018-nji ýyl üçin durmuş-ykdysady görkezijileriniň meýilnamasy, şeýle-de maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamynyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň” esasynda Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanylan bu meýilnamalarda we beýleki degişli maksatnamalarda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň öňünde şu ýyl üçin goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň durnukly, ýokary ösüşini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn we çuňňur oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn we okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmegi, bazar ykdysadyýeti şertlerinde bäsdeşligi höweslendirmegi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň, statistika edaralarynyň we standartlaşdyrma pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Bu ugurlarda öňdebaryjy halkara tejribesini giňden ornaşdyrmagyň, degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taýýarlanan meýilnamalary oňlady we her bir pudakda bar bolan mümkinçilikleri doly herekete girizmek bilen, olaryň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow söwda toplumynyň hem-de Ahal welaýatynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalary, şeýle hem 31-nji ýanwar – 2-nji fewral aralygynda senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iş meýilnamalary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de döwlet Baştutanymyzyň söwda ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetimizde hususy orny artdyrmak we Ahal welaýatynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýer senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi barada hasabat berip, onuň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Häzirki wagtda gözden geçirilişe daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşmaga isleg bildirdiler. Sergide tehnologiki enjamlar, gurluşyk serişdeleri, himiýa, energetika, nebitgaz senagaty hem-de azyk kärhanalary üçin awtoulaglar we tehniki serişdeler görkeziler. Durmuş tehnikasyny, dokma senagaty, saglygy goraýyş ulgamy üçin enjamlary öndürýän kompaniýalar hem-de ylym we kosmos tehnologiýalary, ulag we logistika pudaklarynda işleýän, söwda hyzmatlaryny edýän hem-de maslahatlary berýän kärhanalar öz gazananlaryny hödürlärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we ýurdumyzyň söwda ulgamynyň häzirki zaman düzümini döretmek boýunça wezipelere ünsi çekip, wise-premýere paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda täze söwda merkezleriniň yzygiderli gurulmagyny berk gözegçilikde saklamagy, ilaty ýokary hilli harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmek boýunça netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz daşary ýurtlara iberilýän önümleriň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrmak döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň esasy wezipeleriniň biri bolmagynda galýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz telekeçiligi mundan beýläk-de goldamagyň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalary görkezmäge gönükdirilen halkara serginiň ähmiýetini belläp, onuň işiniň innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak babatda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de tejribe alyşmaga ýardam etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew nebitgaz pudagynyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, esasy tehniki-ykdysady görkezijiler – tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy, “mawy ýangyjyň” eksport edilişi, nebit we gaz kondensatynyň çykarylyşy, ýangyç çig malynyň gaýtadan işlenilişi we benziniň öndürilişi baradaky görkezijiler beýan edildi.

Şeýle hem Mary welaýatyny 2018-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagynyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryndan nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebithimiýa önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak hem-de nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz pudaga daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi, iri energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Wise-premýere Mary welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalary amala aşyrmak babatda hem anyk tabşyryklar berildi.

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna 2016-njy ýylyň maý aýynda bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasy tarapyndan berilýän maýa goýumlary barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, TOPH gaz geçirijiniň gurulmagy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Bu gaz geçirijisi arkaly Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gaz uzakmöhletleýin esasda iberiler. Eýýäm şu ýyl turbageçirijiniň owgan böleginiň, şeýle hem täze ýangyç geçirijiniň düzüminiň bölegine öwrüljek beýleki birnäçe desgalaryň gurluşygyna girişiler.

Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasy tarapyndan berlen maýa goýumlary daşary ýurtly maýadarlaryň TOPH gaz geçirijiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Olar bu taslamanyň derwaýyslygyna hem-de kuwwatyna, onuň bähbitliligine ýokary baha berýärler. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygy, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň bolmagy bu babatda oňyn ýagdaý bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan we Saud Arabystany tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň hataryna girýär. Munuň özi ýangyç-energetika ulgamynda, şeýle hem beýleki pudaklarda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär, şol sanda olara ösüş suwy tutulýar hem-de ekinler ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasy, şeýle hem Daşoguz welaýatyny 2018-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça taýýarlanan meýilnama barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny hasaba almak bilen, taýýarlanylan bu resminamalarda ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmy usullary giňden ornaşdyrmak, oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemäge niýetlenen önümçilik kärhanalaryny gurmak, maldarçylygy we atçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň eksport kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak, daşky gurşawy goramak hem-de oba hojalyk toplumynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Daşoguz welaýaty üçin taýýarlanylan iş meýilnamasy sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, önümçilik pudaklardaky ykdysady görkezijileriň ýokarlanmagyna, medeni-durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegine kuwwatly itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, oba hojalygy ulgamynyň ähli pudaklarynyň, daýhan hojalyklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, obasenagat toplumyna hususy telekeçiligi işjeň çekmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.

Obasenagat toplumyny dolandyrmagyň täze netijeli usullaryny peýdalanmagyň, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişi möwsüminiň başlanýan döwrüne çenli tehnikalary öz wagtynda taýýarlamak, tohumlaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Munuň özi “ak altynyň” bol hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýar. Şeýle hem obasenagat toplumynyň ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýän ekerançylyk pudagyna öňdebaryjy agrotehniki usullary ornaşdyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de Lebap welaýatynyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi, şeýle hem haly we dokma pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramlaryny birleşdirmek baradaky teklibi aýtdy.

Milli ykdysadyýetimiziň senagat pudaklarynyň hem-de gözegçilik edilýän sebitiň şu ýyl üçin Iş meýilnamalarynyň taslamalarynyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipelere, şeýle hem döwlet we pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylandygy bellenildi.

Lebap welaýaty boýunça iş meýilnamasy sebiti durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak, ýokary sepgitlere ýetmek wezipesileriniň çözülmegine gönükdirilendir.

Wise-premýer şeýle hem şu ýyl hünär baýramçylyklary mynasybetli haly we dokma önümleriniň ýöriteleşdirilen halkara sergileriniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Pudaklaýyn düzümleriň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen halysynyň baýramyny we Dokma senagaty işgärleriniň gününi “Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni” diýlip, şanly sene hökmünde bellemek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat pudaklarynda kabul edilen we önümçilik kuwwatlyklarynyň berkidilmegine, düzümleriň täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz senagat pudagynda içerki bazarlary ýurdumyzda öndürilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen üpjün etmegiň, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply eksport önümçiliginiň möçberlerini ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan wezipelerdigini belläp, ähli pudaklaryň, şol sanda elektron senagatynyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak we onuň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça meýilleşdirilen çäreleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde dokma senagaty we haly pudaklarynyň işgärleriniň möhüm goşandynyň bardygyny belläp, ýokary hilli dokma hem-de türkmen eksportunda esasy orun eýeleýän nepis el halylaryň önümçiligindäki ýokary netijeleri gazanmak boýunça uly üstünlikleri gazanýan pudagyň işgärleriniň baýramçylygynyň - “Türkmen halysynyň we dokma senagaty işgärleriniň gününiň” maý aýynda bellenilse maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu pudaklaryň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz türkmen paýtagtyny dünýäniň iň owadan we abadan şäherleriniň birine öwürmek boýunça maksadalaýyk işleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Paýtagtymyzda raýatlarymyzyň ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzyň abadançylygyny has-da artdyrmaga, halkymyzyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň köp babatda iş meýilnamalarynda göz öňünde tutulýan wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine baglydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň hem-de Balkan welaýatynyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamalary hem-de täze gurulýan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini giňden mahabatlandyrmak barada hasabat berdi.

Wise-premýer ulag ulgamynda toplumlaýyn çäreleriň görülýändigi netijesinde degişli düzümiň giňeldilýändigini, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň işinde guramaçylyk çemeleşmelerini kämilleşdirmegiň, olaryň tehniki parkynyň üstüniň döwrebap tehnikalar we iň täze enjamlar bilen ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi. Munuň özi Türkmenistanyň ulag-üstaşyr gatnawlarynyň halkara merkezi hökmünde ykrar edilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Milli Liderimiz taýýarlanylan iş meýilnamalaryny makullady hem-de wise-premýere olary ýerine ýetirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşyda gurulýan täze Halkara deňiz menziliniň aýratyn ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz Merkezi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan “deňiz derwezesiniň” ýakyn geljekde tutuş sebitiň iri logistiki we paýlaýjy merkezine öwrüljekdigini aýtdy hem-de wise-premýere portuň mümkinçiliklerini mahabatlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew medeniýet ulgamynyň 2018-nji ýyl üçin taýýarlanylan iş meýilnamasy barada hasabat berdi. Bu meýilnama Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini toplumlaýyn ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilendir.

2018-nji ýylyň meýilnamasynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy wagyz etmek, muzeý hem-de kitaphana, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini dünýä derejesine laýyklykda kämilleşdirmek, şol sanda çeper eserleriň, teleradiogepleşikleriň, habarlar maglumatlarynyň we beýleki eserleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de olary mazmun taýdan ösdürmek boýunça anyk işler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini dünýäniň öňdebaryjy ýörelgelerini hasaba almak arkaly kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça amala aşyrylýan döwlet syýasaty medeni serişdeleriň jemgyýetiň ähli agzalary üçin elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir we teatr eserlerini döwrebaplaşdyrmagy, muzeý gymmatlyklary gaznasynyň üstüniň ýetirilmegini, medeniýet ulgamynyň ähli edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegini, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny esasy ugur edinýär.

Döwlet Baştutanymyz milli taryhy-medeni mirasymyzy wagyz etmek, halkara derejesindäki medeni çäreleri taýýarlamak we geçirmek, aýratyn-da, 2018-nji ýylda “Türkmenistan -- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Taýýarlanýan habarlaryň we teleradioýaýlymlar arkaly berilýän gepleşikleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigi bellenildi. Olar jemgyýetimizde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri we ýurdumyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini giňden wagyz etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygarynyň çuňňur many-mazmunyny beýan edýän täze ýokary çeperçiligi bolan filmleri döretmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, arhiw işi we jemgyýetçilik guramalary üçin şu ýylyň iş meýilnamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen möhüm wezipeler kesgitlendi we degişli resminamalar hem-de maksatnamalar kabul edildi.

Şu maksat bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny, saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmek hem-de bu pudaklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ugurdaş düzümleri toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu pudaklaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda amala aşyrylýan we ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ugurlarynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilen özgertmeleriň ähmiýetlidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň okary hilini üpjün etmek, keselleriň öňüni almak we halkymyzyň saglygyny berkitmek işlerine hemmetaraplaýyn üns berilmelidir.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, görkezilen iş meýilnamalaryny oňlady we olaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi we degişi meseleler boýunça öz wagtynda zerur çözgütleri kabul etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Amul — Hazar aralygynda ylgaw sport çäresini geçirmäge niýetlenen ylgaw taýajygynyň nusgalarynyň taýýarlanandygy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ylgaw ýaryşlarynyň we umuman, “Amal — Hazar 2018” şygary astynda geçirilýän ähli sport çäreleriniň taýýarlygyny we ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berip, ylgaw taýajygynyň nusgasy tassyklanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow DIM-niň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 —2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň esasynda şu ýyl üçin iş meýilnamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi. Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň oýlanyşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga gatnaşmak bilen, ýurdumyz sebitleýin we ählumumy möçberdäki oňyn ýagdaýlaryň ösdürilmegine mynasyp goşandyny goşýar.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz DIM-niň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady hem-de özara peýdaly halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen işjeň başlangyçlaryny öňe ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreleri görmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna bolan iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 15-nji ýanwarda geçirilen türkmen-pakistan syýasy we ykdysady geňeşmeleriň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ikitaraplaýyn hökümetara toparynyň işiniň netijeleri baradaky meseleler girizildi. Halkara we sebitara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň özenini düzdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijileri çekmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn ähmiýet berildi.

Iş saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda diplomatik pasportlary bolanlar üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Hindistan Respublikasyna 16-njy ýanwarda bolan iş saparynyň dowamynda Nýu-Deli şäherinde daşary işler ministrleriniň derejesindäki ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Köptaraplaýyn esasda ösdürilýän dostlukly türkmen-pakistan we türkmen-hindi gatnaşyklary baradaky gürrüňe degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň taryhynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça giň möçberli taslamanyň bilelikde durmuşa geçirilmegi sebitleýin çäkden çykýan ähmiýete eýedigini belledi.

Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de Pakistan we Hindistan bilen we umuman, Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlar bilen özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmäge hem-de giňeltmäge meýillidigini aýdyp, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna özara peýdaly gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek, häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, onuň uly geljegi bolan ugurlaryny taýýarlamak üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli amala aşyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament birleşiginiň musulman zenan parlamentarileriniň maslahatyna hem-de bu halkara düzümiň Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçirilen 13-nji mejlisine gatnaşandygy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda parlamentara gatnaşyklar meselelerine ünsi çekip, bu ugruň durnukly ösüş babatda umumy wezipeleri çözmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we indiki hepde geçirilmegi meýilleşdirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine taýýarlyk görmek barada görkezmeleri berdi, onda 2017-nji ýylyň jemleri jemleniler. Döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere şu günki garalan hem-de umuman makullanylan “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen şu ýylda pudaklary ösdürmegiň meýilnamalaryny öz gözegçilik edýän ulgamlarynda ýene bir gezek seljermegi hem-de tassyklamagy tabşyrdy.