Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

 

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   03.02.2019 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady. Bu strategik resminamanyň kabul edilmegi bilen milli Liderimiziň köpugurly özgertmelerini amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry başlandy.

Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, önümçiligiň depginli ösüşi täze ýokary sepgitlere çykmaga mümkinçilik berer, ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegi, dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikirleri we innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, şolaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy arkaly üpjün ediler.

Ýurdumyzyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň güýçlendirilmegi, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyň artdyrylmagy, milli nyşanly önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegi ýerli çig mal serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň hasabyna, şolary gaýtadan düýpli işlemek hem-de ýokary goşulan bahany döretmek arkaly üpjün ediler. Şunda diňe bir daşyndan getirilýän harytlardan hil babatynda pes bolmadyk ýokary hilli önümleriň öndürilmegi ileri tutulmalydyr.

Ýediýyllyk maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary, şeýle hem çäk mümkinçilikleri, geosyýasy ýagdaýlary bilen şertlendirilen heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriniň hem-de artykmaçlyklarynyň herekete girizilmegi, bazar gatnaşyklary şertlerinde hereketlendiriji güýç hökmünde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de serhetdeş döwletleri birleşdirýän ýörite ykdysady zolaklaryň hem-de ykdysady geçelgeleriň, daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçiligi bolan ösen ulag-logistika düzümli senagat ulgamlarynyň we senagat toplumlarynyň ösdürilmegine ýardam eder.

Şunuň bilen birlikde, 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan edilen hem-de halkara jemgyýetçiligiň giňden goldawyna eýe bolan düýpli maksatlaryň we başlangyçlaryň esasynda milli Liderimiziň suw, energetika we ulag diplomatiýasy babatdaky teklipleriniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ýollaryny şöhlelendirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan çäreleri tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň meýilnamasyna aýratyn orun berilýär. Munuň özi ähli derejelerde döwlet edaralarynyň dolandyryş mümkinçiligini hem-de ulgamyň netijeliligini, pudaklarda tehnologik täzelikleri öňe ilerletmek arkaly dolandyrmagy, häkimiýetiň düzümleriniň, raýat jemgyýetleriniň arasynda aragatnaşyklary pugtalandyrmagy güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Ykdysady strategiýanyň durmuş taýdan ugur almagy ösüşiň täze nusgasyny öňe süren milli Liderimiziň üns merkezinde bolmagynda galýar. Munuň özi durnukly ykdysady ösüşiň esasynda halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyndan, bäsdeşlige ukyply innowasion önümçilikleri we ýokary öndürijilikli iş orunlaryny döretmekden, işewür işjeňligi giňeltmekden hem-de ýurdumyzyň aň-paýhas, ynsan mümkinçiliklerini ösdürmekden ybaratdyr.