Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Türkmenistan — ABŞ” işewürler maslahatyna gatnaşdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, bilelikdäki tagallalary birleşdirip, täze ugurlary açmak üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Onuň “Türkmenistan — ABŞ” Işewürler Geňeşiniň döredilmeginiň 10 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi bolsa, duşuşygyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Işewürler Geňeşi milli Liderimiziň başlangyjy bilen hut şu ýerde, Nýu-Ýorkda, amerikan kompaniýalarynyň we konsernleriniň ýüzlerçesiniň ýolbaşçylarynyň ýygnanan ýerinde — Rokfeller Merkezinde döredildi. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň, ozaly bilen, ykdysadyýeti özgertmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny beýan etdi, olar ýurdumyzda ýokary ösüş depginlerini üpjün etdi. 

Milli Liderimiziň çykyşy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ösüş depgini, ykdysady mümkinçilikleri hem-de tutuş sebit üçin uly ähmiýeti bolan, durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar barada aýdyň düşünje berýän wideofilm bilen utgaşdy. 

Baý tebigy serişdelerimiziň bolmagy, ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem yzygiderli amala aşyrylýan “Açyk gapylar” daşary ykdysady syýasatymyz Türkmenistanda maýa serişdelerini amatly goýmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biri uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge täze itergi bermek bolup, şunda ýurdumyza daşary ýurt maýalarynyň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. 

Bu babatda Türkmenistan, gürrüňsiz, özüneçekiji ýurt bolup durýar. Garaşsyz bilermenleriň bazary öwrenmeginiň görkezişi ýaly, oňyn özgertmeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin binýat döretdi. 

Türkmenistanda dürli ugurlarda halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin has oňaýly we sazlaşykly şertler döredildi diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň hatarynda nebitgaz pudagyny, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumyny, dokma senagatyny, ýokary tehnologiýalar ulgamyny görkezdi. 

Döwletimiz salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikleri bermek bilen, maýadarlar üçin uly goldawy üpjün edýär. Jemi içerki önümçilikde maýa goýumlarynyň paýynyň artmagy şonuň netijesi bolup, maýa goýum taslamalarynyň we bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ýokarlanýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Türkmen ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösmegi halkara giňişliginde ýaramaz meýilleriň bolmagyna garamazdan, oňyn ugurda durnukly barýandygyny görkezýär. Mysal üçin, şu ýylyň dokuz aýynda makroykdysady görkezijiler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösýändigini tassyklady. Umuman, jemi içerki önümiň ösüşiniň şu ýyl 6,2 göterim bolmagyna garaşylýar. Daşary söwda dolanyşygy boýunça hem oňyn ýagdaý göze ilýär. Şeýle hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýalary özleşdirmegiň ýokary ösüş depginleri bellenilýär. 

Halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirilen Türkmenistanyň kanunçylyk binýady daşary ýurtly maýadarlary çekmekde uly orun eýeleýär. Ýurdumyzda salgyt salmak, maýa goýmak, erkin telekeçilik babatda kämil kanunlar kabul edildi. Olara laýyklykda, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlara belli bir derejede ýeňillikler we artykmaçlyklar berilýär. Munuň özi maýalary uzak möhletleýin goýmak hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly şertler döredýär. 

Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň durnuklylygyny artdyrmak, ilkinji nobatda, puluň hümmetini bir nusga getirmegiň, milli manady berkitmegiň hasabyna artdyrmak üçin möhüm çäreler görüldi. 

Türkmen bazarynyň özüneçekijiligi köp babatda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, kuwwatly serişde — çig mal binýadynyň hem-de maýa goýumlarynyň ygtybarlylygyny kepillendirýän häzirki zaman hukuk ulgamynyň bolmagy bilen şertlendirilendir. Ol Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň bilermenleriniň hasabatlary bilen tassyklanylýar. 

Bu iri halkara edaralary türkmen ykdysadyýetiniň geljekde hem okgunly ösjekdigini, ýurdumyzyň maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar. 

Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň geçirilýän özgertmeleriň möhüm wezipesi bolup durýandygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haryt öndürýän pudaklarda önümçiligiň möçberleriniň ýokarlanmagynyň türkmen ykdysadyýetiniň ösmeginiň esasy şerti bolup durýandygyny belledi. Daşary ýurt maýalarynyň durnukly artmagy bu babatda nusga alarlyk bolup, olaryň agramly bölegi senagat pudagyna gönükdirilýär. 

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Bu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň depgini ýokarlanýar. Diňe 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda haryt dolanyşygynyň möçberi 27 göterimden hem geçdi. 

Maýa goýum işi giň gerim bilen ösýär. Şu güne çenli ýurdumyzda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň iki ýarym milliard dollaryndan gowrak bolan taslamalaryň 156-sy amala aşyryldy. 

Iri amerikan kompaniýalary türkmen bazarynyň ulaglar, ýangyç-energetika toplumy, elektrostansiýalaryň gurluşygy, telekommunikasiýalar ulgamy, programma üpjünçiligi, azyk senagaty ýaly möhüm ugurlarynda köpden bäri üstünlikli işleýärler. Biz şeýle hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris, ony höweslendireris we goldarys diýip, milli Liderimiz belledi. 

Şonuň bilen birlikde, özara mümkinçilikleri has giňden ulanyp boljakdygy aýdyň görünýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ozaly bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagyň, energetika we ulag ulgamlarynda milli we halkara düzüm taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna mümkin bolar. 

Türkmenistanda ylmy işleri talap edýän we innowasion önümçilikleri ösdürmäge amerikan maýalaryny we tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikler bar. Elektronika, kompýuter we logistika hyzmatlary, bilim ulgamynda we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda oňat mümkinçilikleri görýäris diýip, milli Liderimiz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz amerikaly hyzmatdaşlary Türkmenistanda döwrebap düzümi gurmak boýunça taslamalara gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrdy. 

Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmak bilen, “Gündogar — Günbatar” we “Günorta — Demirgazyk” ugurlary boýunça sebitara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek babatda hyzmatdaşlyk möhüm ugur bolup durýar. 

Döwlet Baştutanymyz deňiz arkaly ýük daşamak ulgamynyň işjeň ösdürilýändigi barada hem durup geçdi. Ýurdumyzda Hazaryň kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlandy. Häzir ol döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen kuwwatly, köpugurly terminal bolup durýar. Ol Ýakyn we Orta Gündogaryň harytlar we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň sebitindäki döwletlere çykmak üçin amatly şertleri döredip, uly möçberli ýük akymlarynyň ýolunda aralygy ep-esli gysgaltmaga hem-de wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Türkmenbaşy porty, sözüň doly manysynda, yklym ähmiýetli iri ulag merkezleriniň biri bolup durýar. 

Onuň logistika mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň amerikan işewür toparlary üçin özüneçekiji bolup biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow amerikaly hyzmatdaşlara gatnaşyklaryň şu ugruna üns bermegi teklip etdi. 

Döwlet Baştutanymyz strategik ähmiýete eýe bolan ýene-de bir iri taslamany — halkara hyzmatdaşlaryň we iri maliýe edaralarynyň gurluşygyna goldaw beren Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny mysal getirdi. Taslama, gürrüňsiz, uly mümkinçiliklere eýe bolup, aslyýetinde energiýa akymlarynyň täze ugruny açýar. Ol hindi we pakistan ýaly iri, sazlaşykly ösýän ykdysadyýetleri ýangyç bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Geljekde hem Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň beýleki ösýän bazarlaryna çykmaga mümkinçilik döreder. 

Hormatly Prezidentimiz iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanan TOPH taslamasynyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň gatnaşmagy üçin açykdygyny aýratyn belledi hem-de amerikaly hyzmatdaşlaryň oňa gatnaşmak mümkinçiligine ýokary baha berip bilerler. 

Senagat, oba hojalygy ulgamlarynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, milli obasenagaty we suw hojalygy üçin uçarlary we dikuçarlary, tehnikalary getirmek babatda amerikaly işewürler bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. 

Hyzmatlar ulgamyny, aýratyn-da, Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynda hyzmatlary ösdürmäge amerikan işewürleriniň gatnaşmagy üçin oňat mümkinçilikleri görýäris, bu pudaga biz aýratyn üns bermegi maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Milli Liderimiz maliýe pudagyny ösdürmek maksadynda amerikalylar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy. Birleşen Ştatlar dünýäniň iri maliýe merkezi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bize ABŞ-nyň maliýe ulgamynyň, banklarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň döredilmeginiň we işlemeginiň üstünlikli tejribesi hem gyzyklydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy jemi içerki önümçiligiň möçberinde hususy kärhanalaryň paýyny tapgyrma-tapgyr artdyrmagy göz öňünde tutýar. 
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň, ony innowasion ösüş ýoluna düşürmegiň wezipeleri amerikan işewürler bileleşigi üçin örän gyzykly bolup, olar şunda maýa goýum gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak üçin oňat binýady görýärler. 

Häzir ýönekeý haryt ibermekden has çylşyrymly kooperasiýalara, şol sanda işgärleri taýýarlamak we hyzmatlar bilen üpjün etmek, täze önümleri ilerletmek üçin önümçilik we logistika halkalaryny döretmek ýaly taslamalara geçmegiň möhümdigi barada aýdyldy. 

Dünýäniň maliýe çökgünliligine garamazdan, Türkmenistan ýylsaýyn ykdysady ösüşinde ýokary görkezijileri gazanmagy ýaly ýagdaýa ýokary baha berildi. Bu bolsa, maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň hem-de bilelikdäki iri taslamalary işläp taýýarlamagyň girewi bolup durýar. 

Beýik Ýüpek ýolunyň döwründe Türkmenistanyň çägi Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm baglaýjy halka bolupdyr, ýene-de şol wezipäni — yklymüsti ýollaryň ulag çatrygy bolmak wezipesini ýurdumyz täze taryhy şertlerde hem ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, şu günki maslahat, gürrüňsiz, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum işjeňligi üçin mümkinçilikleri giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyny has giň — yklymara derejesinde ösdürmäge goşant bolup hyzmat eder. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy öz ösüşinde täze tapgyra çykyp, has köp kompaniýalary we hyzmatdaşlary özüne çekýär, däbe öwrülen ulgamlarda, şeýle hem täze ugurlarda baý mazmunly gatnaşyklary dowam edýär.