Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   15.12.2017  /  

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wajyp çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada aýdyp, Awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak bilen bagly hereketler üçin ýygymlaryň Tertibini işläp taýýarlamagyň meseleleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, bu resminama “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” hem-de “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna esaslanyp, degişli edaralar bilen ylalaşyldy hem-de halkara hukugynyň kadalaşdyryjy namalarynyň talaplaryna kybap gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, intellektual eýeçiligiň hukuk taýdan goralyşynyň döwlet ulgamyny ösdürmek üçin amatly ykdysady şertleri döretmekden hem-de onuň ýurdumyzyň ylmy-tehniki, ykdysady we medeni taýdan ýokary galmagyny artdyrmaga täsirini güýçlendirmekden ybaratdygyny belledi. Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu ugurda kanunçylygyň ýerine ýetirilmegine degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygyň milli ulgamyny halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Munuň üçin 2018-nji ýylyň dowamynda doly taýýarlyk görmek boýunça zerur çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Meýilleşdirilýän işleriň hatarynda usulyýet gollanmalaryny taýýarlamak, maglumat üpjünçiligini ornaşdyrmak, öňdebaryjy maliýe düzümleriniň bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny guramak ýaly işler bar.

Maliýe hasabatlylygyň halkara ölçegleriniň peýdalanylmagy daşarky bazarlara çykmakda möhüm düzümler bolup durýar, munuň özi häzir Türkmenistanyň dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan şertlerinde aýratyn möhümdir diýip milli Liderimiz belledi. Döwlet baştutanymyz ýurdumyzda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we auditi özgertmegiň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu meseläni ýene-de bir gezek seljermegi hem-de degişli edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow azyk bolçulygyny saklamak, ýokary hilli azyk önümlerine elýeterliligi hem-de içerki bazary yzygiderli doldurmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrmagyň möhümdigini bellemek bilen, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda bolup geçýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de bazar gatnaşyklarynyň, şol sanda oba hojalyk çig malyny gaýtadan işlemek, lomaý we bölek söwda ulgamynda bazar gatnaşyklarynyň kemala getirilmeginiň azyk harytlarynyň hiline, olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýokary talaplary bildirýändigini belläp, wise-premýere bu meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik desgalaryny döwerebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljek üçin wezipeleriň toplumyny kesgitläp, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny enjamlaşdyrmagy, pudaga goşmaça maýa goýumlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary we dolandyryş tejribesini çekmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz TNGIZT-de amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan täze taslamalary düýpli seljermek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň türkmen bölegini gurmak üçin birnäçe düzüm birliklerini we kärhanalary döretmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy -- welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmegiň amala aşyrylýandygy, şol sanda ösüş suwunyň berilýändigi, ak ekinleriň mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirilýändigi, haşal otlardan arassalanylýandygy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk tehnikalary we enjamlary ýaz ekişine taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň hem-de olary takyk utgaşdyrmagyň, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň hasyllylygyny artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň dürli ulgamlaryna häzirki zaman tehnologiýalary hem-de iň soňky ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýer kadastryny düzmek boýunça işleri çaltlandyrmalydygyny aýdyp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ilatyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de Ahal welaýatynda önümleriň synag görnüşlerini çykaryp başlan täze aýna kombinatynyň işi barada habar berdi.

Aýna önümçiligi üçin esasy çig-mal hökmünde ulanylýan kwars çägesini taýýarlamak boýunça fabrigi öz içine alýan iri senagat toplumynyň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 2015-nji ýylda badalga berildi. Taslama ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän gurluşyk serişdelerini çykarmak boýunça döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirildi.

Aýnany flotasiýa usuly bilen öndürmek ýurdumyz üçin senagat tehnologiýalarynyň täze görnüşleriniň biridir. Kärhananyň tehnologiki ulgamlary çig maly taýýarlaýan, eredýän, dürli ölçeglerdäki we galyňlykdaky aýnalary öndürýän, taýýar aýna önümlerini öndürýän bölümleri öz içine alýar. Zawod aýna önümleriniň 7 görnüşini öndürer.

Döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary bilen, öndürýän önümleriniň hili we görnüşleri boýunça kärhana ýokary bäsdeşlige ukyply bolup, ol bazaryň bu ugurda geljegi uly bolan ugurlary nazarlaýar. Bu toplumyň taslama kuwwatlygyna çykarylmagy degişli önümleriň daşary ýurtlardan getirilmegini azaltmaga hem-de onuň daşary ýurtlara ugradylmagyny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudagynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine ynamly çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi, muňa, hususan-da, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkiden köpsanly senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi hem güwä geçýär.

Döwlet Baştutanymyz iň gowy dünýä tejribesini ulanmak bilen, pudagyň düzümini has-da ösdürmegiň möhümdigini aýdyp, aýna önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň, bu ulgama öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz kombinatyň doly işe girizilmegi bilen bagly meseleleri pugta gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini yzygiderli artdyrmak, jemagat hojalygy gullugynyň işini kämilleşdirmek, gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, toplumyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ilaty elektrik energiýasy we gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek baradaky meselä ünsi çekip, bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz döwletimiziň gurluşyk pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga maddy taýdan saldamly goldaw berýändigini belläp, öňde goýlan wezipeleriň ählisini döwrebap tehnikalary hem-de tehnologiýalary peýdalanmak, döwrebap önümçilik düzümleri döretmek arkaly çözmelidigini nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow Turgundy menziliniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Owganystanyň çäklerinde demir ýoluň gurluşygy boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, türkmen hünärmenleri iş meýilnamasyna laýyklykda, polat ýoluň gurluşygyny tapgyrlaýyn alyp barýarlar. Şu günlerdäki iş depgini bu möhüm desganyň öz möhletinde ýokary hilli tamamlanjakdygyna güwä geçýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara hem-de Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine ýardam bermek, onuň durmuş ulgamyny täzeden dikeltmek, sebit we halkara düzümleýin taslamalara netijeli goşulyşmagyny gazanmak boýunça tagallalary has-da işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz polat ýoluň gurluşygy barada aýdyp, bu taslamanyň iki tarapyň bilelikdäki tagallalarynyň miwesine öwrülip, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna kuwwatly depgin berjekdigini belledi. Milli Liderimiz wise-premýere bu demir ýoluň, şeýle hem hemme ugurdaş düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Owganystanyň çäklerinde demir ýoly gurmak boýunça işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de ony öz wagtynda ulanmaga tabşyrmagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew täze, 2018-nji ýyly garşylamak üçin taýýarlanylan baýramçylyk maksatnamasy barada hasabat berdi. Şu günler paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda we medeni merkezlerinde baýramçylygyň öň ýanynda geçiriljek döredijilik çärelerine taýýarlyk görülýändigi habar berildi.

Maksatnamada 17-nji dekabrdan 14-nji ýanwar aralygynda geçiriljek Russiýa Federasiýasynyň sirk artistleriniň çykyşlary bar. 15-nji dekabrda ýurdumyzyň welaýatlarynyň meýdançalarynda hem-de paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde oturdylan Baş arçalaryň yşyklarynyň ýakylmagyndan çagalar toparlarynyň, teatr we estrada artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyla bagyşlanan köpsanly täze ýyl dabaralary badalga alýar.

Däp boýunça ýaş zehinli aýdymçylaryň arasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemleri jemleniler hem-de onuň ýeňijileriniň jemleýji konserti geçiriler.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriljek türkmen hem-de amerikan artistleriniň bilelikdäki çykyşlary medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüler. Gökderäniň we welaýatlaryň çagalar sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde hem Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk çärelerini geçirmek maksat edinilýär.

Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyp, ähli dabaralaryň hakyky türkmen toýuna mahsus bolan şadyýanlyk, bolçulyk we myhmansöýerlik ýagdaýynda giňden we nurana geçirilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň türkmenistanlylaryň iň söýgüli baýramçylyklarynyň biridigini belläp, wise-premýere paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dabaralary ýokary guramaçylyk derejede geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ylymlar akademiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirligi bilen bilelikde taýýarlan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny hödürledi. Maksatnama 2018-2021-nji ýylda üçin niýetlenip, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen halkara ylmy gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, gazuw-agtaryş işlerine meşhur alymlaryň çekilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň gadymy we orta asyr taryhyna degişli ýadygärliklerde tapylan arheologik gymmatlyklaryň esasynda arheologiýanyň, arhitekturanyň, etnografiýanyň we taryhyň dürli meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek maksadynda tele we radioýaýlymlar boýunça gepleşikler taýýarlanylar. Şeýle hem ylmy maslahatlary geçirmek, çeper we dokumental filmleri surata düşürmek göz öňünde tutulýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen arheologik, medeni-taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerinden başga-da, toplumlýayn dikeldiş işlerini geçirmek meýilleşdirildi. Türkmen halkynyň maddy we maddy däl gymmatlyklaryny UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maksatnamany makullap hem-de ony tassyklamak hakynda Karara gol çekip, Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny wagyz etmek hem-de onuň bilen bagly milli taryhy-medeni baýlygy giňden ýaýmaga gönükdirilen iri çäreleri geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrligine Halkara guramasy bilen bilelikde “Amuldan Hazara çenli” atly halkara awtomobil ýaryşyny guramak babatda görkezmeleri berdi we onuň geçjek ugurlary kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugur boýunça welosiped ýaryşyny, onuň welaýatlaryň çäginden geçýän böleklerinde bolsa sport ylgaw ýaryşlaryny guramak barada teklibi öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz medeni we sagaldyş maksatlaryny özünde jemleýän şeýle çäreleriň jemgyýetimizde işjeň durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, ülkämizi öwrenmäge, ýurdumyzyň taryhyny bilmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahatçylyk we gezelenç saparlaryny guramagyň möhümdigini aýdyp, şeýle aň-bilim işlerini ozaly bilen ýaşlaryň arasynda geçirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzda sporty, bedenterbiýe hereketini wagyz etmäge, halkymyzyň milli mirasyny tanyşdyrmaga täze çemeleşmeleri ornaşdyrmalydygyna ünsi çekip, öwreniş syýahatçylygyna, diňe hereketli oýunlary däl-de, eýsem, medeni düzümi hem öz içine alýan dürli sport çärelerini birleşdirmegiň dogry boljakdygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlamagy bilen, yzygiderli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak üçin köp ugurly mümkinçilikleriň bardygyna we bu babatda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň we diplomatik düzüminiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi jemläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Mämmedowy şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alyp barýan işleri, durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge, döwletimizi hem-de jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak işlerini çuňlaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilen çäreler barada habar berdi.

Öňdebaryjy tejribäni we dünýä ölçeglerini öwrenmek hem-de milli hukuk ulanyş tejribesine ornaşdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça işleriň geçirilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz deputatlaryň ünsüni parlamentiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna çekdi. Şol işler ýurdumyzda syýasy medeniýeti ýokarlandyrmaga, raýatlyk edaralaryny we demokratik gymmatlyklary berkitmäge gönükdirilendir. Kanunçykaryjylyk işi jemgyýetimiziň bähbidine hyzmat etmelidir diýip, milli Liderimiz halk wekilleriniň tutuş ilatyň bähbitlerini gorap, döwletimiziň we milli kanunçylygyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde amala aşyrmalydygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.