Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berdi. Wise-premýer zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zehinli çagalaryň ýüzlerçesiniň gatnaşýandygyny belledi. Ýaş nesilleriň ukyplaryny açyp görkezmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň baş maksadynyň ýaşlaryň döretmäge, öz zehinini açmaga bolan höweslerini hemmetaraplaýyn goldamakdan ybaratdygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşik barada aýdyp, bu meşhur döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli çagalaryň ýüzlerçesiniň gatnaşýandygyny belläp, zehinli çagalara döredijilikde üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi. 

Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň baş maksadynyň çagalaryň döretmäge bolan ymtylyşyny hemmetaraplaýyn höweslendirmekden ybaratdygyny belledi hem-de bu ugurda mundan beýläk-de netijeli işlemegi tabşyrdy. 

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurt raýatlarynyň kabul edilişi hakynda hasabat berdi. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, owgan raýatlaryny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna dil öwreniş okuwlaryna kabul etmek meýilleşdirilýär. 

Mundan başga-da, Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlarynyň toparyny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dil öwreniş okuwyna kabul etmek bellenildi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurtly raýatlary kabul etmek bilen baglanyşykly meseleleri we olaryň netijeli okuwy üçin döredilýän şertleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli tamamlanandygyny nazara alyp, oýunlara taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýatyrylýandygyny aýdyp, degişli Permana gol çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz Ýerine ýetiriji komitetiň maliýe we beýleki meselelerini kadalaşdyrmak hem-de onuň işgärlerini işe ýerleşdirmek bilen bagly meseleleri bir aýyň dowamynda çözmek barada degişli görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesiniň sport bilen meşgullanmak we türgenleri taýýarlamak üçin oňyn binýat bolup durýandygyny belläp, wise-premýere hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşip, Olimpiýa şäherçesini düýpli üýtgetmek boýunça degişli maksatnamany düzmelidigini, bu ýerde Milli sport we syýahatçylyk instituty üçin okuw-türgenleşik binýadynyň döredilmelidigini tabşyrdy. 

Olimpiýa şäherjiginde hödürlenýän ähli hyzmatlar tölegli esasda bolup, paýtagtymyzyň her bir ýaşaýjysy şäherçä gelip, abonement satyn alyp, sportuň öz höwes bildirýän görnüşi bilen meşgullanyp biler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ministrligiň alyp barýan işi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 2-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilýän resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

Ýurdumyz oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmegi göz öňünde tutýar. Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň möhüm uzakmöhletli hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar, onuň bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprel aýynda ýola goýuldy. Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy, däp bolşy ýaly, dostlukly we netijeli häsiýete eýedir hem-de häzirki wagtda ikitaraplaýyn resminamalaryň 191-sini özüne birleşdirýän ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady bilen berkidilýär. 

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki duşuşyklara aýratyn orun degişlidir. Iki ýurduň hökümetleriniň hem-de daşary syýasat edaralarynyň derejesinde hem yzygiderli gatnaşyk saklanylýar. Söwda-ykdysady ulgam döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Onda Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Häzirki wagta çenli toparyň mejlisleriniň 10-sy geçirildi. 

Ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Özara döredijilik çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, 2016-njy ýylyň awgust aýynda Moskwa hem-de Wladimir şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri guraldy. 

Ýokary derejede geçiriljek türkmen-russiýa gepleşikleriniň netijeleri boýunça esasy ugurlarda köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasy hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy we Russiýany öňden gelýän dostluk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini belledi. Häzirki döwürde strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça işjeň ösdürilýär. 

Russiýa Federasiýasy hem-de Türkmenistan birek-biregiň BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny hem-de tekliplerini goldaýarlar. Biziň ýurtlarymyz ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak ýaly ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Russiýanyň köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, söwda-ykdysady hem-de beýleki geljegi uly pudaklaryň birnäçesinde netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdy. Ynsanperwer ulgamda — bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. 

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Dürli çäreleriň, şol sanda bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň hem-de özara medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi muňa ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde duran ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýetini nygtady. Bu gepleşikler iki ýurduň dostlukly halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim bolmalydyr, däbe öwrülen aragatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de wise-premýer 12—13-nji oktýabrda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Her ýyl geçirilýän sergä ministrlikler, pudak edaralary, kärhanalar, guramalar, häkimlikler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar. Sergide myhmanlara ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — senagatda we oba hojalygynda, energetikada, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, söwda we hyzmatlar, maliýe-bank toplumynda gazanylan üstünlikler, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, medeniýet we ylym-bilim ulgamlarynda ýetilen sepgitler görkeziler. Sergi welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri bilen tanyşdyrar. Aýry-aýry bölümler döwlete dahylsyz ulgamyň ösüşine bagyşlanar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda oňyn özgertmelere beslenendigini belledi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha berkeýär, halkymyzyň abadançylygy ýokarlanýar. Serginiň esasy wezipesi dünýä jemgyýetçiligine hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyza ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar, halkara taslamalary arkaly Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyny görkezmekden ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz bu çäräni pikir we tejribe alyşmak, uzakmöhletli işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin ulanmagyň möhümdigini aýdyp, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew şu ýylyň 22—24-nji sentýabry aralygynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Wekiliýetiň agzalary saparyň çäklerinde Kazanyň Federal uniwersitetiniň Geologiýa we nebitgaz tehnologiýalar institutynyň ylmy-barlag işleri we okuw binýady bilen tanyşdylar. 

Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda geologiýa-gözleg we buraw, awtomatlaşdyrmak, telemehanizasiýa hem-de nebitgaz pudagyndaky önümçilik işlerini merkezleşdirmek babatda öňdebaryjy tehnologiýalary we häzirki zaman ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak ýaly möhüm meselelere aýratyn üns berildi. 

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary boýunça Döwlet toparynyň geňeşiniň düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleri bilen üstünlikli ösdürilýän özara peýdaly gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanýan netijeli nusgasy bolup durýandygyny belledi. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda öňde durýan ähli wezipeleriň çözgüdine örän oýlanyşykly we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary boýunça Döwlet toparynyň geňeşiniň düzümini kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda maýyplara hem-de durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlara niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Senagat ministrligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Tejen, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz, Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Mary welaýatynyň Mary şäherlerinde her biriniň umumy meýdany 6123,6 inedördül metr bolan 48 öýli 4 gatly 4 sany ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. 

Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek maksady bilen, gurluşyk materiallarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligini artdyrmak, pudagyň düzümlerini täzeçil esasda döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär. 

Milli Liderimiz mümkinçiligi çäkli bolan we durmuş goraglylygyna mätäç adamlar üçin ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň bellenilen möhletlerde gurulmalydygyna we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu işleriň mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdiriljekdigini belledi. 

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow R.Meredowy Türkmenistanyň senagat ministriniň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminama gol çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şu günler bugdaý ekişiniň geçirilen meýdanlarynda kadaly gögeriş almak üçin zerur bolan agrotehniki çäreler geçirilýär, ösüş suwy tutulýar. Oba hojalyk tehnikasyny bökdençsiz işletmek, kärendeçi daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek maksady bilen degişli çäreler görülýär. 

Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda pagta ýygym möwsümi dowam edýär. 

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagynyň wajypdygyny aýdyp, geçirilýän işleriň depgini bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylaryň işiniň netijeli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen wise-premýere daýhanlar bilen ýygnalan pagta hasyly üçin özara hasaplaşyklaryň öz wagtynda hem-de doly geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew 2017—2018-nji ýyllaryň ýyladyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde Jemagat hojalygy ministrliginiň düzümleri tarapyndan alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gyş möwsüminde ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly desgalaryň, edaralaryň ýyladyş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi. Şeýle hem ýyladyş toplumlarynda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi we ýörite tehnikalaryň taýýarlygy üpjün edildi. Degişli gulluklar zerur bolan enjamlar, gurallar we ulaglar bilen üpjün edildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlaryny täze enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen işler alnyp barlanda tehniki düzgünleriň we tehnologik kadalaryň berk berjaý edilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň ýyladyş işleriniň bökdençsiz ýola goýluşyny, elektroenergiýa bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow “KAMAZ-6520” kysymly awtoulaglary satyn almak hakynda Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada habar berdi. Ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ýük göterijiligi 20 tonna bolan şeýle ulaglaryň 250 birligini satyn almak meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr we serişde mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň şerti bolup durýandygyny belledi. 

Halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli ýola goýlandygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen alnyp barylýan döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň okgunly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Özara gatnaşyklaryň tejribesine we onuň köpugurly kuwwatlykaryna esaslanýan türkmen-tatar gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr. 

Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň iri kärhanalary bilen berk, uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda özüni gowy tarapdan görkezen şeýle kysymdaky ýük awtoulaglarynyň netijeli ulanylýandygyny tassyklady. Milli Liderimiz bu gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny belläp, degişli Karara gol çekdi hem-de wise-premýere tehnikalaryň sazlaşykly işini we olara ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň meýilnamasy barada hasabat berdi. Wise-premýer iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen bu döredijilik çäresiniň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljekdigini habar berdi. Onuň maksatnamasyna sergi, halk tans döwlet akademiki ansamblynyň çykyşy, rus kinofilmleriniň görkezilişi hem-de ussatlyk sapaklary girizildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere öňümizdäki baýramçylyk çäreleriniň hem-de medeni-köpçülikleýin dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Bu çäreler halkymyzy täze ajaýyp üstünliklere hem-de beýik işlere ruhlandyrmalydyr. Milli Liderimiz ýurdumyzda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günlerini geçirmek meselesine ünsi çekip, üstünlikli ösdürilýän türkmen-russiýa döwletara gatnaşyklary babatda bu halkara çäresiniň ähmiýetini belledi. 

Türkmenistan Russiýa bilen hyzmatdaşlyga özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýar we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklarynda biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyny hem-de dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň täze zehinleri ýüze çykarmakda, döredijilik işgärlerini hünär derejesini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, wise-premýere bu döredijilik gözden geçirilişini talabalaýyk guramak babatda degişli görkezmeleri berdi. 

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlary babatda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we beýleki ulgamlary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesiniň üstünde işlenilýändigi bellenildi. 

Mejlis tarapyndan dahylly guramalar bilen bilelikde Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görmek hem-de ählihalk forumynyň gün tertibine girizilen resminamalary işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna kybap gelýän döwrebap hukuk binýadyny döretmegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyp, kabul edilen kanunlaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek boýunça parlamentiň işiniň işjeňleşdirilmegine ünsi çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine uly üstünlikleri hem-de halkymyza Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi